22:43 Garşylyk görkezme hukugy!.. | |
GARŞYLYK GÖRKEZME HUKUGY!..
Publisistika
“Garşylyk görkezme hukugyny” kanunlar bermeýär… Kanunlar diñe garşylyk görkezme hukugyñ bardygyny agzap oñýar… Ýa-da agzamaýaram... Emma garşylyk görkezme hukugyñ bardyr we bu hukuk tebigatyñ özünden gelip çykýar… Janly-jansyz, tapawudy ýok, ýer ýüzünde näme görýän bolsak, barsy garşylyk görkezip bilme ukybyna eýedirler, garşylyk görkezip bilmeýänler bireýýäm ýokluga siñip gitdiler… Stoluñ gyrasynda duran pişik çagasyny itekläp görüñ, heniz ýere ýykylyp görmedigem we ýykylmagyñ nämedigini bilmeýänem bolsa, ýykylmajak bolup garşylyk görkezer… Çeññege ilen balygyñ sypjak bolup çyrpynyşy onuñ garşylyk görkezmesinden nyşan dälmi?!.. Agaçlaryñ şahasy her ýel öwsüp egilende, ýene öñki durşy ýaly gönelmegi olaryñ ýaradylşyna mahsus garşylyk görkezme hukugyndan gelip çykýar… Isleseñis, mysaly odundan alyñ... Daş garşylyk görkezýär... Daş... Tozan-çañdyr gum garşylyk görkezil bilmedik daşyñ külkä öwrülen halydyr... Öz bedeniñe göz aýla: Oda tutanyñda awundyryp çürüşýän el... Yşyga bakanyñda gamaşýan göz... Iññäni sanjanyñda düýrükýän beden... Isleseñ birsalym dem alman dur - kislorod talap edýän beýniniñ muña nähili garşylyk berişini görersiñ… Diýmek isleýän zadym: garşylyk görkezme hukugy demokratiýanyñ, kanunlaryñ, döwletleriñ, parlamentleriñ, sosial kada-kanunlaryñ berýän ýa-da alýan hukugy däldir… Garşylyk görkezme hukugy - ýaşamaga bolan hukukdyr... Pişigiñ çagasyndan agaja çenli... Garşylyk görkezmelisiñ... Öýüñi ýykanlarynda... Çagalaryny eliñden alanlarynda... Sesiñi ýumduranlarynda... Ýer ýüzüniñ azat, erkin, başy dik, döwrebap, ösen añ-düşünjeli, giñ gözýetimli, medeniýetli, bagtyýarlykda we howpsuzlykda birek-biregi goldamaga ýol bermedik halatlarynda... Garşylyk görkezmelisiñ... Adalatsyzlyklara garşy... Duzaklara, hilegärliklere garşy... Ýalan-ýaşryklara, toslamalara garşy... Galphorluklara, kezzaplyklara garşy... Zuluma garşy... Eliñden seniñ üçin gymmaty bolan zatlary alanlarynda... garşylyk görkezmelisiñ... Ýarganat ýaly aýdyñlyga garşylyk görkezmegiñ ýerine... Iñ bolmanda, bir agaç, bir daş, bir pişigiñ çagasy ýaly bar bolmak üçin garşylyk görkezmelisiñ... Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.11.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |