19:04 Goja we gök çaý | |
GOJA WE GÖK ÇAÝ
Goşgular
Goja gök çaý bilen ysnyşdy juda, Bir gün oñup biljek däldi gök çaýsyz. Bir-birinden hiç wagt düşmeýän jyda Dostdular taýsyz. Goja ine bir gün şähere gitdi, Şäher ýoly örän uzakdy uzak. Gök çaýyn galdyryp, kän puşman etdi Goja şol gezek. Goja ogly bilen yranyp barýar, Şäherde agtygy bardy gojanyñ. Prowodnik oña gazly suw berýär: "Gönener janyñ!" Goja suwy içip, başyn ýaýkaýar, Soraýarlar: "Neneñ eken gazly suw?!" "Hiç neneñ däl welin, çaýyñ ornuny, Tutup bilmez bu!" Goja garry daýza hödür edýär çal, Çal tütedip barýae gojanyñ burnun. "Aýdyp otur, niçik gördüñ çaly, çal?!" "Tutmaz çaý ornun!" Goja bir gyz hödür edýär limonad: "Belki-de şu tutar çaýyñ ýerini?!" "Gyzym, çaýyñ ýerin tutmaz beýle zat!" Syrýar derini. Gija ahyrsoñy ýetýär şähere, Begenip öñünden çykýar agtygy. "Çaý demläpjik goýdum, bilýänim üçin Geljek wagtyñy!" Goja telpegini bir gyra oklap, Gök çaýly çäýnegi öñüne alýar: "Indi bildim, çaýy agtyk demlände, Has süýji bolýar!" ■ GÜÝZ GÖRNÜŞLERI Tomus geçdi howry bilen ýandyryp, Giriber, açyldy güýzüñ gapysy: Çykaran jüýjesin ganatlandyryp, Göçüp barýar saýrak guşlañ köpüsi. Ünslije äñetseñ iki-bakana, Görýärsiñ çöplükde busan towşany. Akbaş tozgalary gonýar ýakaña, Ýada salyp gyşda garyñ ýagşyny. Ýapraklar gaçyp dur çala şybyrdap, Sowuk kakan ot-çöpleriñ ysy bar. Oglanlañ oýnagy suwy sowlan ýap, Şykga palçygynda köpleñ yzy bar. "Jüýje sanaşykdan" tamakin hersi, Daýhanlar özüne hasabar berýär. Eññerä kowulyp kolhozyñ sürsi, El boşaşyp, barha toý güräp barýar. Aşyk-magşuklar hem yşk hasylyny, Orup, Başyn birleşdirýär köpüsi. ...Dynç alşa ugradyp tomus paslyny, Güýz geldi, Giriber, açyk gapysy... Hemra ŞIROW. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ «Ýa men ahate elmükel-eşýaýe külleha» / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Kyýamata goýlan goşgy / Goşgular - 08.11.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |