17:33 Gorkut ata, Däli Domrul hem Ezraýyl hekaýaty | |
GORKUT ATA, DÄLI DOMRUL HEM
Goşgular
EZRAÝYL HEKAÝATY Diýip bilmen hemme bilen deň adam, Gorkut ata diýilýäni geň adam. Oguzyň ol kethudasy bolupdyr, Ady-owazasy dünýä dolupdyr. Bir aýyby- gorkarmyşyn ajaldan, Gorkut ady galmyş onuň haçandan?! Ezraýyl gözüne ilmejek bolup, Gaçypdyr diýýärler dünýä at salyp. Jan jellady muňa gülküsi tutan, Ýüregi awansoň, şeýle söz gatan: -Gaçyp ýörşüň, walla, seniň näteňet, Bolmanda, heý, goja, daşyňa äňet. Gowusy, ajaly salma ýadyňa, Ýada salsaň, hiç kes ýetmez dadyňa! Şondan soň aradan heňňamlar geçen, Niçeme ýaş-garry gara ýer guçan. Bir günem ýatlapdyr gaçyp mazasy, Atamyzyň dolmuş şonda kazasy... Gara gylyjyndan men-menlik satan, Gorkman Ezraýyla haýbatlar atan. (Ýöne soň gutarjak bolupdyr janyn,) Domrul nä söýlemiş, eşid-ä, hanym: „ – Aý, Ezraýyl, aman! Taňrynyň birligne ýokdur güman. Men seni beýle bilmez idim, ...Şeraplar iýdim-içdim doýmadym – Ne sözledim, bilmedim, ...Janym alma, Ezraýyl, medet!“ Ezraýyl bu sözi bilmedi telek... Jan süýji zat, ýokdur oňa taý geljek, Şonuň bilen adam eýe bagtyna. Ýöne mugt zady Ezraýyl gelip, Bir demde-de alyp gidýär mugtuna. Dana-da, Nadana-da, Merdi-merdana, Soltana, Hem daýhana... Şirin jany hemme zatdan ezizdir. Ýöne adam Ezraýyldan ejizdir. Barybir jan jelladyndan gaçyp gitjek ýeriň ýok. Şonuň üçin Ezraýyla para-peşgeş, berim ýok... 22.06.- 2.07.2016 | |
|
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |