02:09 "Geçmişe göz aýlap..." | |
“GEÇMIŞE GÖZ AÝLAP...”
Teatr we kino sungaty
Indi birnäçe wagtdan bäri türkmen telewideniýesiniň edebi-drama gepleşikler redaksiýasy “Geçmişe göz aýlap...” atly gepleşikler tapgyryny taýýarlap, tomaşyçylara hödürleýär. “Men gaýdyp gelerin”, “Dursun”, “Jadyly dür”, “Uzakdaky gelinlik”, “Ýedi ýürek”, “Çopan oglan” ýaly filmler hakdaky söhbet köpleriň göwnünden turdy. Munda gepleşigi alyp baryjy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Baýram Abdyllaýewiň uly tagallasy bar. ol her gepleşigiň täsirli we gyzykly bolmagy üçin uly alada edýär. Görkeziljek filmi döretmeklige gös-göni gatnaşan döredijilik adamsyny tapmak, onuň bilen ediljek gürrüňiň esasy özenini aýyl-saýyl etmek ýaly aladalar gepleşigi alyp baryja täze-täze çeperçilik serişdelerini salgy berýär. Kähalatlarda bolsa film hakda gürrüň berjek adamyny başga şäherlerden çagyrmagy bolýar. Bu “Ýedi ýürek” filminiň söhbetine bagyşlanan gepleşikde şeýle boldy. Bu filmiň ssenarisiniň awtory Mark Wladimirowiç Meý bu çakylyga uly höwes bilen seslendi. Ol häzir Ýaroslawl şäherinde ýaşaýar. M.Meý TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri. Köp ýyllap “Türkmen film” kinostudiýasynda işlän adam. “Men gaýdyp gelerin” filminiň surata düşürilişi barada TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri kinorežissor Hangeldi Agahanow şeýle gürrüň berýär: - Men kinostudiýa 1933-nji ýylda geldim. Gelibem kinotehnikumda okuwa girdim. Şol wagtlar Oraz Täçnazarowyň “Batrak” poemasy ekranlaşdyrylýardy. Biz hem okap, hem filmi surata düşüriş işine gatnaşyp başladyk. Bir gezek filmiň režissory Ledaşew meni ýanyna çagyrdy-da: “Sen maňa on bäş sany garyp, on bäş sanam baý tapyp ber!” diýdi. Men aljyradym, dogrusy, bu hili tabşyrygy nädip ýerine ýetirjegimi bilmedim. Men oňa “Bu wagt men baýlary nireden tapaýyn?” diýip, jogap berdim. Olam ýylgyrdy-da: “Sen düşünmediň, köpçülikleýin sahnalarda oýnamak üçin tapmaly. Şolaryň birnäçesine garyp, baý eşigini geýdireris” diýip düşündirdi. Aslynda Aleksandr Laşew örän salykatly, paýhasly, ýiti zehinli adamdy. Ol filmiň ideýa wezipesine düşünse-de, entek özüniň türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny bilmeýändigini aýdýardy. Şonuň üçinem ol özüne kiçilik saýman, bilmeýän zatlaryny soraýardy. Biz onuň hemişe maslahatçysydyk. A.Ledaşew wagt tapsa, Aşgabadyň eteklerindäki obalara aýlanýardy. Ol ýerlerde ýaşaýan oba adamlarynyň hereketlerine, özlerini alyp baryşlaryna, hüý-häsiýetlerine ýadaman-ýaltanman syn edýärdi. Film ekrana çykandan soň, ol bada-bat bütin Soýuzymyza ýaýrapdy. Bu film hakda “Prawda”, “Izwestiýa”, “Literaturnaýa gazeta”, “Kino” gazetleri giňden seslenip, öwgüli sözleri ýazypdylar. “Izwestiýa” gazeti özüniň 1935-nji ýylyň 21-nji iýunyndaky sanynda şeýle ýazypdy: “Aşgabadyň eteklerindäki obalaryň zähmetkeşleri ilkinji türkmen sowet milli filmini görmäge bütin kolhoz bolup, eşekli, düýeli, ýabyly şähere gelýärler”. Wagtyň synagyndan geçen “Dursun” filmi urşuň öňüsyrasynda ekranlara çykypdy. Filmi režissor Ýewgeniý Iwanow-Barkow surata düşürdi. Filmde Alty Garlyýew Nurynyň rolunda, Nina Alysowa Dursunyň rolunda üstünlik bilen çykyş etdiler. Filmiň häsiýetli taraplarynyň biri hem onda türkmen aktýorlarynyň surata düşmekleridir. Aman Gulmämmedow, Ata Durdyýew, Gulkişi Gulmyradow, Sary Garryýew... Türkmenistan SSR-niň halk artisti Sary Garryýewiň söhbetinden: - Hawa, “Dursun” meniň kinodaky ilkinji işim bolmaly. Men onda “garry jigit” Çarynyň rolunda oýnadym. Režissor Iwanow-Barkow bir uzyn boýly adamdy. Onuň üstüňe abanaga-da, “Sary, munyň bolanok, hany ýene bir gezek...” diýip, yzyny aýtmazdy-da, işlederdi. Gaty talapkär adamkärçilikli adamdy. Işini bäş barmagy ýaly bilýärdi. Özem aktýoryň gadyryny bilýärdi. Men-ä, dogrusy, şol kartinada işleýşimiz ýadyma düşeninde, birhili, ýüregim galkynyp gidýär. Şondan soňam ol meni “Uzakdaky gelinlik” filminde oýnamaga çagyrdy. Meniň Çarym ýaltarak. O wagtlar onuň ýaly adamlara lodur diýýärdiler. Ol haçan görseň garpyz iýip, oňly iş edýän däldir. “Jadyly dür” kartinasy 1944-nji ýylda surata düşürildi we derrewem ekrana goýberildi. Filmi almaklyga ilkinji türkmen kinorežissory Meret Atahanow ýolbaşçylyk etdi. Bu film Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda döredildi. Bütin halk we şol sanda çeper döredijiligiň wekilleri-de frontda aýgytly söweşlere gatnaşyp göreşýän esgerlerimize ruhy goldaw berýärdiler. “Jadyly dür” – agyr durmuşy başdan geçirýän adamlaryň göwnüni göterýärdi, täze edermenliklere, täze ýeňişlere ruhlandyrýardy. Şu tarapdan seredeniňde, kartina öz öňünde goýan wezipelerini ymykly berjaý edipdi. Ikinji bir tarapdan bolsa bu eseriň döremegi özboluşly hasabatdy. Film esasan “Abadan”, “Zöhre – Tahyr”, “Aldar köse” ýaly operalardan we baletden alnan fragmentlerden düzüldi. Türkmen döwlet tans ansamblynyň hem-de halk saz gurallary orkestranyň repertuaryndan käbir nomerlerem girýärdi. Türkmen artistleri Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Ýolaman Hummaýew, Gurban Ryzaýew, Bazar Amanow, Gylyç Berdiýew, Sary Garryýew, Meret Atahanow dagy filmde oýnaýardylar. Aldarkösäniň obrazyny bolsa Alty Garlyýew döredipdi. “Uzakdaky gelinlik” filmi hakda TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri Hangeldi Agahanowyň ýatlamasyndan: - Film 1946 – 47-nji ýyllarda surata düşürildi. Oňa Ýe.Iwanow-Barkow režissorlyk etdi. Men bu filmde ikinji režissor wezipesinde işledim. Şeýle hem men bu filmiň türkmençe wariantyny özüm etmeli boldum. Ýe. Iwanow-Barkow filmi Daşkentde ýazyp gutaranymyzdan soň: “Bä-ä, sen-ä muny rusçadanam gowy edipsiň!” diýdi. Biz filmi gutaryp, 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Aşgabada geldik. Giç gelenimiz sebäpli, men filmi öýe äkitdim. Ertesi kartinany respublikamyzyň ýolbaşçylaryna görkezmelidi. Edil şol gije-de ýer yrandy. Oktýabryň diňe 22-sinde Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-synyň jaýynyň howlusynda çadyrlarda ýaşaýan we işleýän ýolbaşçylarymyza daşarda ak matadan ekran ýasap, filmi görkezdik we film hakda gowy, ruhlandyryjy sözleri eşitdik. Filmde ajaýyp aktýorlar oýnadylar. Alty Garlyýew, Nişenlenko, Şafigulyna, Gylyjowa, Sary Garryýew, Aman Gulmämmedow, Öwezowa, A.Meläýew, M.Seýitnyýazow we başgalar özleriniň ýiti zehinini görkezdiler. Kartinada at münmäni öwrenýän rus oglanjygy bardyr, ine, şol roly SSSR-iň halk artisti M.A.Kirillowyň ogly Saşa Kirillow oýnady. Häzir ol eýýäm orta ýaşan adam, özem lýotçik. Bu film türkmen kinomatografiýasyny dünýä, ýurtlaryna äşgär etdi. Ony dünýäniň 54 ýurdy satyn aldy. Şu faktyň özi hem bu filmiň nähili şöhrata eýe bolanlygyny aýdyň görkezýär. Filmiň ssenarisiniň awtorlary Ýewgeniý Pomeşikow, Nikolaý Rožkow, Wiktor Şklowskidi. Kartinany surata düşüren operator A.Bulinskidi. Hawa, bu film türkmen kinematografiýasynyň uruşdan soň öndüren ilkinji çeper kartinasy bolupdy. Biz “Geçmişe göz aýlap” atly gepleşikler tapgyryny alyp baryjy Baýram Abdyllaýew hem-de gepleşikleriň redaktory Amanmyrat Muhammedow bilen gürleşip otyrys. -Elbetde, türkmen kinosy hakdaky gepleşikleriň tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylanýanlygy bizi begendirýär. Öňde edilmeli iş, söhbeti edilmeli filmler köp. Olaryň her birisi hakda täsirli we gyzykly söhbetleri guramaly. Türkmen sowet kinosynyň geçen täsin döredijilik ýoluny yzarlamaly ine, biziň öz öňümizde goýan wezipämiz – diýip, Baýram Abdyllaýew aýdýar. Şol wagt Amanmyrat bir petde haty maňa uzadýar. “Hormatly Baýram Abdyllaýew! Siziň “Geçmişe göz aýlap” atly gepleşigiňizde çykyş edýän režissorlaryň, artistleriň gürrüňleri bize ýaraýar. Arada “Dursun” atly filmi görkezdiňiz. Garry atam şonda bu filmiň obamyzda surata düşürilendigini hem-de onuň bilen baglanyşykly ýadynda galan wakalar barada gyzykly gürrüň berdi. Şonda biz obamyzyň köne keşbine syýahat eden ýaly bolduk. Köp sag boluň!” Bu haty bagyrly mekdep okuwçysy Güseýin Mämmedow iberipdir. Şeýle hatlaryň sany bolsa onlarça. Diýmek, “Geçmişe göz aýlaba” tomaşaçylar arzyly myhmana garaşyşlary ýaly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu tüýs ýürekden gutlamaly zat! Allaýar ÇÜRIÝEW. "Ýaş kommunist" gazeti, 30.12.1982 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |