00:18 Gijeler garañky bolar... | |
GIJELER GARAÑKY BOLAR...
Publisistika
Yşyk syzylyp çykar käbir penjirelerden... Tuty tümlüge garşy durar... Aýdyñlygy ýitiren adamlar öz dynnym ýalyja yşyklaryny ýakypdyrlar... Gijeler garañky bolar... Bir pişik ylgar trotuardan trotuara... Uzakdan gelen zibil maşynynyñ sesi eşdiler bir ýerlerden.. Köçäniñ bir ujunda ýanyp duran çyra... Gün dogup-dogmanka öz-özünden öçer... Gijeler garañky bolar... Ýassyklara goýlan kellelerde gaýmalaşýan hyýallar... Ajap arzuwlar garañkylyga garamazdan edilýär... Şäheriñ üstünde ganat kakyp uçup ýörensiñ, baý bolansyñ, toý tutýansyñ, ekzamenlerden geçýänsiñ, tans edýänsiñ, söýüşýänsiñ, körpeleriñ täze topy, ulularyñ awtoulagy bolar... Bir seredersiñ, ýalta iniñ inžener bolandyr... Käwagt ýassyklar öllener gijelerde... Ýatlamalar esasan gijelerine gelýär, emaý bilen... Bir ene “Gijä galaýma” diýip gygyrýar… Bir çaga üç tigirli welosipeddedir… Bir söwer ýar bireýýäm gidendir… Barlaryñ birinde gyzyl köýnek aýdymçy gyz şol bir köýneginde otuz ýyl bäri şol bir aýdymy aýdyp oturandyr... Wyždan iñ köp gijelerine dymýan däldir... Göresimiz gelýän zatlary birin-birin tapyp getirmek gijeleriñ häsiýetidir... Agzyny açanlary alyp gitdiler... Türmeler müñlerçe bigünä adamlardan doly... Hukugyñ agzy ýelimlendi, diñe güýçliniñ aýdany bolýar… Eneleriniñ gujagynda türmelere bent bolan bäbejikler-de bar, neressejikler türmäniñ darajyk hüjrelerinde gijelerine hasam köp aglaýandyrlar... Tegelek üç müñ sany ene garañky gijelerde boş otaglara geçip, watan goragynda şehit bolan ogullarynyñ ýassygyny gujaklap-ysgap aglaýandyr... Parça-parça edilen adamlar biri-birine duşman... Käbir adamlar "bu bolşumyz bilen oñlulygyñ üstünden barmarys, uruş turaýmasa" diýýär... Gepiñ keltesi, ýurdumyz başymyza düñderilýär... Unutma, janjagazym... Ogry garañkylygy söýýändir... Dar agaçlary gije dikilýär... Garakçylar hemişe garañkyñ düşerine garaşdylar... Gijeler garañky bolýar... Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 29.03.2017 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |