03:23 Gonamçylykdaky oýlanma ýa-da "Mele ýeriñ astynda-da daş gyt däl" | |
GONAMÇYLYKDAKY OÝLANMA ÝA-DA "MELE ÝERIŇ ASTYNDA-DA DAŞ GYT DÄL"
Goşgular
Matam güni. Gonamçylyk. Adamlar Öten geçenlerniň ýanyna gelýär. Hatara goýulan ýadygärlikler, Kiçiräk şäheri ýadyňa salýar. Bir ýakymsyz duýgy kalbymy gaplap, Agram salýar ýüregimden aslyşyp. Bu ýerleri hemmä deňlik hasaplap Ýördüm, asyl gurnalan deý bäsleşik, Kaşaň-kaşaň daş goýulan guburlar, Bir-birne abanşyp hatara durlar. Adamlaram sergä gelen mysaly, Olara syn edip gezişip ýörler. Asyl bu ýerde-de deňlik ýok ýaly. Öwünişip bir-biriniň ýanynda, Matam tutman, käsi magtanýar asyl. Haçan döredikä, Türkmen ganynda, Basdaşlyk diýilýän bu nejis kesel. Oýlanyň, diriler, aýyp bolmazmy? Ynjamazmy munda merhum ýatanlar? Olaň ruhuna agram salmazmy, Mermer, granitler, demirbetonlar. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |