G Ö R E Ş
Ujy bir garyş çemesi çykyp duran sarymtyl çöpe çalymdaş ýowşandan bar agramy bilen aslyşanda, ol köki-damary bilen goparylyp eline geler öýtmändi, göwresini saklap bilmän dik aşaklygyna gaýtdy. Gurt her gezegem şeýdip dyrnaçaklap-dyrçanaklap azap baryny görüp geçen ýolundan yzyna tozap gaýtmaly bolýardy. Düşen ýerinde bolan adam süňkleri çagşap ýatyrdy. Olar hem Gurtlyň gününe düşüp, şu ýerden çykybilmän ölüp-ýitip giden adamlar bolmaly. Belki olar gadym döwrüň adamlarydyr, özlerem diriligine däl-de, jeset taşlanylandyr. Şu zeýilli set-müň pikirleri serinde aýlap otursa-da, ýekeje minudam wagtyny bişowa geçirenokdy, ähli güýjüni tijäp, ýaňadandan diwara ýapyşýardy. Haýp, öňküleri ýaly, aýagyny dirän kesegi gopýardy-da, arkanlygyna ýykylyp, şol bir ýagdaý gaýtalanar durardy. Her gezegem ol gaty ýere güpüläp düşende, uly ses edip gygyrardy. Ol ýykylanda, özi bilen alyp gaýdan tot-tozanyna garylyp, birmeýdan gözlerini açyp hem bilmeýärdi. Şonuň ýalam her gezek agyran ýeriniň ýürege berýän yzasyna döz gelmän, dişlerini oda tutulan içege ýaly gyjyrdadýardy.
Ol guýy hakynda kän zatlary bilýärdi. Zäherli ýylanly-ajdarhaly guýular hakynda-da köp zatlary okapdy. Aýratynam guýa oklanylan Mämmet jan hakyndaky ertekini okuwçy mahalam, ýetginjek mahalam gaýtalap okapdy. Ýöne ertekidäki Mämmediň başdangeçirmelerem munuňkydan her hal gowudy. Mämmet guýyda jynly çüýşä gabat gelipdi. Ana, şol jynyň kömegi bilenem guýudan çykyp, maksat-myradyna ýetipdi. Ol töweregini sermäp çykdy, eline ilen zat bolmady. Onsoňam Mämmediň elinde dutary bardy, ol dutara erk etmegi, at çapmagy, küşt oýnamak hünärlerini ürç edip öwrenipdi. Gurt özüniň ol hünärleriň hiç haýsysyndan başynyň çykmaýanlygyna ökündi.
Ýogsam, ol hem ertekilerdäki ýaly: “Adamlar, men bir hum gyzyl tapdym! Derrew guýa ýüp sallaň, çekiň ýokaryk!“ diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrmaga taýyndy. Ýöne öz sesi öz gulagyna ýaňlanýardy-da, guýyň daşyna çykmaýardy. Üstesine, bu guýynyň çöl-magalyň çölünde ýerleşýän ýaly, yns-jynsyň sesi gelmeýärdi. Guýyň içi-de içgysgynçdy, iňlär siňegem ýokdy.Guýyň düýbi çak ederden çuňdy, içi welin adam aýagy uzadardan giň däldi. Eglip ýa-da bagryň bilen süýşüp giderin ýaly ýer astynda ýol-ýoda-da ýokdy. Dumly-duş petikdi. Içi-de göni gazylan däldi, egrem-bugram bolup gidýärdi, eger-de gönüligine gazylan bolsady, onda hökman onuň içine yşyk düşerdi. Guýyň köne döwürlerden ulanyşdan galanlygy mesaňa-mälim bildirip durdy. Bu ýerde suw-ha däl, suwuň yzgaram ýokdy. Diwarlar ençeme ýyllaryň kerebinden ýaňa gatap, başly-barat örtülip gidipdi.
Gurt bir zada göz ýetirdi. Ol bu gün güýçlüdi, gujurly gollarynda näçe diýseň kuwwat bardy. Ýöne ol gujur-kuwwaty ertir, birigün... tapmajagyna gözi ýetip durdy. Ol häzir ajyganokdam, suwsanokdam. Bu ýerde birnäçe günläp galmaly bolsa, welin...
Gurduň ýaşaýan obasynda guýylaryň birnäçesi bardy, hersiniňem öz ady, aňyrdan gelýän rowaýaty bardy. Olaryň biriniň suwy şor diýmeseň, başgalaryňky içmäge ýaramlydy. Onsoň oba adamlaram, olaryň mallaram, ekinlerem şol guýulardan suw içýärdi. Käbir guýularyň suwunyň kesilen gezegem bolardy, ýöne onuňam derhal ugruna çykylardy. Etrap merkezinden ýörite ussalar gelip, guýuda arassalaýyş-abatlaýyş işlerini geçirerdi. Gurduň hem şonda guýa sallanyp, olara kömekleşen gezegi köp bolupdy. Ýöne şu obada ýaşap, şular ýaly täsin guýynyň barlygyny welin kes-kelläm bilenokdy. Onda ony bu guýa taşlan kimkä? Ýamany, şeýle guýynyň obaň haýsy çetinde ýerleşýäninem bihabardy, asla şu jelegaýda şunuň ýaly ulanyşdan galan guýy bardyr öýdüp pikirem etmändi.
Ol „Walla, meniň-a eýýämden elim-aýagym dolanýar, edenimi-goýanymy bilemok. Daşyna çykmak başartmasa gerek. Indi şeýdip men bu ýerde galybermeli bormukam?“ diýip, wagtal-wagtal içini gepledýärdi. Ýokarda heniz Gün ýaşmaly-ha däldi. Ýatar wagtam bolmaly däldi, bolmasa onuň hemişe sagat onlardan soň ukusy tutardy. Ýöne häzir uky gözünden bütinleý uçupdy. Her edip, hesip edip, bu ýerden çykmagyň alajyny etmelidi.
Içeri o diýen bir gözedürtme garaňkam däldi, bir ädim ýeri saýgarmak bolýardy. Çaşyp-pytraşyp ýatan akja süňkler hem gözedürtme garaňkyda çalaryp görünýärdi. Gurt olary birlaý dörjeşdirip çykdy. Üstme-üste, oklanylan ýalydy. Olaryň bu ýerde ýatanyna megerem elli, ýüz ýyl çemesi wagt geçendir diýip çaklady. Şol barmaşa-da adamlaryň biriniň kelle çanagyna çümüp duran peýkam okuna eli ildi. Ok etden ötüp, süňke çümen borly. Oky süňkden sogrup almak kyn düşmedi, süňkler birsyhly ses edişip, pytramak bilen boldy. Bürünçden ýasalan bir tutam boýly bu peýkamyň ujunda heniz-henizlerem ýitilik bardy. „Diýmek, adamlar guýa öli ýa-da ýaraly halda taşlanylan bolmaly“ diýip, Gurt özüçe pikir etdi.
Guýyň agzyna barýan ýol barha inçelip gidýän ýalydy. Käte diňşirgenip durýardy, yns-jynsyň sesi gelmeýärdi. Ýöne birjigem hereket etmän durmaýardy, diňe öňe, garaňkylykdan ýagtylyga dyzaýardy.
Ol elindäki peýkamyň ujuny synlap-sypalap gördi. Şunuň ýaly peýkamlary nirede görenligini ýadyna saljak boldy. Meger, kinolarda görendir, belki-de muzeýlerde gabat gelendir. Öz-ä gadymy, sag-salamat çykyp bilse, ony oba muzeýine tabşyrsa-da boljakdy. Peýkamy sypap-synladygyça, ondan ýüregi aram tapdy.Onuň bilen ýüzbe-ýüz durup „ikiçäk“ gürleşdi. “Peýkam dost, sen, haçanam bolsa, birwagtlar, adamyň janyna kast edip, külli günä gazanypsyň. Seni ýasan ussaňam „Barda, bir bigünä adamyň ganyna gal!“ diýen däldir. Muny size kimdir biri höküm edendir. Indi sen eden günäňi ýuwmaly bolarsyň. Munuň üçin bir ynsany, meni ölümden halas etmeli bolarsyň. Şuny başarsaň, onda mundan bu ýana seniň ornuň hem muzeýiň töri bolar. Saňa ol ýerde jemgyýetçilik gözi bilen gararlar. Seni asyrlardan-asyrlara apalap, gorap saklarlar“. Şondan soň ol peýkamy diwara çümdürip gördi, oňa gaty bir agram berilmese, ýokary çykyp bolar öýdüp çaklady. Şeýdibem birsellem usullyk bilen hereket etdi. Her gezek ýokary galanda, peýkamy sogrup alardy-da, ony ýene-de öňküsinden bir garyş çemesi ýokarsyna sanjardy. Her garyş ýokary galmak onuň üçin uly ýeňişdi. Her garyş ýoly geçmek ony täze bir dünýä ýakynlaşdyrýardy. Belki bu ýoly ol ertire çenli, belki birigüne çenli geçer. „Çykmadyk janda umyt bar“ , „Umytly guş käbä ýetermiş“ diýip, ol öz-özüne göwünlik berýärdi. Ol bu bolşuna-da kaýyldy. Heniz akyly-huşy, güýji-kuwwaty ýerinde. Ýöne bardy-geldi uky basmarlaberse näme, peýkamy elinden gaçyrsa näme? Ýok bolmaz, bular ýaly ýagdaýda ukyňa sak bolmaly. Peýkamy ýitirdigiň, ýaşaýşa bolan umydyňy hem ýitirdigiňdi.
Dagly ýerde önüp-ösen oglan üçin munuň kynçylygam ýokdy. Ýöne onuň häzirki ýaly güne düşüp, ýüpsüz baglanan gezegi bolmandy...
--Turduňmy, balam?—Aknur eje içerik girensoň oglunyň henizem uklap ýatandygyny gördi. Ony adaja yralady: —Gurt jan, oglum, turaweri.
Gurt ejesiniň sesine ýalpa gözlerini açdy, ýene-de gözlerini ýumdy.
--Uzakly gijäni-hä samraplar çykdyň, basyrganmazyň ýaly ýassygyň astynda bir bölek çöregem goýdum. Bular ýaly ir ýatyp, giç turmak häsiýetiň ýokdu-la. Saňa näme döw çaldy, janyň beri sagmy? Gije nirede bolduň, näme işlediň. Şeýle-de bir kaňkamak bormy? Onuňam kakaňa hasabyny bermeli borsuň.
Gurtdan ses-selem çykmady. Ýöne ejesiniň ýüzüne çalajan ýylgyryp, gözlerini owkalaşdyrmak bilen oňaýdy. „Be, bulaň habary ýokmuka?“ diýip içini gepletdi. Özi-de gara deriň içindedi. Töweregine göz gezdirdi, özüniň öýdedigine, daşardan eşidilýän çaga gülküsine, sygryň molap, eşegiň aňňyrmasyna ýüregi aram tapdy. Ony bu durmuşa gaýtaryp getiren, ýaňadan ýaşamaga puryja beren kim? Täzeden asuda asmanyň astynda durmuşyň hözirini görmäge pitiwa beren kim? Kim ony çukur guýudan çykaryp, öýüne getirdi? Ol birbada bu abyrsyz sowallara jogap tapyp bilmedi, ylla uzak wagtlap arkasynda agyr ýük göteren adamyň bolşy ýaly, agras dem aldy.
--Basymrak turaweri, oglum, ýatybildiň. Men häzir kakaň ýanyna, gaýraky mellege gidýän. Obaň käriziniň suwy çekilipdir. Basym kärizgenler geljek, senem oňardygyňdan olara kömek et. Bolmasa, gektarlap bugdaýlar süllerjek. Bol, gal indi, düşekleňňi ýygna, ertirligiňi edin. Yzymyzdan galma.
„Obaň käriziniň suwy çekilipdir. Basym kärizgenler geljek, senem oňardygyňdan olara kömek et“. Gurdy täzeden der basdy.“ Ýok, guýy bir diýmäň! „Är gorkan ýerinden, at ürken ýerinden“. Men gaýdyp-duwara guýa sallanman, ýo-ok, ýo-ok, onuň ýanyna-da barman. Kim bilýä, belki öňem meni biri o ýerik bilgeşlän itekländir. Ýogsa-da, men haýsy guýyň gürrüňini edýän-ä? Haýsy guýy, görkez, diýseler näme?“. Hany meniň şaýadym, hany meni halas eden peýkam okum nirede?“.
Ol iki elini ýassyk edindi-de, gözlerini bir nokada dikip ýatdy, ep-esli wagtdan soňam ýerinden turup, gerindi. Baryp tutyny syrdy. Bu mahal daşarda asuda durmuş, säheriň seriňi durlaýan sergin şemaly, ýaşasaň ýaşasyň gelýän bagtyýar zamananyň adamlary ir ertir bilen ýagşy niýet-arzuwlara duwlanyp, işe sary ýola düşüpdi. Gurt howludan çykyp barýan egni pilli ejesine gözi kaklyşyp, birneme ýüregi rahatlyk tapdy. Guýyly başdangeçirmeleriň hem ählisiniň düýşdügine diňe şondan akyl ýetirdi. Düýşüňem zabunydy, ol adamy kyn güne salýan, agyr günüň hupbatly synagyna sezewar edýän pajygaly düýşdi. Hälem ejesi gelip oýarmadyk bolsady, bu düýşüň näçe wagta çekjegi, onuň soňunyň nämä bilen gutarjagy belli däldi. Ol aýny wagtynda düýşünden aýňalanyna şükür etdi, munuň üçin ejesine alkyş aýtdy: “Sag bol, mähribanym. Sen meni uly bir musallatdan, agyr külpetden dyndardyň. Maňa ikinji ömür berenem ýene-de sen bolduň, käbäm!“.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Hekaýalar