03:01 "Gorkut ata" eposynda şygyr sungaty | |
«GORKUT ATA» EPOSYNDA ŞYGYR SUNGATY
Edebiýaty öwreniş
«Gorkut ata» eposynda kämil şygyr sungaty bar. Onda gadymy türkmen şygyr düzüliş sungatynyň nepis nusgalaryny görmek bolýar. Olar, bir tarapdan, bu ajaýyp eposa bezeg berýän, ritmliligini, owazlylygyny üpjün eýän bolsa, ony çeperleşdirýän bolsa, ikinji tarapdan, olar gadymyýetdäki türkmen aýdymlarynyň kada-kanunlaryny, olaryň düzüliş aýratynlyklaryny, olarda goldanylan düzgünleri, çeperçilik serişdelerini anyklamakda hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga eýedir. Şondan türkmen şygyr sungatynyň gözbaşyny nirelerden alyp gaýdýandygyny, onuň nähili ýagdaýlarda dörändigini, nähili kada-kanunlara eýerendigini, olaryň milli aýratynlyklaryny bilip bilmegimiz mümkin. Eseriň diňe bir poýeziýa bölüminde däl, eýsem onuň prozasynda-da şygyr sungatynyň gowy nusgalary goldanylypdyr. Edil belli-belli goşgularda bolşy ýaly, onuň kyssa bölüminde-de kapyýalaşýan jümleler ýygy-ýygydan duş gelýär. Eserde başdan-aýaga yzygider içki kapyýalar, alliterasiýa, assonans, aforizm, meňzetme, deňeşdirme ýaly şygyr bezegleri ýerlikli peýdalanylypdyr. Olar eposa ritm, owazlylyk, mukamlylyk berýär, onuň özboluşly sagdyn, çeper beýan ediliş stilini döredýärler, eseriň halkylygyny, milliligini berjaý edýärler. «Gorkut ata» kitabynda proza bilen poýeziýa tapawutlandyrylýar. Eseriň dowamynda her babyň başynda ýa-da ahyrynda «Boý boýlady», «Soý soýlady» ýaly jümleler gelýär. «Boý boýlamak»-gürrüň bermek, hekaýat aýtmak manysynda gelip, ol proza bölümine degişli. «Soý soýlamak»-goşgy aýtmak, aýdym aýtmak manysynda gelip, ol poýeziýa bölümine degişli. Mysal: «Dädem Gorkut boý boýlady, soý soýlady» «Dädem Gorkut geluban boýny boýlady, soýny soýlady. Ol bu «Oguznamaýy» düzdi, goşdy. Beýle diýdi» Eposyň proza bölüminde-de belli-belli sözleriň sazlaşýan, kapyýalaşýan halatlary ýygy-ýygydan duş gelýär: «Ýom bereýin, hanym, ýerli gara daglaryň ýykylmasyn. Kölgeli agaçlaryň kesilmesin. Görkli akar suwuň guramasyn, ganatlaryň uçlary gyrylmasyn. Çapýan gyr atyň büdremesin. Çalyşaňda, uz gylyjyň gädilmesin! Söweşeňde, naýzaň ujy döwülmesin, Ak gyňaçly eneň jaýy jennet bolsun. Ak sakgally ataň jaýy uçmah bolsun!» Bu ýerde «ýykylmasyn, kesilmesin», «guramasyn, gyrylmasyn», «gädilmesin, döwülmesin, uçmah bolsun» sözler sazlaşýar. Eserdäki kämil şygyr sungaty «Gorkut ata» eposy bilen birlikde döräpdir diýip aýdyp bolmaz. Şygyr sungatynyň kada-kanunlary örän uzak ýyllaryň dowamynda kemala gelýär, haýal ösýär, kämilleşýär. Onuň ölçeginde-de, kapyýasynda-da, bent gurluşynda-da özgerişler ýuwaş-ýuwaşdan kemala gelýär. Şonuň üçin «Gorkut atadaky» şygyr düzüliş kada-kanunlarynyň-da onuň döredilmezinden ençeme asyr öň emele gelendigi şübhesizdir. Bu bolsa eposyň kemala gelmezinden, ýagny 1500 ýyldan hem has ir türkmen halkynyň uly ösen medeniýetiniň, intellektual baýlygynyň, kämil edebiýatynyň bolandygyny habar berýär. Şeýle hem bu fakt «Gorkut ata» eposynyň yslam medeniýeti türkmenleriň durmuşyna aralaşmazdan has öň halk arasynda giňden meşhurlyk gazanandygyny kepillendirýär. Bu babatdan hem eser biziň gadymyýetdäki ruhy gymmatlyklarmyza akyl ýetirmekde altyn hazyna bolup durýar. Göçürijiler tarapyndan käbir edilen synanyşyklar bolaýmasa, «Gorkut ata» eposynda arap, pars edebiýatynyň, şol sanda bu halklaryň şygyr sungatynyň täsiriniň ýokdugyny aýdyň görmek bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de şondaky şygyr düzülişiň usullarynyň hiç biri-de häzirki zaman şygyr sungatyna ýat ýa-da bigäne däl. Olar eposyň müň ýarym ýyllyk bütin taryhynda her bir asyryň dowamynda türkmen poýeziýasyna gönezlik bolup, taze-täze ölçegleriň, rifmalaryň, bent gurluşlarynyň döremegine ýardam berip gelipdir. Elbetde, bularyň bary-da eposyň many-mazmunynyň, obrazlar dünýäsiniň, dil baýlygynyň tebigatyndan, türkmen diliniň özüne mahsus aýratynlyklaryndan gelip çykýar. Türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlar erkinligi, garaşsyzlygy, bitaraplygy söýüpdirler. Olar özleriniň ýaşaýyşlaryny, ýurt dolandyryşlaryny, edep-terbiýe işlerini, aýdym-saz sungatyny, edebiýatyny, ylym-bilimini şoňa laýyk gurnapdyrlar. Eposy okanyňda, muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Oguz hanlary, serkerdeleri, edermen, batyr ýigitleri, şol sanda gelin-gyzlary hem hiç bir zatdan gypynç, gorky-ürki etmän, özlerini ruhy belent halda alyp barýarlar, mertebelerini belent saklaýarlar. Olar hoşniýetli, açyk göwünli, dünýewi halda gün-güzeran görýärler, zähmet çekýärler, özleriniň dogduk mekanlaryny goraýarlar, nesil terbiýeleýärler. Şu ýagdaýlar eserde çeper teswirlenende, onuň ritmine-de, beýan ediliş stiline-de, şol sanda şygyr sungatyna-da öz möhürini basypdyr. Şonuň üçin «Gorkut ata» eposynyň şygyr sungatyny, häzirlikçe erkin şygyr sungaty diýlip umumy atlandyrylsa, has ýerlikli bolsa gerek. Şeýle erkin şygyr sungaty gazak, gyrgyz, ýakut we beýleki türki kowumlarda hem giňden öz beýanyny tapypdyr. Sebäbi olara beýleki halklaryň poýeziýasynyň täsiri gowşak bolupdyr. Haçan-da eposyň şygyr sungaty düýpli öwrenilse, belki şonda oňa özüne laýyk başga bir terminiň tapylmagy hem mümkin. Eýsem eposyň şygyr sungatyndaky erkinlik nämeden ybarat? Muny umumy ýagdaýda şeýle düşündirmek mümkin. Kitabyň dowamynda gelýän goşgularyň ählisiniň ölçegi-de, rifmasy-da, bent gurluşy-da haýsydyr bir üýtgewsiz bir kada-kanuna eýermeýär. Klassyky poýeziýamyzdaky ýaly, goşgularyň ilkinji setiri näçe bogundan ybarat bolsa, galan setirlerinde-de şol birlik saklanmaly diýen kada ýok. Her setiriň bogun sany dört bogundan 15-16, hatda 20 boguna çenli üýtgäp durýar. Bäri gelgil, salyr begi, salyr görki -12 bogun Başym bagty, öýüm tagty-4 bogun Han atamyň giýewisi -8 bogun Gaýyn enemiň söýgüsi -8 bogun Atam, enem berdigi - 7 bogun Göz açyban gördügim - 7 bogun Köňül berip söwdügim - 7 bogun Beg ýigidim, Gazan - 6 bogun Galkyban ýeriňden ýeri turduň -10 bogun Ogluň bile ýaly gara kazylyk atyň mündüň -15 bogun Görşümiz ýaly, bu goşgy setirlerindäki bogunlaryň sany dürli-dürli görnüşde gelýär. Şeýle ýagdaýy türkmen halk döredijiliginiň matal, nakyl, sanawaç we beýleki žanrlarynda-da görmek bolýar. Olaryň hem bentleriniň aýry-aýry setirlerinde bogunlaryň sany üýtgäp durýar. Kitabyň goşgularyndaky kapyýalaryň sazlaşygy-da erkin halda gelýär. Sebäbi her bent iki, dört, bäş ýa-da ondan köp setirden gelmeli diýen düzgün saklanmaýar. Şonuň üçin olaryň sazlaşmagynda haýsydyr bir yzygiderlilik duýulmaýar. Bir mysal: Ýigitlerim, ýeriňizden öri turuň -- a Ak boz atymyň guýrugyny kesiň --- Är goramly ala dagdan dönüp aşyň -b Akgynly, görkli suwy dilip geçiň--b Gazanyň diwanyna çapyp baryň --a Ak çykaryp, gara geýiň ------w «Sen sag bol, Birek öldi» diýiň -w Bu mysal getirilen ýedi setirden ybarat goşguda birinji, bäşinji setirler, üçünji, dördünji setirleri, altynjy, ýedinji setirler özara kapyýalaşyp, ikinji setir olaryň hiç birine-de goşulmaýar. Eposyň şygyr bölüminde bentler sözüň doly manysynda differensirlenmändir. Onda mesnewi-de, gazal-da, koşuk-da (murapbag-da), bäşleme-de, beýleki formalar-da özbaşdak görnüşde duş gelmeýär. Ýöne olaryň aýry-aýry elementleri ýa-da aýry bentleri duş gelýär. Bu hem eposdaky şygyrlaryň gadymylygyny aňladýar. Bize belli bolşuna görä, poeziýamyzyň şondan soňky ösüş taryhynda mesnewi-de, gazal-da, koşuk-da (goşuk-da), bäşleme-de, beýleki formalar-da ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşýär, özbaşdaklyga eýe bolýar, baýlaşýar. Bize belli bolşuna görä, arap, pars şygyr sungatynyň metrikasyndaky, rifmasyndaky, strofikasyndaky berk kada-kanunlar türki dilde eser ýazan şahyrlara doly ýazylganlyk bermändir. Olardan şertliligi saklamagy, islese-islemese-de forma bilen bagly düzgünleri bozmazlygy talap edipdir. Arap, pars dilleriniň aýratynlyklaryna esaslanan şygyr düzgünlerini türki dilde berjaý etmek olara kyn düşüpdir, olaryň öňünde köp kynçylyklary keserdip goýupdyr. Her halda arap, pars şygyr sungatynyň kadalaryny, ylaýta-da aruz ölçeginiň kadalaryny saklajak bolup, şahyrlar türki dilini ýoýmaga, köp halatlarda bolsa arap, pars sözlerini ulanmaga mejbur bolupdyrlar. «Gorkut ata» kitabynda ýagdaý beýle däl. Onda ulanylan şygyr sungaty-da, ony beýan edýän dil-de oguzlaryň-türkmenleriň özüniňki. Bu ýerde many-mazmun bilen forma sözüň doly manysynda ylalaşýar, bir-birine laýyk gelýär. Ine, şonuň üçinem «Gorkut ata» eposynyň şygyr sungatynda türkmeniň ruhundan dömüp, syzylyp çykýan gymmatlyklaryň aňyrsy-bärisi ýok. Uzak wagtyň geçmegi bilen, olara ep-esli zeper hem ýetipdir. Eseri göçüren kätipler hem arap, pars şygyr sungatynyň düzgünlerini oňa girizmäge käbir synanyşyklar edipdirler. Ýöne olary epos doly kabul etmändir. Elbetde biz arap, pars poýeziýasynyň türkmen klassyky edebiýatyna eden oňaýly täsiriniň bolandygyny inkär etmek islemeýäris. Edebiýatlaryň özara täsiriniň gowşak ýerinde, çeper döredijilik hem gowşaýar, onuň çeperçiligi-de belli bir derejede pese düşýär. «Gorkut ata» eposynyň metrikasy çylşyrymly. Goşgulardaky setirleriň bogun sany dürli-dürli möçberde gelýär. Olarda belli bir birlik saklanmaýar. Öňde belleýşimiz ýaly, goşgy setirleri 4 bogundan 14-16 bogun aralygynda üýtgäp durýar. Ýöne eseriň dowamynda türkmen klassyky hem häzirki zaman edebiýatynda ýörgünli ulanylyp gelnen 7-8 hem-de 11-12 bogunly setirler agdyklyk edýär. Käbir mysallary görüp geçeliň: Ýu+ja+lar+dan+ýu+ja+sen-----7 Kim+se+bil+mez+ni+je+sen-----7 /112 sah/ Ýüw+rük+ol+sa+ýa+ryş+sam-----7 Güýç+li+ol+sa+gö+reş+sem-----7 /116 sah/ Ýene bir mysal: Me+nim+ga+ra+ba+şy+ma+nä+ler+gel+di--11 Ga+ra+ga+ra+dag+lar+dan+ha+bar+aş+myş-11 Gan+lu+gan+lu+suw+lar+dan+ha+bar+geç+miş-11 /149 sah./ Türkmen edebiýatynyň taryhyna göz aýlanymyzda, goşgularda 3,4,5,6 bogundan ybarat stopalaryň ýörgünli ulanylandygyny görmek bolýar. «Gorkut atanyň» goşgy setirleri hem esasan şolar boýunça düzülýär: A+ga+di+ýu//ne+ag+lar+sen// ne+boz+lar+sen=-4-4-4 Ýan+dy+bag+rym//köý+di+i+çim= 4-4 /77 sah/ Ýene bir mysal: Ga+raň+ky//ag+şam+o+lan+da//gü+ni+do+gan=3-5-4 Gar+bi+le//ýag+myr+ýa+gan+da//är+ki+bi+du+ran=3-5-5 Gy+zyl+dü+e//gör+dü+gin+de//boz+laş+dy+ran=4-4-4 /48 sah/ Eposda mesnewi, gazal, goşuk/murapbag/rubagy, bäşleme, altylama diýen ýaly goşgy formalary duş gelmese-de, şolaryň bentlerine çalymdaş bentleri we beýleki alamatlary görmek bolýar: Ýalp-ýalpyldaýan inçe donlym, Ýeri basman ýöreýen, Gar üstüne gan daman kibi gyzyl ýaňaklym, Goşa badam dar agyzlym, Galamçylar çyzdygy gara gaşlym, Garamsy, kyrk tutam gara saçlym... Şygyr sungatyny derňemekde şol eseriň tekstiniň sagdyn bolmagy hem möhüm ähmiýete eýe. Eger tekst sagdyn bolmasa, bu babatda belli bir netijelere gelip bolmaýandygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Bize belli bolşuna görä, «Gorkut ata» eposy on bäş asyrdan gowrak wagtyň geçmegi bilen köp ýoýluşlara sezewar bolupdyr. Aslynda epos Oguz-Orhon hatynda ýa-da haýsydyr bir gadymy elipbiýde ýazylandyr diýip çak etmek mümkin. Soň, takmynan, XV asyrlardan başlap, ol arap elipbiýinde aýry-aýry hatdatlar tarapyndan göçürilipdir. Häzir şolardan biziň elimizde Drezden hem Watikan nusgalary bar. Gözlense, belki onuň golýazmalarynyň başga-da nusgalarynyň üstünden barylmagy ähtimal. Häzirki nusgalaryň esasynda-da eseriň tekstini sagdynlaşdyrmak boljak. Geljekde «Gorkut ata» eposyny bezeýän, onuň gyzykly okalmagyna estetiki lezzet berýän, ömrüni uzaldýan şygyr sungaty düýpli ylmy derňew esasynda öwreniler diýip umyt edýäris. Kakajan ATAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |