00:48 Eşek milli koloritmi? | |
OL GÜNLER... / ýatlamalar
Ýatlamalar
Ol günler ýigriminji asyrda galdy. Ol biziň asyrymyzdy. Gowumy, erbetmi, ajymy, süýjümi, parhy ýok, biz şol asyrda dünýä indik, ýaşadyk, şol asyrda köpümiziň ömür ýolumyz tamamlandy. Meniň ýaly iki-ýeke ölmän galanlar hem geçen asyryň ýatlamalary bilen ýaşap ýörler. Ýatlamalar biziň kalbymyzda gussa, şol bir mahalda-da täsin giňişlik döredýär. Ol giňişlik ýaşalan real giňişlikden parhlanýar. Öňki gahar-gazabyň, ýigrenjiň awuly täsiri gowşaýar, ýumşaýar, ajy ýylgyrma öwrülýär, ýakymsyz wakalara romantiki öwüşgin çaýylýar. Indi bu giňişlik diňe seniň özüňe degişli, adamlar seniň rugsadyň, göwün islegiň bilen ol giňişlige aralaşýarlar. Hakyky garrylyk ýetişende adam ýatlamalar bilen ýaşap başlaýar diýýärler. Belki, şeýledir, ýöne entek gojalyk derdini duýmasam-da, geçen günleri häli-şindi ýatlaýaryn. Ýatlamalary kagyz ýüzüne geçirmek hemme kişä başardyp hem duranok, başarýanlaryň-da hemmesinde isleg ýok. Men isledim, ýazdym, okamak siz bilen! 1. EŞEK MILLI KOLORITMI? Bu waka Aşgabat telewideniýesiniň ýörjen-ýörjen bolup başlan ýyllaryna degişli. Şäheriň ilersindäki baýryň depesinde antenna diňi dikilen hem bolsa, heniz jaýy tamamlanmandy. Maňlaý tarapyndan alty-ýedi otag, kiçi studiýa ýetişipdi. Otaglary redaksiýalara beripdiler. Ol günler XX asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başy bilen gabatlaşýar. Şol gezek çeperçilik geňeşiniň maslahatyna menem gatnaşypdym. Näme sebäbe çagyrylanym ýadymda däl. Men edebi-drama redaksiýasynyň redaktorydym, uniwersiteti tamamlap işe başlanyma sähel wagt geçipdi, geňeşiň agzalygyna ýeterden daşdadym. Agza bolmadyklara ol ýere çakylyksyz barmaga hukuk berilmeýärdi. Çagyrlan halatyňda-da diňe işleýän redaksiýaňa degişli meselä garalanda oturmalysyň, gutardygy aýtdyrman çykyp gaýtmalysyň. Söz berilmese, geplejek bolma, halamazdylar. Eşekli mesele ara düşmedik bolsady, ol maslahat hakydamda galmazdy. Eşegiň jedele sebäp bolany meni geň galdyrypdy. Meniň ýaly obada önüp-ösen oglan üçin eşek adaty haýwan. Şol adaty haýwan bilen bagly dörän dawa gulak asyp otyrkam obada, ýatagymyzdaky gara eşegimiz göz öňüme geläýdi. Wah, ol haýwan telewideniýäniň çeperçilik geňeşinde eşek bilen bagly turan dawany adam ýaly diňläp bilsedi! Gülkä derek içine zor salyp aňňyrardy! Meniň çakyma görä, dawanyň turjagyny hiç kim çaklan däldir. Ilki on minutlyk kinooçerk görkezildi, darajyk zaldan çykmanam onuň maslahatyna başladylar. Ony kimleriň surata düşürendigi-de ýadymda galmandyr. Ssenarini ýazan rus adamy ýadymda. Ol telewideniýeden aýlyk alyp işlemese-de, häli-şindi görünýärdi. Hemişe ukusyny almadyk, gijäni işläp, ýa-da içip geçiren adama mahsus sypatdady. Saçynyň daralyp, timar berlen wagtyna duş galmedim, oýnalan pişigiň tüýi ýaly bulaşyk. Erninden papirosyny aýyrmazdy, ody sönen hem bolsa, agzyndadyr, geplände dodagynyň gymyldysyna oýnap dur. Ýatanda-da agzy çilimli uklap galýandyr diýäýmeli. Şol kinooçerkden ýadymda galany diňe bir görnüş. Eşekli dawadan soň ony unutmak mümkin däl! Otdan mas ýüklenen pessejik eşegi münüp, obanyň çola köçesinden gelýän gaba telpek ýaşuly ýadymdan çykanok. Eşegi maňlaýdan, gapdaldan, ýeňseden surata düşüripdirler. Türkmen obasynyň ekzotikasy ýadyňyzda galsyn diýen maksada eýerilendigine düşünmek kyn däldi. Telewideniýede pikir alyşmalar, maslahatlar diňe rus dilinde geçirilýärdi, protokollar hem şol dilde ýazylýardy. Men bu ýazgymda il arasynda belli bolmadyk adamlaryň atlaryny tutmagy ýerliksiz diýip bildim. Adyny tutanyňa görä, jaýdar pikir aýdyp parhlanýan adamlar bolsady! Ýok! Ýolbaşçy wezipelerden boşadylan emeldarlar işsiz galmasyn diýip, telewideniýä iberilenleri bardy, olar aglaba redaksiýalara müdirlik edýärdiler, ýazuw-pozuw olaryň güýmenjesi däldi, olar hepdelik, aýlyk planlary düzýärdiler, pikir alyşmalara, maslahatlara, paritýa, profsoýuz ýygnaklaryna gatnaşýardylar, çykyş edip, özleriniň bardyklaryny ýokardakylara häli-şindi görkezip durmagyň aladasy bilen ýaşaýardylar, ýene-de anjaýyn wezipeden hantamadylar. Dogrusy, olardan çekinilýärdi, olaryň ozalky eýelän wezipelerinden, ýene anjaýyn wezipe eýelemekleriniň ähtimallygyndan çekinýärdiler. Şolardan biriniň işlän ýerini aýdanlarynda özüm hem geň galdym. Ol respublikada iň ýokary wezipede oturan adamyň kömekçisi bolupdyr. Onuň ýüzüne aýdylmaýan başga ady bardy, “müňatar” diýýärdiler. Bu sözüň howpuny bir gezek özüm hem duýdum. Hruşewyň döwründe iki-üç güne, hepdä çekýän uly ýygnaklaryň möwç alan mahaly resmi materiallaryň köplügi zerarly gazetde hekaýama nobat ýetmeýändiginden zeýrendim: ýygnaklar, maslahatlar esasy döwlet işine öwrüldi diýdim. “Müňatar” hemişe ýaşaryp duran gözlerini ýiteldip, ýüzüme çiňerilip seretdi. “Sen, inim, biziň döwletimiziň adyny unutmagyn, Sowet döwleti, Sowet hökümeti diýilýär, türkmençe aýtsak, “ýygnaklar, maslahatlar” döwleti bolýar”. Ol köpmanyly ýylgyrdy, men ýakymsyz duýga maýyl boldum. Ýaşlar redaksiýasynyň müdiri hem ozal komsomol guramalarynda ýolbaşçy wezipelerde işlän adamdy. Onuň şaňňy sesi studentkäm gulagymda galypdy. Ol maý hem oktýabr baýramlarynda geçirilýän paradlarda hökümet tribunasynyň bir çetinde durup, syýasy şygarlary gygyrýançady. Ol garaşylmadyk sowal bilen maslahatyň hörpüni bozdy: – Eşekli ýaşulyny görkezmekden nähili maksat tutulýar? – diýdi. – Ýaşuly malyna ot ýygypdyr diýeli, oty eşegine ýükläp öýüne gelýär diýeli, bu bize düşnükli. Maňa başga bir ýagdaý düşnüksiz: kolhoz obalarynyň ösýän döwründe, maşynlaryň güýjünden barha giň peýdalanmaga ýykgyn edilýän şu günlerde maýryk eşegiň üstünde garantga ýaly bolup oturan garryny görkezmäge nähili zerurlyk boldy? Müdiriň pes boýuna haýbat berýän zarply, gulagyňy burawlap barýan şaňňy sesi geplemesini goýandan soň hem jaýyň içinde ýaňlanyp duran ýalydy. Protokol ýazýan aýal: bu sowaly ýazmalymy diýen manyda geneşiň başlygyna garady. Müdir başlykdan öňürtdi: – Men sowalymyň, oňa beriljek jogabyň protokola ýazylmagyny haýyş edýärin – diýdi. Telewideniýäniň direktory, şol bir mahalda-da çeperçilik geňeşiň başlygy Taňryberdi Hojakgaýewiň mylaýym, tegelek, görmegeý ýüzi gyzardy, çalarak gülüp goýberdi. – Ýaz, ýaz! – diýip, aýala üm atdy. Ýagdaýyň dartgynlyga tarap üýtgejekdigini bada-bat aňan adamlarda bisabyrlyk döredi. Ýaşlar redaksiýasynyň müdirligine ýokardan iberlipdir diýilýän adamyň talabyny direktor hem inkär edip bilmez diýen ynanç gürrüňiň syýasy tarapyna ünsi güýçlendirdi. Müdiriň sowalyna ssenariniň awtory nähili jogap taparka? Awtor ajy ýylgyrdy diýäýmeseň, howsala düşdi diýer ýaly alamat görkezmedi. – Ýönekeý oba adamyny, sada sowet kolhozçysyny görkezmekden başga nähili maksat bolup biler?! Müdir towsup ýerinden galdy. – Sen bize sada sowet kolhozçysyny görkez-dä! – diýip, jabjyndy. – Kamerany eşegiň daşynda aýladyňyz ýördüňiz. Serediň: ine, eşegiň dört aýagy, ine, guýrugy, ine, syrty, ine, götlügi, ine-de kellesi, gulagy... On minutlyk oçerkde bir haram eşege onça kadr sarp etmek nämä gerek boldy?! – Eşek – milli kolorit! – Awtor ýaňsydyjy äheňi gizlejek bolmady, üssesine-de güldi. Müdirden täze hüjüme garaşdylar, şol pursat propaganda redaksiýasynyň müdiri gep atdy: – Milli koloriti diňe adamdan gözläp bolar. – Umuman, halkyň milli koloritini eşege baglajak bolmak syýasy şowakörlügi aňladýar. – Ýaşlar redaksiýasynyň müdiriniň şaňňy sesine zal darlyk etdi, ol komsomol ýygnaklarynyň geçirilýän giň zallaryna gabatlaşýardy. – Taryhy taýdan çemeleşmeli bolsa, eşegi diňe bir halka degişli etmek düýpden nädogry! Türkmen atlary diýen düşünje bar, emma türkmen eşegi diýen düşünje ýok. Eşek halkylykdan, synpylykdan daşda duran haýwan. Atlara synpylyk äheňini berip bolar. Atlary baý adamlar münüpdir, at münüp, synpy artykmaçlygy mazamlapdyrlar. Awtor höwes bilen onuň sözüni böldi: – Garyplar eşek münüpdir, diýmek, eşegi garyp synpa baglamaly! – Müdiri gepde tutan awtor şowhun bilen güldi. Propaganda redaksiýasynyň müdiri ýene kömege ýetişdi: – Kolhozçyny eşege mündürip, ol henizem garyplykda galýar diýjek bolnupdyr-da? – At tapyň, ata mündüreýin! Obalarda atyň ady ýitipdir. Otuz ýyl ozalky karardan siz habarlymy? Ata münüp, çöle çykylmasyn, basmaçylaryň sany köpelmesin diýlip, hökümet obalarda at saklamagy gadagan edipdi. – Awtor bu delilden soň garşydaşlarynyň aýňalmajagyna ynanyp, arkaýynlyk bilen olaryň ýüzüne garady. Çilim dartmagyň aýny mahaly diýen isleg bilen papiros gabyna ýapyşdy, nirede oturany beýnisine uranda gaby näalaç kisesine dykdy. – Sen atlaryň azlygyny bahana etme! – Müdir ýene sesine bat berdi. – Kolhozçy daýhan bu gün traktor sürüp ýör, maşyn sürüp ýör! Bu gün kolhoz obasy diýlende senden başga adamyň göz öňüne eşek gelenok! Baş režissýoryň wezipesindäki arryk adam endigine görä, oturtma dişleriniň düýbünden howany syzyp aldy, seresap äheňi elden bermän: – Dogry, entek obalarda eşegiň ulag üçin ulanylýan ýerleri bardyr, ony doly inkär edip bolmaz – diýdi. – Neneňsi bolanda-da, eşegi gowy görülýän haýwanlaryň arasyna goşup bolmaz. Häsiýeti ýaramaz, kejir adamy köplenç eşege meňzedýändirler. Yzky hatardan haýbatly ses eşidildi: – Eşege janawaram diýlenog-a! – Eşegiň yzyna tirkelen ineriň öýkesini aýtsana sen! Obadaky goňşymyz Şan batyryň eşege eden zulmuny aýdaýsam eşegiň garşydaşlary hezil ederler diýdim. Onuň şaldyrynyň urgusyna çydaman telim eşek ölüpdi. Çeperçilik geňeşine keseden agza bellenen eňegi süýri režissýor: – Milli kolorit meselesinde köp pikir aýdybiljek, ýöne eşek meselesinde onuň zerurlygy ýokmuka diýýärin – diýdi. – Türkmeniň milli koloritine goýny, aty, düýäni dahylly etse bolar. Eşekden milli kolorit gözlemek, bagyşlaň welin, juda ýüzleý bolýar. Halkyň düşünjesinde eşek haram mal. Dogrudanam, hiç bir ýurtda eşegiň eti iýilmeýär. Biz doňuza-da haram diýýäris, diýsegem, bagyşlaň welin, doňzuň etiniň iýilýän ýeri köp. – Sen Moskwada okadyň-a, özüňem iýensiň-le. – Ýüz gram bilen mugt berseň häzirem iýer. Köpüň arasy bilen režissýoryň özi hem güldi. Soňra ýene sözüne çyn äheň berdi: – Türkmenler geçmişde goýnuň çörüni, düýäň gumalagyny, sygryň tezegini oduna ýaradypdyrlar. Eşegiň tezegini ýakmandyrlar, mukaddes ojaga ýakynlaşdyrmandyrlar, üssesine-de eşegiň tezegi ýylylyk berenok. Türkmenler çagalaryna otuň, çöpüň, itiň adyny dakypdyrlar, eşek adyny dakmandyrlar. Ýene gapdaldan replika okladylar: – Onda Kürräýew diýen familiýa nireden çykdy? Kürräýew diýen alym bar. Gülüşdiler. – Kürre ady mejburylykdan berlen at. Kürre diýsek Ezraýyl çagadan sowlup geçer diýen ynanç bar ekeni. Eşekden Ezraýylam gorkýan bolmaga çemeli. – Bu söze režissýoryň ýeke özi güldi, soňra juda çyn äheňde sözüni jemledi. – Eşege milli kolorit diýen many bersek gödek ýalňyşlyk bolar! Çeperçilik geňeşiniň başlygy jedel edýänleriň sözüni bölmän, tomaşa maýyl bolup, ýylgyryp diňledi oturdy. Protokol ýazýan aýal hem ruçkasyny goýupdyr. Gezek awtoryňkydy. Ol heniz hem ýylgyryp oturyşyna, haýran galaýmaly arkaýynlyk bilen jogap berdi: – Gadyrly ýoldaşlar, bu sözlerden soň siziň eşegi menden gowy bilýändigiňize çigit ýaly-da şübhe etmese bolar. Ata münüp ulalansyňyz diýmäýin, eşek müneniňizi welin, inkär edersiňiz öýdemok. Siz her näme diýseňizem, gadyrly ýoldaşlar, meniň eşek baradaky pikirim položitel. Men obalara aýlandym. Edil şu günleri alaňda-da eşek özi barada ýaramaz garaýyşlaryň bolmagyna esas berenok. Daýhan hojalygynyň gündelik durmuşyna serediň: esasy ulag eşek. Ýük daşaýanam eşek. Men gadymy taryhdanam eşegiň peýdasyna birgiden fakt getirip biljek. Gadymy Eýranda bahar gelende baýram edilipdir, şol dabarada eşege aýratyn sarpa goýlupdyr. Ýa-da, Wawilonda merhumy soňky ýoluna ugradanlarynda eşege ýükläpdirler. Eşek bilen bagly položitel ynançlar soň atlara ýöňkelipdir. Gysga monologymy şunuň bilen gutardym edýärin. Başlyk: – Aýdylmadyk zat galmady öýdýän – diýdi, eşegiň garşydaşlaryna garady, gülüp goýberdi. Bu gülküden soň eşegiň garşysyna aýdyljak söze çynlakaý garalmajagyny aňan ýaly, ýaşlar redaksiýasynyň müdiri-de ýüzüni öýkeli sallap dymdy. Başlyk awtora seretdi. – Awtoryň biraz gaharyny getiräýdik öýdýän, ýogsa, eşekden milli kolorit gözledim diýmezdi-le... – Meseläniň haýsy nukdaýnazardan seredilişine bagly, Taňryberdiýewiç. – Nähili seredilende-de oçerkden eşegi aýyrmaga esas göremok, Eşek eşekdir-dä, oňa üýtgeşik many berjek bolup oturmalyň-la! Başlyk ýene ýaňsyly güldi, çeperçilik geňeşiniň agzalary gülkä gülki bilen jogap berdiler. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |