17:45 Gogola | |
GOGOLA
Goşgular
![]() Ýürek sansyz pikirleriñ ýesiri: Biri ony gysýar, ýarmakçy biri. Üçünjisi oña sygnyp aglaýar, Hudaý görkezmesin, bu ne ahy-zar! Ýüz tutara kimiñ bar, Göz bolsañ hem gözsüze, Kim aýdanyñy añlap, Düşüner beýik söze? Hemme ker - başlar egik, Biri zynjyr baglaýar. Eý, meniñ beýik dostum, Sen gülýäñ, men aglaýan. Aglanyñdan ne peýda, Diñlän tapylmaz seni... Oýandyrmaz ýurdumy Gümmürdeýän top sesi. Ata gurban eýlemez Eziz ogluny - janyn Erki üçin, şany üçin Biziñ Ukrainanyñ. Ol ony terbiýeleýär, Soñ esger bolsun diýip. Tagta hem-de Watana Saýasyn salsyn diýip. Ne bir zat eşideris, Ne-de bir zat añlarys. Eziz dogan, biz diñe Güleris hem aglarys. Taras ŞEWÇENKO. Terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |