23:18 Eý, Hudaýyň bendesi! | |
EÝ, HUDAÝYÑ BENDESI!
Goşgular
Ýaşanyňa degýä diýseň gez, ýaýna, Bäş gün seňki dünýe, bu ajap ýaýla. Şükür et, ertir hem agşam göz aýla, Ýatmazdan öň, eý, Hudaýyň bendesi! Mes diýme, pes diýme, tapgyn öz deňiň, Daýan yhlasyňa, çyrmada ýeňiň. Gadryn bil, her günde nur saçýan günüň, Batmazdan öň, eý, Hudaýyň bendesi! Söý iliňi, gara, goňur gözleri, Dür saçgyn açylsyn solsa ýüzleri. Ölçe, öwren aýdylmaly sözleri, Aýtmazdan öň, eý, Hudaýyň bendesi! Ýüregňi bermegin bahyla, gendä, Ara sakla, golaý barma şermendä. Sakla, baryňdan ber, bir mätäç bendä, Ýitmezden öň, eý, Hudaýyň bendesi! Anygna ýet, her eşdenňe ynanma, Göz görmese berk ynanja daýanma. Pellä ýetip, utjagyňa guwanma, Utmazdan öň, eý, Hudaýyň bendesi! Keçeňek ogullar hiç eňek bermez, Mähirsiz doganlar gujagyn germez. Hem äge bol, dünýe saňa eýgertmez, Ötmezden öň, eý, Hudaýyň bendesi! 2007 ý. | |
|
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |