23:50 Galoş | |
GALOŞ
Publisistika
Gazetdäki suraty gören badyma tanadym... Şol aýakgapdy... Şo-ol öñki zyñanymdaky ýaly, hiç hili üýtgemändir... Şunça wagt geçdi, gumak ýollara asfakt düşeldi, awtoulaglaryñ şekili näçe gezek üýtgedi... Kim bilýär, penjekleriñ modasy näçe gezek üýtgedi... Telefonlar, otlular, şäherler, radiolar üýtgedi... Hiç zat öñküsi ýaly däl... Ol welin şodurşuna... Gara rezin aýakgap... “Galoş…” Zawody, firmasy, markasy ýokdur... Bilşimiz ýaly, awtoulagyñ, traktoryñ zaýalanan, sandan çykan tekerleri eredilip Antepiñ, Urfanyñ gowaklarynda galyplara guýlup ýasalýar... Gören badyma hyýalymda bir demde “galoşly” ylgamaga başladym… Meniñ galoşymyñ içinden sim çykar durardy... Içinde boş howa däl, tekeriñ simini galdyrypdyrlar... Biraz geýenden soñ tekeriñ ysy gelip durandyr... Aýak görgüli peteksiz gara reziniñ içinde zary-girýan, wagtyñ geçmegiñ bilen gara rezin aýagyñ dymjyk ysyna eýlenýär... Kän wagt geýmersiñ, ýyrtylar... Burny ýyrtylmasa meselesi ýok, aýagyñda ýarsy galsa-da oññut edip ýörensoñ... Biri ýyrtylsa-da, mesele däl, bir taýy ýyrtylan galoş tapsañ bolany... Öñ tarapynda bagjyk ýeri-de bar... Emma hiç wagt bagjyk ýüpi eliñe ilmez... Çünki galypçynyñ edähedir, galypda şeýle motiw bar, bagjygy bar ýaly edip ýasaýar... Topuklaryndan geçirilen ýüp bilen ýekesini biri-birine baglaýarlar... Hem iki sag alyp gitmesin adam... Hemem omzuña atdyñmy, biri öñde, beýlekisi yzda, şeýdip gidiberersiñ... Gutusy ýok, ýagny... Hiç haçanam bolmandy... Galoş (jizlawet) adyny Şwesiýanyñ bir jülgesinde öndürilýän galoşlardan alyp gaýdýanam bolsa, dünýäniñ läheñ teker firmalarynyñ önümlerini eredip, uly ýük awtoulaglarynyñ däl-de, adamyñ aýagyny aýakgaply eden türk paýhasydyr aslynda... Ýoksullykdyr, garyplykdyr... Takdyrdyr... Hiç üýtgemeýänligi garybyñ ýazgydynyñ üýtgemeýänligindendir... Gören badyma tanadym... Ol magdan känini suw basanda gark bolup ölen ogly üçin “oglum ýüzüp bilenokdy” diýen ene-atanyñ aýaklaryndady… Tozup, apgyrdy giden galoş... Atanyñ ady-da Rejep... Beýleki Rejebiñ "Bikanun gurlan köşgünde" ökjeli köwüşlere tyrkyldap ses edýän we dünýäniñ añry ujundan getirilip düşelen gülgüne mermerleriniñ gürrüñi edilýän günleridi şol günler... Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.11.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |