18:22 Gelsediñ | |
GELMEDIÑ
Goşgular
![]() Ilki sagat soñ sanadym günleri, Aý dolsa-da söwer ýarym gelmediñ. Gözlem ýolda umyt baglap gülleri, Düşesem-de ahy-zarym gelmediñ. Aýlar dolup öwrülse-de bir ýyla, Asmanda gök gürläp guýsa-da jala, -Üşärsiñ-ä! -diýip, meñzäp bägüle, Garaşsam-da dünýe-barym gelmediñ. Dilimlenen ýürek közüñ üstünde, Hijran ony köýdürmegiñ kastynda, Her gün ýene ýeke Aýyñ astynda, Otursan-da alma-narym gelmediñ. Ne beýle nämüçin edýärsiñ zulum, Ýerdäki Aýa hem ýetenok golum, Sende ýaşaýyşym sende-de ölüm, Boýna syrtmak salyp darym gelmediñ. Ýüzde ýylgyryşym ýürekde dagym, Miýesser edensoñ ah, özgä bagyñ, Gözlerim ýaşlaýyp kemsinen çagym, Terk eýlediñ namys-arym gelmediñ. Ezraýyl dükürdäp kakanda deprek, Agaçlar astyna düşende ýaprak, Bu tenim gaýtadan bolmanka toprak, Soñky dem bolsa-da, ýarym gelsediñ. Ahmet ARAZOW | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||