19:14 Eşek hem gürmek hakynda hekaýat |
EŞEK HEM GÜRMEK HAKYNDA HEKAÝAT
Şeýle hekaýat bar: günleñ bir güni
Kyn ýagdaýa düşdi eşek görgüli.
Guýrugnyñ astyna gürmek ýapyşdy,
Şeýdibem, biçäräñ mazasy gaçdy.
Eşek jyrtlap gördi, agynap gördi,
Gaýta öñküdenem agraldy derdi.
Bar eden azaby boldy tersine,
Birden kimdir biri depdi syrtyna.
Eşegiñ şunça wagt mazasyn alan
Gürmek aýrylaýdy añsatlyk bilen.
Oñ agyryly jany rahatlyk tapdy...
Şöhrat saña, dertden gutarýan depgi!
Goşgular
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 569 |
Добавил: Нawеran
| Теги: Jelaleddin Rumy
| Рейтинг: 0.0/0 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary