08:05 Eýýamlaryñ nalasy | |
EÝÝAMLARYŇ NALASY
Goşgular
Teýmirleň diýýärler, Çingiz diýýärler, Napoleon diýýärler, Gitler diýýärler, Zülkarnaýyn, Dari, Gaznawy, Nedir... Şu güne çen olar gargyş iýýärler. Milliard, milliard... janlar ýatyr toprakda, Ganhorlaryň gylyjyndan, zarbyndan. Hudaý saýyp özlerini ýerdäki Jyda boldy olar adam gabryndan. Ganhorlara adam diýip bolmaýar, Dahyly ýok olaň hiç bir hudaýa. Ýöne emir etdiler niçeme eýýam Magrupdan Maşryga – Rim, Şam, Hytaýa... Ýurt basyp, il gyryp, bagtly bolan ýok, Sütemkäriň işi mydam telekdir. Jellatlara derek bir Ibn Sina Adamlaryň ählisine gerekdir. Ibn Sina bolmak, Pyragy bolmak, Hudaýyň çyn ogly bolmak diýmekdir. Jenjel isläp, gan küýseýän arwahlar Siziň bolup ýörşüňiz poh iýmekdir... 14.05.2016. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |