11:33 Geçmişden bir parça / satiriki hekaýa | |
GEÇMIŞDEN BIR PARÇA
Satiriki hekaýalar
Bu waka mundan ençeme asyr öň bolupdy. Günleriň bir gününde ssenariçi Al Karraja ibn Gerurudy libretto ýazyp gutardy. «Bi şowly ýazylan librottolaryň biri» diýip, şol eýýamyň metbugatynda jar boldy. Ony ýaş režissýor Al Saýýady ibn Baýraja tabşyrdylar. Režissýor Saýýady librettony okap, Tünüderýanyň kenaryna çykdy. Şawelet derýanyň güzerinde atyny suwa ýakyp durdy. Beýleräkde Şasenem bilen Garyp çaga kolýaskasyny itip ýörüşlerine tebigatyň gözelligine syn edýärdiler. Olaryň agzy emziklije Wysaly diýenje ogullary kolýaskada emzijek sorup ýatyrdy. «Kelläme bir oňat ideýa geldi, ewrika, tapdym, tapdym» diýip, Saýýady birden öz pikirini daşyna çykaranyny duýman galdy. Ol haýal etmän, Şasenem bilen Garybyň huzuryna bardy. ― Siz şu täze librettoda aşyk-magşuk roluny oýnap beriň ― diýip, Saýýady Şasenem bilen Garyba ýüzlendi. ― Men-ä oňarman. Indi ýaşym ýigrimi alty. Birazajyk garnym bar. Indi çaganyň atasy bolup: «Şasenem jan, näm boldy?!» diýip, zowladyp dursam, bi Wasyň ilaty geň görer ― diýip, Garyp operada rol oýnamajagyny aýtdy. ― Saýýady, towakga edýän, maňa-da azar berme. Indi men çagaly ene. «Git-de, Garyp jany getir» diýip, aýagymy sygyr basan ýaly, sahnada çyrlap dursam, Şirwan galanyň, Ybraýym Medemiň, Döwkeseniň, Gökleň medresesiniň halky meni näletlär ― diýip, Şasenem süýtli çüýşäni Wysala uzadyp, režissýora ýalbardy. Saýýady şondan soň haýal etmän Şaapbasyň ýanyna gitdi. ― Apbas aga, Effet daýza, gyzyňyz bilen körekeniňize bir töwella edip berseňizläň. Olar operada aşyk-magşuk rolunda oýnamakdan otkaz edýärler ― diýip, Saýýady Şasenemiň kakasy bilen ejesine ýüzlendi. ― Päheý-de weli, sen Şasenem bilen Garyba rol oýna-da diýdiňmi ― diýip, Şaapbas ör-gökden geldi. ― Wa-e-eý, bagtym gara, erniniň sarysy gitmedik gyzyletenelere-de, heý, rol ynanyp bolarmy! ― diýip, Effet daýza elindäki çaýly käsesini stola gaçyrdy. ― Aşygyň roluny özüm oýnaryn, özüm ― diýip, Apbas aga goltugyndaky grelkany beýläk oklady. ― Ine men 14 ýaşly magşuk ― diýip, Effet daýza hasabyny zyňyp goýberdi. ― Ýöne weli, režissýor han, meniň garry atam bardyr. Ol 91 ýaşynda. Sen şonuň ýanyna bar-da, bize rugsat alyp ber. Eger ol oglum, Apbas oýnasyn diýse, soňra men taýyn. ― Wiý, huşum gursun, ýadymdan çykan ekeni. Režissýor jan, meniňem 87 ýaşly garry gaýyn enem bardyr. Şoňa bir sala salaweri, ol rugsat berse, men magşugyň roluny nas ederin ― diýip, Effet daýza atyşgir ýaly guragyryly aýagyna ýylanyň zäherini çalyp oturan ýerinden gürledi. Saýýady haýal etmän, Apbasyň 91 ýaşly atasy Muhtar hanyň huzuryna bardy. Ol: ― Režissýor, sen Apbas ýaly gögele ýaşlara rol ynanma. Spektakla tomaşaçy gelmez. Teatry erbet batyrarsyň. Onsuzam teatryňyz döwletiň boýnundan ilen otly tagan ýaly ahyry. Aşyk roluny men kül edip bereýin ― diýip, Muhtar aga analginden dört sanysyny agzyna atyp goýberdi. ― Hawa, hawa, meniňem gelnim ýaşdyr, Effet dagy köp ýaşasa 60 ýaşandyr-da, Magşuk roluny özümjik hek ederin ― diýip, Muhtar aganyň aýaly, togsanyň onundan gädip-gädip azaldan Şamama ene yzyny üzmän üsgürip başlady. Režissýor ýerinden turup: ― Muhtar aga, Şamama ene, size aşyk-magşuk roluny bererdim weli... ― diýip, filtrli çilimini sorup duran ýerinden sözüne dyngy berdi. ― Weý-weý, welisi näme, hanym? ― diýip, Şamama ene geňirgenmek bilen düşekden başyny galdyrdy. ― Siz, ýaşlar kansyrbatyr diýen saz medresesini gutaryp gelýäňiz-de, teatrda Nuh eýýamyndan bäri däp bolup gelýän zady üýtgetjek bolýaňyz. Ýok, ýok, munyňyz paşmaz. Men goja-da bolsam, paltam ýitidir. Myşaýyt berjegiň aňyrdan köküni keserin ― diýip, Muhtar goja gaharyndan ýaňa gaýnan kitir ýaly titräp, bir gap wolidoly kagyzy bilen ýuwutdy. ― Ýaşuly, gaharlanmaň. Siz düşekden galybilseňiz, rol berler ― diýip, Saýýady sypaýyçylyk etdi. ― Bizi, goý, nosilka bilen sahna eltsinler. Ariýamyzy gutaran badymyza-da, kulise alyp gaýtsynlar ― diýip, Şamama ene gürledi. ― Päheý-de welin, dogry-da walla ― diýip, Muhtar goja aýalynyň sözüni tassyklady. ― Men size aşyk-magşugyň roluny bererdim weli, siziňem ata-eneňizden rugsat almalydyr ― diýip, ýaş režissýor ýaýdandy. ― Arkaýyn bolaý, olar bu dünýäde ýok. Ýogsam bize rol küje zat küje ― diýip, Muhtar aga birneme köşeşdi. ― Men olary taparynam, size rugsat alarynam ― diýip, Saýýady teýeneli gürledi. ― Nireden taparsyň? ― diýip, Şamama ene ýylgyrdy. ― Köşiniň depesinden ― diýip, režissýor çykyp gitdi... Netijede, bu operany Saýýady däl-de, başga bir ýaşuly režissýor sahnada «janlandyrdy», Şasenem bilen Garyby nosilka mündürip sahna çykardylar. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |