00:39 Gije lybasly jenan / hekaýa | |
GIJE LYBASLY JENAN
Hekaýalar
Biz gijäni bir lybas edip ýaratdyk "Amma" suresi Iňrik garalyp başladygy, ýene howa bulaşýar. Güýz bu ýyl gyşyň ir düşjekdigini turuwbaşdan buşlaýar öýdýän. Aýşa penjireden garap durşuna howlukmaç gelýän garany tanady: Merýem ýaly-la, bi näme ýüzüni garaňka tutup gelýärkä, eýgilikmikä? Has golaý gelen Merýemiň ýüzünde gorkumy howatyr bar. Aýşa oňa seredip agzyny açmanka gyz: - Aýşa gelneje, agam ýene içip geldi. Bu gije hem sizde bolaýaýyn-da men! Aýşa ýylgyrdy, ikibaşdan ýalňyz özi. - Gel, akylym. - Ol Merýemi bagryna basaýjak boldy. – Gir içeri, häzir agşamlyk edineris. Merýem hiç zat geplemän içeri geçdi, tegelenen gözlerinde henizem gorky bar. Soňrak saçaga başynda hem Merýemiň ýüzi açylmady, işdäm ýok diýip nahar guýlan tabaga seretmedem asyl. Gyz indi näçe gezek bäri Aýşa gelnejelere gaçyp diýen ýaly özüni atýar. Her gezegem agam içip gelýär, içip gelse gykylyk edýär-dä diýip, ýagdaýyň ujuny duýdurýar. Aýşa gelnejesi juda üşükli. Garaz ujuny duýdursaň düşünýär. *** Onýyllygy gutaraýan wagtlary hem Aýşa gaty düşünjeli, betje gyzdy diýip, baýak Baýram doktor piwo içip otyrkalar oglanlara gürrüň beripdi. - Soň ol biziň bilen bileje medinstuta dokument tabşyrdy. Egzamindenem geçdi. O wagtlar Aýşa häzirkisindenem owadandy, ýam-man şadyýan hemem ot ýaly çakgandy. Awtomat ýaly şatyrdap duran gyz-da koroçi. Özem biziň ýaly pul berip, tanyş görüp egzamine girmedik. Göni özi giren. Onsaň ilkibaşda okuwa girmelileriň spiseginde ady ýok bolansoň, ony eýdip-beýdip egzaminden ýykmak üçin baý sorag baryny beripdirler. Emma kyndan-kyn sorag berselerem, Aýşa gözüni gyrpman jogabyny ýapyşdyryp duranmyş. Anatomiýa, fiziologiýa, biologiýa, psihosomatika aý garaz medisina degişli berler ýaly sorag, berip bolaýjak soragy beripdirler. Ýöne Aýşa hemme soraga emgenmän jowap berip egzamin alýanlaryň jazyny ýakyp duranmyş. Ahyr egzaminatorlar jüýk diýip, ellerini göterip, sorag bermelerini bes edipdirler. Ýöne egzamin alýanlaryň arasynda meň ýaly bir pis, aý ýatyp galandan atyp galaýyn diýip, soňky sowalynam beripdir. Ýaňky egzaminator Aýşanyň ýüzüne gülmän-yşman garap durşuna “Medisinada aýal maşgalanyň jyns organy bilen artbujagynyň, ýagny anal deşiginiň ortasyndaky aralyk näme diýlip atlandyrylýar” diýip sorag berýärmiş. Ekzamende nä şoň ýaly sorag bolýamy, ýöne Aýşa edil şuňa meňzeş sorag beriljegini bilen ýaly, çalaja ýylgyryp, edil sorag bereniň ýüzüne-de serýozny garap “Ýoldaş mugallym, zenanyň jyns organy bilen artbujagynyň ortasyndaky aralyga iki ýumurtganyň tans oýnaýan ýeri” diýilýär diýip jogap beripdir. Aýşa soňky soraga-da jogap berenden soň ony okuwa aldylar. Ýöne birinji semestrde bir bahana bilen okuwdan oçislenýe etdiler. Soň ol oba gaýtdy, derrewem äre berdiler. Ýöne gyzyň maňlaýy şor bolaýdy öýdýän. *** Aýşa inçesagt, çepiksizje gelin. Özem hemişe ýylgyryp duran görmegeý ýüzli, hoşgylaw häsiýetli. Bir aýyby çep aýagyna azajyk agsaýar. Eger yzyndan garamasaň ol kemisi bildirenogam. Ýoldaşy kamaz sürýärdi. Bäş-alty ýyllykda ýol heläkçiliginde ýogaldy. Aýşa şondan bäri ýalňyz. Kämahallar birje çaga hem ýadygär galmady diýip içinden oýlanýar. Okuwy gutaryp-gutarmanka ur-tut äre berip, edil bagtyny garaldan ýaly bolaýdyk diýip özlerini günäkärleýän ata-enesi, gyzlaryna täze obadan mellek alyp, jaý salyp berdiler. Sebäbi Aýşa ata-enesiniň ýüzüne gelip, men indi äre barjak däl diýip çürt-kesik aýdypdy. Aýşanyň ýalňyz gazanjy güller. Howlusynda gyşyn-ýazyn gül ýetişdirer ýaly şert bar. Gül ekip, ýetişdirmegiň inçe syryny ýagşy bilýän bolarly. Her hepde şäherden iki-üç maşynly gelip, gül satyn alyp gidýärler. Kämahal bir özi ýetişmedik wagty goňşy gyz Merýemi çagyrýar. Merýem bilen gülhanada odur-budura güýmenip ýörkäler Isa hakda soraýar. Her gezek Isa hakda soranda Aýşanyň ýaman gyzaryp-bozarýandygyny Merýem öňden bäri duýup ýör. *** Isa on sekiz ýaşynda wagty, Merýem ýaňy on altysyna gadam basypdy. Ilki kakalary aýryldy, soňra ejeleri. Oba içindäki şum diller Isadyr Merýemiň ata-enesi Hudaýyň gargyşyna galyp ýogaldylar diýip ýaýratdylar. Sebäbi öz dinlerini terk edip, haýsydyr bir “Iegowanyň şaýatlary” diýen pyrryldak dine geçipmişler, "Bibliýa" okaýamyş diýýärdi köpçiliuk. Biraz wagt şow-şow gybatlar öýme-öý aýlanyp, soň ýatdy galdy. Ata-enesiz galan Isa öz başyny özi çaramaly, üstesine gyz jigisi hem bar. Kakasy pahyr demirden gowy baş çykarýan adamdy, lakamy "Gyzylelli". Gowy ýeri ol öz hünärini ogluna hem öwredip ýetişipdi. Ýöne barybir kakasyz Isa kyn. Asla demiriň ýanyna barasy gelenok. Ýogsa ulagy döwlüp, ýolda galan näçe adam gapysyna gelip nobata durýar. Isa endik eden ýaltalygy bilen müşderileri özünden gaçyrmaga ýaltananok. Emma pul gerek bolan wagty döw ýaly işlemäge döwtalap, ýadamagy-ýaltanmagy bilenok. Ýöne domkrada galdyrylan ulagyň astynda ýatyşyna, bir zatlar ýadyna düşüp arasynda lapykeç bolýar. *** Merýem öňki gezegem gaty aljyraňňy ýagdaýda gelipdi, ýüz-gözünde gan-pet ýok. “Agam içip gelipdir, bu gije sizde galaýaýyn”. Merýemiň gözlerine bakyp, hemişeki görýän galagoplygyny gören Aýşa iňkise gitdi... Merýem “Agam ýene içip geldi...” diýip sözüni gutarmanka, Aýşa: - Isa içse gykylyk edýärmi – diýip, Merýemiň ýüzüne bakdy. Merýem ýüzüni kese sowup, başdansowma bir zat aýtmak isläp: - Aý... – diýdi. - Içse her hili boluberýä.. Aýşa gyzyň gözlerine seredesi geldi, emma Merýem beýlesine garap otyrdy. Şol wagt ol arkasynda Merýemiň özüne meňzeýändigine haýran. Ýa-da ähli aýallaram arkasyndan bir-birlerine meňzeýärlermikä?.. Güýz agşamynyň howasy hoştap. Asmanda ýyldyzlar ak patrak, Akmaýanyň ýoly birenaýy. Aýşa goňşy gyzyň mazaly uklandygyny göz ýetirip, daşary çykdy. Hemişeki ýaly ädimleri emaý bilen, pişik basyşly. Öýleriniň bäş ädim gaýrasynda Isa bilen Merýemleriň öýi. Garaňka batyp otyr, öýüň töwereginde hem bir yşyk ýok. Agasy içgili halda gelensoň, Merýem çyralary ýakmagam unudyp, gyssanmaç çykyp gaýdan bolmaly. Aýşa öz öýüni ýagtyldyp duran daşky çyralaryň astynda iki ýana zowzuldap, soň içeri girdi. Merýem myhman otagda, diwanyň üstünde uklap ýatyr. Penjiräniň öňüne gelip, ýanaşyk oturan howla, goňşy öýe seretdi. Tümlüge gark bolup oturan öý, edil ussat nakgaşyň elinden çykan surat ýaly. Aýşa aşak oturyp, aýak geýimini çykardy, gyssanmaç, ses-üýnsüz. Daşary çykanda bir nätanyş el ýüzüni ýelpän ýaly boldy. Güýz agşamynyň çigrek ýeli. Goňşy öýe ýönelen Aýşa, garaňka duwlanyp gapa golaýlady, howada diňe çekirtgeleriň jür-jür sesi. Ýarym açyk torly gapy. Öýüň içi dym-dyrs, goýy tümlük. Içeri giräýen ýerinde Aýşa egnindäki gije geýýän gülgün haladynyň öz-özünden sypyrylyp aşak bir ýere gaýdanyna haýran galdy. Ýa-da gowaldaň geýlen giň ýüpek halat eýesiniň özüniň sypyrasynyň gelýänini aňaýdymyka?! Pişik basyşy bilen garaňky otaglara seýr edýän Aýşa başga bir dünýä düşen ýaly. Ynha, bi Isanyň ýatan otagy. Daraklygyna galyp, Isanyň aýagujynda saklanan Aýşa, ony bimaza etmek islemedi, ýöne gapdalynda gyşarasy geldi. Ol süýji ukuda ýatan ýigidiň gyzgyn tenine galtaşman gapdalyna süýndi, egni-de ýalaňaç. Ýok, egnime garaňky gijäni lybas edip geýdim diýip, Aýşa öz ýanyndan ýylgyrdy. Zenanyň gyzgyn teni, buzgunç ysy. Erkek birbada ukuda bolsa-da, dodaklary, elleri, uýlugy, dyzlary we aýaklarynyň ujy bilen zenana ýelmeşdi. Ýalaňaç zenan hem oňa goşulyp, garylyp gitdi, eräp. Hem zenan erkegiň agzyndan bark urýan çakyr ysyny süýjümtik gördi, belki şonuň için doýup bilmän sormak sordy, özem ses-üýnsüz. Isa henizem serhoşlykdan hem ukudan açylyp bilmän aýşy-eşrete gark bolup barýar. Belki bu mähre teşne iki ynsanyň, merdanyň we zenanyň düýş bolmagam ahmal. Belki erkegiň aýtmaly aýdymy, aýalyň ýazmaly dessanydyr. Ýöne Aýşa gyssandy. Ýazmaly dessany üçin galam gözledi. Alagaraňky otagda, erkegiň düşeginde galam nirde bolsun?! Erkegiň ujydyny emaý bilen aýasyna alan zenanyň gyzgyndan ýumşak elleri. Bütin barlygy undup, ýaşaýyş dessany ýazylýar şeýle pursatda. Ýöne... Isa birden gözlerini açyp, eýýam eşret sallançagynda hüwdülenip, humar bolan çuw-ýalaňaç zenany bar güýji bilen itiberip, özem zöwwe ýerinden turdy. Ikisem hiç zada düşünmän galdylar. Ýöne Isa bir sanyýa lap-lap ýanýan ýüzüni tutup durşuna: - Merýem - diýip, gorky bilen dillendi. – Merýem, aklyňdan azaşdyňmy, Merýem?! Sylapberdi MUHAMOW. 08.10.23. Garadaşly, Akdepe. | |
|
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |