06:10 Goňşokara / satiriki hekaýa | |
GOÑŞOKARA
Satiriki hekaýalar
― Ýaşuly, men telewideniýeden, reportaž geçirmäge geldim. Işden soňky boş wagtyňyzy hem-de dynç günleriňizi medeniýetli geçirişiňiz barada gepleşik taýýarlamakçy bolýarys. Aýdyberiň! ― Aýtsam, men-ä et kombinatynda jan aýaman, döredijilikli zähmet çekýän. Işden geldigim, demimi dürsemäge maý ýok, ýene-de işe girişýän we öndürijilikli zähmete başlaýan. ― Iki ýerde janypkeşlikli zähmet çekýäňiz-dä onda?! ― Ýok-la. Bir işe-de oňly ýarap bolanok. Men pensiýa hem alýan. Ýaşym ýetmişe ýetip barýar. ― «Demimi dürsemäge maý ýok» diýdiňiz weli, düşünmedim. ― Gyrp-çyrp edip alyp gaýdan etimi, ýagymy, garyn-gajagymy satýan diýdigim, oglum. Gapy-gapy kakyp çykmaly bolýar-da, inim. Öýümde üç sany holodilnik işläp dur weli, getirýän etlerim, oduk-budugym oňa ýerleşenok. Onsoňam, erbet ýeri, şu dört etažly 32 kwartiraly jaýda tutuş et kombinatynyň işgärleri ýerleşýär. Bularyň ählisem etden elli bizar. ― Bu goňşy öýde ýaşaýanlar bilen aragatnaşygyňyz nähili? Her hili sport ýaryşlaryny gurap, boş wagtyňyzy medeniýetli geçirýäňizmi?! ― Gatnaşygymyz örän oňat. Şolar bolmasa, damagymyzdan zadam geçjek däl. ― Diýmek, iýeniňiz aýry gidenok-da?! ― Edil özi. Ýöne iýenimiz däl-de, içenimiz aýry gidenok. Ol domdaky... ― Jaýdaky. ― Hawa, jaýdaky adamlar çakyr zawodynda işleýärler. Biz olar bilen haryt alyş-çalşygyny geçirýäris. Olar bize arak, biz olara böwrek berýäris. ― Öý uprawleniýesiniň remont bilen baglanyşykly işgärleri şol domdan, bagyşlaň, şol jaýdan çykanoklar. Biziň jaýa az gelýärler. Honha, ol domda... ― Jaýda. ― Jaýda süýt kombinatynyň işgärleri ýaşaýarlar. Süýt, gatyk, gaýmak, süzme... näçe diýseň üstümize gelip dur. Men-ä süzmäni et bilen şeýle hutma-hut, deňe-deň alyş-çalyş edäýýän. Kimden artyk ýa kem gideninde näme. Ene deregi mugt ahyry. ― Ýaşaýşyňyz erbet däl. Indi size iýmit ugrundan diňe çörek, bulka, süýji, köke gerek-dä. Şolar bolsa bes-dä. ― Wah, olaram golaý-la. Hol öýde çörek-bulka kombinatynyň işgärleri ýaşaýarlar. Konditer fabrigi bilen, limonad zawody-da hut şu mikroraýonda ýerleşýär. Günümizden müň kerem razydyrys. ― Size diňe senagat harytlary bolsa... ― Wah, oglum, bizde şol zatlar bar-da. Hany, bärräk gel, men saňa özüm barada gürrüň bereýin. Men şu et kombinatyndan döwlet tapdym. Otuz ýyl dagy işledim. Şonça döwrüň içinde çözlän içegämi bir-birine sepleseň, ýer togalagynyň daşyndan bir-ä aýlansa gerek. Şu öýden ýal ýalaýanyň ählisine diplom alyp berdim. Öýerdim. Ýene-de planlarym uly. Näçe köşk edinmeli. ― Özüňize-de diplom aldyňyzmy?! ― Özümiň ýetişenlik attestatym ýokdy. Ötüşenlik attestatym, ýagny, «1931-nji ýylda likbezde okady, harplary tükelläp, hatym etdi» diýip, hatym-dokumentim bar. ― Onda siz diplom alyp bilmeýän ekeniňiz. ― Aý, men häzirlikçe biologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen at alaýdym. Men malyň iç goşuna belet. Garry daýzaňyza-ha ýaşynyň soňunda diplom alyp berdim. Kulinariýa ugrundan. ― Daýzamyzyň öýde çaý gaýnatmak ýaly, nahar taýýarlamak ýaly işlerine kömek berýänsiňiz-dä?! ― Biz öýde nahar diýlen zady asla-ha bişiremzok. ― Gury-gurak zatlar bilen nädip oňup bilýäňiz?! ― Garry daýzaň restoranda aşpez bolup zähmet çekýär. Ortanjy gyzymyz naharhanada işleýär. Ökde kalkulýator. Bir agtygym kafede bufetçi. Şol üç sany çeşmäniň gözbaşynda oturanlarymyz bar bolansoň, biz öýde gazanyň gulagyny gyzdyramzok. Baryp, iýýäs-içýäs, garnymyza sygmadygyny pitä basyp, öýe alyp gaýdyberýäs. Iýenimizi iýýäs, iýmedigimizi bolsa... ― Itimize berýäs diýsene?! ― Ýok, itimizem işleýär. Kombinatlaryň biriniň işiginde gündiz daňýan, gije boşadýan. Itimem, şeýdip iki pasportda işleýär. Özem täze et bolmasa dadanok. Haýwan-da, düşünenok. ― Maşgala çlenleriňizem özüňiz ýaly zähmetsöýer-dä?! ― Söýer däl-de, soýar. Bir oglum aýakgap fabriginde işleýär. Işimiz zir-zibilleriň arasynda köne köwüş, äpberilen kerz ädik, apgyrdyna basylan botinka ýygnap ýörmek. ― Utül üçinmi, ýa remont edýärmi?! ― Ýok-la, her gün işe geýip gitmek üçin-le. «Ädikçiniň ädigi bitmez» diýlen söz dogry ekeni. Her gün bir köne aýakgap geýip gidýär. Işden gelende şol aýagynda ýokdur. Täzesini geýip gaýdýar. Ine, şu geýimlere seret. Agtygym atelýede işleýär. Mugtja zat, jana rahat. ― Diňe ukyňyz-da onda, özüňizden önýän?! ― Olam özümizden däl. Ine, şu uky dermanlaryny görýäňizmi?! ― Muny beri dermanhanadan satyn alýansyňyz ahyry?! ― Weý, ol nähili gürrüň, gyzym dermanhanalaryň hojaýyny ahyry. ― Ýaşuly, hoş, gepleşigi basym telewizorda görersiňiz. ― Haýsy programmada, ady, ady näme?! ― Birinji programmada, ady «Ýartygulak». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |