22:42 Garawulhanadaky gürrüñçilikler -15: Woentorgda | |
3. «WOÝENTORGDA»
Bir günem biri ýedi, beýlekisi dokuz ýaşlaryndaky gyzjagazlaryma köýneklik keteni almak üçin aýalym bilen şäher dükanlaryna çykdyk. Gözleýän harydymyzam geň-taň göräýmeli, nämüçindir başga hiç ýerde däl-de, «Woýentorg» dükanynda bar ekeni. Her topy bir kişilik elde dokalýan ketenileriň gyrasarylary biri-birine meňzemeýärdi. Biz ony görübem durduk, şeýle bolýandygyny bilýärdigem, ýöne, iki topuny alsak hem-ä gyzjagazlaryma, hemem müçesi uly bolmadyk ejelerine köýneklik çykýandygy üçin biz gyrasarylary mümkingadar meňzeşräk bolanlaryndan iki sanysyny saýlap almalydyk. Satyja hut şeý diýibem aýtdyk. Düşündirdik. Ýöne, özi ýaly orta ýaşlaryndaky bir zenan bilen, haýsydyr bir dükanda ertir ir bilen satyljak daşary ýurt aýal ädigi barada gürleşip duran satyjy aýal gürrüňleriniň arasyny bölenimizi halamadymy ýa düşündirişimize üns bermedimi, gözüniň gytagyny ilki maňa, soňam aýalyma tarap aýlady-da, göwünli-göwünsizräge-de: ― Olar meňzeş däl, gyrasarylary üýtgeşik ― diýdi. ― Üýtgeşikdigini bilýäs diýdig-ä, düşündirdig-ä, nämüçin saýlap aljagymyzy ― diýip, aýalym ikimiz iki ýerden seslendik. Jorasy bilen gürrüňini ýaňy bir dowam etdirip ugran aýal ýüzüni ynjyly çytyp ýeňsesi bilen, ýöne, bize degişli edip, başky sözüni bolşy-bolşy ýaly, ýöne öňküsine görä has gaharlyrak gaýtalady. Şondan soň biz näçe gezek öz talabymyzy gaýtalasak, o-da şol durşuna, şol bir sözlerini gaýtalady durdy. Meniň ýene-de «myrryhym» tutup başlady. ― Siz şony bize görkezjekmi ýa ýok? Alyjy hökmünde şony görmäge biziň hakymyz barmy ýa ýok? Satyjy aýal gürrüňdeşiniň ýüzüne bakyp uludan demini aldy, soňam bize tarap gyňralybraga-da, edil nejasada seredýän ýaly ýüzüni kürşertdi. ― Сколько не учи, всё равно их ни к чему не научиш… Onuň bu sözleri awtobusdaky agzyndan aragyň agzy aňkap duran etlek heleýiň arkasy tüňňürli daýza: altmyş ýyllap terbiýeläp bilmedik-dä şulary, diýen bihaýaçylykly sözleriniň gös-göni dowamydy. Meniň ganym depäme urdy. Eger-de uzynly gününi gelene ýüz bermän, gybat edip geçiribilýän şu aýal maňa, intelligensiýanyň wekilidigi daşyndanam görnüp duran adama çekinmän şeý diýip bilýän bolsa, onda o-ol jorap satýan satyjynyň garry daýza ýüz bermän syrtyny öwrüp durşuny, arkasy tüňňürli daýzanyň sermagallakdan gaýtarylyşyny dagy geňem görmeli däl. Men keteniden, beýlekiden elli bizar, satyjynyň çat maňlaýyna geçdim. ― Скажите пожалуйста, где и к чему вы меня учили? ― Satyjy aýal maňa jogap bermänem özüne kiçilik bildi-de, gürrüňdeşi bilen gybatyny dowam etdiriberdi. Men durkum bilen saňňyldap başladym. ― Ладно, на счет учёбы мы еще поговорим, а пока нам дайте жалобную книжку!.. Ors dilini oňly bilmese-de, dawanyň näme hakda barýanyny aňan aýalymam gyzyp başlady. ― A gyz, keteniň haýsynyň nämä ýaraýanyny biz senden öwrenmeli däl, sen görkez diýlenini görkez, başga zat bilen işiň bolmasyn! Öz jynsynyň gürrüňe goşulmagy, «şikaýat depderçesiniň» talap edilmegi satyjynyň damarlaryny ýumşatdy. Ol ýöwselläp ugranyny bildirmezlik üçin zoraýakdan «dikkisirän» bolup tekjedäki ketenilerden bäş-üç topuny «pat-pat» etdirip prilawkanyň üstüne taşlady. Soň ýene-de ýüzüni kese sowup jorasynyň ýanyna bardy. Dawanyň ula saparyndan çekinip gitmäge hyýallanan jorasynyň ýeňinden çekip saklady: ― Да ты что, из-за них что ли? Фу-у… Iki tarapyňam degna damarlary dartylyp ýetjek derejesine ýetdi. Keteni toplaryndan iki sanysyny alyp hasaplaşjak bolanymyzda-da edil ýarak it bilen ýakalaşan ýaly boldy. Men gahardan ýaňa saňňyldap durşuma: «näçe», diýip haýbatly sorasam ol: «şunça», diýip mendenem beter haýbatly aýtdy. Men puly tagta germewiň üstüne düňküldedip goýsam ol gaýtargymyň şaýylyklaryny şakyrdadyp öňüme dökdi. Şol aralykda jorasam gitdi-de, meniň bilen soňuna çenli gidişmäge taýýar görnüşde çat maňlaýyma geçip, ellerinem döşünde gowşurdy. Başa-baş söweş başlandy. Men ondan ýene bir gezek şikaýat depderçesini soradym. Heýkel ýaly sarsman, gözlerimiň içine sowuklaç seredip durşuna dişleriniň arasyndan syzdyryp: ― Ýok!.. ― diýdi. ― Onda müdiriňizi çagyryň. ― Müdirem ýok. ― Haçan gelýä? ― Ol maňa hasabat berenok. «Oн» diýeninden men müdiriň erkek adamdygyny aňdym. Içimden begendim. Çünki, haýsy millet bolanda-da erkek adam bilen gepleşeniň ýagşy. Asylam şular ýaly köçe dawasynyň körügi hemişe aýallar bolup çykýar. Gaty bir özüni sylamaýanlar arakhor ýa ýoldan çykanraklar bolaýmasa, haýsy milletdigine garamazdan, erkekler kän syr bildirip duranoklar, olar mümkingadar öz mertebelerini saklamaga, umumy syýasatyň çäklerinden çykmazlyga çalyşýarlar. Şonuň üçinem men: ― Entek gürrüňimiz gutaran däldir ― diýdim. ― Давайте, давайте, действуйте. Men oňa ünsem bermän gapa tarap ýöneldim. Aýalymam yzym bilen çykdy. Ketenileri onuň eline berdim-de, aýalyma assa-ýuwaş öýe barybermegini tabşyryp, özüm dükanyň arka ýüzüne aýlandym. Nowasy açyk ýük maşynyndan ululy-kiçili kagyz gutylaryny düşürip duran iki sany ýigdekçeden müdiriň nirede oturýanyny soradym. «Ikinji gatdadyr» diýdiler. Ikinji gata çykyp «Zawmag» diýen ― ýazgyly, ýüzüne goňrumtyl dermatin çekilen gapyny kakdym. «Да», diýen güňleç ses eşidildi. Açdym. Girdim. Kiçijik, insizje kabinetiň ortarasynda goýlan ýalpyldawuk stoluň aňry çetinde, kesegiň aşagynda galan terne ýaly tüňňi-saňňy, üstesine-de, ýylçyr kellesiniň tagaşyksyz ýeňsesini Brežnewiň reňksiz, daşy inçejik, ak çarçuwaly, uly bolmadyk suratyna tarap öwrüp oturan kyrk bäş, elli ýaşlaryndaky garaýagyz, ümezli ala gözleriniň tutuksy röwşeninden ýaňa tutuş göwresine ýadawlyk alamatlary çaýylyp duran, egni çal kostýumly, arasy keseligine geçýän ak çylgymlar bilen bölünen, düwni ýumrukdan kiçi bolmadyk gyzylymtyl galstukly türkmen adamsyny görüp ýüküm ýeňlän ýaly boldy. Men salam berdim. Ol agzyny çalarak gymyldatdy-da, ýerinden turup elini uzatdy. Elleşdik. Gysgaça hal-ahwal soraşdyk. Görkezilen ýere geçip oturanymdanam ur-tut şikaýata geçibermän, dükanyň, umuman söwda-satygyň ýagdaýlaryny soraşdyrdym. Ýöne, dükanyň müdiri bolsaň ýanyňa keýpine gelinmeýändigi düşnükli zat. Ol ýa-ha müdiriň haýsydyr bir tanşynyň üsti bilen haýsydyr bir gyt harydy gözläp gelen bolmaly, ýa-da kimdir biriniň «signaly» boýunça «faktlary ýerinde barlamaga» gelen, haýsydyr bir hukuk goraýjy edara tarapyndan iberilen barlagçy bolmaly. Müdirem meniň şolaryň haýsy birine degişlidigimi çen bilen anyklamakçy bolýan ýaly, berýän sowallaryma «hä», «howwa», «şükür», «...aý, erbet däl» diýen ýaly gysgaça, galypa guýlan sözler bilen jogap gaýtaryp, birsyhly ýüzüme çiňerildi oturyldy. Ara böwşeňlik düşendenem çekinjeňlik bilen: ― Näme hyzmat ― diýdi. Men nämüçin gelendigimi aýtdym. Özünem bir agyr dertliniň öz dertdeşine duşanda hezil edip içini döküşi ýaly ýüregimden syzdyryp, janygyplar aýtdym. Yzyndanam: ― Şu zatlaryň dagy şeýdip yzyny sürüp ýörmelem däl welin, bu kemsidilmeler ýeke maňa däl, tutuş türkmen halkyna degişli. Şoň içine sizem girýäňiz. Bular indi bizi öz ýurdumyza sygdyrmajak bolýalar, öz öýümizde özümizi gysganýalar. Fransuzlaryň, iňlisleriň, basyp alan ýerlerindäki indeýleri, aborigenleri agyr işlerde işledip gyryp gutaryşlary ýaly soňumyza-ha çykybilenoklar welin, garaz göwünlerinde ýog-a däl. Bizden dynyp şu ýerde bir, ine-gana ýaşas-a gelýä şularyň. Şoň üçinem birneme dirjenmegimiz gerek. «Iti syçan ýerinde ur», «Doňuzy batgada bas» diýipdirler, sypdyrmaly şu gezek şulary... ― diýdim. Men söhbete başlanymdan boýnuny süýndürip, gulaklaryny gerip, gözleriniň gytagyny kä gapa, kä penjirä, käte-de öňünde duran peşeneli Dzeržinskiniňkä meňzeş ak telefona aýlap, aşagynda ýumak bar ýaly oýkanjyrap ugran müdiriň kem-kemden ýüzi üýtgedi, dem almasy güýçlendi. Soňky sözleri dile getirenimdenem ýüzüni gara-ört edip ýerinden turdy-da, ellerini daldaladyp, gözlerini tegeläp, gorkuly, pessaýja pyşyrdady: ― Goýuň, goýuň! Bu ýerde bir aýtmaň olar ýaly zatlary. Birden biri eşidäýse nätjek? Ýa meni bujagaz güzeranymdanam aýyrjak bolýaňyzmy? Men ýüzüme urlan ýaly boldum. ― Nämüçin? ― Milletçilig-ä siziň bu edip oturan gürrüňleriňiz, syýasata garşy gitmeklig-ä... ― Bir halky kemsideniňki milletçilik bolanok-da, öz hukugyny gorajak bolýanyňky milletçilik bolýamy? Müdir ýaýaplap başlady. ― Aý, ol bir aýal adam, siz bolsa erkek adam, onsoňam haýsy bir olar ýaly samahullap ýöreniň sözüni syýasat hökmünde kabul etjek? Biziň syýasatymyz bolsa gowy, konstitusiýa boýunça hemmäniň hukugy deň... ― Men ony syýasat hökmünde kabul edemok, gaýtam şolar ýalylar tarapyndan syýasatyň bozulmazlygyny, kanunyň, konstitusiýanyň bir taraplaýyn bolmazlygyny, kemçilikleriň düzedilmegini isleýän. Özümiň hormat goýuşym ýaly, olaryňam maňa hormat goýmaklaryny isleýän... ― Ine, şu aýdyp oturan sözleriňizem ýalňyş. ― Nämesi ýalňyş? ― Aý, ine, «olar» diýýäňiz, «biz» diýýäňiz Sowet adamlaryny böleklere bölýäňiz... ― Görýän welin meniň sizden tamam çykjak däl, ýöne men bu işi beýle goýmakçam däl, şonam berk biliň? Nirä barmalam bolsa barjak. Soňky gün özüňize-de gep gelse menden gaty görmäň, üstümi basyp ötüpsiňiz diýmäň. Sebäbi ol siziň işgäriňiz. Şonuň üçinem men öňürti siziň ýanyňyza geldim. Başga «gapylaryň» ady agzalansoň müdir ýene-de ýöwselläp başlady. ― Bor, bor, men oň bilen gürleşerin, gaýdyp şol hereketlerini gaýtalamaz ýaly ederin. Gerek bolsa işindenem kowaryn. Ýöne, ýaňky gürrüňleriňizi goýuň. Meň ýanymda-ha däl, hiç kimiň ýanynda-da aýtmaň. ― Halkymyň äsgermezlik edilen ýerinde, mertebämiň kemsidilen ýerinde men şol gürrüňleri aýdaryn. ― Aýtsaňyz özüňiz günäkär bolarsyňyz. Janym dagy ýanaýdy. Ýerli halky kemsiden günäkär bolanok-da öz mertebesini goran günäkär bolýamy? ― Edil beýle-hä däl welin... şonda-da... şolara bir zat diýseň... ― Müdir aşak bakyp ýüzüni ynjyly çytdy. ― Özüňiz düşünäýmeli welin şu zatlara... Men kellämiň gyzgynyna oňa awtobusda, dükanda bolan wakalary gürrüň berdim. Ahyrynda-da: ― Şu ýagdaýda-da özümizi goramaga hukuk berilmeýän bolsa ondanam bir syýasat bormy, tüýkürýän men şolar ýaly syýasatyň içine ― diýip, janyýangynlylyk bilen ýer depdim. Jaý sarsyp gitdi. Müdir dazanaklap ýerinden turdy-da, ýüzüni aktam edip üstüme abandy. ― Aho-ow, aha-ow, agzyňyzyň aýdýanlaryny gulagyňyz bir eşidýämi?.. ― Şondan soň ol maňa «siz» diýmesinem goýdy. Barmagyny gapa tarap çommaltdy. ― Bar, bar! Çyk! Çyk, çyk! Meň başymdan bir sowul!.. Öteräk geçendigim üçin birneme badym gaçanam bolsa ýeň bermezlige çalyşdym. ― Onda ýaňky aýdanym. Sizem şol heleý bilen deň jogapkär borsuňyz. ― Gepleýän gepiň ýaňky ýaly bolsa özüňden başga günäkär adam bolmaz. ― Ol indi meniň ýeňimden tutup çekelemäge başlady. ― Tur, özüňem, myndan artyk bir mindem eglenme. Başymy agyrtma. Men oturan ýerimde siltendim. ― Çek eliňi! Müdir sesiniň ýetdiginden gygyrdy. ― Çy-y-yk!!!... Menem gygyrdym. ― Çykjak-gä!.. ― Çykjakgämi? ― Çykjak-gä! ― Çykmazmyň? ― Çykman! ― Ine çykmasaň!.. ― Müdir «Dzeržinskiniň» telefonyna ýapyşdy. Eglip durşuna saňňyldap duran süýem barmagyny çommaldyp, iki sandan ybarat nomeri aýlady. ― Aлё-o-o! Милиция? «Военторг» вас беспокоит. Тут понимаете сидит один саботажник политический... Да, да... быстрее... я его задержу... ― Ol «haş-haş edip ýerine geçdi-de, ýüzüme ysgynsyz çiňerildi. ― Hany indi gitjegem bolup bir gör. Onsuzam men gitjek däldim. Çünki şu dawanyň ýetmeli ýerine basymrak ýetäýerini, iş ýüzünde nähili çözülýändigini basymrak biläýenimi özümem kem göremokdym. Şonuň üçinem tä milisiýadan adam gelýänçä ikimizem dymyşmaşak oýnadyk. Indi her kim içinden söweşýärdi. Ol hem-ä öz gepiniň gögerjekdiginden kanun tarapyndan meniň temmi aljakdygymdan, jezalandyryljakdygymdan, hemem özüniň kanun öňünde syýasatyň goragçysy hökmünde çykyş edýändiginden lezzet alýardy. Agyr ýüki gerdeninden aýran adam hökmünde süňňiýeňillik bilen o ýere, bu ýere jaň edýärdi, meniň bardygymdan gypynç etmän her dürli amatly harytlar, söwdalar, alyş-çalyşlar barada gürleşýärdi. Dawanyň ula sapjakdygy meni elbetde gynandyrmanam duranokdy. Öňümde birgiden başagyrydyjy, esassyz gürrüňleriň, sebäpsiz aýyplamalaryň, nähak töhmetleriň garaşýan bolmagam mümkindi. Şu müdir pisint, syýasata ýasama gulluk edýän işgärleriň organ edaralarynda-da barmak basyp sanardan köpdügini men adamdan sorap bilmeli däldim. Şeýle-de bolsa ok ýaýdan sypypdy, indi yza gaýdara ýol ýokdy. Hä diýmänem iki snay gök papakly kürsäp gapydan girdi. Müdir olara gyssagara ýagdaýy düşündirdi. Ýöne, özüçe düşündirdi. Menem düşündirjek boldum welin, işekçer jahyllaryň hersi bir tarapyma geçdi-de: ― Ýör agam, otdileniýä gideli, şo ýerde düşünişersiňiz ― diýdiler. Ýaman ýeri aşak düşenimizden soň köçä dükanyň arka tarapyndan aýlanyp çykaýman, içinden, haryt satylýan bölümleriň üstünden çykdylar. Her tarapymdan bir milisionerli ýüzümi sorkduryp barýanymy görüp hälki heleý ilk-ä bir «ой» ― diýip, elini kükregine ýetirdi, şatlykly habary kim bilen paýlaşjakdygyny bilmeýän ýaly gözlerini tegeläp daş-töweregine garanjaklady, soňam: ― Вы что ребята, на учёбу что ли его ведете ― diýdi-de, «jak-jaklap» şeýle bir güldi welin, daş-töweregi ýapyk, böwrüne «Milisiýa» diýip ýazylan sary-ala GAZ – 69-a münenimizden soňam, telim köçe aşyp Aşgabat şäheriniň içeri işleri dolandyryş edarasyna baryp girenimizden soňam, asyl soň-soňlaram sesi gulagyma geldi durdy. Dogrusyny aýtsam şu wagt, şu zatlary ýatlap otyrkamam şonuň şol sesi gulagymyň agzynda ýaňlanyp dur. Bölümde maňa düşündiriş ýazdyrdylar. Gidip «Woýentorgyň» müdirindenem, satyjy aýaldanam düşündiriş alyp geldiler. Olaryňkyny okansoňlar meniňkini bir tarapa taşladylar-da barysy birden: ― Boho-o-ow ― diýşip gygyryşdylar. ― Bujagaz sözleriňiz üçin sizi basarlar. Gowusy gidiň-de olardan ötünç sorap geliň, şeýtseňiz düşündirişlerini yzlaryna alaýmaklaram mümkin. Bizem iş açan bolup şunuň yzyny ula ýazdyryşan bolup ýörmekden dynarys. Bu gürrüň Moskwa ýetse, hiç birimizem sylap goýmazlar. Türkmenistanda milletçilik döräpdir, diýip daşary ýurtlylaram heşelle kakyşarlar... Bolan işi ýene birlaý gürrüň berip, men özümiň däl-de, olaryň menden ötünç soramalydyklaryny, şu iş ula ýazyp ýer ýüzüne ýaýraýanda-da, sebäpkäriň men däl-de, olaryň bolmalydyklaryny düşündirjek boldum. Olar bolsa meniň arkamy almak, mertebämi goramak hakda-ha gürrüňem ýok, gaýtam girip-çykyp, biri-birlerine jaň edişip, ber-başagaý bolşup ýörüşlerine meni häziriň özünde tussag etmelimi ýa wagtlaýynça dil haty bilen goýberip soň gerek wagty ýygnaýmalymy diýen meseläniň üstünde maslahatlaşdylar. Ahyram şäherden çykmazlyk şerti bilen öýe goýberdiler. Şolaryň içinden biri ― çakym-çak bolsa ermeni bolmaly ― gapydan çykan ýerimde yzymdan ýetdi-de, arkan gaýşyp, iki elinem jübüsine sokup, gapdalymdan ýöräp barşyna howlukmaçlyk bilen: ― Ара, я тебе понимаю, но, с ними надо бороться не так, а по другому ― diýdi. Soňam has golaýlady-da: ― Но ты запишись к министру, он поймет, он умный мужик, как раз завтра у него приёмный день, а то эти волки тебя заживо сожрут ― diýip, ýuwaşja gepledi. Men oňa minnetdarlyk bildirdim. Ýöne, ministrden öň şäher içeri işleri dolandyryş edarasynyň başlygy bilen gürleşip görmegi ýüregime düwdüm. O-da bir türkmen adamsy ekeni-de, daşyndan seredäýmäge birazajyk salyhatly görünýän hem bolsa, gepi-sözi öňküleriňkiden üýtgeşik çykmady. Çilimiň goýy tüssesiniň aňyrsyndan käte bir görnüp gidýän ýüzüni iki baka sypalakjadyp, öz-özi bilen gürleşýän ýaly, gyryljak ýogyn sesi bilen şeý diýdi. ― Bölümdäkiler dogry aýdypdyrlar, gowy maslahat beripdirler, dawagärleriňiz bilen ylalaşyň, ýogsam olar häzir-ä düşündiriş ýazypdyrlar, birdenkä kellelerine gelip arza ýazaýsalar welin bizem düzedibilmeris. Sebäbi arza registrasiýa edilýä, oňa hökman jogap bermeli, arzaçyny kanagatlandyrmaly. Milli meseläniň nähili ynjykdygyny bolsa özüňiz bilýäňiz... Bir çetem baryp syýasata direýä... Şol bir diýenleriňi gaýtalap oturanyňdan peýda ýok, bolmajagyny bildim-de, turdum gaýdyberdim. Ertesi irden Ministriň kabulhanasyna baryp öýlän sagat üçdäki boljak kabul edilşige ýazyldym. Sekretary: «Haýsy mesele bilen» diýdi. «Hususy meseläm boýunça. Pynhan gürrüňim bar, başga adama aýdyp biljek däl» diýdim. Ors adamsy bolansoň ministrdenem tamam azdy. Ýöne, ermeni ýigidiniň aýdyşy ýaly, gözi galyň äýnekli, at ýüzli, uzynak, daýanykly, altmyş ýaşlaryndadygyna garamazdan harby adamlara mahsus bolan sagdynlygyny, çeýeligini saklan, pessaýdan gelen hökmürowan owazly general hakykatdanam düşünjeli, parasatly, aňrybaş adamkärçilikli adam ekeni. Hamala meniň hal-ýagdaýlarym bilen öňdenem tanyş ýaly ýüzüme seredip, gözlerini güldürip oturyşyna ähli aýdanjalarymy üns bilen diňledi-de: ― Arkaýyn gidiberiň, hiç kim size azar bermez. Adyňyzam tutmazlar ― diýdi. ― Men o hakda däl ― diýip, ýene-de janygyp başladym. ― Men özüme azar berilmezligini däl-de, günäkärleriň jogapkärçilige çekilmeklerini talap edip geldim. Nämüçindir hemmeler günäkäriň tarapyny tutýalar. Siziň ýanyňyza gelýänçäm bir günüň içinde şolaryň sany birden ona dagy ýetdi. Men ine şuňa düşünibilemok. ― Hemme aýdýanlaryňyz dogry ― diýip, general indi gülmän-yşman, çynlakaý gürledi. ― Aslyýetinde siz mamla. Ýöne, men bir zady aýdaýyn, sizem şoňa düşünjek boluň, ýagny, şu mesele hakykatdanam ynjyk. Kanunyňam iň erbet görýän zady şol. Meselä köre-körlük bilen çemeleşip syýasata ýalňyş öwüşgin berendikleri üçin elbetde men öz işgärlerimize temmi bermeli, ýöne siz maňa-da düşüniň. Menem adam. Ir döwürden ýörelgä giren şu ýalňyş akymy menem elimiň ýekeje hereketi bilen ýüzugra düzedip bilenok. ― General uludan demini aldy. ― Şeýdäýsek bilýäňizmi, näme... ertir özüňiz ýaly şikaýatçylardan ýaňa gapymyzyň agzynda ýerem tapylmaz... Ýöne, ýene bir gezek aýdýan, maňa dogry düşüniň. Şu ýere gelenleriň köpüsiniň ýerli halka gyýa göz bilen garaýandyklaryna, özlerini halasgär saýyp ýokary tutýandyklaryna, şeýdibem syýasata, kanuna agyr zarba urýandyklaryna meniň gözüm ýetýär. Ýöne, olar kanunam däl, konstitusiýa-da däl. Olar köçe adamlary. Tüpbozarlar. Kanun bilen köçe gürrüňlerini garyşdyrmak bolsa bolmaýar. Bu zatlar düzelişer, ýöne oňa köp wagt gerek bolar. ― Düzelişmez ― diýip, men gamgyn seslendim. ― Şu gün köçäni düzetmesek, ertir muny wagtam düzedibilmez. ― Ýagşy dilegde bolalyň ― diýip, general maňa tarap haýpygelijilikli seredip oturyşyna ýatdy. Ýerinden turup maňa elini uzatdy. ― Men siziň işiňize dahylly adamlar bilen berk gürleşerin. Işi ýaparlar. Eger-de şeýle ýagdaý ýene-de duş gelse, urşup-sögüşip ýörmäň-de, göni meniň ýanyma geläýiň. Muny şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan, sowukganlylyk bilen düzetmesek bolmaz. Ýogsam siziň gaharly sözleriňiziň içinden özlerine gerekli ýerlerini saýlap alarlar-da, başyňyzy gowga salýarlar. Hemme zady bolsa biz oturan ýerimizde bilip bilemzok. Her gezek awtobuslarda, dükanlarda, köçelerde bolýan milli meselä degişli, dawa-jenjeller üçin ministriň ýanyna gatnap ýörmejekdigime menem düşünýärdim, ministriň özem düşünýärdi. Ol eýdip-beýdip meni ýanyndan ugratmalydy. Göwnümi awlamalydy. Ýöne onuň ýanynda otyrkam men bir zada ymykly göz ýetirdim. Milli meseleden ministrem, dükanyň müdirem, beýleki işgärlerem edil mergiden gorkan ýaly gorkýalar. Ondan diňe köçedäkiler gorkanoklar. Şonuň üçinem ol dowam edip gidip otyr. Hoşlaşjak wagtym: ― «Woýentorygyňkylar» menden ötünç sorarlarmy ― diýip, men generaldan soradym. Ol meniň elimi öňküsindenem berk gysdy. ― Siz indi bu zatlary ýadyňyzdan çykaryň-da, arkaýyn öz işiňiz bilen boluberiň! Ondan artyk sorag berip generaly gynamaga bognum ysmady. ...Şondan soň üç gün geçdi, bir hepde, on gün geçdi, meni hakykatdanam hiç kim, hiç ýere çagyrmady. Emma ne şäher içeri işler dolandyryş edarasyndan, ne-de «Woýentorgdan», hiç haýsyndan gelip ötünç soranam bolmady. Diýmek olaryň hemmesi maňa sag-aman sypanyna şükür edip ýören adam hökmünde garan bolmaly. Men welin oňa kaýyl däldim. Şonuň üçinem indiki dynç güni, hiç kim ýokka ýanlaryna baryp satyjysyna-da, müdirine-de agzymdan gelenini aýdyp içimi sowatmak üçin «Woýentorga» bardym. Ýöne, hiç haýsynam ýerinden tapmadym. Beýleki işgärlerden sorasam: «Müdir-ä işden boşatdylar, satyjam şoň bilen gitdimi, nämemi, gürüm-jürüm-ä boldy» diýişdiler. Men uludan demimi aldym. Beren sözünde tapylandygy üçin öz ýanymdan generala minnetdar boldum. Şondan aý ýaryma golaý wagt geçensoň men şol satyjy aýala merkezi «Uniwermagyň» iň uly bölümleriniň birinde gabat geldim. Maňa gözi düşenden ol edil öňküsi ýaly iki elinem döşüne goýup, gaşlaryny gerdi-de, kinaýaly gülümsiredi. ― Näme, müdiri gözleýäňizmi? Baryberiň, ýerindedir, kabul eder, siz onuň köne tanşy ahyry... Şeý diýibem şeýle bir güldi welin, öňküsiniň dagy çenem bolmady. Ol şol döwrüň awuly neşteri bolup ýüregime sanjylypdy. Ondan bäri esli wagt geçdi. Şu döwrüň içinde ýurtda ýatsaň-tursaň ýadyňa-oýuňa düşmejek üýtgeşiklikler bolup geçdi. SSSR dargady. Türkmenistan özbaşdak, garaşsyz döwlet boldy. Bazar ykdysadyýetine geçildi. «Woýentorgyň» jaýy haýsydyr bir hususyýetçiniň dükanyna öwrüldi. «Uniwermag» haly muzeýi boldy. Satyjylaryň müşderä hyzmat edişlerem üýtgedi. Indi dükanlaryň içine giribildigiň «näme hyzmat» diýşip, daşyňda gaýmalaklaşyp durlar. Men welin haýsysynyň gapysyndan ätledigim, ýene-de ýyllapboýy biziň ýüreklerimizi şol yzgytsyz satyjylaryň biri öňümden çykaýjak ýaly köwejekläp aýlanyp ýörün. Juma HUDAÝGULY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |