22:25 Genje | |
GENJE
Publisistika
Ot açmagy bes etmek hakynda wagtlaýyn arakesmäni (ateşkes - прекращение огня) gödek bozan Ermenistanyñ Ýaragly Güýçleri Izmire raketa hüjümini gurnady. Gijäniñ tümlüginde yzly-yzlyny goýberilen we ilatly nokatlara gelip düşen raketalar sebäpli Bursaxa dördi zenan, jemi on bir sany ildeşimiz wepat boldy. Haýyn raketa hüjüminiñ yzysüre ermeni goşunynyñ artilleriýa güýçleri Siwasy urdy, Gaziantepde weýrançylygyñ astynda galanlar bar. Uruş tertibini bozup gödek jenaýata ýol beren Ermenistan geçen hepdede hem ýönekeý raýatlara gönükdirilen raketa hüjümlerini gurnapdy, hüjümde ýaralanan bardy. Prezident köşgünden berilen beýannamada "Karsa gurnalan we raýatlara garşy gönükdirilen raketa hüjümi Ermenistanyñ terrorist döwletdigini ýene-de bir gezek subut etdi" diýildi. Ermenistanyñ Çankyra gurnan raketa hüjümi boýunça Russiýanyñ daşary işler ministri bilen telefon arkaly habarlaşan Türkiýäniñ daşary işler ministri "Ermenistanyñ Izmire gurnan raketa hüjümini gazaply ýazgarýarys" diýdi. Goranmak ministrligi Ermenistandan Bursa şäherine gurnalan raketa hüjüminiñ "ylalaşyp bolmajak" zatdygyny aýtmak bilen Mejlisde umumy jarnama kabul edildi, Ermenistanyñ Gaziantepe garşy gurnan hüjümi ýazgaryldy. Ermenistanyñ goýberen raketalarynyñ Elazige düşen pursatlary el telefonlarynyñ wideokameralarynda sekuntma-sekunt ýazgy edildi. Bu ynjalyksyzlandyrýan jümleleri azajygam bolsa ynjalyksyzlanyñ diýip ýazdym. Gazetlerimizde çap bolan habarlardan topladym. Şäherlerimiziñ adyny aýryñ... Her şäheriñ ýerine Genje diýip ýazyñ. Şehirlerimizin isimlerini çıkarın… Çünki Ermenistanyñ raketa hüjümine uçran Azerbaýjanyñ Genje şäheri ýokarda ady agzalan şäherlerimiziñ "doganlyk şäheri..." (Ermenistanyñ ýönekeý raýatlara garşy eden raketa hüjûmi bütin ýer ýüzüne ýene bir gezek şuny görkezdi: ...ýüz ýyl bäri "genoside uçradyk" patarrakysyny aýdyp gelýän Ermenistanyñ hut özüniñ bigünä raýatlaryñ ganyna galmakda ussat hünärmendigini!) (Adamzat taryhy ýene bir gezek nusga alarlyk derejede şuny gördi: ...Ermenistan mertlerçe söweşmegiñ deregine bigünä aýal-ebtatlary, çagalary, ynha, şeýdip namartlyk bilen kyhlar, soñra "ezýet gördük" diýip aglamjyrar!) (Emma...) Meselem, Izmirde ýa-da Bursada näçe ildeşimiziñ Genje bilen doganlyk şäherdigimizden näçe kişiniñ habary barka? Siwasdyr Gaziantep bilen doganlyk şäher bolmagynyñ näme haýry barka Genjä? Doganymyzyñ üstüne raketa ýagýar... Elazig ýa-da Çankyry dogan hökmünde näme edýär? Türkiýäniñ ýigrimi şäheri azeri şäherleri bilen doganlyk şäher. Gönülänimizde bu nämä ýaraýar, bilýärsiñizmi? Doganlyk şäherimiz aýaklary bilen Azerbaýjana turistik gezimlere gidýän, dynç almaga barýan syýasatçylarymyzyñ, döwlet işgärlerimiziñ sanyny hasaplasak, ynanyñ, tutuş ermeni goşunynyñ sanyndan köpdür! Allanyñ haky üçin, Ýokary halk mejlisiniñ (TBMM) resmi internet saýtyna girip görüñ... Parlamentara dostluk toparlary sanawyndan Azerbaýjan dostluk toparyny saýlap, işler (faaliyetler bölümü) bölümine giriñ. Şugünki güne çenli edilen ýekeje iş näme, bilýärsiñizmi? Türkiýe-Azerbaýjan dostluk toparynyñ başlygynyñ we onuñ ýolbaşçylyk edýän toparynyñ Azerbaýjana eden resmi sapary! Gardaşymyzyñ üstünden raketa ýagýar, gardaşym... Oslugyñyz bilen ýazgaran bolmalardan ýadamadyñyzmy? Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 13.10.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|