00:25 Ýaşamaga mynasyp ýaşaýyş we demokratiýa | |
ÝAŞAMAGA MYNASYP ÝAŞAÝYŞ we DEMOKRATIÝA
Publisistika
Ilýustrasiýa: Joan Wong / Foreign Policy Şu günüň dünýäsinde özbaşdak döwletleriň dürli-dürli režimler arkaly dolandyrylýandygyny bilýäris. Eger 167 ýurtda demokratiýanyň ýagdaýyny ölçerýän demokratiýa indeksine salgylansak, şeýle režimleri doly demokratik, kemçilikli demokratik, garyşyk režimler we awtoritar režimler hökmünde toparlara bölüp bileris. Haýsy režim bolanda-da, obýekti adamdyr we adam biopsihiki jandardyr. Ýaşaýyşyň adamyň biologiki tarapy bilen, manyly ýaşaýyşyň bolsa adamyň psihiki tarapy bilen baglanyşyklydygyny aýtmak mümkin. Hemme zatdan ötri şuny nygtamak gerek: adam üçin gymmatly zat diňe gury ýaşap geçeniň däl-de, ýaşanyňa mynasyp ömür sürmekdir. Şu ýerde ýaşamaga mynasyp ömüriň nämedigini sorap bilerler. Elbetde, ýaşamaga mynasyp ömüriň nämedigine degişli taýýar jogap tapaýmak, dogrusy, reseptini hödürläýmek mükin däl. Bu sowala diňe islendik adam ömrüne beren many-mazmunynyň çarçuwasynda öz jogabyny tapyp biler. Hawa, bu soraga her kim öz jogabyny tapsa-da tapar welin, ýöne käbir režimleriň astynda jher bir adam tapan jogabyna ugurdaş ömür sürmänem biler. Manyly ömür sürmek adamyň biologiki tarapyndan has beter psihiki (ruhy) tarapy bilen baglanşykly bolsa gerek. Maddy işjeňligi adamyň has köp biologiki tarapy bilen baglanyşdyryp bolar. Belkäm, belli bir derejede psihiki tarapy bilenem... Eýýamymyzda ykdysadyýetiň, ykdysady bolçulygyň ähmiýetini ýatdan çykaryp bolmaz. Ýurtlaryň arasyndaky bäsdeşligiň merkezinde-de köplenç ykdysady parametrleriň bolýandygyny bilýäris. Ýogsa-da, özbaşyna ykdysady bolçulyk her bir adama ýaşamaga mynasyp ömür sürme mümkinçiligini berýärmi? Dünýäde adam başyna düşýän ortaça girdejisi ýokary, ýöne azatlyklaryň çäkli ýurtlary bar. Azatlyklaryň çäkli ýurdunda bolsa her bir adam ömrüne öz islän many-mazmunyny berip bilmeýär. Has dogrusy, beräýen ýagdaýynda-da, muny açyk görkezip bilmeýär. Diýmek, ýaşamaga mynasyp ömür sürme persfektiwasyndan ykdysady bolçulyk bir özi ölçeg däl. Hawa, ykdysady bolçulygyň gereklidigi, emma ýeterlik däldigi aýdylyp bilner. Ine, sözüň doly manysyndaky demokratiýa şunuň üçin, ýagny, beýleki zatlaryň ýanynda ýaşamaga mynasyp ömrüň mümkinçiligini berýändigi üçinem talap edilmeli režimdir. Demokratiýanyň doly höküm sürýän döwletinde söz azatlygy, din we wyždan azatlygy, metbugat azatlygy, demonstrasiýalary we mitingleri geçirmek azatlygy, kanunyň öňünde deň garalmak hukugy, adalatly sud edilmek hukugy ýaly dürli hak-hukuklar we azatlyklar diňe kagyz ýüzünde galmaýar. Doly demokratiýa ýoluna düşen döwletleriň syýasy medeniýetinde tankyt tradisiýasy bar. Doly demokratiýa ýoluna düşen döwletleriň döwlet dolandyryşynda aç-açanlyk prinsipinden gyşarylmaýar. Doly demokratiýa ýoluna düşen döwletlerde strukturalaryň özbaşdaklygy kagyz üzünde galmaýar. Şeýle režimler bilen dolandyrylýan döwletleriň sud edaralary, metbugat serişdeleri we täsirli raýat-jemgyýetçilik guramalary bar. Eýse, bütin bu zatlaryň ýaşamaga mynasyp ýaşaýyşda ömür sürmek idealy bilen nähili baglanyşygy bolup biler? Hiç bir döwletde diýen ýaly gomogen gurluşyň ýokdugyny bilýäris. Ýagny, her ýurtda dürli-dürli dünýägaraýyşdan, düşünjeden, ideologiýadan, etnosdan, ynançdan gelen adamlar şol ýurduň raýaty hökmünde bir ýerde agzybir ýaşap bilýärler. Üstesine her bir adam şu dünýä ýeke gezek gelýär. Ine, şol ýeke gezeklik ömrüne many-mazmuny adamyň özi çaýyp başarmaly we çaýan many-mazmunynyň çarçuwasynda-da ömür sürmelidir. Bu-da diňe ýokarda agzalan mehanizmleriň talap edýän, ýagny, doly demokratiýanyň agalyk sürýän döwletinde mümkin bolup biler. Dr. Umut HAJYFEWZIOGLY. Duşenbe, 19.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |