08:01 Birinji maý hepdesinde Marksy täzeden ýat etmek | |
BIRINJI MAÝ HEPDESINDE MARKSY TÄZEDEN ÝAT ETMEK
Publisistika
1-nji maý hepdesini XIX asyrda ýaşan nemes akyldary, syýasy ykdysatçy, ylmy sosializmiñ düýbüni tutujy Karl Marks bilen birlikde ýatlamak ýerlikli bolar diýip pikir edýärin. Marksyñ düýbüni tutan sosializminiñ ylmylygy hernäçe jedelli bolsa-da, kapitalistik jemgyýet babatdaky tankydy bellikleri güýjüni ýitirmän gelýär. Marks kapitalistik jemgyýetde höküm sürýän eksplutatorçylyk gatnaşyklaryny kapitalistik önümçilik gatnaşyklarynyñ içinde adamyñ nädip metalaşýandygyny, saýrylaşýandygyny sözüñ doly manysynda görnetin formada ýüze çykarypdy. Diñe Marksyñ ähli öñe süren pikirlerini soragsyz-sowalsyz oñlamagam beter kyn. Mysal üçin, awstriýaly filosof Karl Popper Marksyñ taryha bolan garaýşyny tankyt edipdi. Taryhyñ adamyñ ykbalyna dahylly öñdengörüjilikli pikirleri aýtmaga ýardam edip biljek belli taryhy we ewolýusion kada-kanunlar tarapyndan gözegçilik edilýändigi gipotezasyny öñe süren "taryhçylyk" (historicism) adamzat taryhynyñ belli bir ugra bakan öñünden görüp bilinuek yzygiderlilik içinde aýlanyp durandygyny öñe süren ähli taglymlary öz içine alýar. Popperiñ pikiriçe, taryhçylyk çemeleşmesine eýerýän kişi taryhy hanasyndan çykyp ýoluny yzlaýan derýa ýaly görýär. Şeýle-de taryhçy çemeleşmesindäki adam taryhyñ mundan soñ haýsy ugra gitjekdigini-de öñünden görýändirin öýdýär, edil şonuñ ýaly Marks hem taryhyñ soñuny görüp bilýändirin diýip pikir edipdir. Onuñ pikiriçe, hususy eýeçilige esaslanýan kapitalistik jemgyýet önümçilik gurallarynyñ umumy eýeçiliginiñ binýadynda gurlan synpsyz jemgyýetçilik düzgünine ornuny bermelidi. Marksyñ gürrüñi gidýän öñdengörüjiligi haçanam bolsa bir gün amala aşjagyny ýa aşmajagyny bilmegimiz mümkin däl. Edil Popperiñ yşarat edişi ýaly, adamzat taryhynyñ akymynyñ ylmy ýa-da başga hili haýsydyr bir rasional usul bilen öñünden çaklamagymyz onçakly mümkin däl. Şeýle-de bolsa, bu tankydy syn meniñ pikirimçe Marksyñ beýikliginden, gymmatyndan hiç zady kemeltmeýär, sebäbi Marks örän köp dogry zady-da aýdyp geçipdi. Mysal üçin, kapitalistik jemgyýetde döwlet edaralarynda jogapkärçilik çekýän ýolbaşçylaryñ infrastrukturada ýer alan (infrastruktura, işçi-iş beriji iş şertleri, iş bölümi, eýeçilik gatnaşyklary we başgalar) agalyk ediji synpyñ bähbitlerini göz öñüne tutýandygyny aýdandygy ýaly. Marksyñ bu pikirini makullamazlyk mümkin däl. Marksyñ gözünde her agalyk ediji synp döwlet gurluşyny öz bähbidine laýyklap formulirleýärdi. Aýratynam döwlet hemişe "güýçliniñ" bähbidini göz öñüne tutýan basyş gurluşy funksiýasyny görýär. Bärde güýçli bolmakdan göz öñüne tutulýan ykdysady üstünligi elinde saklaýan synpdyr. Ine, şol synp eýelik edýän ykdysady güýjüniñ ýardamy bilen syýasy güýji hem ele salýar. Agalyk ediji synpyñ syýasy güýji ele salmagy dolandyrýanlary öz synpy bähbitleri babatda gözükdirip bilmeklerini mümkin edýär. Agalyk ediji synpyñ synpy bähbidi bolsa, Marksyñ sözi bilen aýdanda "plýus-gymmata" el urmagy, ýagny ýer-mülksiz synpy eksplutatirlemegidir. Kapitalistik sistemanyñ içinde gürrüñi gidýän eksplutasiýa Marksyñ aýdyşy ýaly ykdysady şertleriñ içinde durmuşa geçirilip, hukuk ýoly bilenem kanunylaşdyrylýar. Kapitalistik döwletde dolandyrýanlar şu babatda, ýagny, hukugyñ agalyk ediji synpyñ bähbidine gural edilmegi taýdan möhüm funksiýa eýedirler. Edil şu sebäp bilenem kapitalistik döwletde dolandyrýanlaryñ ýer-mülksüz synpyñ arzan meta ýagdaýyna getirilmeginde we muña bagly edibem saýrylaşdyrylmagynda jogapkärçilik eýesidigini aýdyp bolar. Netijede ýer-mülksüz synpyñ arzan aýry-aýry meta ýagdaýyna getirilmegi üçin agalyk ediji synp hernäçe basyş gurluşy hökmünde döwlete we basyş guraly hökmünde-de hukuga mätäçlik duýýanam bolsa, bu döwlet "özbaşyna barlyk" däldir, çünki basyş gurluşy hökmünde ýer-mülksüz synpy ezýän we ýer-mülk eýesi synpyñ bähbitlerini araýan döwlet hemme zatdan öñ adam edarasydyr. Döwletiñ agalyk ediji synpyñ basyş gurluşy bolandygy, dolandyrýanlaryñ agalyk ediji synpyñ bähbitlerini araýan jemgyýet düzgüninde eksplutasiýanyñ we saýrylaşmagyñ soñlanmagy mümkin däl bolup görünýär. Umut HAJYFEWZIOGLY. Duşenbe, 02.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |