08:08 Hukugyñ ýokardalygy Global indeksi, adam we syýasat | |
HUKUGYÑ ÝOKARDALYGY GLOBAL INDEKSI, ADAM WE SYÝASAT
Publisistika
Hukugyñ ýokardalygy prinsipiniñ dünýä derejesinde kämilleşdirilmegi üçin iş alyp barýan Bütindünýä Adalat maksatnamasy ("The World Justice Project" – WJP) her ýyl "Bütindünýä hukugynyñ ýokardalygy global indeksini" mälim edýär. Agzalan indekse laýyklykda birinji onluga girýän ýurtlar şular: Daniýa, Norwegiýa, Finlandiýa, Şwesiýa, Germaniýa, Gollandiýa, Täze Zelandiýa, Lýuksemburg, Awstriýa, Irlandiýa. Gürrüñi gidýän indeksi öwrenenimizde 139 ýurduñ arasynda meñzeş syýasy ulgamlara eýe ýurtlaryñ sanawda biri-birinden diýseñ tapawutly orunlarda ýerleşendigini görýäris. Birmeñzeş syýasy ulgamlar diýmek bilen köpçülikleýin parlamentar demokratiýa bilen dolandyrylýan, adam hukuklaryna we azatlyklaryna degişli kada-kanunlara konstitusiýalarynda ýer beren we strukturalaryñ özbaşdaklygy prinsipini öñe tutýan ýurtlary göz öñüne tutýaryn. Birmeñzeş syýasy ulgamlara eýe ýurtlarda esasy hak-hukuklar we azatlyklar bilen adalata degişli meseleler biri-birinden diýseñ tapawutly ýola goýlupdyr. Eýsem "birmeñzeş syýasy ulgama eýe ýurtlar nädip praktikada ep-esli möçberde biri-birinden tapawutlanýar?" Hawa, syýasat pelsepesiniñ klassyky jedelli temalarynyñ birem "Kim dolandyrmaly?" soragynyñ biziñ günlerimizde güýjüni ep-esli ýitirendigini aýdyp bolar. Şonsuzam XX asyryñ iñ täsirli filosoflaryndan Popperiñ özem "Kim dolandyrmaly?" soragynyñ özüni ýalñyş hasaplapdyr, gürrüñi gidýän soragyñ ýerine, "Eýse ahlak taýdan ikelläp goldap boljak artykmaçlyklara eýe dolandyryş formasy barmy?" soragyna jogap gözlemegimizi maslahat beripdi. Diñe "Dünýä hukugynyñ ýokardalygy global indeksindäki" sanawlaryñ özem bize diñe döwlet edaralaşma formasyna üns bermegimiziñ meselelerimizi çözmeýändigini görkezýär. Elbetde, döwletiñ edaralaşma formasyna üns bermeli, ýöne diñe bu ýeterlik bolanok. Belki-de, "Kim dolandyrmaly?" soragynyñ üstünde biziñ günlerimizde-de pikir alyşmagymyz gerekdir. Eger pikir alyşmaýan bolsak, munuñ sebäplerinden biri ýolbaşçynyñ "halkyñ eradasynyñ" miwesidigi düşünjesine gözümiz öwrenişen bolmagy mümkin. "Halkyñ eradasy" häzirkizaman döwletinde dolandyryşyñ kesgitleýjisi ýagdaýyna gelipdir, munuñ hiç hili ýalñyş ýeri ýok. Soragymyzy gaýtadan soralyñ: "Nädip birmeñzeş syýasy sistemalara eýe ýurtlar praktolada biri-birinden ep-esli tapawutlanýar?" Diýmek, syýasat diýýän zadymyz syýasatyñ aktory bolan adamyñ edýän işlerinden garaşsyz däl. Haýsy syýasy sistema bolsa bolsun, syýasatyñ obýekti adam. Adamyñ edýän işi-de gymmatlyklar tarapyndan dolandyrylýar. Göräýmäge, syýasatyñ gymmatlyklar bilen ep-esli möçberde gatnaşygy bar. Gadymy grek akyldarlaryndan Aristotel syýasat pelsepesi boýunça pikirlerini orta atanda, adalat (dikaiosyne) we dogrulyk (aletheia) düşünjelerine ünsi çekipdi. Onuñ pikiriçe adamyñ adam şekilli ýaşap biljek döwleti diñe gürrüñi edilen prinsiplere esaslanýan syýasy düşünje bilen mümkin bolup bilerdi. Arostoteliñ gözünde azat adamlaryñ ýaşamaga mynasyp ýaşaýşy bilelikde gurma tagallasy bolan syýasat - belli biriniñ, gatlagyñ, topbagyñ bähbitlerini arama ýa-da özünden däle höküm etme meselesine degişli praktika däldi. Aristoteliñ gözünde syýasat bir döwletde bile ýaşaýan ildeşleriñ ýaşamaga mynasyp ýaşaýşy söz, ynandyrma, gepleme, jedelleşme-pikir alyşma ýoly bilen bilelikde gurma tagallasydy. Has takygy Aristotel dolandyryş formasyny "gowy" ýa-da "erbet" hökmünde toparlara bölende ýolbaşçylaryñ edýän işlerine göz öñüne tutýardy. Adalaty we jemgyýetiniñ umumy peýdasyny araýan islendik dolandyryş formasy ha ol ýeke adamyñ bolsun, ha-da köpçüligiñ agalygy bolsun, tapawudy ýok, Aristoteliñ pikiriçe "gowudy". Eger Aristoteliñ perspektiwasyndan biziñ döwrümiziñ syýasy sistemalarynyna baha bermeli bolsa, haýsy syýasy sistema bolanda-da, ady agzalan syýasy sistemany dolandyrýanlaryñ edýän işini kesgitleýän gymmatlyklardan garaşsyz "gowy" ýa-da "erbet" hökmünde baha berip bilmeris. Dr. Umut HAJYFEWZIOGLY. Duşenbe, 07.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |