21:39 Galamdaşlarym: Towşan Esenowa | |
GALAMDAŞLARYM
Ýatlamalar
Wagt öz hasabyna jür, äwmän-telesmän geçip dur. Men bu gün 80-e ser uran goja. Allatagalanyñ beren by ýaşyna müñde bir şükür edýärin. Hormatly dynç alyşda bolanymdan soñ geçen ömür menzilime ser salýaryn welin, gaty kän-kän wakalar göz atuwymda janlanýar. Iş salşan, ýakyndan tanan ýazyjylarymyñ, şahyrlarymyñ käbiri hakda "Galamdaşlarym atly ýatlamalar kitabyny ýazdym. Şol kitapdan okyjylaryñ dykgatyna T.Esenowa, Ç.Aýtmatow, G.Burunow, A.Gowşudow, R.Seýidow hakdaky ýatlamalarymy hödürlemegi makul bildim. ▶ TOWŞAN ESENOWA (1915-1987) Towşan Esenowa sowetler zamanynyñ türkmen zenanlarynyñ arasyndaky ilkinji şahyrdy hem ilkinji dramaturgdy. Ilki bilen, onum terjimehalyny gysgaça gürrüñ bereýin. Ol 1915-nji ýylda Kaka etrabynda dünýä inýär, başlangyç bilimi obalaryndaky mekdepde alýar. 1928-1932-nji ýyllarda Aşgabadyñ aýal-gyzlar pedtehnikumynda okaýar, şondan soñ respublikan gazet-žurnallarda, radioda, telewideniýede işleýär. Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyñ, soñ A.Gulmämmedow adyndaky ýaşlar teatrynyñ edebiýat bölüminiñ müdiri bolup işleýär. Ömrüniñ soñky ýyllarynda bolsa Ýazyjylar soýuzynda geñeşçi bolup işledi. 1938-nji ýylda onuñ "Polat gyzlara" atlt goşgular ýygyndysy çap edildi. "Uzaklara nazar" (1967 ý.) atly goşgular ýygyndysy, Garagum derýasynyñ gurluşygy hakda söhbet açýan "Keltebeden rowaýaty" (1961 ý.) atly poemasy T.Esenowa meşhurlyk getirdi, bu eserler soýuz respublikalaryñ, şeýle hem daşary ýurtlaryñ birnäçesinde terjime edildi. T.Esenowa türkmen teatrynyñ ösmegine önjeýli goşant goşdy. Onuñ kolhoz gurluşugy hakdaky "Şemşat" (1938 ý.), türkmen zenanlarynyñ bagty ugrundaky göreşi hakdaky "Seniñ yşgyñda" (1968 ý.), "Gelin gelýär" komediýalary türkmen tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Edebiýatda bitiren hyzmatlaryny göz öñünde tutup, T.Esenowa 1940-njy ýylda "Türkmenistanyñ at gazanan şahyry", 1974-nji ýylda "Türkmenistanyñ halk ýazyjysy" diýen hormatly at dakyldy. Men köp ýyllap Towşan Esenowa bilen duldegşir goñşy bolup ýaşadym. Köp gezek gürrüñdeş boldum, birnäçe gezek döwlet delegasiýalaryna goşulyp daşary ýurtlara bile gitdim. Ol sowatly, mylaýym häsiýetli zenandy, işeññirdi, jemgyýetçilik işlerine has köp gatnaşýardy. T.Esenowa türkmen zenanlarynyñ arasynda ilkinji şahyr bolansoñ, geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniñ köpüsine çagyrylýardy. Ol özüniñ köp wagtynyñ ýygnaklarda geçýändiginden, döredijilik bilen meşgullanmaga wagtynyñ az bolýanlygyndan zeýrenýärdi. T.Esenowany azat türkmen zenanlarynyñ simwoly hökmünde öñe sürüpdiler. Şeýle bolansoñ, ol öz döwründe alpinistler toparyna goşulyp daglara çykypdy, uçardan paraşýutly böküpdi, suwda ýüzüpdi. Mahlasy, ony jemgyýetiñ ähli ugurlarynda ussat, başarjañ zenan hökmünde görkezýärdiler. Ol hakda köp ýazýardylar. Gazet-žurnallarda suraty çykýardy. Ýetmişinji ýyllarda T.Esenowanyñ "Ýigrenji galym" atly makalasy çap edilipdi we bu respublikamyzda gyzgyn ara alnyp maslahatlaşylypdy. "Ýygnaklarda meniñ makalamy goldap çykyş edýärdiler, ýöne özara söhbetdeşliklerde ýeke adam meniñ pikirimi goldamandy. Wah, galyña garşy göreş meniñ adyma duwlanyp edildi. Aslynda welin, men onuñ ýaly makala ýazjak zenan däl" diýip, Towşan daýzanyñ janykmasy ýatdan çykanok. T.Esenowa 30-80-nji ýyllaryñ aralygynda türkmen zenanynyñ göreldeli nusgasy bolup ýaşady. Ony daşary ýurtlardan gelýän myhmanlara görkezýärdiler. Daşary ýurtlular onuñ döredijiligi, ömri, öýi, maşgalasy bilen gyzyklanýardy. T.Esenowa Ýazyjylar soýuzynda işlän ýyllarynda maña şeýle gürrüñ berdi: "Men ömrümi iki bölege bölýärin: türkmen zenanlarynyñ simwoly bolup ýaşan ýyllarym we ondan soñky ömrüm. Maña, dogrusy, soñky ömrüm has lezzetli. Sebäbi men durmuşyñ lezzetini alyp, asuda, rahat ýaşaýaryn". Şahyra bu sözleri diýse-de diýipdi, ýöne ýaşlyk ýyllaryny küýseýändigi açyk duýulýardy. Onda şeýle bir berk ynam bardy: Bir döwür geler, meniñ durmuş ýolum, döredijiligim düýpli öwreniler. Sebäbi men muña mynasyp işleri bitirdim". Men hem bu pikire ynanýaryn. Kaýum TAÑRYGULYÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. # "Garagum" žurnaly, 2008 ý. No 3. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |