13:21 Eziz maña | |
ŞÄHRIBOSSAN
Goşgular
"EZIZ MAŇA" Eý gül watan almalaryň, narlaryň eziz maňa Meň söýgüm müň ömre ýeter, barlaryň eziz maňa. Ulus-ile aman-esen ýaz gelende ajaýyp, Sähra üste seýkin basan, hüýrleriň eziz maňa. ”Ber Hak” diýen bir özüne, nalyş edip säherler, ”Bir Hak“ diýen takwalaryň, pirleriň eziz maňa. Haýranda başy ýaýkasam, çykyp belent daglyga, Düşüp bagrymy oýkasam, garlaryň eziz maňa. Bu topragy jandan söýen, başyn goýjak üstünde, ”Men-men” diýen söwer dosty-ýarlarym eziz maňa. Seň goýnuňda beýnim bekäp, dünýä akyl ýetirdim, Ata mekan eýwanlaryň, törleriň eziz maňa. Bahar gelse, mahmal geýen, bu owadan dünýäniň, Waspyň ýaýan dutarlaryň, tarlaryň eziz maňa. Üstünden geçdi nije jan, nijesi bagş etdi jan, Beg Görogly hem Oguz han, ärleriň eziz maňa. | |
|
√ «Ýa men ahate elmükel-eşýaýe külleha» / Goşgular - 03.08.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
√ Ol hojanyň aýagy batga batyp galanda... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |