01:02 Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... | |
![]() Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan, Gamly aşyk dostlara ýagmagyňa bil baglaýan. Eý, buludyň gözleri, gözýaş tulumyňy boşat sen, Gabanýaň Aý ýüzlüleri, päliň ondan daş et sen. Synla bulut agysyny, bakjanyň gülşüne bak, Atalar agysyndan hassalarmyz halas bu çak. Dodagy guran dostlara ýagyş eçilen bulut – Bedreläp suw paýlaýan hem gudratdyr Alla bolup. Mekir gözler sebäpli azyksyz ýer syr açýar – Halas eýlemek islegde asman göwherler seçýär. Şu bulut Ýakup bolsa, bossandaky gul Ýusupdyr, Gözýaş döken bulutlardan Ýusuplar nur susupdyr. Bir damjasy dür bolsa, kim birini nergiz biler, Täleýde biten otlardan oňsak, nygmat ýar bolar. Şeraplar berýän bossan düýn güller bilen bezeldi, Sebäp, şeraba meýillä, biwagt şerap hezildi. Ýum agzyňy sadap deý, serhoş çykman sap öňüne, Akly ýerinde gerçekler gaýypdan gelsin ýene. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |