GARRY ENEMIŇ ÖWÜTLERI
Indi köpden bäri dokuz onlugy tegeläp, onunjyň ujundan gädip ýören garry enemiň ömürboýy, günde-günaşa ulanyp hem şoňa eýerip ýaşan bir hakykatyny il-güne aýan etmegi ýüregime düwüp ýördüm. Ogulnur enem häli-şindi Magtymguly atamyzyň:“Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil, ne bar manysyz söz uzamak bilen“ diýen sözlerini kän gaýtalardy. Özi-de öňüne tagam aldygy, „Bissimilla“ diýip saçaga el uzadanda, näme üçindir onuň „Az iýen her gün iýer, köp iýen bir gün iýer“ diýen sözleri aýtmagy endik edipdi. Dogrusy, wagtynda onuň bu sözlerine başgaça düşünen adamlaram bolupdy. Şeýle bolansoň „Könelerimizden galan „Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý“ diýilýän gürrüňem bardyr welin, garry enemiziňki, tersine, aşyny myhmandan gysganýan ýaly“ diýip pikir edýänlerem tapylaýady. Ilçilik-dä, ýöne bu beýle däldi. Garry enemiň adamdan zadyny gysganmasy bolmazdy. Gaýta, eli açykdy, ir bişen erikdir gyzyl ýaňak almalardan, gelinbarmak üzümlerdir garalylardan ýygyşdyryp, çagaly öýlere bedreläp paýlap çykmasam bardy. Onuň pikiriçe, ir ýetişen hasyldan näçe köp çaga iýse, onuň sogabam uly bolarmyş, indiki ýylyň hasylynyň düýbüniň bol tutulmagyna-da sebäp bolarmyşyn, rysgal-bereketem şondan gelermişin.
Aslynda ol köpi gören, köp çarşenbäni başyndan geçiren adam diýilýänlerdendi. Açlygyňam, suwsuzlygam nämedigini gözi bilen göre-göre gelen adamdy. Tüweleme, ir ertirden iňrik garalýança aýak üstündedi. Işe biziň bilen deň gopardy, toý-tomaşalardan-da galmazdy. Ony toýlaryň törüne geçirip oturdardylar, uzak ýaşy her kes ýüzüne sylýardy. Garry eneme köplenç Ogulnur pälwan hem diýerdiler. Daýawlygyna-ha şindi-şindilerem daýawdy, agajetden uzyn boýy bardy, ýöne ol aýdyşlaryna görä, ýaşlygynda hasam daýaw ekeni. Iki tanap bugdaýly ýeriň oragyny, bary-ýoy ýarym salkynda, bir özi amal etmegiň hötdesinden geler eken. Ol aýdylyşyndanam beter aladaçyldy, hojalygyň bar aladasy diýen ýaly bir özüniň başyndady. Ýogsam kakam oňa: “Eje, sen zady gaýgy etme, oturyp dynjyňy al. Ähli işleri çagalaň özleri oňarar. Oturan ýeriňizden, „Ony eýdiň, muny beýdiň diýseň bolany“ diýerdi. Şonda-da garry enem ylla kakam bilen ylalaşýan şekilde birsellem sesini-üýnüni çykarman oturardy-da, barybir ýene-de şol öňki heňine tutdurardy. “Ýagşam bir zat diýdiň-ow. Ýeri, aýdyp etdiren işiňdenem iş bolarmy? Ony özlerinden bilmeli dälmi? Bagyň üljeleri bişip ýetişdi, hany, şäher ýerinde ýaşaýan agtyk-çowluklara sowgatlyk dadyrdyňyzmy? Ýok. Umyt jan ýuwlugym Aşgabatda täze jaýa göçüpdir, onuň täze jaýyna haly almaly edipdik, hany aldyňyzmy? Ýok. Mellegiň ýorunjadan boşan pellerine hökman ýeralma ekiň, şonda ol hasylly bolar diýipdim. Gulak asan boldumy? Ýok, gaýta ol ýere menden bidin jöwen ekipsiňiz. Ine, şu günüň özünde Şadyýan janyň mekdebinde ata-eneler ýygnagy barmyşyn, oňa giden boldumy? Ýok. Gidilmese, çagajygym dostlarynyň ýanynda kemsinmezmi? Şol hakynda oýlanan barmy? Ýok. Her kes öz derdi bilen başagaý“ diýip, öz-özi bilen gepleşerdi.
Ine, şu we şuňa meňzeş aladalar bilen aý-günem dolanyp durdy. Bir gezegem derwezäň deňinden geçip barýan sygyr çopanyny saklap:
--Aşyr,oglum, bu nä, saňa sygyr çopançylygyndan çykypsyň diýdiler welin şol dogrumy, hak-heşdegini az gördüňmi?—diýip gygyrany ýadymda.
Şonda Aşyr çopan aýak çekdi. Ol garry enemiň ýanyna gelip salamlaşdy. Soňam:
--Çopanlygy inim Bäşime tabşyrdym. Ol ertirden başlap sygyrlaryňyzy örä äkider.
--Sen onsoň, özüňe başga iş tapdyňmy?
--Men gulluga gidýän.
--Wiý, şeýlemi? Sag gidip, aman gel, balam. Gulluk etmek borjuňdyr, Watany goramak mukaddesdir. Aşyr ýöne ýere çopançylykdan çykmaz diýdim-ä. Bolubilýä, indi ozalkylary ýaly dünýäň aňry ujunda gulluk etmeli däl. Hudaýa müň-de bir şükür, Garaşsyz ýurdum bar, asuda, parahat ilim bar, öz ülkäňde, öz topragyňda gulluk etmeli.
--Sag bol, Ogulnur ene.
--Sag habaryňy eşideli. Tertiplije bol, akyllyja gulluk et, özüňden ulularyň aýdan-diýeni ilen bol, bir sözlerini iki gaýtalatma. Ynha, gullugyňy tamamlap geldigiň bes, sdaňa aý ýaly bir gyzam alyp bereris. Şol toýdan bir käse çaý içmek bagty bize-de nesip etsin.
--Aýdanyňyz gelsin, ene jan. Hoş wagtyňyz...
Garry enem harby gullukdan söz açylandanmy-nämemi, ylla ýarasy täzelenen ýaly, esli wagtlap aýňalyp bilmedi. Ol 1941-nji ýylyň Beýik Watançylyk urşy başlanda ýaňy bir ýedi-sekiz ýaşlaryndaky, tasanjyrap ýören gyzjagaz eken. Mugallym kakasyny fronta ugradan günem ylla toýa ugradylan ýaly, şol gün obada uly dabara guraldy diýýär. Şonda kakasynyň: “Gyzym, men gaýdyp gelýänçäm hassa ejeňe, jigileriňe, seniň özüň esewan bolmaly bolarsyň. Sen maşgalaň ulusy“ diýipdir. Şonda gara gözlerini tegeläpjik oturan iki jigisinem gujagyna gysyp: “Arkaýyn bol kaka, sen gelýänçäň men jigilerime-de, ejeme-de serederin, Biz saňa garaşarys!“ diýip söz beripdir. Sözünde-de tapylypdyr. Kakasam frontdan gaýdyp gelmändir. Hassa ejesem urşuň yzýanlary dünýäden gaýdypdyr. Şeýdibem, maşgalaň ähli ýüki on-on iki ýaşlaryndakly „garry enemiň“ egnine düşüpdir. Ol jigilerine ýelim-ýüpek bolup seredipdir, zada zar etmändir. Munuň üçin ulular bilen kolhoz işine gatnapdyr, orak orupdyr, ýap gazyp, çil çekipdir. Her hili kynçylyklara döz gelipdir.
Ýadyma düşýär, togsan ýaşy paýawlap ýörkä-de tamdyra çörek ýapardy. Gaýratlydy, armazakdy, işjanlydy. Ol köplenç nahary ejeme-de ýetirmän, özi bişirerdi. Süýtli aş bişirmäni hasam gowy görerdi. „Süýtli aş pygamberimiziň iň gowy görýän tagamymyşyn. Al gelin, çagalaryňa-da guýuşduryp beriber, özüňe-de guý, işdäňiz açyk bolsun!“ diýip, ullakan naharly çanagy getirip ejemiň öňünde goýardy. Özüne bolsa ejemiň atlandyryşy ýaly „guş iýmiti“ dek sähelçejik guýnup alardy. Ol diňe bir süýtli şy däl, islendik nahardan-da doýar-doýmaz iýerdi. Az iýse adam şonça-da galjaň bolýar, işe werdiş bolýar diýerdi. Bardy-geldi özünden artykdyr öýden naharyny, hiç kese duýdurman alabaýymyzyň ýalagyna guýup gaýdardy.
Garry enemiň öňüne nahar aldygy: „Uzak ýaşamagyň syry adamyň özüne baglydyr. Ol uzak ýaşamagyň, sagdyn bolmagyň syry kadaly iýmit iýmekdedir“ diýýärdi. Şol kada eýeribem ýaşaýardy. Gereginden artyk iýmek adamyň aşa semremegine elter. Aşa semizligem adama dert getirip biler diýerdi. Iýmit meselesinde adam öz-özüne tebip bolmaly diýerdi. Köplenjem kakasynyň az iýen arassa bolar, köp iýen-hassa bolar diýen sözlerini ýatlardy. Onuň ejeme garap: „Gelin, seniň çagalary bu naharlaýşyň düýbünden bolanok. Könelerimiz „Gündizki aşyňy goýy et, suw içip dok bolarsyň, agşamky aşyňy suwuk et, daş çykyp sak bolarsyň” diýipdirler. „Az iýip az ýatan melek, köp iýip köp ýatan--heläk“ diýleni hem şonuň üçindir. Olara goýy aşyňy gündizine, suwuk naharlaryňy agşamlaryna bergin. Az iýen tebip gözlemez“ diýip, ejeme häli-şindi sargap durany şu günki ýaly ýadyma düşýär. Haýp, biz garry enemiň tabşyryklaryny o diýen bir ýerine ýetiribem bilemzokdyk. Ol uly adam bolup ysmanakdyr kädiden bişirilen gutapdan birki sanyjasyny iýip el çekýän bolsa, biz çaga halymyza etli gutapdan adam başyna üç-dört sanysyny iýerdik. Şonda ol bize et adamy garradar diýerdi. Biz ýumurtgaly börek iýýärkägem, onuňl bir hoşa gelinbarmak üzümi ýa-da bir tokga sogany el ýaly çörek bilen iýip oňňut etmesi bardy. Gün içinde çörek iýmän, mellegiň gök-söki bilen garbanyp geçiren günlerem bolardy.Gaýta ol şonda özümi ýeňil duýýan, wagtyhoş duýýan, ine-gana dem alýan diýerdi. Onuň başga-da bir edähedi bardy. Agşamyna dört-bäş sany erik kişdesini suwa salyp goýardy-da, ertesi ir bilen onuň suwunam içerdi, özünem iýerdi. „Erik kişdesiniň suwy ýürek agyrynyň bire-bir dermanydyr“ diýerdi.
Garry enemiň howluda hemişe diýen ýaly süýtli sygry bilen geçileri bardy. Onsoň olary agşamyna hem ir ertir sagyp gaýdardy. Geçi süýdi melhemdir diýerdi. Süýt-gatyk, gaýmakdyr peýnir adamy ýaşardar diýerdi. Adama güýç-kuwwat berer diýerdi.
Ine, bu günem biz giçlik maşgalamyz jem bolup saçak başyna üýşdük. Orta bugaryp duranjyk jüýjelije palaw,etli somsa, ýany bilen birgiden işdäaçarlardyr dürli görnüşli suwlar, gök önümler geldi. Hemmämiz nahara işdä bilen topuldyk. Bu boluş beýleki tabakdaşlarym-a biljek däl welin, maňa-ha baryp ýigrimi ýyl mundan ozal aramyzdan giden garry enemiň birmahalky öwütlerini ýatlatdy. Ol mydama “Agşamlaryna on ädim ätmezden, ýorganyňa girme”, „Az iý, asyl ýaşa“, “Iç belasy – agyzdan”,”Kän aşym – gowgaly başym” ýaly atalar sözlerini köp gaýtalardy. Görüp otursak, adamyň uzak ýaşamagynyň, sagdyn ýaşamagynyň düýp sebäbiniň kadaly iýmitlenmekdedigi pederlerimiziň sünnäläp, ýugrumyny ýetirip, gursaklarynda eşrepi dek saklap, soňky nesillere galdyryp giden şu we şuňa meňzeş pähimlerinde jemlenen eken.
Hekaýalar