13:24 Gan we gözýaş! | |
GAN we GÖZÝAŞ!
Publisistika
Alaryp sereder ýaly ýurt däldi. Polat galkany, arkasynda supergüýç Amerikasy bardy. Hiç kimsä hasap bermezden göwnüniñ isleýşi ýaly hereket edýän ýurtdy. "Hamasy" aslynda Palestinany "ura-ura, süre-süre, öldüre-öldüre" özi döredipdi. Hawa, "Hamas" hut Ysraýylyñ öz elinden çykypdy. Ysraýylyñ premýer-ministri Netanýahunyñ din faşizmi bilen dürüşde edilen demir penjeli agressiýasy "Hamasyñ" wagşylygyna çarpdy. Gökden ölüm ýagdy. Urulmaga degişli däller uruldy. On iki gün geçdi. Gazada ölenleriñ sany 3000-e ýetdi. Adamzat nukdaýnazaryndan gözgyny ýagdaý. Iki tarapam çagalary we aýallary gaýgyrman atýar. Palestin hassahanalary morga döndi. Jesetler porsamasyn diýip doñdurma awtoulaglaryna ýüklenişini bütin dünýä utanç bilen syn edýär. * * * Ysraýyl soñky kyrk ýylyñ dowamynda Gazä bäş gezek uruş yglan etdi. Her gezeginde saýlap alsynlar diýip palestinalylaryñ öñünde üç ýol goýýar: Ýa göçüñ, ýa assimilleşin, ýa-da ölüñ! Üç ýany-da gan, ölüm, zalymlyk añkap duran bu saýlawlar "Hamasy" janlandyrdy. Kyrk ýyl öñ "Hamas" ýoldy. Segseninji ýyllaryñ soñunda Ysraýylyñ Palestinany basyp almagyna garşy goranyşa geçilende "Hamas" döredi. Bombaly teraktlar bilen Ysraýyla ölüm ýagdyryp, awtobuslary asmana uçuryp, aýallary we çagalary bir ýere jemläp atyp Palestinanyñ azat we garaşsyz döwlet bolmak arzuwyna ýetmek isledi. Ysraýylyñ ýeñen bäş urşy-da "Hamasy" saklap bilmedi. Ine, on iki gün öñem altynjy uruş juda gandöküşikli başlady. Ene-atalar gollarynda çagalarynyñ gana boýalan naşyja bedenlerini göterip içinde jany bardyr umydy bilen hassahanalara ylgadylar. Eneler elem-tas bolup asmandan ýagýan ölümiñ astynda ikiýana elewrediler. * * * XXI asyryñ genosidi başlady. Bu topraklarda sil bolup akýan gan Ysraýylyñ iñ paraharsöýüjilikli liderleri Izak Rabindir Ehud Baragyñ döwründe-de kesilmedi, kesip bolmady. Ysraýyl häzir bu täze uruşda Stambulyñ bir raýonynyñ ululygyndaky kyrk kilometr kwadrat zolakdaky ýurt Palestinada ýaşaýanlara ýene üç seçgini goýýar: Ýa ölüñ, ýa gidiñ, ýa-da biz sizi süreris! Palestinalylara: "Hamasa" garşy gidip bilmediñiz. Oña nägilelik bildirmediñiz. Baş galdyryp içiñizden çykaryp kowmadyñyz. Çöle sürülmäge mynasyp bolduñyz" diýýärler. Palestinalylary ýerlerinden jyda düşürip, Müsüriñ Sinaý çölüne sürmek meýilnamasyny güýje girizdi. Palestinalylary köwläp, ýerine ysraýyllylary ýerleşdirmek meýilnamasy işlenip düzüldi. Megerem bu meýilnama tutaryk bolsun diýip, on iki gün öñ "Hamasyñ" "Ysraýyla raketa atjagyny, raýatlary ýesir alyp äkitjegini öñünden bilip duranam bolsalar, bilmezlige salyndy" diýýänlerem bar. * * * Deñ däl uruş. Ahlak, syýasy, harby taýdan hili deñeçerlik ýok. Ysraýylyñ kül-peýkun edip taşlamaga ukyply güýji bar. ABŞ tarapyndan dişine çenli ýaraglandyrylandygy az bolýan ýaly, ABŞ-dyr Angliýa söweşjeñ gämileri, suwasty gämileri we harby-howa güýçleri bilen Ysraýylyñ tarapynda durlar. Günbatar medeniýeti palestinalylaryñ uçdantutma ýok edilmegine tomaşa etmegi, agressorlara goldaw bermegi saýlap aldy. "Balyk kelleden porsaýar!" * * * Adamzat jemgyýeti agyr synagdan geçýär. Ýakyn Gündogar heläkçiligiñ, weýrançylygyñ, gyrgynçylygyñ, wagşyýanalygyñ arenasyna öwrülip biler. Ysraýyl jeñbaz tiñkesini bir ýandan Gazä, bir ýandan Liwana, bir ýandan Siriýa, bir ýandanam Eýrana dikdi. Başlan ýerine dolanyp geldi: Gan we gözýaş! * * * Ysraýylyñ adam başyna düşýän girdejisi Ispaniýa, Italiýa, Fransiýa, Germaniýa ýaly ösen ýurtlardanam geçip, 52 müñ dollara ýetdi. Palestina bolsa öñki garyplygyna gqldy. (Adam başyna düşýän girdejisi 3800 dollarda dur). Şol bir ýer, şol bir suw, şol bir howa. Ysraýylyñ Palestinany her uranda oña arka çykýan Türkiýe ýaly musulman ýurtlar gämi ýollamak, haýyr-sahawat kerwenlerini ugratmakdan daşgaryn Palestinany Ysraýyl ýaly baýatjak ösüş modelini tapyp, onuñ durmuşa geçirip bilmediler. Gaza sektory Taýwan, Singapur, Antalýa ýa Bodrum ýaly bolup bilerdi. Palestina bildirilýän raýdaşlyk dilujy musulmanlyk bolup galdy. Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 18.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |