17:10 Görgüli gaýynym / satiriki hekaýa | |
GÖRGÜLI GAÝYNYM
Satiriki hekaýalar
Ilki başda men süýt hakynda aýtjak. Hawa, süýt barasynda. Süýt diýsem, suddur öýdäýmäň. Ýok, daş edewersin. Suda barmaly işimiz ýok. Sebäbi biz, aýalym ikimiz bir-birimizi söýýäris. Men sygyr süýdi dogrusynda gürrüň etmekçidirin. Ençeme ýylyň içidir, aýalym Bessir jan bilen ýaşaýyp ýörenime, şondan bäri, heniz biz süýtdür gatyk dadyp gören bendeler däl. Ýogsam, biziň Howdan mikroraýonymyza günde bir gezek diýen ýaly «sary sygyr» «molap» gelýär-de gapymyzda durýar. Güžžüldedip «sagybermeli». Hakyt böwründe «Süýt» diýlip ýazylan sary çelekli maşyn sesiniň baryndan düýdülledip, gelip, işigimizde abşarylyp duýýar. Gapymyzy maňlaýy bilen açmaga az galanda aýak çekýär, ýaňky «janawar». Emma biz süýtden mydama-da binesip galýarys. Sebäbi aýalym Bessir jan ýatan ýerinden turup, gap-gaç gözleýänçä «sary sygyr» janawar gidip galýar. Bir gezek bankany alyp, özüm ylgap gitdim. Süýt guýdurdymam weli, ol çüýräp kesiläýdi. Ertesi pitini alyp gitdim, süýt aldym welin, üçünji etaža çykýançam süýt başga bir zada öwrüldi duruberdi. Süýt birýana, suw birýana bolaýdy. Soňra bir gün bankany, pitini, syrçaly bedräni gaýnag suw bilen çaý sodasyny goşup, jany çykýança ýuwdum. Gaty göwnejaý ýuwdum. Edil hojalyk magazininden ýaňy alnan ýaly doldy. Hatda aýalym: «Öý doly gap-gaç. Artyp, basan ýerim gap-çanak bolup dur. Magazinden täzesini almak nämä gerek?» diýip, maňa igenjegem boldy. Men-ä ýylgyraýdym. Hawa, onsoň, men, otüki süýdi ýaňky öz ýuwan gabymda çüýretmän getirdim. ― Süýt içeris, gatyk iýeris. Gaýmak ýalarys! ― diýip, men begendim. Emma bolmady. Bessirim süýdi bişirmek üçin gazana guýdam weli, sadagasy boldugym, ak süýt eprik ýaly birzada öwrüläýdi. Soňra dynç günümde gazany akaryň boýuna alyp gidip, ýuwa-ýuwa ap-ak etdim, gazap-gazap ýukaltdym. Süýt allanäme bolup bişip başlady. Çüýränok. Gaz köpräk açylypmy nämemi, bir görsem, süýt çogup, gazandan çykyp barýar. Menem haýal etmän, kuhnýadaky saplawy alyp, süýdi sowurmak isledim. Saplawy süýde batyranymam şoldy weli, gurbany boldugym, süýt şobada kesildi duruberdi. Gaharyma kirli saplawy başymdan aýlap-aýlap, eýwandan dazyladyp, allowarra zyňyp goýberdim. Soňundan gynandym. Sebäbi hojalyk magazininden täp-täzeje saplaw satyn almaga mejbur boldum. Indi süýdi näme sowursaň sowuryber, süýdüň kesiljek gümany ýok. ― Aýu, Gurban-a, süýt, tüweleme, allanäme bolup bişdi. Guýup elteýinmi? ― diýip, Bessirim kuhnýadan gygyrdy. ― Jama guýdajyk getiräý, nesip etdiginden, çörek bilen iýeli ― diýdim. «Dogranyp iýerin» diýip pikir etdim. Emma bolmady. Jama guýlan süýt üpür-çürür, bölek-bölek bolaýdy. Ony döküp, jamy öldir ýaly edip ýuwdum. Süýt allanäme. Içjek bolup, «Ýak, nesip!» diýip, jamdaky süýde çemçäni batyrdymam weli, ýaňkyja süýt indi süýt däl, göz açyp-ýumasy salymda ol, sadagasy boldugym, üýtgedi-de, fermanyň doňuzlaryna berilýän «obrat» diýen ýaly bir zada öwrüläýdi. Içim ýandy. Indi men özümi we çagalarymy süýtdür gatykdan binesip edýän aýalym Bessiriň daşky keşbi bilen sizi tanyşdyrmakçy. Ilki depesinden başlaýyn. Başynda ýelýyrtan ýaglygy bar. Onuň ýelýyrtan ýaglykdygyny diňe men bilýän. Onam satyn alyp beren özüm bolamsoň bilýärin. Kirden ýaňa ol mehanizatoryň traktor süpürýän mazutly esgisine dönüp gidipdir. Ýaglykdan ýagyşam geçjek däl, kuhnýada oňa oduň düşer gorkusam ýok. Indi ýuwaş-ýuwaşdan pesläp, ýaglykdan aşak düşüp, eňip ugralyň. Saçy hakynda gürrüň edeýin. Gara keçäni-hä gowy bilýänsiňiz. Edil şol-da. Şony göz öňüne getiräýiň. Darak dagy geçer öýdüp pikirem ediji bolmaň. Plastmassadan ýasalan darag-a batybam bilmez. Milti ýokdur. Polat darakdan lowurdap uçgun çykar weli, ýangyn dörär. Lazer şöhlesi bilen daraýmasaň-a ol saçyň öňki, birwagtlardaky örüm-örüm saçlardygyny bilmänjik geçersiň. Bessirim ulugyzka men oňa goşgy baryny ýazyp beripdim. «Görogly» dessanyndan «Zülpüň seniň», Mätäjiden «Saçyň», ýazyjy Täşli Gurbanowdan «Dört örüm saçly» diýen goşgulary göçürip, hut şulary özüm saňa bagyşlap, joşup ýazdym diýip, Bessirime berdim. Ol zülpler indi çopanyň oýlugyna dönüpdir. Ýapyp galypdyr. Ýöne weli, Bessirim entek ýaş, ýaňy otuzyna gadam basdy. Gara şahyr aýtmyşlaýyn, adamynyň ýüreginiň aýnasy onuň daň ýyldyzy ýaly balkyldaşyp duran gözleri bolýar. Bessirimiň gözleri ulugyzka şeýledi. Emma indi çylpyklap dur. Ýelimli çüýşäniň agzy ýaly çyr-çyrşak. Gabaklar mydama pökgerişip, aşaky gabaklarynyň öňi halka atyp dur. Agzy mydama çigitli. Çigit hünji dişleriň işini görüpdir. Ýakasy guşaklyga çenli açyk. Köýneginiň şol gowaça döwründäki gören suwy. Aýaklar dym-gara. Galoşlymy ýa ýalaňaç, eger-eger bildirenok. Siňek, tarakan, leňkebut we beýleki mör-möjekler biziň öýde hemişelik «propiskaly». Entomologik muzeý açaýmaly. Men öýe iki-üç hepdeden bir gelýän. Döwletabat diýen ýerde gaz çykaryjy operator bolup işleýän. Öýe geläýenimde polotensa bilen öýdäkileriň ýüzlerini gorap, siňeklerini kowýan we şeýdip, kimiň kimdigini tanaýan. Gelen sagadymdan tä işe gidýän wagtyma çenli öýi tertibe salmak işi bilen boýdan-başa gümra bolýan. Bir gezek ähli zady tertibe saldym. Ýuwdum, arassaladym. Diňe eýwandaky manty gazanyna hiç alaç edip bilmedim. Sebäbi içinde gumry höwürtge ýasanan ekeni. Gowy tarapy, üçünji etaža pişik çykyp bilenok. Nireden gelenini bilemok, syçan-a bar. Bessirimiň tamdyra çörek bişirişi barada aýtsammykam. Gürrüň uzalybam barýar. Iň gowusy, bolşuny gysgajyk, bir jümlede beýan edäýeýin-le. Bessirim jamy dolduryp öýden hamyr alyp gidýär-de öýe Eset aganyň bişirýän milli çöreginden 8-10 sanysyny alyp geläýýär. Taksi bilen eýläk bir manat, beýläk bir manat-da. Aýalym çöregini ýakýar. Sebäbi ol tamdyry mazut, gudron bölegi, awtopokryşka ýaly zatlardan depip doldurýar. Soňam ýarty bedre solýarka guýup, otlap goýberýär. Tamdyr jaýryk-jaýryk bolýar. Ýapylan çöregi tamdyryň böwründen el sokup alybermeli bolýar. Ýöne iýip bolanok, gara ýanyk. Şol bolşuna-da Bessirim öwünjeň. Magtanmaga zabun ökde. ― Goňşy jan, saňa ýalan, maňa çyn, hakyt öýümizden bal akýar-da ― diýip, ol bir gezek daşarda öwnüp otyr. Öýe gelsem, şol diýeni dogry ekeni. Balçy goňşymyz dadyrmak üçin bir banka bal beren ekeni. Onam iň kiçijik gyzjagazymyz hakyt keçäniň üstüne döküpdir. Bilmän, menem basyp geçip barýarkam, keçe aýagymdan aýrylman, yzyma düşüp barýar. Bessirimde diňe bir hapysalyk, ýa bolmasa öwünjeňlik däl-de onda başga-da bir erbet keselem bar. Olam içigaralyk, göriplik. Bir gezek aşaky etažda ýaşaýan goňşymyzyň aýalynyň ýüreginden turup, gapylaryna «Tiz kömek» maşyny geldi. Ak ýektaýly lukmanlardan bäş-alty sanysy goňşy aýaly nosilka salyp alyp gitdiler. Şondan soň aýalym aglap başlady. ― Goý, Bessirim aglama. Biziň wraçlar ökde. Goňşy aýala hiç zat bolmaz. Gutular, geler ― diýdim. ― Ýok, men oňa aglamok. Iliňki arzyly bolaýýar. Biz hiç kime gerek däl. Goňşularyň gapysyna «Tiz kömek» gelýär. Biziň işigimizden item bakanok ― diýip, ol möňňürip başlady. Menem gaharyma, tas dälihanadan wraç çagyrypdym. Günlerde bir gün şeýle waka boldy. Wertalýotdan düşdüm-de göni öýe geldim. Gaty ýadawdym. Başym bolsa aýlanýardy. Öýe girdim welim ýagdaý öňki däl, görsem. Ýalňyşyp, goňşularyň öýüne girendirin öýdüp, yza tesdimem. Göze doly, görmegeý bir zenan «Geliber, nämä kürtdürip dursuň» diýäýdi. Ýaňky zyba gözeliň maňa diňe sesi tanyşdy. Gözleri birwagt gören gözlerime meňzeýärdi. Görsem, päkize zenan maşgala. Dogrymy aýtsam, oňa aşyk bolaýdym. Täze ýelýyrtan başynda. Bilek ýaly gara nogta saç ak mapraç ýüze görk berýärdi... «Wah, köýen ömrüm, maňa başda şular ýaly zenan sataşmady-da» diýip, pikir etdim. Peýdasy ýok, giçdi. Biz indi üç-dört çagaly adam. Men şindem agyzda aňk bolup, iň daşky işigiň iç ýüzünde doňup durun. Eýjejik, oňatja geýindirilen gözmonjugy ýaly bir çagajyk ýanyma gelip: «Kaka, geldiňmi!» diýip, dyzymdan gujaklady. Howpurgap, bir ädim yza çekildim. Dogry-da. Iliň çagasy saňa kaka diýip dursa hatarly how. Onda-da goňşyň çagasy. Özem, ýaňky çaga maňa gaty meňzeş. Bir almany iki bölen ýaly. Ol-a hasam howply zat. Getiren sowgat-salamymy goýmak üçin kuhnýa girdim. Görsem, gaz plitasy täp-täze. Gap-çanak ýuwulýan rakowina lowurdap, gözleriňi gamaşdyrýar. Gazanlar, pitiler edil magazinden ýaňy getirilen ýaly. Hojalyk harytlary satylýan magazine gelendirin öýtdüm. Pola dagy ýag döküp ýalabermelidi. ― Öňki senetlerimizem-ä täp-täzedi. Näme üçin bu zatlary täzeden satyn aldyňyz ― diýip, men Bessirime gatyrgandym. ― Ýuwaş-ş! ― diýip, şonda ol sag eliniň süýem barmagyny päkize ýuwlan ak hünji ýaly dişlerini ýapyp duran owadan, gyrmyzy dodaklaryna ýetirdi. ― Bessirim, bu asyl senmiň?! ― diýip, men onuň hoşa tokmagy ýaly ak goşaryndan tutdum. ― Ýuwaş, ol otagda ejem bar ― diýip, aýalym tisginip, elini çekdi. Onýança-da üsgürinjiräp, eli et üwelýän maşynly garry gaýyn enem içki otagdan çykaýdy. Görsem, gaýynym görgüli alty ýüz kilometr ýerden samalýotly öz gyzy Bessiriň saçyny ýuwup, darap bermek üçin haýyr-heläk bolup gelen ekeni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |