10:08 Yslam medeniýetinde tankyt medeniýeti we pelsepe | |
YSLAM DÜNÝÄSINDE TANKYT MEDENIÝETI we PELSEPE
Edebi tankyt
Häzirki döwrüň yslam jemgyýetlerinde tankyt medeniýetiniň bardygyny aýdyp bilerismi? Meniň pikimçe-hä, geçmiş bilen deňeşdirende döwrümiziň yslam jemgyýetlerinde tankydyň medeniýetiň bir prinsipidigini aýtmak kyn. Ýogsam bolmasa, akyl-paýhasa esaslanýan tankydy we seljeriji güýç bolan pelsepäniň yslam düjünsesiniň taryhynda düýpli ornunyň bardygyny bilmän duramzok. Edil şu ýerde bir zady aýtmak gerek: käbirleri yslam pelsepesini arap pelsepesi bilen bulaşdyrýar. Arap pelsepesi araplaryň öz içinde kemala getiren pelsepesididir, emma yslam pelsepesi arap we beýleki yslam ýurtlarynda edilen ähli pelsepewi işleri öz içine alýar. Yslam pelsepesi taryhyň belli bir döwründe altyn döwrüni başdan geçiripdi. Şeýle bolýan bolsa, geçmişde yslam jemgyýetlerinde tankyt medeniýetiniň bolandygyny-da aýdyp bilerismikä diýýän. Aýratynam, IX-XII asyrlarda kanoniki sepgidine ýeten yslam pelsepesi düşünje taryhynda gadymy grek pelsepesi bilen Günbatar pelsepesiniň arasynda köpri wezipesini ýerine ýetiripdir. Yslam pelsepesiniň iýmitlenen çeşmesi hernäçe gadymy grek pelsepesi bolsa-da, grek täsiri gönüden-göni däl-de, Aleksandriýanyň, ýagny, ellinistik pelsepe we hristianlaşan pelsepe araçylygyndady. Ýöne yslam pelsepesini grek düşünjesiniň dowamy ýaly görmeli däl. Agzalýan döwürde terjimeler we şerhler bilen bir hatarda özboluşly uly göwrümli eserler döredilipdi. Hakykatda, yslam pelsepesiniň ösmeginde terjime işleriniň möhüm rol oýnandygy-da äşgär. Apbasy halyflary Mansuryň, Mamunyň gurduran we has soň Harun Reşit tarapyndan gözegçilik edilen “Beýtul-hikmada” (“Hikmetler öýi”) gadymy grek ylmynyň we pelsepesiniň düýpli eserleri terjime edilipdi. Terjimeler suriýany we beýleki dillerden arap diline, soň-soňlar grek dilinden göni arap diline edilipdir. Şol terjime işleri birinji terjime döwri, XI-XII asyrda arap dilinden Günbatar dillerine, aýratynam latyn diline edilen terjimeler bolsa ikinji terjime döwri diýip atlandyrylypdyr. Ikinji terjime döwründe Gündogardan Günbatara gönüden-göni ylym we pelsepe akymy bolup geçdi, agzalan terjimeleriň Günbatar pelsepesiniň ösüşine köp derejede goşandy bolupdy. Yslam dünýäsinde ylmyň we pelsepäniň matematikada Al-Horezmi, fizikada we optikada Ibn Heýsem, medisinada Ibn Sina, Er-Razy ýaly akyldarlar uzak wagtlap Gündogarda-da, Günbatarda-da idol hasaplanyldy. Diňe Gazalydan soň, XII asyryň başyndan başlap yslam dünýäsinde pelsepäniň we ylmyň täsiri barha azaldy we wagtyň geçmegi bilen togtady. Käbirleri ylmyň we pelsepäniň agsamagynyň we yza galmagynyň sebäplerini basybalyjylykly mongol ýörişlerine baglanyşdyrýar. Gynansak-da, ylmyň we pelsepäniň yzagaýdyşlygy yslam jemgyýetlerinde tankyt medeniýetiniň ösüşine-de ýaramaz täsir etdi. Ýogsam bomasa, IX-XII asyrlarda yslam düşünjesi tradisiýasynyň Faraby, Ibn Sina, Gazaly, Ibn Roşt ýaly beýik filosoflary Platondyr Aristotel ýaly gadymy grek filosoflary bilen bir hatarda bir-birileriniň pikirlerini-de tankyt edip, özboluşly eserleri döredipdiler. Mysal üçin, Gazaly Ibn Sinany, Farabyny, Ibn Roşt hem Gazalyny tankyt edipdi. Ine, şular ýaly däp, gynansak-da, XII asyrda doly ýitdi. Ýogsa şol däp şu günlere çenli üznüksiz dowam eden bolsady, yslam dünýäsi ylymda we pelsepe dünýäsinde köpugurly medeniýete uly goşantlary goşmagyna dowam ederdi, sylam jemgyýetlerinde tankyt hem medeniýetiň agalyk ediji konsepsiýasyna öwrülerdi. Geçeni geçdi biläýmek galýar. Indiden soň geççmişi-hä üýtgedip bilemzok, mundan beýläk öňümize seretmeli. Geçmişde gurlan şeýle düşünje däbiniň täzeden dikeldilmegi üçin tagallamyzy gaýgyrmaly däl. Ýokarda ady agzalan filosoflaryň indi klassyky hasaplanýan eserleri şu günüň adamlaryna dünýä we maglumat nukdaýnazarlaryna esaslanyp, täzeden düşündirilmeli sintezlenmeli. Şeýle janlanmanyň yslam dünýäsinde tankyt medeniýetiniň ösmegine-de uly goşantlary goşjakdygyna şek-şübhe ýok. Dr. Umut HAJYFEWZIOGLY. Duşenbe, 21.03.2022 ý. | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |