21:22 "Goçmyrat ahuny bardyr Nohuryñ..." | |
“GOÇMYRAT AHUNY BARDYR NOHURYŇ...”
Edebi makalalar
Geçen asyryň başlarynda Durdy bagşynyň ýazan belli goşgusynda «Goçmyrat ahuny bardyr Nohuryň» diýen setir bar. Ahun ýogalanda, Mätäjiniň ogly Molladurdynyň ýazan gynançly goşgusy hem edebiýat muşdaklaryna bellidir. Bu goşgy 1919-njy ýylda ýazylypdyr. Dostlarym, dada geldim şum pelekniň elinden, Emendirip oýnaýyp ahyr utar bu bazy: Ajal gelse peýda ýok dileýarlar dilinden, Nije ýyllar ýalbarsaň, kylmaz rehi, azyzy. Nohurly Goçmyrady Biribar aldy bizden, Göýä dünýä garalyp, röwşen gitdi ýer ýüzden, Matam tutup müminler, ýagmyr ýagdyrdy gözden, Ýasyndan ýedi yklyma ýetişdi nowha sazy... ...Şol molla Goçmyradyň mrdhi tükenmez tamam, Şerafatly ylmynda münewwer boldy yslam, Şerigata şöhrat berip: dinge berdi serenjam, Türküstana – taglymy, dabarasy doldy Hejazy... Goşgy on bentden ybarat. Goşguda Goçmyrat ahunyň belent edamkäçilik häsiýetleri, öz döwrüniň örän sowatly adamy bolandygyny, hatda onuň şan-şňhratynyň bütin Türküstana ýaýrandygyny, “müminlere mähriban, şirin zyban şekergantdygyny” ... ussatlyk bilen beýan edipdir. Ady türkmen iline ýaýran bu din hadymy hakda il arasynda rowaýata öwrülip giden gürrüňler az däl. Size berjek bu gürrüňlerimi hem gojalardan eşidipdim. Bu waka geçen asyryň başlarynda Sumbar jülgesinde bolup geçipdir. Ekiz uýalar ekiz dogana durmuşa çykyp, hamyla bolupdyrlar, dokuz aý, dokuz gün diýlende bir günde, bir sagatda, bir öýde bäbekler dünýä inýär. Biriniň ogly bolýar, biriniň gyzy. Gije bolansoň, bäbejikler çalşylan bolmagy ähtimal. Göwünlere iňkislik aralaşyp, doganlaryň arasynda närazylyk ýüze çykýar. Nätmeli? Meseläni çözüp bilýän ýok. Ahyry olaryň hossarlary Garrynohur obasyna gaýdýarlar. Ilki bir ahunyň huzuryna barýarlar. Ol muny özüniň çözüp bilmejekdigini boýun alýar: «Goçmyrat ahun çözer» diýýär. Ahun dag aşyp gelen adamlary gadyrly garşylaýar. Hezzet-hormatdan soň, ol myhmanlaryň habaryny alýar. Olar öz arzlaryny aýdansoň, ahunyň gözüne birazajyk ýaş gelýär, hormat goýup ýören ahunynyň adyny tutup, ol: «Eý, pylany jan, meseläni çözübilmäniňe gaty gynanýan. Ol aňsat ahyryn» diýýär. Aýallaryň tikin-çatymda ulanýan oýmaklaryna gelinler süýt sagýarlar. Ikisem mizan, adyl terezide çekip görýärler weli, oglanjygyň ejesiniň süýdi agyr gelipdir. * * * Arkaçda ara dawa düşüp, biriniň iki ogluny öldüripdirler. Şoňa-da Goçmyrat ahuny töwellaçy getiripdirler. Ol atdan düşüp, tebärek okap başlaýar. Wepat bolanlaryň kakasy: «Tagsyr, şu öýe gir, iki sany gelin boýnuny burup oturandyr. Ikisiniňem adamsyny öldürdiler. Häl-ä iki, onam bolsa seň üçin olaň günäsini geçdim. Ýöne şol adamlar şu ýurtdan göçsünler» diýip aýdypdyr. Bu bolsa ahunyň il içinde hormat-sylagynyň näderejede uly bolandygyna şaýatlyk edýär. Garaz-haý, Goçmyrat ahunyň baran ýerinde meseläni oňyn çözüp gaýtmadyk ýeri ýok. Häzir Garrynohur obasynda onuň nebereleri ýaşaýar. Birki ýyllykda ýolumyz düşüp, olaryň öýlerine sowuldyk. Olar maňa şonda bir hoş habar aýtdylar. Olar Goçmyrat ahunyň okan kitaplarynyň bir bölegini onuň ýaşan öýüniň diwaryndan tapyp alypdyrlar. Men muňa haýran galdym. Ahundan galan mirasy görmäge howlukdym. Kitaplary sandygyň içinde ýerleşdiripdirler. Kitaplar wagtyň geçmegi bilen saralyp gidipdir. Ýalňyşmasam, 30-40 kitap dagy barmyka diýdim. Ýöne men bu kitaplary okap bilmeýänim üçin gaty gynandym. Belki-de, munuň bilen gyzyklanjak adamlar tapylar! Kitaplaryň käbirinde ahunyň öz eli bilen eden ýazgylary hem bar. Döwet galamy, onuň gaby hem şu çaka çenli saklanyp galypdyr. Kitaplary, megerem, ahun ýogalandan soň gizläpdirler. Çünki, o döwür köne kitaplaryň ýok edilýän döwrüdi, ol kitaplary üçin adamlar kellelerini eteklerine salmaly bolýardylar. Şonuň üçinem, ahunyň sarpasyny belentde saklaýan adamlar onuň mirasynyň dargap gitmezligi, bigadyr adamlaryň eline düşmezligi üçin diwary oýup, onuň içinde kitaplary ýerleşdirip, ony gowy suwapdyrlar. Goçmyrat ahunyň uly dogany molla Ysmaýyl ahunyň agtygy meniň garry enem Nowbahar bu ahun adamlar hakynda bize häli-şindi gürrüň edip berýärdi. Onuň ahun atasy molla Ysmaýyl ahun Könekesirde oba çagalaryna bilim -sowat öwredipdir. Onuň gurduran metjidi bu günki gün biziň obamyzyň arzyly ýeri. Ine, şol garry ahun öz öýündäki kitaplarynyň ýok edilmezligi üçin uly sandygy keçä dolap , ýere gömüp goýupdyr. Enem pahyr sandygyň gömlen ýerine çenli görkezýärdi. Ýöne weli ol kitaply sandygy halas etmek hakda hiç kim pikir etmeýärdi. Goçmyrat ahun on dokuzynjy asyryň ortalarynda on ýedi ýyllap Buhara medresesinde bilim alypdyr. Öz döwrüniň tanymal adamlary – hanlardyr serdarlar, ahunlardyr işanlar, şahyrlardyr bagşylar... bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr, olaryň uly hormatyna mynasyp bolupdyr. Esengululy balykçylara bugdaý we beýleki azyk önümleriniň zerur gerek halatynda ýardam edeni üçin, gaýdyp baranlaryndan soň, olar öz gaýyklarynyň birine Goçmyrat ahunyň adyny dakypdyrlar diýýärler. Eşidişime görä, şo gaýyk geçen asyryň ortalarynda-da bar ekeni. Men ýaňy Goçmyrat ahunyň okan kitaplarynyň tapylandygy hakda aýdypdym. Munuň bilen Bilim ministrliginiň şol wagtky jogapkär işgärleri Nurnazar Şadow bilen Serdar Çüriýew, Sary Saryýew gyzyklanyp, birnäçe gezek Nohur obasynda, Goçmyrat ahunyň nebereleriniňkide myhmançylykda bolup geldiler we ahundan galan kitaplaryň atlaryny, nirede heşir edilenligini, näme hakdalygyny anykladylar. Munuň bilen okyjylar hem tanyş bolsunlar maksady bilen olary çap etmegi makul bildim. Kitabyň ady: Aýni şerhi, Hidaýe el-meşhur el-binaýe fi şerhil-hidaýe. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Ebu Muhammed Mahmud bin Ahmed el-Aýni. Çap edilen senesi we yeri: Hindistan. Kitabyň ady: Jami’ur-ramuz we gawassul-bahreýn (Şerhi mutesarul wikaýe). III jilt Kitabyň ugry: Yslam hukugy Kitabyň awtory: Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Muzeýýeletud-diraýeti limukaddemetul-hidaýe Kitabyň ugry: Yslam hukugy Kitabyň awtory: Muhammed Abdulhaý bin Muhammed Abdulhalim. Çap edilen senesi we yeri: 1293 hijri. Mustafa Muhammedhan çaphanasy Kitabyň ady: Şerhul-wikaýe ma’a haşiyeti umdetur-ri’aýe. Kitabyň ugry: Yslam hukugy Kitabyň awtory: Muhammed Abdulhaý Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Siraji ma’a ziyaus-siraj. Kitabyň ugry: Yslam hukugy (tereke). Kitabyň awtory: Sirajeddin Muhammed. Çap edilen senesi we yeri: 1316 hijri. Hindistan. Kitabyň ady: Şerhi Molla Jamy. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy. Kitabyň awtory: Abdurrahman Jamy. Çap edilen senesi we yeri: 1298 hijri. Mustafahan çaphanasy. Kitabyň ady: Mişkatul-mesabih. El-ikmal fi esmäir-rijäl. Kitabyň ugry: Hadys. Kitabyň awtory: Muhammed bin Abdullah Weliýýuddin et-Tebrizi Çap edilen senesi we yeri: Faruky çaphanasy, Deli, Hindistan. Kitabyň ady: El-Hidäýe fi şerhil-bidäýe ma’a muzilud-diraýe li mukaddemetul-hidäýe. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Ali bin Ebu Bekr Merginani. Çap edilen senesi we yeri: Yusufi çaphanasy. Kitabyň ady: Şerhi muhtesarul-wikaýe. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Mewlana Aliýýulkary. Çap edilen senesi we yeri: 1908 milady. Kazan. Kitabyň ady: Jami’ur-ramuz. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Şemseddin Muhammed el-Kuhstany el-Horasany. Çap edilen senesi we yeri: 1908 milady. Kazan. Kitabyň ady: Gyýasul-lugat. Kitabyň ugry: Dil öwreniş. Kitabyň awtory: Gyýaseddin Muhammed bin Jelaleddin Rampury. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Tewzyh ma’a haşiýeti et-Telwih we şerhuş-şerh. Kitabyň ugry: Arap dili. Kitabyň awtory: Ubeýdullah bin Mesgud Sadruşşeri’a bin Täjuşşeri’a. Çap edilen senesi we yeri: 1913 milady. Kazan. Kitabyň ady: Fetawaee Hindiýýe. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Nyzam Hasan bin Mansur el-uzjendi Fahreddin. Çap edilen senesi we yeri: 1310 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Haşiyetul-muhakkyk Desuky ‘ala şerhil-muhtasarul-ma’any. Kitabyň ugry: Arap dili. Kitabyň awtory: Sa’duddin Taftazany. Çap edilen senesi we yeri: 1306 hijri. Istambul. Kitabyň ady: Mukaddemetul-Hidaýe. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Muhammed Abdulhaý. Çap edilen senesi we yeri: 1301 hijri. Kitabyň ady: El- Meslekul Mutekassyt fil-mutewassyt ‘ala lubabil-menasik lissindi. Kitabyň ugry: Kitabyň awtory: Molla Aliýýulkary. Çap edilen senesi we yeri: 1319 hijri. Kitabyň ady: Fetawaýe Hindiýýe. III jilt. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Nyzameddin Balhynyň ýolbaşçylygynda Hindistanly alymlar topary. Çap edilen senesi we yeri: 1310 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Mefatihul-gaýb, tefsiri kebir. I jilt. Kitabyň ugry: Tefsir. Kuranyň teswiri. Kitabyň awtory: Fahreddin Razy. Çap edilen senesi we yeri: 1308 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Hazinetul-esrar jeliletul-ezkar. Kitabyň ugry: Kitabyň awtory: Seýýid Muhammed Hakky Nazili. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Mefatihul-gaýb, tefsiri kebir. II jilt. Kitabyň ugry: Kuranyň teswiri. Kitabyň awtory: Fahreddin Razy. Çap edilen senesi we yeri: 1308 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Şerhi muhtesarul-wikaýe. II jilt. Kitabyň ugry: Yslam hukugy Kitabyň awtory: Mewlana Aliýýulkary Çap edilen senesi we yeri: 1328 hijri, Kazan. Kitabyň ady: Haşiýeti Abdulgafur. Haşiýeti Abdulhakim. Haşiyeti Nurmuhammed Mudakkyk (Molla Jamynyn şerhi). Kitabyň ugry: Arap grammatikasy. Kitabyň awtory: - Çap edilen senesi we yeri: - Kitabyň ady: Tekmileti Abdulgafur. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy. Kitabyň awtory: Muhammed Abdulhakim ibn Şemseddin Siýalkuti. Çap edilen senesi we yeri: - Kitabyň ady: Mefatihul-gaýb. Tefsiri kebir. I jilt. Kitabyň ugry: Tefsir. Kuranyn teswiri. Kitabyň awtory: Fahreddin Razy. Çap edilen senesi we yeri: 1308 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Fetawaýe Hindiýýe. I jilt. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Nyzameddin Balhynyň ýolbaşçylygynda Hindistanly alymlar topary. Çap edilen senesi we yeri: 1310 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Muharrem efendi. I jilt. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy (Molla Jamynyň şerhi) Kitabyň awtory: Muharrem efendi. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: El-Binaýe fi şerhil-hidaýe el-meşhur Aýni şerhi-hidaýe. I jilt. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Muhammed ibn Ahmed ibn Musa Aýni. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Mezubeýi mejmu’etul hawaşi el-müte’allik ‘ala şerhil akaidul-uzdi lil muhakkyk Jelaleddin Eddewany. Kitabyň ugry: Kelam. Akaid (yslamyn ynanç esaslary). Kitabyň awtory: Awtorlar topary Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Mefatihul-gaýb. Tefsiri kebir. VIII jilt. Kitabyň ugry: Tefsir. Kuranyn teswiri. Kitabyň awtory: Fahreddin Razy. Çap edilen senesi we yeri: 1308 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Şerhil wikaýe. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Delailul-haýrat ma’a mezra’il-hasanat. Kitabyň ugry: Salawat kitaby. Kitabyň awtory: Çap edilen senesi we yeri: Peterburgda 1893-nji ýylda rugsat berlen. Taşkentde çap edilen. Kitabyň ady: Muharrem efendi. II jilt. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy (Molla Jamynyň şerhi) Kitabyň awtory: Muharrem efendi. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Molla Ahmed ‘ala şerhi Akaidun-Nesefiýýe. Kitabyň ugry: Akaid. Kelam. Kitabyň awtory: Çap edilen senesi we yeri: Peterburgda 1900-nji ýylda rugsat berlen. Taşkentde çap edilen. Kitabyň ady: Tefsiri Jelaleýn. I jilt. Kitabyň ugry: Tefsir. Kuranyn teswiri. Kitabyň awtory: Jelaleddin Muhammed ibn Ahmed. Çap edilen senesi we yeri: 1308 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Mefatihul-gaýb. Tefsiri kebir. VII jilt. Kitabyň ugry: Tefsir. Kuranyn teswiri. Kitabyň awtory: Fahreddin Razy. Çap edilen senesi we yeri: 1308 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Akaidul Imamun-Nesefi. Kitabyň ugry: Kelam. Akaid (yslamyn ynanç esaslary). Kitabyň awtory: Ymam Nesefi. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Mefatihul-gaýb. Tefsiri kebir. VI jilt. Kitabyň ugry: Tefsir. Kuranyn teswiri. Kitabyň awtory: Fahreddin Razy. Çap edilen senesi we yeri: 1308 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Molla Jemal we Molla Abdurrahman. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy. Kitabyň awtory: Jemal ibn Nasyr we Abdurrahman El-Jamy. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Mefatihul-gaýb. Tefsiri kebir. IV jilt. Kitabyň ugry: Tefsir. Kuranyn teswiri. Kitabyň awtory: Fahreddin Razy. Çap edilen senesi we yeri: 1308 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Mizanul-intizam. Kitabyň ugry: Mantyk. Logika. Kitabyň awtory: Ahmed Sydky ibn Aly el-Bursewi. Çap edilen senesi we yeri: 1305 hijri. Kitabyň ady: Şerhi Ilýas. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Muhammed Sadyk Gulam Aly. Çap edilen senesi we yeri: 1325 hijri. Lahor. Kitabyň ady: Salaty Mesgudi Türki. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Mewlana Mesgud Mahmud ogly. Çap edilen senesi we yeri: 1329 hijri. Taşkent. Kitabyň ady: El-Binaýe fi şerhil-hidaýe el-meşhur Aýni şerhi-hidaýe. II jilt. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Muhammed ibn Ahmed ibn Musa Aýni. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Fetawaýe Hindiýýe. II jilt. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Nyzameddin Balhynyň ýolbaşçylygynda Hindistanly alymlar topary. Çap edilen senesi we yeri: 1310 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Et-takrirul-ma’kul fi beýanil-hasyl welmahsul. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy. Kitabyň awtory: Abdurrahman Jamy. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Telhisul-beýan fi izahul-me’any. Kitabyň ugry: Arap dili. Kitabyň awtory: Taftazany. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Şerhi Subatul-ajizin. Kitabyň ugry: Yslamyn şol sanda sopuçylygyň edep-ahlak kadalary. Kitabyň awtory: Sirajeddin Sufi Allaýar Meýan Kaly Samarkandy Buhary. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Käfiýe. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy. Kitabyň awtory: Jemaleddin ibn Hajib. Çap edilen senesi we yeri: 1296 hijri. Kitabyň ady: Muhtesarul-wikaýe. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Sadruşşeriga. Çap edilen senesi we yeri: 1327 hijri. Kitabyň ady: Şerhi muhtesarut-tasrif el-Izzi. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy. Kitabyň awtory: Mesgud ibn Omar et-Taftazany. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Şerhul-wikaýe. III jilt. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Zahiratul-ukba fi şerhi Sadruşşerigatul-uzma. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Yusuf ibn Jüneýd et-Towkaýy. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Fetawaýe Hindiýýe. V jilt. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Nyzameddin Balhynyň ýolbaşçylygynda Hindistanly alymlar topary. Çap edilen senesi we yeri: 1310 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Telhisul-miftah. Şerhul-muhtasar. Miftahul-ulum. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy. Kitabyň awtory: Taftazany. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Fetawaýe Hindiýýe. VI jilt. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Nyzameddin Balhynyň ýolbaşçylygynda Hindistanly alymlar topary. Çap edilen senesi we yeri: 1310 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Mefatihul-gaýb. Tefsiri kebir. V jilt. Kitabyň ugry: Tefsir. Kuranyn teswiri. Kitabyň awtory: Fahreddin Razy. Çap edilen senesi we yeri: 1308 hijri. Müsür. Kitabyň ady: Muhtasarul-ma’any. Kitabyň ugry: Arap dili. Kitabyň awtory: Mesgud ibn Omar Taftazany. Çap edilen senesi we yeri: 1307 hijri. Kitabyň ady: Desuki. II jilt. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy. Kitabyň awtory: Çap edilen senesi we yeri: 1307 hijri. Kitabyň ady: Tewzyh fi halli gowamizut-tankyh. Kitabyň ugry: Arap dili. Kitabyň awtory: Ubevdullah ibn Tajuşşeriga. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Hülasatul-hisab. Kitabyň ugry: Matematika. Kitabyň awtory: Amili Bahauddin Muhammed ibn Huseýin. Çap edilen senesi we yeri: 1306 hijri. Kitabyň ady: Fewaidu wafiýe bihalli muşkilatil kafiýe. Molla jamy. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy. Kitabyň awtory: Abdurrahman Jamy. Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Bidan. Kitabyň ugry: Arap grammatikasy. Kitabyň awtory: Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Kitabuş-şera’ig. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Muhtasarul-wikaýe. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Heftýek şerif. Kitabyň ugry: Kuranyn bir ýediden bir bölegi. Kitabyň awtory: Çap edilen senesi we yeri: Kitabyň ady: Terjumati-muhtasarul-wikaýe. Kitabyň ugry: Yslam hukugy. Kitabyň awtory: Terjime eden Muhammed Salah. Çap edilen senesi we yeri: 1902 milady. Kazan. Kitabyň ady: Siraji fil-miras. Ma’a haşiýeti delilul-wurras. Kitabyň ugry: Yslam hukugy (mirasy paýlamak). Kitabyň awtory: Sirajeddin Muhammed ibn Abdurraşid es-Sejawendi el-Hanafi. Düşündiriş ýazan Edibul-Erib el-Fazylul-Lebib Muhammed Nyzameddin el-Kiranweý. Çap edilen senesi we yeri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |