19:08 "Tomiris rowaýaty" | |
"TOMIRIS ROWAÝATY"
Teatr we kino sungaty
• Gadymy türklerde we biziñ günlerimizde aýal-gyzlara bolan garaýyş Birküç günlükde tomaşa eden "Tomiris rowaýaty" ("The Legend of Tomiris") taryhy çeper filmimi taryh bilen gyzyklanýanlara görmegi maslahat berýärin. Çeper filmiñ IMDb utugy sizi ýalñyşdyraýmasyn. Meniñ pikirimçe çeper film has ýokary utuga mynasyp. Režissýor Akan Sataýewiñ surata düşüren, baş rollarda Eduarda Minett, Ghassan Massoud, Zarina Ýewa dagynyñ oýnaýan gazak çeper filminde b.e.öñki VI asyrda ýaşandygy aýdylýan Orta Aziýa sähralyklarynyñ legendar patyşasy Tomirisiñ hekaýaty gürrüñ berilýär. Agzaýan kinofilmim hakda eşidenimde, haýal etmän oña tomaşa etdim, çünki birnäçe ýyl öñ Gerodotyñ "Taryhyny" okanymda Tomiris barada berýän gürrüñi ünsümi çekipdi. Kinofilme baha bermezimden öñ Gerodotyñ kitabynda Tomiris we massagetler hakynda nämeleri aýdypdyr, gysgaça ser salalyñ: "Kir Babylyñ işini bitirenden soñ massagetleri-de golastyna salmak isledi. Bu ýurt ilki aýdylýanlara seredilse-hä, uly we güýçli bolmaly, dañ ýeriniñ agarýan we günüñ dogýan ugrunda, Araksyñ añry tarapynda, issedonlaryñ garşysynda oturýarlar. Bularyñ skiflerdendigini aýdýanlaram bar. Massagetler äriniñ ölüminden soñ tagta geçen melike Tomirisiñ agalygynda ýaşaýardy. Kir melikä ilçileri ugratdy, özüne aýal edip almak isleýändigini aýtdy. Emma Tomiris onuñ düýp isleýän zadynyñ özi däl-de, massaget patyşalygydygyny bilip duransoñ, muny kabul etmedi. Kir guran hilesi ýöremänsoñ, leşgerini Araksyñ üstüne sürdi we massagetlere garşy açyk ýörişe rowana boldy." Hawa, gürrüñi edilýän ýöriş üçin taryhdaky ilkinji pers döwleti bolan Ahameni imperiýasynyñ düýbüni tutujy we ilkinji hökümdary Kir janyndan el üzmeli bolýar. Gerodotyñ kitabynda agzalýan massagetler bolsa, gadymy türkleriñ ata-babalaryndandygy öñe sürülýän saklardyr. Kinofilme dolanyp geler bolsak, karizmatiki lideriñ keşbini berýän Tomiris harby taýdanam, taktiki we syýasy taýdanam ukyp-başarnyklylygy bilen tomaşaçylary özüne bendiwan edýär. Çeper filmde ünsümi çeken meselelerden biri-de, gadymy türklerde aýal-gyzlaryñ jemgyýetçilik durmuşyndaky ornudygyny aýdaýyn. Görnüşi ýaly gadymy türklerde jemgyýetçilikde jynsy deñsizlik ýaly zatdan söz açylmandyr. Aýal-gyzlar erkekler bilen deñ hereket edýär. Bu kinofilmde aýalyñ maşgala içinde-de, köpçülige çykanda-da, syýasy arenada-da erkekden yzda durmandygyny we kämahal ýanynda bolsa, kämahalam öñünde ýer alandygyny görýäris. Hatda söweşlerde-de aýal-gyzlar erkeklee bilen egin-egne berip göreýärler. Şeýle hem kinofilmde Tomirisiñ durmuşa cykjak erkegini-de özüniñ saýlaýandygyny belläp geçmek isleýärin. Sosiolog Orhan Bingöliñ "Jemgyýetçilik jynsyýet faktory we Türkiýede zenanlyk" ("Toplumsal Cinsiyet Olgusu ve Türkiye'de Kadınlık" ) makalasynda ýer alan şu jümleleriñ, gürrüñsiz, çeper filmde jogaby bar: "... Erkegiñ aýaly urup-ýençmegi türklerde görlüp-eşdilmedik zat bolupdyr... Çaga gadymy türklerde juda ezizdir. Aýal çaga dogursa, oña bolan söýgem maşgalada has artypdyr... Altaýlarda aýal bilen erkegiñ arasyndan sözleşik we duşuşyk doly erkin ýagdaýda bolup geçipdir." Maşgala gurluşynda çaga bolan garaýyşda o diýen bir üýtgeşme bolandyr öýdemok. Çaga diñe gadymy türklerde däl, häzirki günlerde-de eý görülýär. Gynansak-da, diñe gadymy türklerde görlüp-eşdilmedik ýaramaz gylyk "aýaly urup-ýençme" şu günümizde her gün diýen ýaly eşdip ýören zadymyza öwrüldi. Aýal-gyzlary horlaýan erkekleriñ añ taýdan alanda b.e.öñki VI asyrda ýaşan türklerdenem yzda bolmagy üstünde oýlanmaly mesele. Şu günüñ Türkiýesinde aýal-gyzlara zorluk-sütem edýän erkek tipologiýasynyñ jynsyýet diskriminasiýasyna esaslanýan zenanlyk faktoryndan iýmitlenýändigini bilýäris. Türk zenanynyñ deñ we azat raýatdygy düşünjesiniñ jemgyýetimizde täzeden janlanmagy üçin hemmämiziñ öñünde uly jogapkärçilik bolup durýar. Hawa, ýurdumyzda jemgyýetçilik jynsy deñsizligi we zenanlyk faktory wajyp çözülmeli mesele bolup öñümizde keserip dur. Umut HAJYFEWZIOGLY. 07.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |