01:54 Galplyga oda | |
GALPLYGA ODA
Goşgular
Gorkman hakykaty aýdyp bileni, Türmä dykdyrdyñ. Hak söz bilen gäbe garnyñ dileni, Türmä dykdyrdyñ. "Günäjik" ýöñketdiñ ýapa degmeýän, "Bozgak" diýip, elhenç ülñi dakdyrdyñ. Dökülmänkä añkap duran içaşyñ, Ýamadylar seniñ gäbeje garnyñ. Meslekdeşleriñden gallangy daşyñ, Hakykata bererli däl sen ornuñ. Şalygy goluñdan gidererli däl, Düşerli däl wezipeden - kürsüden. Kökleriñ bek, seni goparyp bilmez, Ýykyp bilmez her agyz "küpürseden". Galar diñw gury heläk bolany, Sebäbi sen köpe ýaraýanja galp. Seniñ bilen darkaş etmek añsar däl, Doglan özüñ bolma dogruçyl bolup... ■ MEN Men üçe bölündim - bir kelle hersi: Matlaby düz, hiç-neneñ däl birinji. Ikinji elmydam araýar tersi, Üçünji men - bolýar mana bir ünji: Sebäbi ol ne-hä eýle, ne beýle, Eý, Tañrym, sen meni ondan daş eýle! ■ ADAM WE ALDAW Adam, aglap indiñ dünýä ineñde, Emmäge hukugy gazandyñ aglap. Bu öñden däp, hiç günä ýok eneñde, Agzyña emzigi dykdylar - aldap! Soñra aldawlaryñ köpeldi sany, Ulalyp, özüñem aldap ugradyñ. ...A-how, beýdip bulaşdyrmañ ynsany, Doglanyndan dogruçyllyk öwrediñ! ■ DÄLI Käte gözüm gidýär seniñ günüñe, Diýip bilýäñ gelenini göwnüñe... "Dilliligiñ" üçin kötek iýmeýäñ. Elbetde köp seniñ telek gepleriñ, Ýöne bar içinde gerek gepleriñ, Belki özüñ duýýañ, belki duýmaýañ. Ýöne hakykaty sen aýdanyñda. Ynam etmän, üstüñden gülüşýärler. Eger-de sag adam aýdaýsa welin, Derrew ýetirýärler degişli ýerne, Onsoñ gije-gündiz onuñ yzyna Kölge kimin düşýärler. ■ SÜBSEGÄR Sübsegär giripdir gije düýşüme, Uzyn saply sübsesi bar golunda. Diýdim: "Daýza, geleniñe örän şat, Wyždan diýeniñem hapalanýan zat, Gaýrat edip, tämizlejek boluñ-da! Päkligi ýitirden säwliklerim bar, Hapasy ýatandyr ençeme ýylyñ". ...Işini tamamlap, diýdi sübsegär: "Indi berin tämiz saklajak boluñ!" ■ GÖRIPLERE Ýok, men size dözemok öz ömrümi, Parlak guş ol, ýelegin ýolarsyñyz. Juda sada, bilenok ol öwrümi, Aldap-ogşap, kapasa salarsyñyz. Goşawuçlap sepersiñiz öñüne, Zäherli däne deý aladalary. Hezil edersiñiz zaryn heñine, Siz meniñ ömrüniñ alakalary! Görgüli ömrümden täk sudur galar, Dumly-duşdan iýersiñiz siz gädip. Men sizden ömrümi gorajak, näler, Bilemok nädip... ■ SOÑKY SUD Ynsabyndan düşüp aýry Hars urup çykanlar çenden. Ýedi gart bizden gaýry Näme alyp gitdi mundan?! Denlik, ýatyrlar asuda. Garyp hem Karun deý baýan. Barça baryp soñky suda, Kimdigi bolmaly aýan: "Niçik adamdy bu bende?" Halkdan soralar üç merte. Her kim jahandan gidende, Soñky sud - hasabat erte! ■ PERIŞDE Hakyt uçup geldi işe gelende, Arkasynda goşa ganaty bardy. Perişdedi, eli egrilikden daş, Alanyny tüýs halallap alýardy. Kezzaplaryñ ynjalygy bozuldy; Baryp Tañra satar öýdüp gorkdular. Pyrrykdak gurdular, düşdi görgüli, Jeza ýerne ganatyny gyrkdylar. Gülüşdiler: "Duza gaçan duz bolar... Özümize öwürýäris geleni. Ýerdäki "hudaýlañ" dili tapdyrýar, Hol arşdaka ýetmän dursa bolany!" ■ HAPALYK Hiç babatda tapawutly däldiñ sen, Akylda-paýhasda, Edim-gylymda. Zanny hapa Bir geddm betpäldiñ sen, Parhyñ - Partbilediñ bardy goluñda Partbilediñ bilen Wezipe aldyñ. Şeýdip, Hondanbärsi ýolbaşçy bolduñ. Bu gün partiýanyñ işi gaýdanda Bilediñi tabşyrypsyñ dessine. Täze bir partiýa girseñ gir welin, Giriji bolmawer biziñ hatara - Hataryna partiýada dälleriñ! ■ TAGZYM Aslymyza - ata tagzym edeliñ, Bizi dogran enä tagzym edeliñ, Tagzym edeliñ daýhana, Mukaddes topraga, Nana! Daga, Derýa, Çeşmä, Köle, Ýüwrüp barýan bedew ata... Ýöne welin, hiç wagt tagzym etmäliñ, Hansyradyp, Begsiredip, Wezipeli musallata! Hemra ŞIROW. | |
|
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |