17:25 “Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül” | |
"EÝ, SEN DÄLI KÖÑÜL, EÝ, DÄLI KÖÑÜL"
Goşgular
Käte sil suwy deý dagdan iner sen, Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül! Käte özüň aglap, özüň diňer sen, Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül! Şygyrýet dünýäsin togap eýlediň, Gyzgyn mähir paýlap sogap eýlediň, Pyragyň alnynda jogap eýlediň, Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül! Ykbalym sen – eý, Horasan durnasy Ýok bu uly ýolda boýun burmasy, Baş aýdymyň – Watan, ýürek namysy Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül! Neýlärsen şygyrdan başga bagty sen, Neýlärsen altyndan täji-tagty sen, Şoň üçin ömüriň bolmaz kelte seň, Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül! Uçsam diýýäň ganat baglap asmana, Matlabyň sahawat külli ynsana. Unutma şol bilen girensiň sana, Eý, sen däli könül, eý, däli köňül! Bir dilegim – orta ýolda goýma sen, Oýnasam – söz bossanynda oýnasam, Aýnasam, razy däl eger diýmeseň, Eý, seni däli köňül, eý, däli köňül! Dagdan öwreneli beýikligi biz, Nusga bolup galsyn beýikligimiz. Belli bolar şir ýa keýikligimiz, Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül! Çolaşdyrjak bolup badak atan bar Namartlanyp ýüregini tutan bar. Dünýäniň öňünde näme hatañ bar? Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül! Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |