16:32 Faktlar arkaly Russiýa-Ukraina kiber urşy | |
FRONTYÑ ARKASYNDAKY GYZGALAÑLY SÖWEŞ: FAKTLAR ARKALY RUSSIÝA-UKRAINA KIBER URŞY
Publisistika
Russiýanyñ we Ukrainanyñ internet saýtlary we teleýaýlymlary biri-birlerine garşy hüjümleri gurnaýar, haker toparlary-da olardan kem galman gyrlyşýar. Russiýa-Ukraina urşy onunjy gününe girdi. Uruş diñe frontda bolanok. Tylda gyzgalañly internet uruşlary bolup geçýär. Ukraina Russiýanyñ internetden çetleşdirilmegini talap etse, rus tarapy-da Facebook, Twitter ýaly populýar sosial mediýa platformalaryny gadagan edýär. Emma internet şertlerindäki esasy sensassion göreş kiber urşy bilen özüni görkezýär. Häzirki ýaragly çaknyşyklardan has ir başlan bu kiber uruş 24-nji fewraldan soñ-a hasam gyzyşdy. Şol bir wagtyñ özünde hüjümleriñ gerimi-de giñedi. Häzirki wagtda Ukraina kompýuter garakçylaryndan "goşun" düzse, hakerler Orsyýete garşy gönükdirilen adatdan daşary hereketleri amala aşyrýarlar. Geliñ, mysallar arkaly Russiýa-Ukraina kiber urşuna göz aýlalyñ... • Ukraina "haker goşunyny" düzýär Ukrain hökümeti rus edara-kärhanalaryna, banklaryna garşy kiber hüjümlerini gurnamak üçin kompýuter garakçylaryny iş başyna çagyrdy. Ukrainanyñ premýer-ministriniñ kömekçisi Mihail Fedorow geçen hepde Twitterde ýurduñ "Informatika-tehnologiýa goşunynyñ" düzülendigini mälim etdi. Fedorow sanly ulgamdan baş çykaryp bilýän ildeşlerini bu işe gatnaşmaga çagyrmak bilen birlikde goşunyñ Telegramdaky gürrüñdeşlik toparynda jemlenişmelidigini aýtdy. Fedorowyñ paýlaşan "itarmyofurraine" atly Telegram toparynyñ häzirki wagt 35 müñ ulanyjysy bar. Toparda agzalaryñ 31 sany rus firmasynyñ, banklarynyñ we döwlet edaralarynyñ web saýtlaryna hüjüm gurnamagy meýilleşdirýändigi mälim boldy. We are creating an IT army. We need digital talents. All operational tasks will be given here: https://t.co/Ie4ESfxoSn. There will be tasks for everyone. We continue to fight on the cyber front. The first task is on the channel for cyber specialists. — Mykhailo Fedorov (@FedorovMykhailo) February 26, 2022 Nyşana alynanlaryñ arasynda "Gazprom" gaz kompaniýasy, "Lukoil" nebit-gaz kompaniýasy we "Yandex" internet firmasy bar. Maliýe pudagynda bolsa "Sberbank", "VTB", "Gazprombank" ýer aldy. Emma kanaldaky sms-ler has soñra öçürildi. Beýleki bir tarapdan ukrainaly kompýuter garakçylarynyñ üýşen ýeke-täk kanaly diñe bulam däl. "IT Army Of Ukraine" atly ýene bir toparyñ agzasy edil häzir 15 müñe ýetdi. • "400 müñ haker meýletin geldi" Ukrainaly başga bir kiber howpsuzlyk işgäriniñ aýtmagyna görä, 400 müñden gowrak raýat sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly rus hökümetiniñ harby meýilnamalaryny püçege çykarmak üçin göwünjeñ bolupdyr. Maglumat goragy serwisiniñ başlygynyñ orunbasary Wiktor Žora anna günündäki çykyşynda Ukrainanyñ Russiýany gowşatmak maksady bilen "kiber goranyşa" geçendigini aýtdy. • "Anonymous" Russiýa garşy kiber uruş yglan etdi Şol sanda dünýäniñ giñden tanalýan "Anonymous" haker topary-da Russiýa garşy uruş yglan etdi we Russiýanyñ üstüne gurnaýan hüjümlerini ýygjamlatdy. • Rus döwlet teleýaýlymy bloklandy: "Anonymous" 25-26-njy fewralda Russiýanyñ Prezidentiniñ resmi internet saýtyna, "TASS", Fontanka", "Kommersant", "Russia Today" ýaly rus döwletiniñ garamagyndaky saýtlara kiber hüjümleri gurnady. Hüjümleriñ bolandygy "Russia Today" (RT) tarapyndanam tassyklandy. Berilen beýannamada "RT-niñ internet saýtlary aglabasy ABŞ merkezli 100 milliona golaý enjamdan uly DDoS hüjümlerine uçrady" diýildi. DDoS hüjümleri hüjüme uçdan internet çeşmesine birden artyk talap ugradyp, saýtyñ köp sanly talabyñ üstünde işleme mümkinçiligini aşmagy we dogry şekilde işlemeginiñ öñüni alma maksady bilen edilýär. Haker topary aýratynam rus döwlet teleýaýlymyny nyşanasyna aldy. Kanalyñ toruna aralaşan haker topary "Ukrainadaky hakykatlar" ady bilen uruş ýazgylaryny döwlet ýaýlymynda berdi. Toparyñ hasabyna Twitter mowzuklaryny ýaýradýan "Anonymous TV" atly Twitter hasaby şol pursatlary paýlaşdy: JUST IN: #Russian state TV channels have been hacked by #Anonymous to broadcast the truth about what happens in #Ukraine. #OpRussia #OpKremlin #FckPutin #StandWithUkriane pic.twitter.com/vBq8pQnjPc — Anonymous TV (@YourAnonTV) February 26, 2022 • Russiýanyñ Federal Howpsuzlyk Gullugyna hüjüm: Ukrainanyñ resmi habarlar agentligi Ukrinform "Anonymous"-yñ Russiýanyñ Federal Howpsuzlyk Gullugynyñ (ФСБ) internet saýtyny çökerdendiginu habar berdi. Şeýle hüjümiñ bolandygy haker toparynyñ hasabyna mowzuklary paýlaşýan başga bir Twitter hasabından hem paýlaşyldy. Mowzukda "Hoş gal, fsb.ru" sözleri ýer aldy. Şeýle hem 5-nji martda agşamara ФСБ-niñ web saýtyna girip bolmaýandygy aýdyldy. Bye https://t.co/uLDYvlVLGT#OpRussia #Anonymous pic.twitter.com/05s4p0a7n3 — Anonymous (@YourAnonNews) March 5, 2022 • Putiniñ ýahtasy bloklandy: "Anonymous"-iñ garamagyndaky hakerler Russiýanyñ Prezidenti Wladimir Putine degişlidigi aýdylan 97 müñ dollarlyk ýahtany bloklady.Yatın deniz trafik görkezijilerini üýtgeden topar ulagy Russiýanyñ ele geçiren Ýylan adasynda awariýa uçran ýaly edip görkezdi. Munuñ yzysüre hakerler ýahtanyñ ugruny-da üýtgedip, barmaly pellesine "Hell" ("Dowzah") diýip ýazdy. Ýahtanyñ maglumat görkezijisinde Putine paýyş sözem ýazylypdy: "FCKPTN". Hakerler has soñra bu hüjümi etmegi üpjün eden sistemanyñ üstünden bardy. "Anonymous" hakerleriniñ žurnalist Rýan Gallaghere beren maglumatyna görä hüjük gämileriñ anyk maglumaty sabit verilerini, reýs maglumatyny we devingen bilgilerini özünde saklaýan donanım sistemi Otomatik Tanımlama Sistemi arkaly gurnaldy. • Jansyz hemralarynyñ bloklanandygy öñe sürüldi: Munuñ bilen birlikde "Anonymous TV" Russiýanyñ federal kosmos agenti "Roscosmos"-yñ "gözegçilik merkezini çökerdendiklerini" we ýurduñ "öz jansyz hemralaryny indi gözegçilik edip bilmeýändigini" mälim etdi: JUST IN: Hacking group 'NB65', affiliated with #Anonymous has shut down the Control Center of the Russian Space Agency 'Roscosmos'. #Russia has no more control over their own Spy-Satelites. #OpRussia#OpKremlin #FreeUkraine #FckPutin pic.twitter.com/1iZBDN48rw — Anonymous TV (@YourAnonTV) March 1, 2022 Emma "Roscosmos"-yñ başlygy Dmitriý Rogozin muny ýalana çykardy. "Interfax" rus habarlar gullugyna interwýu beren Rogozin "Bu aldawçylaryñ we ownuk kezzaplaryñ beren maglumatlary dogry däl" diýdi: "Kosmos işlerine gözegçilik merkezlerimiziñ hemmesi-de gül ýaly işläp dur". • Hüjümleri "Anonymous"-a ýöñkäp bolarmy? ABŞ-nyñ "Mandiant" kiber howpsuzlyk firmasynda geñeşçi bolup işleýän Jamie Collieriñ aýtmagyna görä, toparyñ bikanun işleri bu hüjümleri dolulygyna "Anonymous"-a ýöñkemegi kynlaşdyrýar. "Nyşana alynan edaralar bu boýunça tehniki maglumatlary aýan etmek meselesinde ikirjiñlener. Hereketleri gönüden-göni "Anonymous" etdirýändir diýmek kyn" diýen Collier sözlerini şeýle dowam etdirdi: "Emma "Anonymous" kollektiwiniñ bular ýaly işlerde ýeterlik geçmişi bar we bu olaryñ başarnyklaryna ep-esli möçberde laýyk gelýär". • Rus hakerler "Anonymous"-a garşylyk berdi Ruslaryñ "Killnet" haker topary garşylyk hökmünde "Anonymous"-yñ resmi internet saýtyny bloklady. Internet saýtynyñ çökmeginiñ yzysüre sosial mediýa hasaplaryndan sms paýlaşan "Killnet" "anonymoushackers.net" saýtyny 1-nji martda girip bolmaz ýaly edendiklerini mälim etdi. "Killnet"-iñ hasabyna Youtube-a ýüklenen wideoýazgyda özüni tanatman çykyş edýän kişiler şeýle diýdi: "Internet rus banklarynyñ, rus mediýa serişdeleriniñ bloklanandygy hakda we ş.m. ýalan-ýaşryk habarlardan doly. Bular diñe "informasiýa bombasyndan" ybarat. Internetde ýaýradylýan galp maglumatlara ynanmañ. Ýurduñyza jinnek ýaly şek-şübhäñiz bolmasyn. "Killnet" şeýle-de Ukrainanyñ nasional partiýasy "Sag sektoryñ" web saýtyny we Ukrainanyñ Prezidentiniñ web saýtyny çökerdendigini mälim etdi. • Ukrainada köp sanly internet saýty çökerdildi: "Rus raýatlary etdi" Rus hakerleri şeýle-de Ukraina garşy gönükdirilen hüjümleri gurnady. Rus birlikleriniñ ýurda girmeginden bir gün soñ Ukrainada boýunça alanda birnäçe internet saýtyna girmekde bökdençlik döredi. Ýerli sagat bilen 16:00-da başlan banklaryñ we ministrlikleriñ internet saýtlary-da çökdi. Munyñ yzyndan gözler Moskwa dikilse-de, BBC hüjümleriñ rus döwletiniñ ýolbaşçylygynda däl-de, ýönekeý rus raýatlary tarapyndan amala aşyrylandygyny ýazdy. Rus döwletiniñ buýrugyna almazdan kiçeñräk toparlar görnüşinde işleýäm hakerler kiber haosa goşant goşmagy maksat edinýärler. "Dmitriý" lakamy bilen gürlän bir haker gündizine abraýly kiber howpsuzlyk firmasynda işleýändigini, gijelerine Ukraina garşy söweşýändigini aýtdy. "Hemmeleriñ ukrain bloggerlerine hüjüm edýändigini oýlasak, menem az-owlak yza galmaga sebäp bolmagymyzyñ gerekdigini pikir edýärin" diýen "Dmitriý" öñ özüne nätanyş alty adamlyk haker toparynda işleýändigini aýdýar. • ABŞ-ly ýolbaşçylar kiber hüjümleriñ ýollaryny ara alyp maslahatlaşýar Rus goşunlarynyñ Ukraina giren 24-nji fewral güni berlen bir habarda Preizident Jo Baýdenyñ dykgatyna Russiýanyñ Ukrainadaky harby operasiýalaryny şowsuzlyga uçratmak üçin taýýarlanan kiber hüjüm usullarynyñ hödürlenendigi aýdyldy. NBC-ä maglumat beren we ady aýdylmadyk ýokary düzümli çeşmeler gutarnykly kararlaryñ heniz kabul edilmändigini aýtdy. Emma bu çeşmelere görä amerikan kontrrazwedkasy kiber ýaraglaryñ owal pikir edilmedik möçberde ulanylmagyny teklip edýär. Teklip edilenleriñ arasynda Russiýanyñ çäginde internet aragatnyşygyny kesmek, elektrik toguny kesmek we Russiýanyñ otly-gatnawyna päsgelçilik döretmek üçin demirýol relslerini sökmek ýaly prowokasion işler bar. Çeşmelerden biri "Munuñ üsti bilen otly hereketini haýallatmakdan başlap relsden çykarmak ýaly hemme işi edip bilýärsiñiz" diýdi. ABŞ-nyñ Kiber komandowaniýesiniñ, Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyñ, Merkezi Razwedka Uprawleniýesiniñ (CIA) we beýleki gulluklaryñ geçiriljek operasiýalarda rol oýnajakdygy çaklanýar. NBC aýratynam bolup biläýjek bu hereketleriñ Russiýanyñ Ukrainany basyp almagyna garşy öñüni alyş çäresi hökmünde göz öñüne tutulýandygyny aýtdy. • Haýsy toparlar Russiýanyñ, haýsylary Ukrainanyñ tarapynda? "Anonymous"-yñ we onuñ garamagyndaky "DeepNetAnon", "GNG" toparlarynyñ Ukrainanyñ tarapyndadygy belli. "The Record Media"-nyñ habar bermegine görä, "DDoSecrets"-e we YŞYD terrorçylykly guramasyna degişli saýtlara hüjüm etmek üçin döredilen "Ghost Security" ýaly toparlaram Ukrainanyñ tarapynda. Aýgytly binýatlaýyn ulgamda giñden tanalýan "Conti" haker topary bolsa ähli çeşmelerini Russiýany goramak üçin ulanjakdygyny aýdýar. Şeýle-de Belorussiýanyñ "UNC1151" haker topary-da Russiýanyñ hatarynda çykyş edýär. Russiýa-Ukraina urşunda taraplaryny saýlan haker toparlarynyñ sanawy şu aşakdylar ýaly: • Russiýany goldaýan toparlar: - Conti - UNC1151 - Zatoichi - Killnet - XakNet - Stormous Ransomware - Digital Cobra Gang (DCG) - Freecivilian - SandWorm - The Red Bandits - Coomingproject • Ukrainany goldaýan toparlar: - Anonymous - Ghostsec - AgainstTheWest - SHDWsec - Belarusian Cyber Partisans - KelvinSecurity - Raidforums Admin - ContiLeaks - Secjuice • Peýdalanylan çeşmeler: Gizmodo, Bloomberg, Ukrinform, Webtekno, Futurism, The Guardian, Daily, Telegraph, BBC, NBC, The Record Media Çagla ÜREN, urencagla@gmail.com 06.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |