19:24 Goja | |
GOJA
Goşgular
B. Kerbabaýewe. Ol juda arkaýyn, Äwmän barýardy, Märekäñ içinden, ýatladyp toýy. Şemal baga çykyp, saçyn darýardy, Çünki oñ boýundan gysgady boýy. Dagyñ bir bölegi! Bölegem däl-de, Dagyñ özi ýaly parasatlydy. Deñinden geçenler biraz saklanyp, Oña baka-baka, köñül şatlady. Göge alma atsañ, ýere gaçmajak Märekäñ içinden äwmän barýardy. Agras, Ynamlydy ädim uruşy, Kä başyny atyp, Kä ýylgyrýardy. Daýaw egni bilen ýol arçaýardy, Çal başyna degip, beýgelýär asman. Paýhasyñ özi dek äwmän barýardy Hemem nämüçindir, elmydam juwan. Näçe materigi, ýurtlary sökdi, Tanyş oña goja dünýäñ dört çeti. Ýöne göbek gany siñen ülkäni, Ine, şeýdip, Ädim bilen ölçedi. Howlukmady, Äwmän, paýhasly ýördi, Ýol-ýodalañ batgasyndan-gumundan, Geçäýmäýin diýýän ýaly howlugyp Göwün açman bir gamgynyñ deñinden. Ine, durdy, Şlýapasyn çykardy. Eli bilen gözün günden gorady. Bir ýigdekçe geçip barýan zenandan: ㅡ Aýtsañyzlañ, kim ol? ㅡ diýip sorady. Zenan guwanç bilen goja seretdi, Tanýandygyn bagt saýyp şo bada. Ähli dilde, Ähli ýurtda düşnükli, Örän gysga hemem örän düşnükli Jogap berdi: ㅡ Kerbaba... ■ BASGANÇAK ''Oýna güýmäp agtyk, çowluklaryñy Ýa bejerip köne pensnäñi sen, Al-da otur ahyr pensiýañy sen. Seniñ ýaşyñ söýýär howlukmazlygy.'' Diñleýäñ kärdeşleñ maslahatyny, Geñleýäñ, güñleýäñ misli degirmen: ''Entejik ýok gyljym asmak maksadym, Oñarmaryn eger, eger, eger men.'' ''Ýedide turuz'' ㅡ diýp, sagadyñ burýañ, Emma ertir sen sagadyñ oýarýañ. Sagadyñ zeýrenýär: ''Uzyn gije sen Uklamadyñ, boýun alaý ㅡ goja sen!'' Oñ şaññt sesine kän gulak asman, Çala pyşyrdaýañ ''Ahmaldyr...Ahmal.'' Papkañy goltuklap çykýañ köçä sen, Dükanlaryñ deñesinden geçýäñ sen. Işdämen ýuwudyp säher howasyn, Seniñ ýöräp barşyñ şeýle bir täsin. Diýýär ýolagçylar ýekänme-ýekän: ''Bu professormykan ýa dekanmykan! Beýle bolsa, oñ ''Wolgasy'' niredekän!'' A sen professor, ne-de bir dekan, Barýañ öz işiñe ㅡ söýgiñe bakan. Gijä galyp barýañ ㅡ okuw başlanjak, Öñüñde ýapgyt däl ㅡ dim-dik basgançak. Ýaýdanýañ, seredýäñ depäñe bakan: ''Ah, nädip çyksamkam, nädip çyksamkam?'' Galýañ. Gan beýniñe urýar, dyñzaýar, Her basgançak dag gerşine meñzeýär. Ýatlaýañ şol geçen juwan ýyllaryñ, Birden üç basgançak aşýan ýyllaryñ. ...Bilenñi öwretdiñ bilşiñe görä, Bilmeseñ, özüñe igendiñ örän. Ýatmadyñ, öwrendiñ işde-öýüñde, Söýdüñ öz käriñi çaga söýen deý. Bir hyjuw gaplapdy kalbyñy seniñ: Öwret bilmeýäne barja bileniñ. Señ eliñde höwes bilen okanlar, Indi professorlar, indi dekanlar. Şu basgançak seniñ ömrüñ şaýady, Ol indi her säher garşy alýardy. Her säher galañda şu ýoluñ bilen, Öz işiñde bir gez beýgelýärsiñ sen. Goý, ynjyk gojalar basman çagyla, Asfaltdan ''Wolgaly'' ýortubersinler. Sen durmuşyñ dim-dik basgançagyndan Galdyñ adamçylyk mertebesine! Häzir bolsa, galdy soñky basgançak, Basym çyk, basymjak okuw başlanjak! * * * Gadym goja Arhimed Etdi dünýä merhemet. Ol tüýi agaran arryk gursagyn, Gulaklaryn, kellesini, tirsegin Ýuwmaga derek, Emaý bilen suwa çümdi-de çykdy. Çykdy-da, ol bar Ýunana jar çekdi. Adamlary müñ alada goýdy ol: 'Ewrika! Ewrika! Tapdym!'' diýdi ol. Ol suwlar müñ gezek galdy asmana, Müñ gezegem indi zemine sary. Adam suwa düşüp geldi heýjana, Ýöne ''Tapdym!'' diýip çykmady bary. Tapmanlary üçin gadym goja dek, Bolmaz adamlara günä ýüklemek. Ýöne başga zada geñ galmak gerek, (Olar muny nädip, Neneñ başarýar? Suwdan çykyp, ''Tapdym!'' diýmäge derek, Suwdan gury çykýan jadygöýler bar! Arhimediñ taglymaty bireýýäm Sowatly adamlañ baryna aýan. Ýöne adam ogly pikir öwürip, Müñ alada goýup birek-biregi, Düşünenok suwdan gury çykýana. Ine, şudur Soraglaryñ soragy... ■ SURATÇY OGLAN Çekdi oglan dag suratyn adama meñzeş. Çekdi oglan bag suratyn adama meñzeş. Uzyn günläp deñiz çekdi, gül çekdi, Hemmesine jan beräýseñ, adam deý: ''Ah ýaşamak hezil!'' diýip güljekdi. Ertesi gün surat dersi Mäkäm gysyp dişlerin, Ine, okuwçylañ hersi Görkezýär öz işlerin. Otyr oglan, Depderinde ençe ýürek müñzeýär. Günem ㅡ Adam, Gülem ㅡ Adam, Asyl çeken ähli zady adamlara meñzeýär. Mugallyma köp zeýrendi: Wah, seniñki şol bir zat ㅡ Günem çekseñ ㅡ Adamzat. Gülem çekseñ ㅡ Adamzat. Näzik şemal şahalarda çalyp otyr sykylyk. Barýar oglan öýlerine, depderinde ikilik. Gökde güneş adam ýaly: Gam çekme, oglan! ㅡ diýdi. Ýerde güller adam ýaly: Gam çekme, oglan! ㅡ diýdi. ...Ertesi gün uzakda Doganda güneş, Oglan ýene Gün çekdi Adama meñzeş! | |
|
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |