18:21 Mähri Hatynyň edebi mirasy | |
MÄHRI HATYNYŇ EDEBI MIRASY
Edebi makalalar
Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamasynda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen edebi mirasymyzyň türkmen halkynyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, gözelleşdirmekde altyn hazyna bolup durýandygyna ýokary baha berip, ony öwrenmäge we peýdalanmaga giň ýol açdy. Goja taryhyň köp asyrlyk gatlaryna siňip giden milli medeni, edebi gymmatlyklarymyzy toplamagyň, olary il-güne ýetirmegiň takyk ýollaryny salgy berdi: «Biz türkmen halkynyň mirasdüşerleri hökmünde ata-babalarymyzyň taryhyň gatlarynda galan medeni, edebi gym-matlyklaryny toplamalydyrys, täzeden jana getirmelidiris. Bu ata-babalarymyzyň öňünde biziň ogullyk borjumyzdyr». Türkmen edebiýatynyň geçmişine göz aýlan mahalymyzda, şygyr sungatyna gymmatly goşant goşan ýüzlerçe zehinli zenan şahyrlaryň atlaryna duş gelýäris. Olardan Mähestini, Zeýnep Hatyny, Hupby Hanymy, Gülbeden Begimi, Leýla Hanymy, Jahan Hatyn Uwaýsyny, Gymmady, Sahypjemaly, Uzan Enäni we beýlekileri ýatlap geçmek bolar. Mähri Hatyn hem eserleriniň mukdary, many-mazmunynyň baýlygy, şahyrçylyk ussatlygy, diliniň çeperçiligi babatdan şolaryň köpüsinden ýokary bolmasa, pes oturmaýar. Diwan edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri hasaplanýan Mähri Hatyn 1460-njy ýylda Osmanly türkmenleriniň soltanlygynyň Amasýa şäherinde ylymly-bilimli maşgalada dogulýar. Onuň asyl ady Mährinnissa (Dana zenan, Ussat zenan), Fahrinnissa (Zenanlaryň guwanjy, Zenanlaryň buýsanjy) diýen sözlerden bolup, soň ol gysgalyp, Mähri görnüşine gelipdir. Hatyn sözüni bolsa sylag-hormatlylygy, belent mertebeliligi, at-owazalylygy aňladýan lakam hökmünde Mähriden başga-da oguz türkmenleriniň belli-belli adygan zenanlary göteripdir. «Gorkut ata» şadessanyndaky begler begi Salyr Gazanyň ýanýoldaşy boýy uzyn Burla Hatyn, Hantöreliniň ýanýoldaşy Syljan Hatyn, şeýle hem ençeme şalaryň, soltanlaryň, serdarlaryň ejeleri, ýanýoldaşlary Hatyn, Hatyn Ene, Türkan Hatyn diýlip atlandyrylypdyr. Mähri Hatynyň kakasy Mehmet Çelebi bin Ýahýa öz döwrüniň ylymly-bilimli, halk arasynda tanalýan şahslarynyň biri hasaplanypdyr. Ol Amasýa welaýatynyň kazysy bolup işläpdir. Halk arasynda şahyr hökmünde-de adygypdyr hem-de Belaýy tahallusy bilen şygyrlar düzüpdir. Bu sözüň «synag, barlag, kynlyk, jebir, azap, zulum, sütem» ýaly birnäçe manylary bolup, Mehmet Çelebi ony azap-güzap, jebir-jepa çekiji diýen manyda özüne edebi lakam edip alan bolsa gerek. Mähri Hatyn zamanasynyň ylymly-bilimli adamlarynyň biri bolup ýetişýär. Ýaşlykdan kakasy oňa arap, pars dillerini, edebiýatyny, taryhyny, pelsepesini, dini taglymatyny gowy öwrenmäge ýakyndan goldaw berýär. Ol Amasýa soltany Baýezit II, şazada Ahmet tarapyndan geçirilen alymlaryň, şahyrlaryň, sungat işgärleriniň ýygnanyşyklaryna gatnaşýar. Şol döwrüň adygan şahyrlary Nejaty, Güwähi, Makamy, Apytaby, Munyry, Zeýnep Hatyn dagy bilen pikir alyşýar, şygyr sungatynyň gizlin syrlaryny öwrenýär. Mähri Hatyn Nejatynyň şygyrlaryna nezireler düzüp, oňa ýollaýar. Onuň bilen yzygider hat alşyp durýar. Şonuň üçin onuň diwanynda Nejatynyň ady birnäçe ýerde duş gelýär: Mähri, Nejaty şygryna diýr sen nezirelik, Sen bir geda-ýu müflis, o bir patyşah ile. Mähri Hatyn bütin manyly ömrüni ylma, çeper döredijilige, yslam dünýäsini, yslam medeniýetini öwrenmäge bagyşlaýar. Ol elli alty ýaşynyň içinde, 1506-njy ýylda aradan çykýar. Ony daýysy Şyh Pir Ylýasyň depin edilen gonamçylygynda ýerleýärler. Mähri Hatyn Amasýanyň golaýyndaky Lädik atly şäherçede jaýlanypdyr diýen maglumat hem bar. Bir öýe, bir maşgala baglanyp galman, erkin ýaşan Mähri Hatyn orta asyr durmuş, ýaşaýyş aladalarynyň kynçylyklaryny ýeňip geçýär. Öz döwürdeşleriniň arasynda giňden tanalýan hem uly hormat goýulýan, işeňňir, göreşiji, söýlüp okalýan şahyr bolup ýetişýär. Ol ruhy, ahlak päkligiň, ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Ol oba hem şäher adamlarynyň ýaşaýşyny, däp-dessurlaryny, halk döredijiligini, edebiýatyny, gepleşik dilini içgin öwrenýär. Kalbynda il-güne, dogduk diýaryna, onuň gözelligine, döwürdeşlerine uly söýgi besleýär. Mähri Hatynyň edebi mirasy diwan görnüşinde bize gelip ýetipdir. Ol dürli mowzukda ýazylan gazal, kasyda, murapbag, müstezat, mesnewi görnüşindäki eserleri özünde jemleýär. Häzire çenli şahyryň diwanynyň dürli kätipler tarapyndan göçürilen golýazmalarynyň dört sany nusgasy belli bolup, olar Stambulyň Milli kitaphanasynda, Aýa Sofiýa metjidiniň, Stambul uniwersitetiniň kitaphanalarynda hem-de Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Sankt-Peterburg bölüminiň Gündogary öwreniş institutynyň golýazmalar hazynasynda saklanýar. Şol golýazmalar esasynda belli gündogarşynas Ý.I.Maştakowa tarapyndan Mähri Hatynyň diwanynyň tankydy teksti taýýarlanyp, ol 1967-nji ýylda Moskwada neşir edildi. Alym diwanyň tankydy tekstini talaba laýyk düşündirişler bilen üpjün edip, oňa giňişleýin sözbaşy hem ýazypdyr. Şahyryň goşgularynda dünýewilik güýçli. Olaryň many-mazmuny-da, olarda öňe sürülýän pikirler-de, beýan ediş çeperçilik serişdeleri-de halka örän düşnükli. Mähri Hatyn diwan edebiýatynyň doňup galan kada-kanunlaryna baglanyp galman, ol galaba halky edebiýatyň ýörelgelerine eýeripdir. Oguz-türkmen diliniň baýlyklaryndan ussatlyk bilen peýdalanypdyr. Şonuň üçin hem onuň diwanyny doly gözden geçiren mahalyňda, onda şahyryň döwründen öňki hem soňky türkmen nusgawy edebiýaty bilen köp babatlarda umumylyklarynyň bardygy aýdyň belli bolýar. Bu haýsydyr bir tötänlik ýa-da säwlik däl. Bu çeper döredijiligiň öz kanunalaýyklary esasynda ýüze çykan ýagdaý. Galyberse-de, bu Mähri Hatynyň halkyň ruhy dünýäsine içgin aralaşyp bilendigini habar berýär. Mähri Hatynyň şygyrlary tebigatynyň mylaýymlygy, gözelligi, tämizligi, nepisligi, näzikligi, pikir-duýgulara baýdygy, diliniň çeperligi, süýjüligi bilen okyjyny imrindirýär. Olarda zenan şahyryň kalbynyň goýazy hem agras, ýakymly hem hoşamaý duýgulary Gündogar şygryýetiniň göçgünli şahyranalygy bilen utgaşdyrylyp teswirlenilýär. Şahyr, mümkin boldugyça, boş söz oýnatmalardan, ýerliksiz, mahabatly öwgülerden gaça durýar. Ol dünýäni, jemgyýeti, adamlaryň içki pikir-duýgularyny özüçe duýýar, özüçe çeper beýan edýär: Bahry-şygyr içre Mähri bir dürdür, Ki ony görmemiş ola guwwas. Many dükany içinde serrap ol, Sende bolsun hemmesi göwheri has. Berme nadan eline, kim ne biler, Altynyň gymmatyny ähli resas. Şahyryň eserlerinde dünýewi hem ylahy söýgi, gözellik, onuň waspy sepini bildirmezden utgaşyp gidýär. Ol bularyň ikisini biri-birinden aýry däl-de bir hasaplaýar. Mähri Hatyn şygyrlarynda önüp-ösen diýaryny, gezen ýerlerini, döwürdeşleriniň nurana keşbini, baý ruhy dünýäsini ýygy-ýygydan ýatlaýar. Dogduk mekanynyň keşbini – ol ýerleriň gülli-gülälekli düzlerini, ýaýlalaryny teşnelik bilen synlaýar. Günüň jadylaýjy şöhlesine, Aýyň owadan jemalyna, ýyldyzlaryň syrly yşyklaryna, mahlasy, bütin äleme kalbynda uly höwes, uly begenç, uly söýgi besleýär. Ol Anadoly, Rum illerini, öz ýaşan Amasýa şäherini, onuň golaýyndaky Göýnüjek, Lädik, Zewadiýe ýaly gözel ýerleri wasp edýär: Şähri Amasýadyr bir huby-ragna gülgüzar, Her tarapda jan-u dilden set hezar uşşak bar, Çöwresinde daýre çekmişdir anyň kuhysar, Hälidir kim döwür edipdir mahy-tabany dürst. XV asyrda Amasýa Osmanly türkmen döwletiniň belli ylym hem medeni ojaklarynyň biri hasaplanypdyr. Bu ýerde dürli mekdepler açylypdyr. Lukmançylyk, matematika ýaly ylmyň dürli ugurlaryndan belli alymlar ýetişipdir. Şol zamanda Amasýa edebi güýçleriň köp jemlenen ýerleriniň birine öwrülipdir. Ine, şonuň üçin Amasýa şäheri, onuň töweregindäki gözel ýerler, zähmetsöýer adamlar Mähri Hatynyň şahyr kalbyny joşa getirýär: Ýaşyl lybasyn geýmişler çemenler, Ýakarlar sim-u kandyl ýasemenler, Her tarapy gül-u, serw-u semenler, Ne hoş ýaýlag imiş bu şähri Ladyk. Şahyryň şygyrlarynda tebigat gözelliklerini taryplamaga uly orun berilýär. Ol eserleriniň ählisinde adamzat dünýäsiniň ruhy ahwallaryny tebigat gözellikleri bilen baglanyşdyryp taryplaýar. Gündogar şahyrlarynyň köpüsinde bolşy ýaly, Mähri Hatynyň diwanynda hem söýgi mowzugy esasy orun eýeleýär. Ol söýgüsiz ýaşaýşy, mähir-muhapbetsiz durmuşy manysyz hasaplaýar: Huplaryň mährini, Mähri, öleris, terk etmeris, Kim ne diýir ise diýsin ki, biz bolmarys ýarsyz. Aşyk-magşuklaryň näz-kereşmelerini, wysala ýetmek ugrundaky süýji arzuwlaryny, ruhy päkliklerini teswirlemek bilen, Mähri söýginiň mukaddesligini, ýeňilmez uly güýçdigini nygtap geçýär. Adamzat gözelliginiň öňünde bütin tebigat – Aý-da, Gün-de, ýyldyzlar-da dyza çökýär: Häki paýyňa ýüzüni sürtmek üçin şems-u kamar, Seýri-köýüňe geler şam-u säher, döne-döne. Şahyryň şygyrlarynyň many-mazmuny watana, il-güne, dost-doganlyga, edep-ekrama, ylym-bilime, kesp-käre, zähmete bolan söýgä ýugrulandyr. Zenan şahyryň diwanynda söýgi-mähir bilen goşulyşýan syýasy-jemgyýetçilik garaýyşlary, pelsepe oýlanmalary, tasawwufa (sopuçylyga) dahylly oý-pikirleri, döwürdeşlerine, geljek nesillere berýän nesihatlary beýan edilýär: Katl et nebsiňi, hoş paryg ol, Kim ne diýse diýsin, sen sadyk ol. Kä halatlarda tasawwuf tarykaty, tasawwuf taglymaty, edebiýaty bilen utgaşýan hem bolsa, tutuşlygyna alanyňda, Mähri Hatynyň döredijiligi bu ugur bilen gitmändir. Şahyr ol dünýäniň gözelliklerini, behişti, ondaky aby-köwser suwuny, ondaky wada berilýän eşretleri we beýlekileri inkär etmeýär. Ýöne sopularyň ol dünýäniň gözelliklerine ýetmek üçin bu dünýäniň ähli zowky-sapalaryndan geçip, terkidünýälikde gezýändiklerini beýan edýär: Zahyd-a, saňa behişt, Mähriýe didar gerek, Aňa mahbuby ýeter, saňa jenanyň hüýrüsi. Mähri Hatyn öwüt-nesihat bermegi-de unutmaýar. Ol bu babatda gadym oguz edebiýatynyň ýörelgelerine eýerip, ynsan kalbynyň päk bolmagyny, ynsanperwerligi, watansöýüjiligi wagyz-nesihat edýär. Şahyr bir şygrynda: «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?» diýen dana sözleri özüçe baýlaşdyryp, çeperleşdirip, ony goşgy setirlerine, ine, şeýle geçiripdir: Işik altyn etmek islärsiň, ýüzüň zer eýlegil, Talyby-eksiri-yşk ol kimiýasy özgedir. Durmuşda akylly-başly, ýaşan şekilli ýaşamak, özüňi arly-namysly, gaýratly, edenli alyp barmak, özgäniň minnetini çekmezlik adamyň mertebesini belende göterýän, keşbini bezeýän häsiýetlerdir. Bu barada şahyr uly guwanç, uly buýsanç bilen şeýle ýazýar: Jan-u dil nagdyny, janan, ýoluňa harç eýledim, Hoş sapa sürdüm jahanda, elde barym bar eken. Çalmyşam daşa men namys-u arym çüýşesin, Älem içre gaýratym, halk içre arym bar eken. Mähriýi biygtyýar etmiş dek, eý, dildary men, Başda aklym-u elimde ygtyýarym bar eken. Mähri Hatynyň döredijiligi many-mazmuna baý hem köptaraply. Ine, şonuň üçinem ol köpleri gyzyklandyrýar. Hemmeler onuň syrdan doly şahyrana dünýäsine aralaşmak isleýär. Ondan ruhy lezzet almak her bir okyjynyň kalbynda bilesigelijiligi oýarýar. Çünki ol adamzat ýaşaýşynyň kän meselelerine degip geçýär. Tebigatyň kada-kanunlary, jemgyýetçilik gurluşy, ynsan kalbynyň gizlin syrlary, özara gatnaşyklary barada örän kän oýlanmalary, pikirleri, garaýyşlary berýär. Onuň şahyrana döredijiligi henize-bu güne çenli giň okyjylar köpçüliginiň, kätipleriň, alymlaryň, şahyrlaryň, kitap neşir edijileriň we beýlekileriň ünsüni özüne çekip gelýär. Bäş ýüz ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, Mähri Hatynyň eserleri könelmän, ähmiýetini ýitirmän gelýär. Onuň şygyrlary häzirki zaman okyjysyna-da düşnükli. Olarda türkmen edebi diliniň kada-kanunlary berjaý edilip, söz baýlygynyň, çeperçilik ussatlygynyň özboluşly gymmatlyklary jemlenýär. Şu aýdylanlar kalby päk, ruhy dünýäsi baý hem-de gözel, ýiti zehinli, gujur-gaýratly Mähri Hatynyň edebi mirasynyň türkmen halkynyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda altyn hazyna bolup biljekdigine güwä geçýär. Kakajan ATAÝEW, professor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |