23:18 Fanatizmiň garşysyndaky tankydy akyl | |
FANATIZMIŇ GARŞYSYNDAKY TANKYDY AKYL
Publisistika
Ilýustrasiýa: Jason Schneider / Reuters Belli bir taglymata, ideologiýa, adama, ynanja aýratynam haýsydyr bir zada aşa ýapyşmagyň, müňzäp duran joşgunyň we meýiliň netijesinde ýüze çykan fanatizm adama ekstremizme iterip, köre-kör tarapgöýlügi, ýapjalygy alamatlandyrýar. Köre-kör garaşlylygy alamatlandyrýan fanatizmiň agalyk sürýän jemgyýetinde akyl-paýhasa esaslanýan oý-pikirlere orun bolmaýar, bular ýaly jemgyýetiň ösen siwilizasiýanyň gurujy taglymyny işläp düzmegine-de garaşyp oturmaly däl. Ösen siwilizasiýanyň derejesi diýmek bilen, ylymda, sungatda we filosofiýada külli adamzada seslenip bilmegi, özboluşly düşünjeleri, eserleri orta goýup bilmegi göz öňünde tutýaryn. Jemgyýetiň alymlarynyň, döredijilik we sungat intelligensiýasynyň, filosoflaryň özboluşly oý-pikirleri, eserleri döredip bilmekleri üçin hemme zatdan ötri şol jemgyýetde fanatizmiň däl-de, akyl-paýhasyň, akyl-paýhasa esaslanýan tankydyň we tankyt medeniýetiniň agalyk sürmegi gerek. Akyl-paýhasa esaslanýan tankydyň agalyk sürmeýän ýerinde jemgyýet agzalarynyň ylymda, sungatda we pelsepe dünýäsinde özboluşly kämil eserleri döretmegine garaşylmaýar. Ösen siwilizasiýanyň parawozçysy bolmak üçin fanatizmiň tersine rasional çemeleşmäniň bizi has gowy sepgide ýetirjekdigi äşgär. Rasional çemeleşmäniň agalyk sürýän jemgyýetinde dogrynyň gözleginde goýberilýän ýalňyşlyklar tankyt edilip bilinýär. Şeýle tankyt bolsa diňe kollektiwleýin garaýşyň agalyk sürýän jemgyýetinde bolup biler. Ýagny, her dürli düşünjäniň, oý-pikiriň, arzuw-islegiň jemgyýetçilik meýdanynda özüni azat beýan edip bilýän jemgyýetinde... Şeýle jemgyýetiň agzalary özünkini dogry etjek bolup ýörmän, öwrenmegiň gymmatyny bilýär. Dürli düşünjeleri bolşy ýaly kabul etmegiň ýerine öz düşünjelerini beýleki adamlaryň tankydyna açyp we başgalaryň düşünjelerini tankyt edip öwrenmäge dyrjaşýar. Hakykatdan-da, Karl Popperiň aýdyşy ýaly, ne-hä pähimdarlyk, ne-de hakykat hiç kimiň gysymynda jemlenmeýär. Muňa garamazdan haýsydyr bir yňdarma fanatik ynanýan düşünjesini öňe sürmek bilen bir hatarda, hakykaty öz gysymynda saklaýandyryn öýdýär. Hiç bir fanatigiň çekişme medeniýetine garaşmaň. Ol garşysyndakyň näme aýdýanyna däl-de, özüniň näme aýdýandygyna sereder, çünki hemme dogry zatlar onuň gysymynda jemlenen. Ýogsam bolmasa, diňe akyl-paýhasa esaslanýan nukdaýnazaryň dürli taraplaryny görmegimizi üpjün edip biler we adalatly seljermegimiz üçin gerekli kämilligi bize berip biler. “Tankydy rasionalist” çemeleşmäni kabul eden adamyň gözünde akylyň funskiýasy tankydy pikiri we çekişmäni gyzyşdyrmakda bolýar. Hawa, beýleki adamlar bilen edýän tankydy çekişmeleri arkaly her bir adam täze zatlary öwrenip bilýär. Netijede tankydy akyla goldanýan adam – beýleki adamlardan bir zatlary öwrenmäge dyrjaşyp, dürli düşünjeleri fanatikleriň edişi deý bolşy ýaly kabul etmegiň ýerine olary tankyda açan we beýleki adamlaryň düşünjelerini-de tankyt edýän adamdyr. Gepiň keltesi, has ösen siwilizasiýanyň gurujy prinsipleri bolasymyz, ylymda, sungatda, pelsepede özboluşly kämil eserleri döredesimiz gelýän bolsa, muny fanatizme däl-de, tankydy akyla goldanyp amala aşyryp bileris. Dr. Umut HAJYFEWZIOGLY. Duşenbe, 01.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |