08:37 Jorj Oruelliñ "1984"-ni täzeden pikir etmek | |
JORJ ORUELLIÑ "1984"-ni TÄZEDEN PIKIR ETMEK
Publisistika
• Ýa-da döwlet, propoganda we beýin ýuwma Ýaşaýan döwrümizde faktlar bilen toslamalaryñ biri-birine garyşandygyny, hatda toslamalara faktlardan has köp übs berilýändigini we öñde tutulyp başlanandygyny aýdyp bilerin. Göýä gün geçdigisaýy hakykat bilen arabaglanyşygymyz daşlaşyp barýana meñzeýär. Gaty köp adamyñ kabul etmäni (восприятие) hakykat hökmünde kabul edýän döwründe ýaşaýarys. Kabul etmäni hakykat hasaplaýan adamyñ gözünde islendik zat onuñ kabul etmesine görä hakykat bolsa şol zat oña hakykat, hatda hakykat ýüzünde ol hakykat bolmasa-da! Kabul etmäniñ hakykat hökmünde kabul edilmeginde gural funksiýasyny ýerine ýetirmeginiñ baglanyşygynda häzirkizaman döwlet apparatynyñ bigünädigini aýdyp bolmaz. Ine, şular ýaly döwürde okyjynyñ Jorj Oruelli we onuñ distopiki roman žanrynyñ naýbaşy nusgalaryndan hasap edip boljak eseri "Müñ dokuz ýüz segsen dördi" ýatlamazlygy mümkin däl. Birnäçe distopiýa ýazyjysy ýaly Oruell hem eserinde totalitar režim howpuna ünsi çekende, döwletiñ elektron apparatyna we ösen tehnologiýalar arkaly propoganda we beýin ýuwma tislimlerinden peýdalanyp, halk gatlaklaryny ädip aýry-aýry mehaniji awtomata öwrüp biljegine ünsi çekýär. Oruelliñ hyýaly döwletinde hökümetiñ halk gatlaklaryngñ gepsiz-gürrüñsiz boýun egmeklerini ýola goýmakdan başga maksady ýok. Muny ýola goýmak üçin hökümet jemgyýetçilik ýerlerinde-de, adamlaryñ şahsy ugurlarynda-da, tapawut goýmazdan hemme ýerde we hemme wagt hemme zady gözegçilik astynda saklaýar, Okeaniýada "Uly byradaryñ gözi" hemmeleriñ üstünde. Yzygiderli gözegçiligiñ maksatlarynyñ birem plýuralizmiñ aradan aýrylmagy ýa-da Nişsäniñ sözi bilen aýdanda, "süri mal ýaly adam" obrazynyñ döredilmegidir. Dogrusy, yzygiderli gözegçilik mehanizminiñ ýola goýulmagy "peýdaly-da bolýar". Oruelliñ Okeaniýasynda gatlaklar çykarýan her sesiniñ eşdilýändigini, hereketleriniñ göz astyndadygyny pikir edip ýaşamaga mejbur. Şeýle mejburylyk adamlaryñ wagtyñ geçmegi bilen içinde instinkte öwrülen endikler bilen ýaşamagyna sebäp bolýar. Oruelliñ pikiriçe propoganda totalitar döwletleriñ ýüzlenýän gurallarynyñ başyny çekýär. Gatlaklar "hakykatdan" has köp kabul etmelerine ynanýandyklary üçin propogandanyñ olaryñ üstündäki täsiri güýçli bolýar. Gürrüñi gidýän hökümetlerde gatlaklar faktorlardan has köp toslamalara üns berýärler. Propandanyñ edeni bolýar, çünki onuñ şobir gaýtalap durmagy wagtyñ geçmegi bilen çyn deregne kabul edilýär. "Ýalany ýaşaýyş-durmuş formasyna" öwren hökümet prinsipial ýalanyñ üstünde guralandyr. Bular ýaly hökümetlerde faktorlaryñ gymmaty umuman alanda we yzygiderli ýagdaýda ret edilende ähli faktorlaryñ üýtgedilmeginiñ mümkinçilikli bolşy ýaly ähli ýalanlaryñ çyn deregne kabul edilmegi-de mümkinçiliklidir. Häzirkizaman ösen tehnologiýalar we gurallaýyn akylyñ aýdylýan sistemada ünsi çekiji roly bar. Häzirkizaman tehnologiýalar şol bir wagtyñ özünde lideriñ aýdýan zadyny gatlaklara ýetirme funksiýasyny ýerine ýetirýär. Faktlar bilen toslamanyñ biri-birine garyşan hökümetlerinde lideriñ aýdýan zady faktorlaýyn ulgamda ýalñyş bolup çyksa, faktlar şobada aýdylan zada gabatlaşdyrylýar. Aýdylýan zada gabat getirmek diñe häzirki wagta däl, şol bir wagtyñ özünde geçmişe-de degişli. Öñki ýazgylaryñ, arhiwleriñ häzirki aýdylýan zat bilen gabatlaşmadyk ýagdaýynda arhiwleri üýtgetmeli bolýar. Okeaniýada ähli ýazgylar lideriñ aýdýanyna güwä geçip biljek görnüşde täzeden tertipleşdirilýär. Bu ýagdaý geçmişe el urup duran yzygiderli üýtgetme funksiýasynyñ işläp durmagyny talap edýär. Yzygiderli üýtgetme funksiýasy diñe gazetler üçin däl, arhiw gymmatyny saklaýan kitaplar, neşirler, broşýuralar, portretler, kitapçalar, kinofilmler, syýasy ýa-da ideologiki taýdan gymmaty bolaýhak islendik kitapdyr resminama üçin şonlugyna galýar. Geçmiş günübirin, hatda minutma-minut täzelenip dur. Şeýtmek bilen partiýanyñ ähli çaklamalarynyñ näderejede dogrudygy resminamalar bilen subut edilýär. Başgaça aýdanda, faktorlaryñ ele alnyşynda elmydama çeýelik gerek. Beýleki bir ýandan partiýanyñ agzasy partiýa tertip-düzgüninden ötri gerek bolanda aga gara, gara-da ak diýip bilmeli. Diñe partiýa agzasynyñ gara ak diýmesinden beter, onuñ garanyñ akdygyna ynanmagy, hasam beteri garanyñ akdygyny bilmegi we şol güne çenli munuñ doly tersine ynanandygyny ýatdan çykarmagy gerek. Bular ýaly zat geçmişiñ elmydama üýtgedilip durulmagyny talap edýär. Geçmişiñ üznüksiz täzeden "üsti ýetirilip" durulmagynyñ düýp ähmiýeti partiýanyñ ýalñyşmaýandygynyñ goralmagy tagallasy bilen düşündirilip bilner. Partiýa agzasynyñ aga ak, gara-da ak diýip bilmegi goşapikir (двоемыслие, iñlisçe doublethink, türkçe çiftdüşün) tilsimi bilen mümkin bolýar. Goşapikirlilik adamyñ iki çapraz düşünjäni añynda bir wagtyñ özünde saklap we ikisini-de kabul edip bilmegini añladýar. Hawa, Oruell distopiki romanynda hernäçe totalitar döwlet apparatyna we bu apparatyñ jemgyýete edip biljeklerine ünsi çekenem bolsa, "döwletiñ" özbaşdak döräp bilmeýändigini ýatdan çykarmaly däl. Döwlet - adamyñ öz eli bilen döredilýän zat. Şeýle-de, Oruelliñ aýdyşy ýaly düzgüni ýola foýan aslynda "döwlet" däl-de, ony dolandyrýanlardyr. Diñe gürrüñi gidýän düzgüniñ gurulmagynda dolandyrýanlar ýaly dolandyrylýanlaryñam jogapkärçiligi bar. * Jorj Oruell (1943, 2013 ý.), "Müñ dokuz ýüz segsen dört". Terjime eden Jelal Üster. Stambul. "Can Sanat" neşirýaty. Dr. Umut HAJYFEWZIOGLY. Duşenbe, 07.06.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |