17:28 Gaýdan döwlet — ürken düýe / satiriki hekaýa | |
GAÝDAN DÖWLET - ÜRKEN DÜÝE
Satiriki hekaýalar
— Akly üýtgänimiz bardy, porhan aga. Siziň at-owazaňyzy eşidip geldik. — Derde ýolugana näçe wagt boldy? — Ýedi ýyl. — Öňräk gelen bolsaňyz, onça ýyllap dert çekmelem däl ekeni ol biçäre. Sizem azara galmasyz bolardyňyz. Aý, howa-da, görgini görmän göre giren ýok diýleni-dä. Ony tut ýaly ederis, saglyk bolsa. Emgekdir-dä, hyh-çüf ederis, aýrylar gider özi. Atabal aga özüne göwnüýetijilik bilen gürledi. Görer-dä, başa gelenini. «Ýekiduni keýda, gazanybilseň peýda!» diýip, porhan maşyna mündi. Ine, gözüňe söweýin zynjyrly, hakyky däli. Gudratyň bolsa görkeziber, Atabal porhan! Gözleri dym-gyzyl. Damakgan çukury ýaly. Gylyň, tüýüň derdinden ýaňa ýüz-göz, agyz, burun, eger-eger görnenok. Ýüzi, ýeňsesi des-deň. Üsgüräýmese ýa çilim çekip, tüssesini üfläýmese agzynyň haýsy tarapyndadygyny biljek gümanyň ýok. Ýöräýmese öň tarapyny saýgararyn umydyň bolmasyn. Anatomiýa kitabyndaky tüýlek adam Andrian dagy munuň ýanynda alla näme. Telewizora diktor edibermeli. Çörek iýjek bolanda agzyny tapyşyna haýran. Diliniň üstem tüýdür diýesiň gelýär. Bir garaňky otagda zynjyryny çeýnäp, Pilmahmyt ýaly bolup ýatyr. Zynjyrynyň ýeten ýerine çenli baryp, agzyna çörek tutýandyrlar-da. — Bu neressäni zynjyrlap goýupsyňyz. Hany, siziň ynsanperwerligiňiz?! Ýüregiňiz daşdanmy, demirdenmi?! Boşadyň ony — diýip, porhan azymly buýruk berdi. Atabal aga bu dälini öňki okap açan dälisi ýalydyr öýtdi. — Porhan aga, boýuň bilen gyzyl berjek diýseňizem biz-ä onuň ýanyna baryp bilmeýäs. Ýaşkak bile oýnapdyk. Şonda ol biziň gözümiziň oduny alypdy. Onuň ýumrugyny gör ahyry, ýetim oglanyň kellesi ýal-a — diýşip, degenekli pyýadalar arkan-arkan çekildiler. — Päheý-de welinim, züwwetdinler. Heý, adamdanam adam gorkarmy?! Çybyn ýaly jany bar ol biçäräniň — diýip, Atabal porhan tirýegiň, göknaryň keýpi bilen ol dälini çymçyk ýaly bir zatdyr öýtdi. Özi bardy bärden çyzganyp. — Ýak, bissimilla! Ýekiduny keýda, açybilseň peýda! Ýak, üç ýüz altmyş gaýyp ötgen erenler! On iki ymam, dört çaryýar, ýedi weli, kyrk çilten, üç ýüz altmyş gerçekler! Däli birbada aňk-taňk boldy. Ýaňky sanalanlar üstüme çozup geljekler-ow diýip pikir etdi öýdýän. Nämäniň nämedigini aňşyrýança Atabal aga ony zynjyrdan derrew boşatdy. Eli-aýagy boşan däli heziller edindi. Demir gözenekden çykan şir ýaly gerindi. Soňam pallady. Baraga-da ýapyşdy porhanyň bokurdagyndan. Ikisi garpyşdy, basa düşdi. Araçyny alla bersin! — Dat, öldüm. Ýetişiň — diýip, demiligi daralan porhan gagyrdap gygyrdy. Soňa-baka gagyrdysam kesildi. Porhanyň diňe aýaklary gymyldaýardy. Ýaponlaryň dzýu-do göreşinde asgynlasaň eliňi pat-pat etdir-de düşekçä taýly gezek uraý. Emin dadyňa ýetişýär. Emma porhanyň elleri boş däldi. Şonuň üçinem ol aýaklary bilen ýere pat-pat urup yşarat etdi. Ýöne tomaşakärler ony aňmadylar. — Dadyňa alla ýetişsin, porhan aga! — diýdiler. Goha-gykylyga adam baram üýşdi. — Ýagyň özüňe nesip etsin, porhan! — Däliň ýanynda gabryň gazyldymy?! — diýýänlerem bardy. Köpçülik-dä. — Oglanlar, ýetiň, porhany halas ediň! — diýýänlerem bardy. Märekeden haraý ýokdugyny bilen Atabal aga goranyşyň iň soňky tärine ýapyşdy. Bilindäki ak saply pyçaga elini ýetirdi. Porhan öýünden ugranda pyçak alyp gaýdypdy. «Başlygyň öýünde omaçaň ýülügini, kelläň beýnisini köwläp iýerin» diýen niýet bilen tygy uzyn gezlik göteripdi. Häzir ýeri geldi. Bu-ýa däli üçin diýseň amatly, taýynjak ýarag bolaýdy. Porhanyň elindäki ak saplyny däli gaňryp aldy. Ýarag dälä geçdi-de, howada ýyldyrym çakan ýaly lowurdady. Hemmeler doňup galdy. Biri: — Gaç, porhan! — diýip, çirkin gygyrdy. — Aňrujy gaýratyň bolsa, gaçmaly ýeriň geldi! Başyňy gutar, porhan! — diýip, biri dady-bidat etdi. — Öldüräýse-de, dälä jenaýat ýok. Haram ölüm! — diýip, ýene biri howsalaly gygyrdy. Şol pursatda: — W-aý — diýen çirkin ses töweregi lerzana getirdi. Kimiň sesidir öýdýäňiz?! Bu sesiň awtory Atabal agady. Ol öz sesinden özem gorkupdy. Däli hem bu sesden kerah bolup, birbada özüni ýitirdi. Obadan iki kilometrlikde gowaça suw tutup ýören bir goja bu sesi eşidip gorkupdyr. «Altmyş ýedi ýaşap beýle ses eşitmändim. Äjit-mäjitmi, harteçjalmy, bir bela gelendir» öýdüpdir. Onýança kimdir biri däliniň ýeňsesinden gelip, onuň kellesine halta geýdirip gaçdy. Däli aljyraňňylyga düşdi. Ýykyldy. Pyçagyny köpläp aldylar. Özüni daňdylar. Ýiti göwher ak saply pyçak biriniň elinem kesdi. Porhana-da gyltyzrak ýara düşdi. — Gaç! — diýşip, porhana gygyrdylar. Ýaşuly sagatda segseni görkezip zut berdi. — Hernä, hudaýa şükür, jaý ýerinden degmändir — diýşip, porhanyň ýarasyny daňdylar. Melhem etdiler. Görüp otursalar, birinji däli goşun gullugyna gitmejek bolup, ýalandan dälirän bolup ýören bolsa nätjek. Ony ene-atasam bilýän eken. Emma porhana ony aýtmandyrlar. Il gözüne porhany getiren ekenler. Soňky däli hakyky däli bolsa nätjek. Ine, päline jyzar bolup, Atabal aga ýaraly boldy galaýdy. Şondan soň onuňky gaýtganyna boldy. «Gaýdan döwlet bilen ürken düýäň öňünde duran özüň bolma» diýip rast aýdan ekenler. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |