00:26 Gaýtaryjy / ýumoreska | |
GAÝTARYJY
Satiriki hekaýalar
Ejem aýydy: «Ogulym, gelniňi gaýtaraly, köçä çyk-da, kiçiräk bir awtobus tut» diýdi. Aşgabadyň uly köçeleriniň biri bolan Hudaýberdiýew köçesiniň ugrunda üç sagat dagy garaşdym, eger-eger awtobus ýok. Geçäýende-de maňlaýynda: «Arakesme» diýen halanmaýan ýazgy bar. Duralgada durman zut geçip gidýär. «Häk, tigrine temen dürtülmiş» diýişip duralgada duranlar gargap galýarlar. Ýöne gelni golaýdan, onda-da öz golaýjygyňdan almaly. Ahyrynda kel kelläme pikir geldi-dä: «Gel, trolleýbus tutaýyn-la» diýdim. trolleýbuslar örkli bolansoňlar owsaryny süýräp çepe-saga gidip bilenoklar-da. Olar liniýada nalaç aýlanyp ýörmeli bolýarlar. Şoda gowy zat. Awtobuslaram şeýtmeli-le. Daňylgy owçarka ýaly. Trolleýbusa el galdyrdym. Durdy. Gürleşdim. Sürüjisi bir oňat rus adamsy ekeni. Ýöne ýagdaýym kynlaşdy. «Gelnimi gaýtarjak» diýen sözi rusça düşündirip bilmän azara galdym. Ruslarda beýle däp ýok öýdýän. Gelni gitse başy-aýagyny alyp «прощай» diýip ymykly gidýän ýaly. «Невестка обратно кибитка отправлять хочу» diýdim. Olam « Зачем, развод что ли? Характером не сошлис да?» diýdi.«Bizede, türkmende gaýtaryjy diýen kada bar» diýdim. «А-а, кайтарыҗы да?!» diýip sürüji gülüberdi. Ol öň awtobus hem süren ekeni. Şonda ol köp gelinleri gaýtaryşmaga kömek edipdir. Aşgabadyň golaýyndaky obalary ýalňyşman sanaberdi. ― Meňki awtobus ýaly däl-ä, liniýadan çykyp bilemok ― diýip sürüji düşündirdi. Hyrçyny dişledi, menem öz öýümiziňem, gelnimiziň atasy öýüniňem Hudaýberdiýew köçesiniň ugrundadygyny aýtdym. Sürüji begenip: ― Baş üstüne! ― diýdi. Indi trolleýbusyň içindäki ýolagçylary nädip düşürmeli. Atasynyň arabasyna münen ýaly arkaýyn olar. Sürüjiňki aňsat eken. «Depo» diýen ýazgyly zady çat maňlaýynda goýdy. Onda-da düşmeýän netikazalar bar-aýt. Sürüjem oňardy-da. Birhili-birhili etdi-de, urgany bulaşdyrdy. «Pöwf!» «Paf!» etdirdi-de ýyldyrym çakan ýaly etdi. «Trolleýbus dalşe ne poýdýot!» diýdi. «Häk, dalşyň başyňy iýsin!» diýişip ýolagçylar gargaşyp dargaşyp gitdiler. «Itiň gargyşy gurda kär etmez» diýlişi ýaly, sürüjiniň parhyna-da däl. ― Pollitr bolýa-da onda?! ― diýip ellerini owkalady. Mündük trolleýbusa goňşy-golam, jagyl-jugul bolşup, hep-hezillik giňişlik. Içinde çagalar ylgaşyp oýnaýardylar. Läle kakýanam bardy. Aýallar gybata ýatdylar. Her kim awtobusdan zeýrenýärdi. Gelnimiň atasy öýüniň deňinde trolleýbusy liniýadan aýyrdyk-da, oňat naharlandyk. Sürüji ikimize nahar getirip berdiler. bir çüýşe-de bardy. Sürüji «На чёрный ден!» diýip ony alyp goýdy. Şeýdip uly aladadan-a dyndyk. ― Eje, jigimi öýerenimizde-de trolleýbusyň barýan ýerinden gelin edineli! ― diýip, men öňünden jigimiňem aladasynyň bardygyny ýaňzydanymda ejem «Hökman şeýtmeli borus» diýip ylalaşdy. Hawa-da, şeýdip öňünden alada etmeseň kyn boljak-da! «Syýasy söhbetdeşlik» gazeti, 13.04.1994 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||