10:28 Oligarhiýanyň soňy tiranlykdyr | |
OLIGARHIÝANYŇ SOŇY TIRANLYKDYR
Publisistika
Gadymy Gresiýanyň syýasy durmuşynda (b.e.öňki VIII asyrda) uly ýer eýeleriniň guran oligarhiýalary agalyk ediji güýje öwrülipdir. Heniz ýazuwa geçirilen kanunlaryň bolmadyk döwründe hut şeýle oligarhiýalar häkimiýetlerini islän formasynda ulanyp, köpçüligi emele getirýän daýhan gatlagyň diňe garyplaşmagyna däl, eýsem, gulçulyga ýakyn ýagdaýa düşmegine sebäp bolýarlardy. Şeýle ýagdaý gutulgysyz ýagdaýda daýhanlaryň arasynda nägilelik döredipdi. Daýhanlaryň nägileligine birem söwdanyň we deňizçiligiň ösüşi bilen söwdagärlerdir senetçilerden emele gelen gatlagyň nägileligi goşulýar welin, tiranlyklara barýan gapy kakylýar, oligarhiýalaryň garşysynda ezilen we häkimiýetiň has adalatly paýlanşygyny talap eden daýhanlar, söwdagärler, senetçiler adalaty berkarar etmegi üçin mükinçilik tapylanda özlerini bir tiranyň ygtyýarlygyna beripdirler. Hakykatda tiranlaryň adalatly bolmagyna garaşmagyň özi hyýalbentlikdi. Şeýle-de bolsa, arhaik tiranlar eýdip-beýdip ildeşlerini şeýtjekdiklerine ynandyrypdylar. Elbetde, tiranyň etmeli işi bellidi: Köpçüligiň güýjünden peýdalanmak arkaly agalyk ediji oligarhiýany agdaryp, hereket edýän güýji garyp daýhanlaryň, ownuk söwdagärleriň we senetçileriň peýdasyna ulanmak. Arhaik tiranlaryň hemme zatdan ötri demagogdyklaryny aýdyp bolar. Ildeşleriniň isleg-arzuwlaryny, şübhelerini we gorkularyny göz öňüne tutup ýöredilen syýasata we goldawa arkalanýan demagogiýa dürli ynançlary, gymmatlyklary ýa-da ideologiýalaryň düşünjelerini ulanyp we ildeşleriniň gadyr goýýan gymmatlyklaryny eksplutatirläp edilýär. Ine, demagoglar ökde dilewarlyk ukyplary bilen ildeşleriniň gymmatlyklaryny eksplutatirleýän syýasy aktýorlardan başg zat däldi. Täsirli geplemek babatda juda ezber demagoglar möhüm meselelri ara alyp maslahatlaşmakdan gaça durup, ildeşlerine hemme zady etjekdiklerine söz berip bilýärlerdi. Adamlaryň akyl-paýhasyna däl-de, duýgularyna ýüzlenýän demagoglar özlerini hamala halkyň içinden çykan biri ýaly görkezýärlerdi. Diňe gadymy grek dünýäsinde heniz ideologiýalar emele gelmändigi üçin döwrüň demagoglarynyň eksplutasiýalaryny ildeşleriniň ynanjy, gymmatlygy, gorky-ünjüsi bilen çäkli tutandyklaryny ýatlamak bolar. Hut şeýle garyp we daýhan gatlagyň häkimiýete getiren şular ýaly arhaik tiranlary oligarhiýalaryň agalyk sürýän döwründe halkyň ezilen gatlagynyň peýdasyny araýan syýasat ýöredipdiler. Hatda käbir tiranlar gullary-da ýatdan çykarman, olary wagtlaýyn möhlet bilen azat edipdiler. Gadymy grek demokratiýasyna geçiş döwründe arhaik tiranlaryň möhüm rollarynyň bolandygy mälim. Ortaça alanda uzak wagtlap höküm sürmändiklerine, ýer paýlanşygynda, söwdanyň ösmeginde öňdebaryjy rol oýnandygyna we şäher döwletlerini gowulandyrmak üçin köp sanly işleri goldandyklaryna garamazdan arhaik tiranlar ýöreden çäksiz we awtoritar dolandyryş formasy garaýyşlary sebäpli gresiýalylaryň hakydasynda ýaramaz häsiýetlendirmeli şöhratlaryny saklap gelýärler. Gadymy grek tejribesinden häzirki günümiz üçinem almaly sapaklaryň bardygy görnüp dur. Mälim oligarhiýa ownuk we ýeňillikli gatlagyň öz synpy bähbidini arap, iň beteri-de adalaty äwmän häkimiýet başynda oturan çäksiz ygtyýarlykly dolandyryş formasydyr. Tiranlyk bolsa diňe bir adamyň çäksiz ygtyýarlygy ele alan dolandyryşydyr. Şol döwrüň grek tejribesinde görlüşi ýaly, adalata arkalanmaýan dolandyryş formasy ýene adalata arkalanmaýan başga dolandyryş formasyny getirýär. Hut oligarhiýalaryň soňuny tiranlyklaryň getirişi ýaly. Gadymy grek tejribesiniň bize görkezişi ýaly, döwletde tutuş jemgyýetiň asudalygyny we eşretini diňe şol jemgyýetde adalatyň üpjün edilmegi bilen gazanyp bolýar. Çeşme: Christian Delacampagne “Filosof we tiran”, (Terjime eden: I.M.Uýsal), Ankara: “Epos” neşirýaty, 2003. Doç. Dr. Umut HAJYFEWZIOGLY. Duşenbe, 17.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |