GITLERIÑ ÝALÑYŞY
Örän zannyýaman bolupdyr Gitler,
Örän çökder zalym bolupdyr Gitler.
Näçe gezek dünýä bilen äht edip,
Näçe gezek ähtin bozupdyr Gitler.
Şeýle adam ýurduñ başynda durup,
Başga bir döwlete eýlände hüjüm,
Garşysynda müñläp berkitme gurup,
Ýurt halas etmäge ýetermi güýjüñ?
Oñ özünden zannyýaman bolmasañ,
Özünden müñ esse bolmasañ zalym,
Ondan beter ähtiýalan bolmasañ,
Baryp bir petige direler alnyñ.
Ýewropanyñ men-men diýen ärleri
Onuñ garşysynda durup bilmändi.
Gitleriñ resminiñ allarna garşy
Mekru-al ýa reje durup bilmändi.
Ýowuzlygyñ garşysyna ondan has
Ýowuz bir belany çykarýar Alla.
Gözellik dünýäni eýlemez halas,
Gözellik bu işde alynmaz alga.
Gitlerden has zannyýaman bir adam
Hem ondan hilegär hem ondan zalym,
Ähtiýalanlykda ondan zyýada,
Ýamanlyk ylmynda beýik bir alym -
Stalin Gitleriñ resminden gorkman,
Oñ adam awlamak kesbinden gorkman,
Onuñ beter hyrsyz keşbinden gorkman,
Çakgyñ çüýi ýaly çeşminden gorkman,
Onuñ çirkin-çirkin sesinden gorkman,
Durupdyr zalymyñ öñünde zalym.
Iki tarapdan hem kän boldy paýhyn.
Ýigriminji ýüzýyllykda
Adamzat,
Geçen uruş seniñ iñ uly aýbyñ.
Ýöne gürrüñ häzir aýyp hakda däl,
Aýbygadym iki betpäl hakynda.
Çünki, aýyp iki sany zalymda,
Günä ýokdy hiç döwletiñ halkynda.
Gitleriñ ýalñyşy: asla özünden
Ökde birne duş bolaryn öýtmändir.
Has geñ ýeri: nemes razwedkasam
Ýa bilmändir, ýa bilse-de öñünden
Gitlere bu hakda hiç zat aýtmandyr.
Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
Goşgular