15:18 Syýasat - adamlary bagtly etmegiñ sungaty däl | |
SYÝASAT - ADAMLARY BAGTLY ETMEGIÑ SUNGATY DÄL
Publisistika
XX asyryñ iñ täsirli filosof alymlarynyñ biri Karl Popper syýasy ideallaryñ içinde, belki-de, iñ howplusynyñ "adamlary bagtly etmäge" synanyşmakdygyna yşarat edipdi. Dogrusyny aýtmaly bolsa, Popperiñ şu pikirine goşulmazlyk mümkin däl. "Adamlary bagtly etjek bolmagy" syýasy ideal hökmünde saýlap alýanlaryñ hemme zatdan ötri öz "bagtlylyk" şekillendirmeleri bolýar. Eýse, şeýle syýasy idealy saýlap alanlaryñ şahsy bagtlylyk şekillendirmeleri hemmeleri öz içine alyp, ýagny, hemmelere degişli bolubilermi? Baryp-ha öz ýaşan döwründe adamlaryñ "bagtlylyk" şekillendirmeleriniñ biri-birinden üýtgeşik bolýandygyna akyl ýetiren Aristotel "Nikomahyñ etikasy" kitabynda bu hakdaky pikirlerini beýan edipdi. Akyldaryñ pikirice, köpçülik bagtly durmuşyñ keýpi-sapalar bilen doly ömür sanýardy. Şuña meñzeş görnüşde bagtyñ pul, baýlyk, wezipe, şan-şöhrat bilenem ilteşiklidigini öñe sürýänler kändi. Aristoteliñ pikiriçe bagtlylyk hoş gylykly adam bolup ýaşamagyñ bahasydy we bütin ömrüñ bilen baglanyşykly ýükdi. Şeýle-de, Aristoteliñ hemmeler üçin geçginlidir öýdýän bagtlylyk şekillendirmesi bardy. Şu günki gün Aristoteliñ "bagtlylyk" hakdaky orta atan pikirlerine goşulsak-goşulmasak-da iñ bolmanda akyldaryñ adamlaryñ "bagtlylyk" babatda biri-birinden mümkingadar tapawutly pikirleri bardygy hakdaky aýdanlaryny makullap bileris. A Poppere dolanyp geler bolsak, akyldar nämüçin syýasy ideallaryñ içinde, belki-de, iñ howplusynyñ "adamlary bagtly etmäge" synanyşmakdygyny öñe sürüpdi? Hawa, adamlary bagtly etmäge çytraşýan syýasy idealyñyzyñ bolmagy, gutulgysyz ýagdaýda "has ýokary" şahsy gymmatlyklaryñyzy adamlaryñ bagtlylyklary üçin iñ möhüm zatlary görüp bilmeklerini üpjün etmek üçin hemmelere kabul etdirmek - adamlaryñ ruhuny halas etjek bolup arrygyñy gynamaga sebäp bolar. Ýagny, utopiýaçylyga we hyýalbentlige sebäp bolar. Hemmämiz arzuw-isleglerimiziñ ajaýyp, kämil jemgyýetinde adamlaryñ bagtly boljagyna ynanýarys. Popperiñ yşarat edişi ýaly, "ýer ýüzüni jennete öwürjek bolmagyñ tagallasy hemişe dowzahyñ orta çykmagy bilen soñlanypdyr". Takatsyzlygyñ esasynda-da garşymyza şu tagalla çykýar. Dini häsiýetli uruşlaryñ we ruhlary halas edýän inkwizisiýalaryñ orta çykmagynyñ añyrsynda-da şeýle zadyñ ýatandygynh görmek mümkin. Başgalary bagtly etmek syýasatçynyñ işi däl, çünki munuñ özi hemme zatdan ötri syýasatça bagly zat däl. Şol sanda başgalary bagtly etmek tagallasy köplenç özi üçin şeýle niýetde gezip ýören adamlaryñ şahsy durmuşyna goşulmak bilen gutarýar. Adamlary bagtly etmäge dyrjaşmagyñ nähili netijeleri döretjekdigi Orta asyr Ýewropasy hamana sapak alsynlar diýýän ýaly gözümiziñ öñünde dur. Hawa, Orta asyr Ýewropasynda buthananyñ özboluşlyja "bagtlylyk idealy" we wadasy bardy. Şeýle "bagtlylyk wadasy" diñe "ýagşy gylykly" hristianyñ o dünýäde ýetip biljek müdimilik bagtlylygydy. Bu dünýä bolsa synag meýdanydy. Bagtlylyk - şu dünýäde hristian ahlagyna laýyk ömür sürmegiñ bahasy hökmünde o dünýäde, üstesine müdimilik berilýärdi. Buthana ýagşy gylykly hristianlara hemişelik bagtlylygy wada berýärdi. Inkwizisiýalar hem şol wadany amala aşyrmak üçin gurulypdy. Hawa, syýasat adamlaryñ şahsy durmuşyna goşulmagyñ sungaty däl. Syýasat adamlara nähili ýaşamalydygyny öwredýän sungatam däl. Syýasat - adamlaryñ durmuşyna goşulyp, olaryñ gowulygyny ýa-da bagtlylygyny isleýän sungatam däl. Çeşme: Karl Popper "Açyk jemgyýet we duşmanlary - Gegel, Marks we olardan soñ". "Liberte Yayınları" neşirýaty, Ankara, 2010. Dr. Umut HAJYFEWZIOGLY. Duşenbe, 03.05.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |