12:55 Liberal plýural demokratiýalaryñ garşysyndaky populist liderler | |
LIBERAL PLÝURAL DEMOKRATIÝALARYÑ GARŞYSYNDAKY POPULIST LIDERLER
Publisistika
Liberal demokratiýalaryñ güýjüni ýitirmegi bilen birlikde biziñ günlerimizde iñ köp agzalýan syýasy adalgalardan biri-de populizm bolsa gerek. Belki-de, munuñ sebäplerinden biri ABŞ-nyñ öñki prezidenti Donald Tramp, Wengeriýanyñ premýer-ministri Wiktor Orban, ekstremistik sagçy fransuz syýasatcysy Marin Le Pen, Wenesuelanyñ prezidenti Nikolas Maduro ýaly populist hasaplap boljak liderleriñ 2000-nji ýyllardaky ösüşidir. Ýogsa-da, populizm näme? Populizm diýip, syýasy ugruny halk bilen ýokary gatlagyñ (elitanyñ) arasyndaky gapma-garşylygyñ üstünden ýöredýän diskriminasion aýratynlyk syýasatyna diýse bolar. Populist çykyşlara ýüz urýan liderler halk agalygy pikirini öñe sürüp, häkimiýeti hakyky eýelerine, ýagny halka berjeklerine söz berýärler. Populist liderleriñ berýän wadalary bilen utgaşykly elitaçylyga garşy çykyşlara ýüz urýandyklaryny-da aýdyp bolar. Ýöne populist liderler häkimiýeti hernäçe hakyky eýelerine, ýagny halka bermegi wada berseler-de, aslynda ýagdaý beýle däl. Çünki plýuralizme we aýratynam plýural demokratiýa çydamlary bolmadyk populist liderleriñ "halk" diýmek bilen göz öñüne tutýan zady - halkyñ özlerini goldaýan bölegi bilen çäklenýär. Ýagny populist liderleriñ gözünde halk diñe özleri ýaly bolan, özleri ýaly pikir edýän gatlagy añladýar. Beýleki bir ýanda olaryñ gözünde halk ahlak arassalygyna eýe gomogen bitewilik bolansoñ, populist liderler bu syýasy bitewiligiñ erk-erada emele getirip, özlerine wekilçilik etme hukugyny berendigine ynanýarlar. Ýogsam bolmasa, halk köplükdir, ýagny syýasy, synpy, etniki ýa-da dini köpdürlilikleri özünde saklaýar. Ine, populisr liderler şeýle plýural (köplük) gurluşyna garamazdan, gomogen, ýagny birmeñzeşdiklerini pikir edýän syýasy bitewilige wekilçilik edýändiklerini öñe sürýärler. Özlerini goldamaýan jemgyýetiñ ähli gatlaklary bolsa, olaryñ gözünde ahlak taýdan sozulan elitalardyr. Populizm adalgasyny absolýut we plýural demokratiýa garaýyşlarynyñ çäginde-de öwrenip bolýandygyndan, populist liderleriñ plýural demokratiýanyñ tarapynda durýandyklaryny aýdyp bolar. Eýse nämüçin? Populist liderleriñ häkimiýetiñ çäklendirilen, konstitusiýalarynda esasy hak-hukuklara we azatlyklara ýer berýän, güýçleriñ (häkimiýet edaralarynyñ) özbaşdaklygy prinsipine goldanýan plýural demokratiýalary tankyt edýändigi mälim. Olaryñ gözünde halkyñ saýlan syýasatçylarynyñ çäklendirilmegi aslynda halkyñ erk-ygtyýarlygynyñ çäklendirilmegini añladýar. Populist liderleriñ iñ ünsi çekiji taraplarynyñ birem halkyñ duşmany ýaly görkezýän adamlaryna garşy hamana halkyñ ýanynda ýaly görünmekleridir. Bu ýagdaý olar häkimiýet başyna gelenlerinden soñam dowam edýär. Ýagny populost liderler häkimiýete gelenlerinde halk bilen ýokary gatlagyñ aratapawudynyñ üstünden ýöredýän syýasy çykyşlaryny dowam etdirýärler. Olar häkimiýet başynda otyrka islendik meselede şowsuzlyk bolup geçse, munuñ sebäbi beýleki gatlaklaryñ "betniýetli" işlerine baglanyşdyrylýar. Hasam ýamany populist liderler häkimiýet başyna gelende halkyñ duşmany hökmünde tanadýan elitasyna we oppozisiýasyna bäs edip bilmek üçin häkimiýetlerini yzygiderli mobilizläp durýarlar. Eýsem-de bolsa, häkimiýet hemme režimlerde bar. Režime demokratik häsiýetini berýän oppozisiýa bolansoñ, populist çykyşyñ agalyk ediji režimleriñ plýural demokratiýa goldanýan pozisiýada durýandygyny aýdyp bolmaz. Ýöne agzalan režimleriñ awtoritardygyny-da aýdyp bolmaýar. Populist liderler güýjüni halkyñ özlerine ses beren gatlagyndan alýarlar. Şonuñ üçinem olar häkimiýete bikanun däl-de, kanuny ýollar bilen gelýär. Netijede populist çykyşlaryñ agalyk edýän režimlerine "kemçilikli demokratiýalar" hökmünde garap bileris. Populist liderleriñ liberal demokratiýanyñ garşysyndaky boluşlary barada aýdanda bolsa, agzalýan liderleriñ plýural däl-de, absolýut demiokratiýanyñ tarapyndadyklaryny, hut şonuñ üçinem liberal demokratiýanyñ garşysyna çykyş edýändikleri bellidir. Çeşme: Ý.W.Mýuller "Populizm näme?" (Terjime eden O.Ýyldyz), "İletişim" neşirýaty, Stambul-2017 ý. Dr. Umut HAJYFEWZIOGLY. Duşenbe, 14.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |