21:01 Mahmyt Gaýyby we onuň edebi mirasy | |
MAHMYT GAÝYBY HEM ONUŇ EDEBI MIRASY
Edebi makalalar
Edebi mirasymyzy öwrenmäge, onuň dürdäne eserlerini okyjylara ýetirmäge giň ýol açyldy. Garaşsyzlyk eýýamynda edebi mirasyň halkyň ruhy dünýäsiniň täzelenmeginde, baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyna ýokary baha berildi. Halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynda türkmen ruhunyň bäş eýýamynyň bolandygyny, şol eýýamyň nähili ýagdaýda dowam edendigini, onuň nähili aýratynlyklarynyň bolandygyny ylmy esasda giňden düşündirildi. Ruhnamada türkmen ruhunyň dördünji eýýamy, bu döwürde ýaşap geçen şahyrlaryň öz eserleri bilen halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakdaky goşan hyzmatlary barada şeýle diýilýär: «Türkmen ruhunyň dördünji eýýamy XVII-XX asyrlary öz içine alýar... Ruhuň bu döwürdäki tebigatyny «içeriniň aladalary» kesgitledi. Döwletsizlik, bölek-büçeklik hatda taryhy hakydanyň biraz kütelişmegine sebäp boldy. Gündogaryň özge ýurtlaryna düşen kowumdaşlar bilen aragatnaşyklar selçeňleşdi. Taryhy işjeňlik şol kowumlaryň eline geçdi. Emma şonda-da halkdan çykan Magtymguly beýik dag bolup döredi. Onuň ýegeni Zelili bütin ömrüne Magtymgulynyň watançylyk, Seýdi gahrymançylyk, Mollanepes, Kemine yşky-söýgi, Mätäji durmuşy pikirlerini ösdürdi. Olar türkmeniň öz milletine guwanmagyny gazanmaga, ruhuny galkyndyrmaga jan edipdirler». Bu döwürde ýaşap, türkmeniň buýsanjyny, ruhybelentligini ýokary götermäge degerli goşant goşan hem-de Magtymgulynyň edebi mekdebine ýakyn duran şahyrlaryň biri-de Mahmyt Gaýybydyr. Şahyryň eserlerinde derwaýys meseleleriň gozgalýandygyny aňyp, 1911-nji ýylda Mirzahyt Mirsyddyk ogly onuň «Otuz iki kyssasy» eserini, Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy bilen bilelikde daşbasma görnüşinde Daşkentde neşir etdirýär. Gaýybynyň baý edebi mirasy bar. Ol bäş ýüzden gowrak goşgyny özünde jemleýän elipbiý tertibinde düzülen şygyrlar diwanyny hem-de «Otuz iki tohum kyssasy», «Nesihatnama» atly çaklaňja eserleri döredipdir. Gaýybynyň edebi mirasyny toplamak, öwrenmek, neşir etmek babatda soňky altmyş-ýetmiş ýylyň dowamynda ençeme işler edildi. XX asyryň otuzynjy ýyllaryndan başlap, şahyryň döredijiligi barada ululy-kiçili makalalar ýazylyp, 1965-nji ýylda şahyryň ýüzden gowrak goşgusyny hem-de «Otuz iki tohum kyssasyny» öz içine alýan çaklaňja ýygyndysy neşir edildi. Ýöne şol edilen işler köstsüz däldi. Olarda bärden gaýtmalarda, hatda ýalňyşlyklar-da duş gelýärdi. XVIII-XIX asyr nusgawy edebiýatymyzyň taryhynda Gaýyp, Gaýyby ady ýa-da edebi lakamy bolan ondan gowrak şahyr, kätip ýaşap geçipdir. Olaryň ýazan goşgularynyň sany bäş-ondan artmaýar. Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda Gaýyp, Gaýyby atly hem tahallusly şahyrlaryň ömür beýanyna, edebi mirasyna degişli maglumatlary bir ýere jemledik. Olar Gaýypnazar Gaýyby, Muhammet Gaýyby, Molla Gaýyby, Kör Gaýyby, Gaýyby Margiana, Gaýypnazar Lebaby, Taňryberdi Gaýyby, Gaýyby Töre ogly we beýlekiler bolmaly. Mahmyt Gaýybyny öwrenijiler Gaýyby atly hem edebi lakamly Gaýybylara degişli maglumatlary peýdalanyp, birnäçe ýal¬ňyşlyklaryň ýüze çykmagyna ýol beripdirler: Birinjiden, Mahmyt Gaýybyny Gaýypnazar Gaýyby, Kör Gaýyby, Molla Gaýyp diýip, ony nädogry atlandyrypdyrlar. Ikinjiden, Mahmyt Gaýybyny Seýtnazar Seýdä garşy goýup, onuň ýaşan döwrüni nädogry görkezipdirler. Eger Mahmyt Gaýyby Seýdi bilen döwürdeş boljak bolsa, onda ol XVIII asyryň ahyrlarynda dogulmaly. A.Meredow öz eserine salgylanyp, onuň 1734-nji ýylda doglandygy hakyndaky pikiri öňe sürdi. Haçan-da Mahmyt Gaýybynyň hut özüne dahylly maglumatlar peýdalanylyp, onuň ömür beýany hem-de edebi mirasy öwrenilende, öňki goýberilen säwliklerdir ýalňyşlyklaryň ählisi aradan aýrylýar. Iň bärkisi geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda ol Gaýypnazar Gaýyby diýlip nädogry atlandyrylyp, tä altmyşynjy ýyllara çenli şol ýalňyşlyk dowam edip geldi. Sebäbi şu kyrk ýyla golaý wagtyň içinde iş ýazanlaryň ählisi Mahmyt Gaýybynyň eserleriniň golýazmasyny doly okaman, başda goýberilen ýalňyşlary gaýtalamak bilen çäklenip gelipdirler. Şahyr bolsa her goşgusynyň ahyrynda edebi lakamyny getirip, diwanynyň dowamynda çyn adynyň-da geljek nesillere doly aýan bolma-gynyň aladasyny edipdir. Ol goşgularynyň birinde bu barada şeýle ýazýar: Gaýyby diýr, indi kim adymy Mahmyt eýlediň, Peýda ýetir şowk ile yşkyň salahyndan bize . Görnüşi ýaly, bu ýerde şahyryň edebi lakamynyň Gaýyby bolup, çyn adynyň Mahmyt diýlip atlandyrylandygy barada takyk maglumat berilýär. Gaýybynyň diwanyny göçüriji kätipleriň biri hem bu pikiri kepillendirýän ýazgylary galdyrypdyr. Onda şeýle diýilýär: «Ketebto heza el-eşýar şyh Mahmud, rahmat-ul-lahu aleýh we ýüsemma Gaýyby, limerzatu rebbi-il-agla, alahümme agfyr likätibihiý we lenazirehi berehmeteke ...» Terjimesi: «Şu goşgular beýik Taňrynyň razy bolmagy üçin Gaýyby atlandyrylan we Taňrysy ýalkan şyh Mahmyt tarapyndan ýazyldy. Eý, Taňrym, kitaby göçürijini we oňa nazar edijileri (oky¬jylary — K.A.) özüň ýalka...» Elbetde, bu aýdylanlary şahyryň terjimehalyna dahylly iň ynamdar hem takyk maglumat hasaplamak bolar. Sebäbi olar haýsydyr bir rowaýatyň üsti bilen gelip ýetmändir ýa-da kimdir biriniň dilinden ýazylyp alynmandyr. Olar şahyryň diwanynyň, bolmanda, bir ýarym asyrdan irki döwürde göçürilen golýazmalarynyň üsti bilen bize gelip ýetipdir. Mahmyt Gaýyby XVIII asyryň birinji ýarymynda doglup, şol asyryň ortalarynda hem ikinji ýarymynda ýaşap geçipdir. Şahyr Gurbanaly Magrupy bilen bir döwürräkde ýaşapdyr. Olar ýakyn gatnaşykda bolup, sorag-jogap hem aýdyşypdyrlar. Magrupy şygyr bilen Gaýyba sorag berip, Gaýyby hem oňa jogap beripdir. Şol aýdyşyk şeýle başlanýar: Magrupy: Bizden salam bolsun Molla Gaýyba, Dünýäniň binasy haçan tutuldy? «Künte kenzün mahfiýýenden» habar ber, Kelemeýi-şahadat nirde bitildi? Gaýyby: Gaýry salam bolsun molla Magrupa, Hak «Kün!» diýdi şol gün bina edildi. Tuby agajynyň ýapraklarynda, Kelemeýi—şahadat şonda bitildi. Şahyrlaryň sorag-jogaby şu setirler bilen tamamlanýar: Magrupy: Magrupy diýr ne kysmata ýazyldy, Ol ne zynjyr bir-birine düzüldi, Näçe ýylda wagty ýetip üzüldi, Aý bilen Gün haýsy wagtda tutuldy? Gaýyby: Gaýyby diýr, gurbat bilen ýazyldy, Gije-gündiz bir-birine düzüldi, Sansyz ýylda wagty ýetip üzüldi, Aý bilen Gün arasatda tutuldy. Halk arasyndan toplanan maglumatlaryň birinde Gaýybynyň «Istär köňül» atly muhammesine esaslanyp, Magrupy hem «Istär köňül» atly muhammesini ýazypdyr diýilýär. Mahmyt Gaýyby bilen Gurbanaly Magrupynyň goşgy arkaly sorag-jogap aýdyşyklary, Magrupynyň nezire usulynda Gaýybynyň «Istär köňül» muhammesi esasynda öz eserini döretmegi, şol döwürde olaryň ikisiniňem ýaşynyň doly kämillige ýetendigini, ylym-bilim babatdan kän kitaplary okap, kän zatlary bilýändiklerini, olaryň bir ýerräkde ýaşap, ýakyndan uzak wagtlap gatnaşyk edendiklerini habar berýär. Aýdyşyk Gaýybynyň terjimehaly bilen bagly ýene bir gyzykly maglumatyň üstüni açýar. Onda Magrupy «Aý bilen Gün haýsy wagtda tutuldy?» diýip, Gaýybynyň Aý, Gün tutulanda, bagşy-sazandalary, şahyrlary ölümden halas edişini ýatlaýar. Şahyryň ömür beýany bilen bagly bu waka rowaýata öwrü-lip, türkmen halkynyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Onuň Türkmenistanyň dürli künçlerinden ýazylyp alnan ençeme nusgasy bar . Onda şeýle waka beýan edilýär: «Gadym zamanda Buharaýy-şerifde Aý, Gün tutulypdyr. Buhara emiri sypaýylardan «Bu nämedir?» diýip sorapdyr. Onda sypaýylar: «Muny ulamalar bilerler, biz bilmeris» diýip aýdypdyrlar. Onda ulamalary ýygnap: «Bu zamanda Aý, Gün köp tutulýar, munuň sebäbi näme?» diýip soraýar. Ol wagt ulamalar: «Şu eýýamda şahyr, bagşy, sazanda, guýende köpelipdir, belki, şolar sebäpkär bolsalar gerek» diýip, jogap beripdirler. Şoňa görä Buhara emiri çar tarapa nama ýazyp we habar gönderip: «Bizleriň toý-tomaşamyz bar, barça şahyr, bagşy-sazandalar, guýendeler gelmeli» diýipdir. Bu habara çar tarapdan iki ýüz adam ýygnanyp, häzir bolupdyrlar. Olara patyşanyň myhmanhanalaryndan orun beripdirler. Şol agşam bagşylar, şahyrlar pikir derýasyna çümüpdirler. Olar: «Ýa, Rebb, patyşa bizleri ýygnap, barymyzy öldüräýmese-de biridir?» diýipdirler. Bularyň arasynda Molla Gaýyby atly açyk ýüzli, ýagşy bagtly, köp ýagşy söz tapan bir kemine bardy. Barçasy oňa: «Eger ertir patyşa bize köp hyzmat buýursa, siz jogap berersiňiz» diýdiler. Elgaraz, olar bu gijäni gaýgy-gussa bilen geçirdiler. Ertesi patyşa olary görnüş meýdanyna çagyryp: «Şu günden soňra şu kesbi-kär size gadagandyr. Her kim toýda-baýramda bir saz-söhbet etse, başy ölümli, maly talaňly, patyşalyk bolmalydyr» diýip buýurdy. Şol wagt Molla Gaýyp biçäre öňe çykyp, bir gazal aýdypdyr. Gazaly Molla Gaýyby bu durar: Başlanyşy: Saz bilen söhbedi ýaman diýmäňler, Adam Ata, Howa bolanda bardyr, Habyl bile Kabyl Ene garnynda Alar bu dünýäge gelende bardyr... Gutaryşy: Molla Gaýyp aýdar, Hydyrdyr pirim, Pirim Şahymerdan — Aly destgirim, Soltan Söýün Mürze, Mir-Aly-şirim, Dünýäniň toýuny tutanda bardyr. Haýyr, Gaýyby sözüni tamam etdi. Buhara emiriniň gahary syndy: «Adam Ata bilen How ene, barça öten pygamberler zamanynda bu kesp-kär bolan bolsa, biz hem olardan artyk däldiris. Näme islegiňiz bar bolsa, bizden diläň!» diýende, Gaýyby biçäre gerek hajatyny aýdyp, ýene bir gazal okady. Ol muhammes bu durar: Mesjidiň molla ymamy, karyýu-karra gerek, Beçeler mekdepde bolsa, dilleri burra gerek Täze mahbup zernigäriň akyly jürre gerek, Ili baý jemagata tagtynda adyl şa gerek, Çarwadarmyz çölde bolsa, sonadyr istär köňül. Haýyr, sözüni tamam etdi. Görse, köňül istegen zat bina-haýat köpdür. Näme etjek, «Ýüwrük köňül ýüwrük» diýenleri. Iki ýüz adamyň her birine bir halat, emma molla Gaýypga bir gymmat baha zerli halat berip, özlerine hem rugsat berdi. Hemme şat bolup, patyşa hakyna haýyr-doga kylyp gitdiler we şondan soňra ýemreli taýpada bir şahyr bolup, adyna Magrupy diýer ekenler. Häzir Magrupynyň gubury Maňňyşlykdadyr. Emma haýýat wagtynda meşhur molla Gaýybynyň «Istär köňül» diýen gazalyna görä bir gazal okady» . Gaýybynyň Aý bilen Gün tutulanda bagşylary, şahyrlary ölümden halas edende, düzen «Gelende bardyr», «Istär köňül» atly goşgulary, şeýle hem Gaýybynyň meşhur «Istär köňül» atly muhammesine öýkünip, Gurbanaly Magrupynyň şol äheňde goşgy ýazmagy bu şahyrlaryň, bir ýa iki sapar duşuşman, uzak wagtlap yzygider gatnaşykda bolandyklaryny, döredijilik babat¬da pikir alşandyklaryny kepillendirýär. Gurbanaly Magrupynyň ýaşan hem gezen ýerlerinden çen tutsaň, onda Mahmyt Gaýyby hem Köpetdag eteklerinde, Etrek, Gürgen, Balkan, Bäherden sebitlerinde ýaşap geçipdir diýmäge esas bar. Şahyryň eserleriniň birinde galdyran ýazgylary bu pikiriň dogrudygynyň subutnamasy bolup durýar: Asyl mekany ýeri Jürjanydyr Görnüşi ýaly, şahyryň «Nesihatnama» atly eserinden alnan bu setirde onuň asyl mekanynyň Jürjan bolandygy aýdylýar. Jürjan şäheri Eýranda türkmenleriň ýaşaýan ýeri Türkmensähradaky bir şäher. (Ol şäheriň harabalary Kümmetkabusyň günbatar-günortasynda ýerleşýär.) Ýöne bu eseriň golýazmasynyň birnäçe sahypasy ýitipdir. Şol ýiten sahypalardan soň hem eseriň 9 setiri dowam edýär hem-de ol tamamlanýar. Ýiten sahypalaryň sanynyň näçedigi belli däl. Olarda şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli başga-da maglumatlaryň berlen bolmagy ähtimal. Her halda Mahmyt Gaýybynyň asyl mekany Jürjandyr diýen ýazgynyň, onda-da şahyryň öz şygry, öz diwanynyň golýazmasy arkaly bize gelip ýetmegi kän zatlary aýyl-saýyl etmäge ýardam berýär. Birinjiden, şu maglumat Mahmyt Gaýybynyň Seýitnazar Seýdi bilen döwürdeş bolmandygyny, gatnaşyk etmändigini habar berýär. Ikinjiden, Gaýyby Gurbanaly Magrupy bilen bir wagtda ýaşap, olar ýygy-ýygydan duşuşyp durupdyr diýen pikiri berkidýär. Galyberse, bu meseläni dogry çözmekde, ondan takyk netije çykarmakda Mahmyt Gaýybynyň öz edebi mirasy egsilmez çeşme bolup durýar. Sebäbi edebi döredijilikde her bir şahyryň ýaşan döwrüniň umumy ýagdaýy, şol wagtda ýüze çykan möhüm meseleleri, onuň ýaşan jemgyýetiniň, bolan ýerleriniň medeni, edebi ýagdaýy, gatnaşyk eden şahslarynyň oý-pikirleri eserine siňýär, ony beýlekilerden tapawutlandyrýar. Mahmyt Gaýyby barada-da şuny aýtmak bolýar. Onuň şygyrlarynda Buhara, Horezm edebi ýagdaýynyň täsiri duýulmaýar. Şahyr şol medeni merkezlerden daşda – Köpetdag eteginde, Etrek, Gürgen sebitlerinde ýaşanlygy üçin, olaryň täsirine kän düşmändir. Oňa pars şygyrýeti-de güýçli täsirini ýetirmändir. Sebäbi, birinjiden, XVIII asyrda pars şygyrýeti öz ösüşinde pese gaçan döwri bolýar. Ikinjiden, şahyryň ýaşan ýerinde oňa täsirini ýetirip biljek edebi güýçler emele gelmändir. Ol esasan türkmenler arasynda ýaşap, beýleki täsirlerden belli bir derejede azat bolupdyr. Ol esasan türki edebiýatyň hem-de tasawwuf (sopuçylyk) edebiýatynyň däplerine köp ýykgyn edipdir. Ine, şonuň üçin onuň eserleriniň many-mazmunynda, dilinde oguz edebiýatynyň, halky şygyr sungatynyň, sopuçylyk garaýyşlaryň täsiri agdyklyk edýär. Siňe synlanyňda, onda Magtymgula, Gurbanaly Magrupa we beýleki XVIII asyr türkmen nusgawy şahyrlaryna bolan ýakynlygy duýmak bolýar. Şeýle hem onuň şygyrýetiniň kämilleşmeginde Seýit Nesiminiň, Bahawweddin Nagyşbendiniň, Hoja Hapyzyň, Alyşir Nowaýynyň, Muham-met Fuzulynyň we beýlekileriň täsiriniň bolandygyny arkaýyn aýtmak bolar. Mahmyt Gaýybynyň baý edebi mirasy bar. Ol bir gazallar diwanyny, «Otuz iki tohum kyssasy», «Nesihatnama» ýaly çaklaňja poemalary ýazypdyr. Beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň köpüsinden tapawutlylykda, Mahmyt Gaýyby öz şygyrlaryny tertibe salyp, elipbiý tertibinde diwan düzüpdir. Häzir biziň elimizde şahyryň bäş ýüzden gowrak şygry bar. Olaryň köpüsi gazallar bolup, murapbag (goşuk), muhammes, müseddes, müsemmen, müstezat we beýleki goşgy görnüşlerinde ýazan eserleri hem duş gelýär. Mahmyt Gaýyby türkmen nusgawy edebiýatynyň taryhynda gazal ýazmagyň ussady hasaplanýar. Ol bu usul boýunça eser ýazmagyň jemini jemleýär. Şahyryň gazallary many-mazmuny, keşpler dünýäsi, pelsepe pikirleri babatdan-da, çeperçilik, usul babatdan-da kämil. Onuň ruhy dünýäsi giň hem köptaraply, ýöredýän pikirleri çuň hem düýpli. Şol bir wagtda-da hem sada, hem çylşyrymly. Ol, bir tarapdan, halk diline ýakyn dilde sözlese, ikinji tarapdan, tasawwufyň ýörelgelerine eýerip, käbir garaýyşlaryny ýaşyryn saklaýar. Şahyr esasan Mansur Hallaj, Seýit Nesimi, Bahaweddin Nagyşbendi, Alyşir Nowaýy, Hoja Hapyz, Muhammet Fuzuly ýaly beýik söz ussatlarynyň ýörelgelerine eýeren bolsa-da, onda Magtymgula bolan ýakynlygyň bardygy-da aýdyň duýulýar. Sebäbi bu beýik söz ussadynyň tagallasy bilen XVIII asyrda çeper edebiýat halk durmuşyna içgin aralaşýar. Eserleriň durmuşydygy, halkylygy, milliligi, döwrebaplygy artýar. Edebiýatyň taryhynda bolup geçen bu düýpli öwrülişigiň sarsgyny belli bir derejede Mahmyt Gaýybynyň döredijiligine-de öz täsirini ýetiripdir. Gündogar edebiýatynyň gazalçylyk däplerine öte ýykgyn edendigine garamazdan, ol köp halatlarda halkyň dury pähim-paýhasyna, goýazy akyl-huşuna, täsin, çeper keşpler dünýäsine, sada gepleşik diline ýüzlenipdir. Il-günüň süňňünden syzylyp çykýan pikirleri goldanypdyr. Mahlasy, Gündogar edebiýatynyň uzak asyrlaryň dowamynda timarlanyp gelen edebi däplerini halky edebiýatyň kada-kanunlary bilen utgaşdyrypdyr. Ine, şonuň üçin gazallarynyň köpüsini hem gazal görnüşinde, hemem goşuk (murapbag) görnüşinde okamak mümkin. Bir mysal: Eý, şahy-älem, ýüzüňe älem geda, men hem geda, Ol şähdi-şeker sözüňe älem geda, men hem geda. Şahyryň meşhur «Älem geda, men hem geda» atly gazalynyň birinji beýdini goşuk görnüşinde getirip okanyňda-da hiç bir zat ýitmeýär: Eý, şahy-älem ýüzüňe Älem geda, men hem geda. Ol şähdi-şeker sözüňe Älem geda, men hem geda. Bu ýagdaýy sopy şahyrlaryň şygyr sungatynda köplenç halky edebiýatyň kada-kanunlaryny ulanandyklary, halky şygyr görnüşlerini giňden işledendikleri bilen düşündirmek bolar. Gazal ýazylanda halk edebiýatynyň ýörelgelerine ýykgyn etmek, oňa goşga mahsus kada-kanunlary girizmek meýliniň Mahmyt Gaýybydan has irki döwürlerde ýüze çykandygyny aýdyň görmek bolýar. Seýit Nesimide-de, Baýram handa-da, Muhammet Fuzulyda-da, Muhammet Babyrda-da, Babarahym Meşrepde-de, beýlekilerde-de şeýle meýil güýçli bolupdyr. Mahmyt Gaýybynyň döredijiliginiň özeni yşk mowzugy. Ol esasan dünýewi hem ylahy söýgini teswirleýär. Şahyryň oý-pikirleri, arzuw-umytlary, filosofik garaýyşlary, öwüt-ündewleri, pendi-nesihatlary, tebigat hem jemgyýet tarapyndan özünde galan täsirler — bularyň bary aşyk hem magşugyň keşpleri arkaly berilýär, bularyň bary şahyryň gözellige bolan ymtylyşy, hyjuwy, oňa gowuşmak baradaky alyp baran göreşleri bilen sepleşýär. Ol söýgini adamyň iň belent hem mukaddes duýgusy hasaplaýar hem-de söýgi bilen, ýagny söýüp hem söýülmegi başarýandygy bilen adamzadyň mertebesi belentdir diýen pikire eýerýär. Kyldy afzal mülküň mertebesinden bes ulug, Hak-tagalalla beriban yşk bile ynsany . Gaýyby yşky ylham çeşmesi hasaplaýar. Ol bu barada şeýle diýýär: Gaýyby, pähmimden ermesdur düzeden sözlerim, Yşk salmyş köňlüme her sözni manysy bilen. Şahyryň şygyrlarynda aşygyň keşbi şeýleräk janlanýar. Yşka düşen, «yşkyň ýüküni gerdenine atan» aşyk öz magşugyny jany-dilden söýýär, hemişe onuň adyny dilinden düşürmeýär. Onuň dolan aý dek ýüzüni, nerkes gara gözlerini, hünji dişlerini, gara saçlaryny, serwiden zyýada kamatyny, uz ýörişini, şirin sözüni taryplaýar. Aşyk öz magşugy barada hemişe kalbynda gowy arzuw-umytlary besleýär. Aşyk ýaryna gowuşmak barada näçe jan çekse-de, onuň arzuwy hasyl bolmaýar. Günüň günden, aýyň aýdan parhy ýok. Ol hemişe hijranyň, aýralygyň oduna ýanýar, gam-gussa ýuwudýar, ahy-nala çekýär, ajy gözýaş dökýär. Aşygyň maksadyna ýetip bilmän, jepa çekip ýörmegini şahyr magşugyň rehimsizligi, doňýürekligi, döwürdeşleriniň oňa edýän her hili hyýanatçylyklary, döwrüň adalatsyzlygy, dünýäniň, pelegiň panylygy, hökümdarlaryň zulum-sütem etmegi, ykbalyň keçligi sebäpli diýip düşündirýär. Aşyk hernäçe kynçylyklara duş gelse-de, ol öz tutan maksadyndan dön-meýär. Gaýybynyň eserlerinde magşugyň keşbini wasp etmeklige uly orun berilýär. Ol gözellik babatdan iň ýokary gözelligi özün¬de jemleýär: Kamatyňa serwi guldur, ýüzüňe güller geda, Kamatyň gaşynda ýokdur wajyp, diýmek azat oňa . Magşuk haýsydyr bir anyk taryhy şertlere laýyklykda hereket edýän takyk duýarlykly keşp bolman, ol umumylaşan gözelligi özünde jemleýär. Onuň keşbindäki haýran galdyryjy, ýesir ediji, adamlaryň ýüreginde tolgunma, joşgun, guwanç, arzuw ýaly duýgulary döredýän gözellik ýeke bir aşygyň söýen gözelligi bolman, ol hemmeleri ýesir edýär: Eý, şahy älem ýüzüňe älem geda, men hem geda, Ol şähdi-şeker ýüzüňe älem geda, men hem geda . Mahmyt Gaýyby hemişe adalatyň, hakykatyň tarapynda durup çykyş edipdir. Şonda ol adam mertebesini belende göterip, onuň kemsidilmegine, horlanmagyna garşy çykypdyr. Ol adamy, onuň pähim-paýhasyny uly gudrat hasaplapdyr. Sebäbi Alla Adam atany ýaradandan soň, oňa hemmeleriň sežde etmeklerini talap edipdir. Hemmeler oňa sežde edipdirler. Diňe şeýtan sežde etmänligi üçin behiştden kowulýar. Şahyryň özboluşly eserleriniň biri-de onuň «Otuz iki tohum kyssasy» atly çaklaňja munazaresidir. Göçme manyly häsiýetde ýazylan bu eserde şahyr ýokary gatlak wekilleriniň mal-mülk, baýlyk, tagt, häkimlik ugrunda alyp baran özara göreşlerini, talaňçylykly uruşlary ýazgarýar hem-de Pagtanyň keşbi arkaly adyllyga, aklyga, päklige çagyrýar. Mahmyt Gaýyby bu eserinde Bäheweddin Nagyşbendiniň «Dest ba kär, dil ba ýar — Elinde kär bolsun, dilinde ýar — Hudaý bolsun» diýen dana sözlerinden ugur alypdyr. Ol hemişe zähmet çek, diňe «Hüw! Hak!» diýip ýörme-de işle, döret, ile-güne haýyr getir. Şol bir wagtda-da Haky hem ýadyňdan çykarma, oňa gulluk et diýýär. Has sadalaşdyryp aýdylanda, «Bu dünýä diýip, ol dünýäni ýatdan çykarma, ol dünýä diýip, bu dünýäni ýatdan çykarma. Iki dünýäň abat bolsun!» diýen pikir nygtalýar. Bu ýerde Gaýybynyň pelsepe garaýyşlary Magtymgulynyňky bilen-de kybapdaş gelýär. Bu aýdylanlar Mahmyt Gaýybynyň beýik akyldar şahyr, ezber pelsepeçi bolandygyny aňladýar. Mahmyt Gaýybynyň edebi mirasy tutuşlygyna ýazuw üsti bilen, ýagny dürli ýyllarda, belli-belli kätipler tarapyndan göçürilen golýazmalar arkaly biziň günlerimize gelip ýetipdir. Onuň gazallar diwanynyň golýazmasynyň ençeme nusgasy TMGI-de saklanýar. Şeýle hem onuň şol diwanynda bolan ençeme şygyrlary ýüze golaý beýazda, ýygyndyda, beýleki şahyrlaryň eserleriniň golýazmalarynda duş gelýär. Türkmenistanyň çäklerinden daşda hem şahyryň diwanynyň bütewi golýazmasy bolmasa-da, onuň şygyrlarynyň belli-belli nusgalary duş gelýär. Şahyryň eserleriniň bütewi hem dola golaý görnüşde saklanyp galmagynda onuň öz hyzmatlary-da uludyr. Ol öz şygyrlaryny tertipleşdirip, elipbiý görnüşinde bir diwana jemläpdir . Bu barada ol şeýle ýazýar: Gaýyby, şygyr ile, dilber, owsapyň düzüp, Ýazdy çoh depder, waraklar birle diwan baglady. Gaýyby şygyrlaryny bir diwana jemläpdir. Elipbiý tertibinde diwan düzülende, her bir şygryň kapyýasynyň gutarýan harplary arap elipbiýiniň tertibinde getirilip, olar şol yzygiderlikde ýerleşdirilýär. Diwan düzülende şygyrlar nähili tertipde goýlan bolsa, soň kitap görnüşinde neşir edilende-de onuň tertibi saklanýar. Diwanlar şahyrlaryň özleri tarapyndan-da, ýakyn ýoldaşlary tarapyndan-da, has soň başgalar tarapyndan-da düzülip bilinýär. Biz hem şahyryň eserleriniň şu neşirinde onuň gazallarynyň elipbiý tertibini saklamagy, murapbagdyr muhammeslerini bolsa yza geçirmegi makul bildik. Gaýybynyň ömrüne we döredijiligine degişli birtopar çeşmeler ýygnalan-da bolsa, onuň öz eli bilen ýazan elýazmasy biziň döwrümize gelip ýetmändir. Şahyryň edebi mirasynyň şu wagta çenli toplanan nusgalarynyň köpüsi irki döwürde ýazylan golýazmalardyr. Olaryň arasynda soňky ýyllarda dilden ýazylyp alnanlary hem bar. Gaýybynyň eserleriniň akademiki neşiriniň ýa-da onuň edebi mirasynyň ählisini özünde jemleýän ýygyndynyň ýokdugy sebäpli, TMGI-de saklanýan maglumatlar ol hakda ylmy iş ýazmak üçin esasy çeşme bolup durýar. Olaryň esasylary şu golýazmalardyr: 11-nji bukja. Munda Gaýybynyň eserleriniň agramyny özünde jemleýän diwanynyň golýazmasy saklanýar. Diwanda şahyryň 6961 setirden ybarat bolan 494 eseri ýerleşdirilipdir. Şolaryň 483 sanysy gazal bolup, 3 sanysy murapbag, 9 sanysy bolsa muhammesdir. Diwan 1308-nji hijri, ýagny 1890-njy milady ýylynda Nur-mu¬hammet hanyň ogly Kadyrberdi üçin molla Taganyň ogly molla Muhammetmyrat tarapyndan ýazylyp gutarylypdyr. Golýazmanyň ahyrky sahypalarynda bu hakda şeýle maglumat berlipdir: «Ala ýed el-zagyf el-hyf («en-nahyr» bolmaly — K. A.) er-rajy ila erhamet el-bary bendeýi-hakysary-galil el-yhsan kebir el-usýan, el-kätib molla Muhammetmyrat bin-molla Tagan. Sahyb-e in ketab molla Kadyrberdi weledi-(bin)-Nurmuhammet han. Taryh ez hijret bir müň üç ýüz sekizde». Terjimesi: «Yhsany az, günäsi hetden aşa köp, päk hudaýyň rehmetine umyt baglan, ejiz we hor bendäniň eli bilen (göçürildi). Kätip bin molla Tagan molla Muhammetmyrat. Şu kitabyň eýesi Nurmuhammet hanyň ogly molla Kadyrberdidir. Taryh hijriden bir müň üç ýüz sekiz» . Diwan birnäçe gezek elden ele geçipdir. Golýazmanyň ilkinji eýesi Nurmuhammet hanyň ogly Kadyrberdi bolup, ondan soňra ol Muzaffar işanyň ogly Muhammetşerifiň eline düşýär. Mu¬hammetşerif bolsa ony Atabaý Garry ogluna ýadygärlik beripdir. Golýazmanyň 367-nji sahypasynda bu barada şeýle bellik edilipdir: «In Gaýyby(ny) 1328-lenji ýylda Atabaý Garry oglyga Hajy Muzaffar işanyň ogly Muhammetşerif ahun molla Kadyrdan sizge bir nyşana diýip berdiler». Bulardan başga-da golýazmanyň aýry-aýry sahypalaryna birnäçe adam atlary ýazylypdyr: Resulguly Hally ogly (8-nji sah.) Hojanepes Gandym ogly (366-njy sah.) we başgalar. Diwan nestaglyk hatynda gara syýa bilen arassa hem düş-nükli göçürilipdir. Onuň käbir sahypalarynda bir gazal tutuşlygyna ýa-da onuň bir, iki setiri gyzyl hem gök syýalar bilen ýazylypdyr (9, 23, 24-nji sahypalar). Diwandaky gazallaryň ýerleşdirilişinde elipbiý tertibi doly saklanypdyr. Diwan doly 412 sahypadan ybarat bolup, şonuň 8-366-njy sahypalaryny Gaýybynyň eserleri tutýar. Diwan sahaplananda başdaky 8 warak nädogry çatylypdyr. Aslynda ol 412-nji sahypanyň dowamy bolmaly. Golýazmada Gaýybynyň eserlerinden başga-da, Alyşir Nowaýynyň (367-nji sah.), Abdylhalygyň (386-369-njy sah.), Ab¬dyrahman Jamynyň (369-371-nji sah.), Gedaýynyň (371-372-nji sah.) goşgulary bilen bir hatarda Bahadur ibn-Aryf Omaryň epiki poemasy (373-392-nji sah.) we kyssa bilen ýazylan «Melike danyşmend» atly eseri (393-412-nji we 1-8-nji sahypalar) hem bar. Golýazma hazyna tabşyrylandan soň, kimdir biri ony Gaýybynyň diwanlarynyň beýleki nusgalary bilen deňeşdirip, onda kätip tarapyndan galdyrylan eserleri hasaba alypdyr hem-de olaryň haýsy sahypada, haýsy gazalyň yzyndan gelmelidigini: «Zülp açyp, diýme anlar jany» diýip başlanýan gazal şu aradan gerek (27-nji sah.), «... jepam yşkdyr meniň...» diýip başlanýan gazal gerek (47-nji sah.), «Nury mutlak bahryna...» diýip başlanýan gazal gerek (218-nji sah.)» — diýen görnüşde belleşdiripdir. Golýazmanyň 232, 260, 326, 356-njy sahypalarynda hem şeýle ýazgylar bar. Ol, Gaýybynyň şu bukjada saklanýan diwany göçürilende, onuň jemi 16 sany gazalynyň galdyrylandygyny görkezipdir. Emma bular Gaýybynyň diwanyna girmedik goşgularyň hemmesi däldir. 1136-nji bukja. Gaýybynyň diwanynyň bu bukjada saklanýan nusgasynyň başky sahypalary ýyrtylypdyr. Şahyryň diwanynyň beýleki golýazmalary boýunça hasaba alnanda, şol ýyrtylan sahypalarda 32 sany gazal bolmaly. Diwan şeýle beýt bilen başlanýar: Parh ýok şahy-gedanyň gaşynda, eý, kişi, Ger pakyry-natuwan ol, höküm kyl soltan olup. Şahyryň eserleri göçürilen wagtynda golýazmanyň 17-nji sahypasynda hiç zat ýazylman galdyrylyp gidilipdir. Emma soň kimdir biri öwrenje hat bilen oňa söz we sözlemler ýazyşdyrypdyr. Diwany göçüriji beýleki birnäçe Gündogar şahyrlarynyň öz eserlerini diwana ýerleşdiriş tertibine öýkünip, Gaýybynyň hem murapbagdyr muhammeslerini ahyrda bir ýere jemlemegi maksat edinipdir. Emma ol bu işe şahyryň diwanyny göçürip boluberende girişipdir. Netijede, Gaýybynyň «Bar meniň», «Eý köňül» redifi bilen gelýän muhammesleri hem-de «Gapyl olturma» redifli murapbagy iki gezek—hem elipbiý tertibi boýunça gelýän ýerinde (143-147, 263-nji sah.), hem ahyrda (314-317-nji sah.) göçürilipdir. Bu diwanda 11-nji bukjadaky golýazma bilen deňeşdirilende, Gaýybynyň birnäçe täze eserleri-de bar (303-317-nji sah.). Olar şahyryň beýleki diwanlarynyň ählisinde duş gelmeýär. Göçürijiniň olary Gaýybynyň haýsydyr bir doly diwanyndan ýazyp alan bolmagy mümkin. Ol goşgularyň hemmesi murap-bag hem muhammes bolup, örän düşnükli we sada dilde beýan edilipdir. Olar şeýle setirler bilen başlanýarlar: 1. Mahbuplar, ýagşy işdir Taňry emri, Tutup emrin boýun sun Haka dogry. 2. Dilber, meniň artdyryban joşumy, Ýagmaladyň meniň hasta köňlümi. 3. Rehim eýlegil, eý huplaryň zybasy, Ýagmaladyň meniň hasta köňlümi. 4. Jan, baş ýolunda goýduk, dag goýduk jana biz, Göremizmi ýüzüni şat oluban bir ýene biz. 5. Geldim, eý şah-a, seniň dergähiňe kylyp salam, Sen eýläp ýarylka kyl günähim, eý rahym. Diwan gara syýa bilen ýönekeý nestaglyk hatynda melemtil, küti kagyza göçürilipdir. Başky sahypalary bilen birlikde onuň birinji sahaby hem ýyrtylypdyr. Saklanyşy ýaramaz. Köp waraklary suw degip, haty bulaşypdyr (105-179, 212-213-nji ... sah.). Olaryň birnäçelerini okamak kyn, hatda okap bolmajaklary-da bar. Golýazmanyň eýesi Seýdulla Magtym bolup, ony Jepbar-berdi ogly Suhanberdi göçüripdir. Ol diwanyň ahyrky sahypasynda bu hakda şeýle maglumat beripdir: «... Sahibi-häzihi-el-ketab Seýdulla Mahdum. Kätib kemterin bendeýi-zaifi-nahyfy-rajy fi rahmatullah el-bari Suhanberdi molla bin-Jepbarberdi». Terjimesi: «... Şu kitabyň eýesi Seýdulla Magtymdyr. Kätip päk Hudaýyň rehmetine umyt baglan ejiz we hor bendesi Jepbarberdiniň ogly Suhanberdi molladyr». Diwanyň göçürilip gutarylan senesi goýulmandyr. Golýazmanyň syýasy hem kagyzy onuň, takmynan, XIX asyryň ortalarynda ýazylandygyny görkezýär. Golýazmanyň ýyrtylanyndan galany 317 sahypa bolup, onda şahyryň 450-den gowrak goşgusy bar. Gaýybynyň döredijiligi boýunça iş geçirmekde hem-de onuň eserlerini çapa taýýarlamakda bu golýazmany ygtybarly çeşmeleriň biri hökmünde peýdalanmak bolar. 1219-njy bukja. Bu Gaýybynyň diwanynyň irki golýazmalarynyň biridir. Aýawly saklanylmanlygy sebäpli, onuň başdaky birnäçe waragy hem-de sahaby ýyrtylypdyr. Şahyryň diwanynyň beýleki nusgalary bilen deňeşdirilende, şu bukjadaky golýazmanyň başynda 20 sany gazal ýok. Golýazma saýhally ýazylyp, onuň waraklary abat. Ol jemi 108 warak bolup şolarda şahyryň 404 şygry ýerleşdirilipdir. Golýazma şeýle setirler bilen başlanýar: Şermisaram günähimden, çykar dut otly ahymdan, Aýyrdyň gutly şahymdan, pena dünýä, pena dünýä. Golýazmanyň 8-9-njy sahypalarynyň aralygyndan ýyrtylan sahypalarda şahyryň 41 sany eseri bolmaly. Bu ýerde kapyýalaşyp gelýän sözleriniň ahyrky harpy «bi», «ri» bilen gutarýan gazallaryň birnäçesi, «ti», «jim», «çim», «hy», «hi», «dal», «zal» bilen gutarýan gazallaryň bolsa hemmesi ýok. Şeýle hem 33, 110-njy sahypalarda iki sany warak ýyrtylypdyr. 20 sany goşgyny bolsa golýazmany göçürende kätibiň özi galdyrypdyr . Diwany göçüreniň ady görkezilmändir. Onuň ahyrky sahabynyň iç ýüzünde iki ýerde «Sene 1244» diýen ýazgy bar. Şu maglumatdan görnüşine görä, golýazma 1244-nji hijri, miladyda 1828-nji ýylyndan öň göçürilip gutarylypdyr. Sebäbi diwanyň sahabyndaky bellikleriň ondaky eserlerden has soň ýazylandygy belli zat. Galyberse, şahyryň eserleriniň haty bilen onuň sahabyndaky ýazgylaryň ýazylyşy birmeňzeş — olaryň haty-da deň gelýär. Bu bolsa şol senäniň öň başga bir adam tarapyndan goýulmandygyny, onuň gönüden-göni şu golýazmany göçüren kätip tarapyndan ýazylandygyny tassyklaýar. Diwan doly göçürilip gutarylmandyr. Näme üçindir, kätip golýazmanyň 214-nji sahypasyndaky «Ýara söýläň arzymny, dildara söýläň arzymny» diýen setir bilen başlanýan gazaly-da soňlamandyr. Onuň ahyrky ýazan beýdi şu bolupdyr: Ah-u suzym ýetişgeç ol ýedi efläk üze, Arş ile ol künbedi duwwara söýläň arzymy. 11-nji bukjadaky golýazma bilen deňeşdirilende, şunuň yzyndan hem dört sany gazal bolmaly . Golýazmanyň boş galan 215-nji sahypasyna käbir sözler we goşgy setirleri, 216-njy sahypasyna bolsa möý çakanda sanalýan sözler ýazylypdyr. Diwan gara syýa bilen nestaglykda küti, sarymtyl kagyza ýazylypdyr. Şahyryň eserleri sowatly göçürilipdir. Haty düşnükli we owadan. Golýazmada Gaýybynyň eserleriniň elipbiý tertibiniň bozulan ýerleri hem bar: 45-47-nji sahypalardaky kapyýalaşyp gelýän sözleriniň ahyry «sin», «şin» harplary bilen gutarýan gazallar öz hakyky orny boýunça 57-nji sahypadan soň başlanmaly. Diwanyň göçürilişinde şular ýaly käbir säwlikler bar. 1220-nji bukja. Bu golýazma diwan elden-ele köp geçenligi hem-de ýaramaz saklananlygy sebäpli, onuň öňünden hem ahyryndan birnäçe waraklary ýyrtylypdyr, birnäçe waraklary bolsa owranypdyr, olaryň köpüsiniň ýarpysy ýa-da üçden biri galypdyr. Şonuň üçin hem diwanyň şu böleginde goşgularyň yzygiderliligi saklanmaýar. Bir waragyň ahyrynda haýsydyr bir gazal gutarman galsa, indiki waraga onuň dowamy bolmaýar-da başga bir eser başlanýar. Şeýle ýagdaý golýazmanyň 14-nji sahypasyna çenli dowam edýär. Emma diwanyň ýaramaz saklanandygyna, onuň köp ýerleriniň zaýalanandygyna garamazdan, onda beýleki birnäçe golýazmalara girmedik täze eserler-de duş gelýär. Umuman, golýazmanyň häzirki ýagdaýynda şahyryň 470 töweregi goşgusyny okasa boljak. Diwanyň ahyrky sahypalarynyň ýyrtylandygy sebäpli onuň haçan we kim tarapyndan ýazylandygyny anyklamak kyn. Emma Gaýybynyň eserleriniň sowatly göçürilmegi bu golýazmanyň ylymly-bilimli adamyň elinden çykandygyny görkezýär. Ol ökde hatdat bolup, edebiýat hem taryh ylymlary bilen-de azda-köpde gyzyklanypdyr. Diwanyň sahypalaryndaky käbir bellikler bu aýdylanlary tassyklaýar. Şu wagta çenli Gaýyby hakynda ýazylan işleriň hemmesinde «Gaýyby» şahyryň edebi lakamy bolup, onuň çyn ady Gaýypnazardyr» diýen pikir öňe sürülýärdi. Şu 1220-nji belgili bukjadaky golýazmany göçüren kätip şahyryň çyn adynyň Mahmytdygy hakynda gymmatly maglumat beripdir. Şeýle hem ol şahyryň goşgularynyň mazmunyna garap, olaryň käbirine sözbaşy goýupdyr: «Hudawend dilegi Gaýyp», 30-njy sah. «Nesihatnama», 213-nji sah. Golýazmanyň 245-nji sahypa-syn¬da bolsa ol birnäçe taryhy şahslaryň atlaryny, olaryň haýsy tiredendigini belleşdiripdir: «Abdylsamat han, Seýdulla han, mürzebaşy; Muhammet Şaweli han, sufýan, Meredaly han, gökje; Ylýas han, ak şor, Nepes serdar, ýanyk, Öre serdar, sufýan, begler begi». Golýazmany göçürijiniň Türkmenistanyň taryhy boýunça kitap ýazyp, şu bellikleri öz işinde peýdalanan bolmagy-da mümkin. Diwan nastaglyk hatynda melemtil hem gögümtil kagyzlara göçürilipdir. Onuň 126-njy sahypasyna «Aman» diýlen ýazgyly möhür basylypdyr. Golýazmanyň sahabynda Gurbandurdy Zeliliniň «Dad Heý» atly gazaly bar. Şahyryň bu eseri onuň öz daýysy Döwletmämmet Azadynyň (1795-1760) ýadygärligine düzen mersiýesidir. Ol Azadynyň «Dad heý» redifli gazalynyň äheňinde ýazylypdyr. Zeliliniň şol gazaly şeýle setirler bilen başlanýar: Gerdişi çarhyň elinden ýyglaram men, dad heý, Kylmady mahzun köňülni bir zaman hoş, şad heý. Bu golýazma hem Gaýybynyň 1136, 1219-njy belgili bukjalardaky diwanlarynyň golýazmasy ýaly şikestli bolup, şahyryň döreden eserleriniň hemmesini öz içine almaýar. Emma munuň beýle bolmagy golýazmanyň gymmatyny pese düşürmeýär. Gaýybynyň ömri we döredijiligini öwrenmekde, onuň mirasynyň nä möçberdedigini hasaba almakda, eserlerinde duş gelýän kä¬bir nätakyklary anyklaşdyrmakda, galyberse, şahyryň eserleriniň doly ylmy tekstini taýýarlamakda ygtybarly çeşmeleriň biridir. 3261-nji bukja. Bu golýazma 302 sahypadan ybarat bolup, ol Gaýybynyň 485 töweregi gazalyny özünde jemleýär. Şahyryň diwanynyň bu golýazma nusgasy dola ýakyn bolup, ahyrynda käbir sahypalar ýitipdir. Haty nastaglyk. Saklanyşy gowy. Golýazmanyň bar bolan sahypalary zaýalanmandyr diýen ýaly. Şahyryň diwanynyň beýleki golýazmalary bilen deňeşdirilende, belli-belli sahypalarda birnäçe goşgular kätip tarapyndan galdyrylypdyr. Çen-çak bilen 1-150-nji sahypalar aralygynda ondan gowrak eser ýetenok. Bir şygryň iki sapar ýazylan halatlary-da duş gelýär . Şeýle nogsanlyklaryň duş gelýändigine garamazdan, onda beýleki golýazmalarda duş gelmeýän maglumatlar hem az däl. Gaýybynyň şu golýazma giren pars dilinde ýazan bir gazaly («Ahwaly-tu») onuň diwanynyň beýleki golýazmalarynda duş gelmeýär. Bu maglumat şahyryň pars dilinde hem eserler döredendigini habar berýär. Onuň «Nesihatnama» atly çaklaňja poema şekilli eseri hem beýleki golýazmalarda duş gelmeýär. Bu eserde şahyryň özi barada hem täze maglumatlar berilýär. Onda Gaýyby özüniň asly mekanynyň Jürjandygyny aýdypdyr: ............................................. Asyl mekany ýeri Jürjandyr. Şeýledi takdyry ezeli-başda, Boldy ki asudaýy Garabaşda. Gaýyby, istär ki kyýamat güni, Görgeý onuň gutly ýüzi, görküni. Nebsimiz agyrsa-da bu eseriň teksti ýerleşdirilen ençeme sahypasy ýyrtylypdyr, ýitipdir. Şeýlelikde, eser doly görnüşde belli bolman galýar. Diwan hijri ýyl hasaby bilen 1278-nji ýylda, milady hasaby bilen 1863-nji ýylda molla Isa Mahdum bin molla Hojanepes tarapyndan göçürilipdir. Onda «Sahyby in kitap molla Mähdi», ýagny «Şu kitabyň eýesi molla Mähdi» diýip maglumat berlipdir. Golýazmanyň sahypalarynda kän ýazgylar bar. Onuň 74, 100, 152-nji sahypalarynda pars dilinde «Şu kitaby Mirnyzam weled Mirhanym weled Mirýusup okady», 159-njy sahypada «Seýitmyrat molla Täji mergen ogly okady we ýazdy» diýlip bellik edilipdir. Şeýle hem 198, 255-nji sahypalarda «Rahymberdi Atageldi», «Molla Rahymberdi» diýen ýazgylar bar. Umumylykda alanyňda, şahyryň diwanynyň bu golýazma-syny gymmatly nusgalaryň biri hasaplamak bolýar. 5840-njy bukja. Gaýybynyň diwanynyň bu golýazma nusgasy doly däl. Onuň ozal saklanyşy talaba laýyk bolmanlygy üçin, waraklary dargap, ýyrtylyp, belli bir bölegi ýitipdir. 11-nji bukjadaky golýazma bilen deňeşdireniňde, onuň öňünden 2-3 warak kem bolup, 6 sany şygyr ýok, ahyrynda hem 5-6 sahypa ýitip, olarda 15 goşgy kem gelýär. Aralarynda-da ýetmeýän waraklar bar. Bularyň öwezine golýazmanyň ahyrynda 11-nji golýazma girmedik 7 sany şygyr artyk. Umumylykda alanyňda, golýazma 294 sahypa bolup, 420 golaý goşgyny özünde jemleýär. Ol şeýle setirler bilen başlanýar: Gaýyby, nebsi-howadan geç, Hudadan kyl hezer, Erişur lutpy onuň her dem bu gorkudan saňa. 11-nji bukjadaky nusga bilen deňeşdirilende, şundan öň dört gazal bolmaly. Şondan soň golýazmanyň dowamynda ýigrimiden gowrak gazalyň hatyny okamak kyn. Sebäbi sahypalaryň gyralary ýyrtylyp, hatyna zyýan ýetipdir. Umuman, şahyryň diwanynyň bu golýazmasynyň waraklarynyň ählisi bölek-bölek bolup, olar soň rejelenip, belli bir tertibe salnypdyr hem-de sahaplanypdyr. Häzirki takyklamalara görä, TMGI-de Mahmyt Gaýybynyň diwanynyň golýazmasynyň alty sany nusgasy saklanýar. Gol-ýazmalaryň üçüsiniň ahyrynda sene görkezilip, olaryň ählisi XIX asyrda göçürilipdir. Beýleki senesi näbelli golýazmalaryň hem ýaşy şolaryňkydan uly bolmasa, kiçi däl. Eger şeýle bolsa, Gaýybynyň şygyrlary XVIII asyryň ahyrynda diwan görnüşine salnyp, tutuş bir asyryň dowamynda kätiplr tarapyndan köpçülikleýin göçürilip, Türkmenistanyň dürli künçlerine ýaýrapdyr Şahyryň diwanynyň elimizdäki golýazmalarynyň göçüriliş ýagdaýyndan, şeýle hem onuň aýry-aýry şygyrlarynyň ýygyndylarda, beýazlarda ýerleşdirilişinden çen tutsaň, onda olaryň umumy sany kyrk-elliden geçendir diýip aýtmaga esas bar. Belki ondanam köpdür. Şahyryň diwanynyň golýazmalarynyň birnäçesiniň zaýalanyp, ýanyp, suwa akyp, ýitip giden bolmagy-da, ençemesiniň il içinde saklanyp galan bolmagy-da ähtimal. 1151 we 1847-nji bukjalar. Şu bukjalarda Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eseriniň XVIII asyryň ahyrlarynda we XIX asyryň başlarynda göçürilen golýazmalary saklanýar. Golýazmalaryň ikisi-de doly däl. Aslynda, olaryň hersi birnäçe şahyryň eserlerini özünde jemleýän uly ýygyndy bolup, golýazmalar hazynasyna gelip gowşany şolaryň belli bir bölegidir. 1151-nji bukjadaky golýazmanyň 164 sahypasy bolup, onuň 114-123-nji sahypalarynda Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eseri berlipdir. Eser 1283-nji hijri, 1866-njy milady ýylynda göçürilipdir. Golýazma nestaglyk hatynda arassa hem düşnükli ýazylypdyr. Ondaky eserleri kimiň göçürendigi görkezilmändir. 1847-nji bukjada haýsydyr bir golýazmadan galan 10-15 sany sahypa saklanypdyr. Olar tertipleşdirilip, üç sany bölege bölünipdir. Birinji bölekde Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eseri, ikinji, üçünji böleklere bolsa Hoja Ahmet Ýasawynyň, Jamynyň, Nowaýynyň, Fuzulynyň eserleri ýazylan waraklar ýerleşdirilipdir. Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eseri gara hem gyzyl syýa bilen arap elipbiýiniň çalt ýazylan nestaglyk hatynda, Samarkandyň ýüpek kagyzyna göçürilipdir. Golýazmada sene hem-de ony göçürijiniň ady görkezilmändir. Ol takmynan XVIII asyryň ahyrynda, XIX asyryň başlarynda göçürilipdir. Eseriň gutarýan ýerinde «Ekilnama» diýen söz ýazylypdyr, has dogrusy, kätip şahyryň bu eseriniň ady «Otuz iki tohum kyssasy» däl-de «Ekilnama» «Iýmitleriň gürrüňi») bolmaly di¬ýen pikiri orta atypdyr. Dogry, Gaýyby öz eseriniň giriş bölüminde «Ekilnama» atly rowaýaty beýan edýändigi hakynda maglumat beripdir: Rowaýatda bitildi «Ekilnama» Barabar boldy heme has-u aama. Şahyr «Meniň beýan edýän rowaýatym «Ekilnama» bolmaly» diýen hem bolsa, bu eser ol at bilen adygmandyr. Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» munazere usulynda ýazylan eserdir. Şu aýdylanlardan görnüşine görä, şahyryň bu eserini nama diýip atlandyrmaga esas ýok. Şonuň üçin hem ol halk arasynda hem-de ýazuwda «Otuz iki tohum kyssasy» ady bilen ýörgünli ulanylypdyr. Käbir sözleriň ýazylyşynda üýtgeşikler bolaýmasa, golýazmalaryň ikisi-de (1151 we 1847) tekstologik jähetden biri-birine gaty ýakyn. Emma eseriň setir sany boýunça olar biri-birinden azda-köpde tapawutlanýarlar. Şahyryň «Otuz iki tohum kyssasy» 1151-nji golýazmada 208, 1847-nji golýazmada bolsa 214 setirden ybarat. Bulardan başga-da Gaýybynyň eserleri aýry-aýry adamlar tarapyndan dürli ýyllarda göçürilen golýazmalarda duş gelýär. Olaryň arasynda ýokarda görkezilen diwanlara we beýazlara girmedikleri-de bar. Muňa mysal hökmünde şahyryň «Hemhana gelendir» müsemmenini, «Dergahyňa toba» müstezadyny, Fuzulynyň gazaly esasynda düzen «Olandan sor» atly tahmysyny, Gurbanaly Magrupy bilen aýdyşan «Nirde bitildi — Şonda bitildi» goşgusyny, «Sopular», «Bar etdi», «Girgil ýola merdana», «Çekgil eliňni» atly murapbagdyr muhammeslerini we beýlekileri görkezmek bolar. Gaýybynyň eserleri Türkmenistanyň çäklerinden daşa kän çykmandyr. Beýleki ýurtlaryň golýazmalar hazynalarynda şahyryň bary-ýogy üç-dört sany goşgusy düşüpdir. Gaýybynyň edebi mirasynyň bize gelip ýetişi, onuň saklanyşy hakynda aýdylanlary jemläp, şeýle netijelere gelmek mümkin: 1. Beýleki türkmen şahyrlarynyňkydan tapawutlylykda Gaýybynyň eserleri bize diwan görnüşinde gelip ýetipdir. XVIII-XIX asyryň dowamynda aýry-aýry hatdatlar tarapyndan şahy-ryň diwanynyň ençeme nusgalary göçürilipdir. Häzirki biziň elimizde bar bolan 11, 1131, 1219, 1220, 3261, 5840-njy bukjalarda saklanýan alty sany golýazma hem şolaryň belli bir bölegidir. Belki, halk arasynda olaryň ýene birnäçesi bardyr? 2. Gaýybynyň diwanynyň elimizdäki golýazmalaryndan çen tutsak, şahyr diwanyny XVIII asyryň aýaklarynda düzüpdir diýen netijä gelmek mümkin. Sebäbi olar eýýäm XIX asyryň ýigriminji, otuzynjy ýyllaryndan başlap, kätipler tarapyndan köpçülikleýin göçürilip ugraýar. Diwanlaryň üçüsiniň ýaramaz saklananlygy sebäpli, kätibiň öz ady, golýazmanyň göçürilen senesi baradaky maglumatlar zaýalanan waraklarda ýyrtylyp, ýitip gidipdir. 1219-njy bukjadaky golýazma 1828-nji ýylda, 3261-nji bukjadaky golýazma 1863-njy ýylda göçürilipdir. 3. Gaýybynyň diwany bitewi görnüşde saklanmandyr. Şahyryň diwanynyň häzirki elimizde bar bolan golýazmalaryndaky ýyrtylan waraklary hasaba almanymyzda hem olardaky eser¬le¬riň möçberi biri-birine deň gelmeýär. Kätipleriň hemmesi-de Gaýybynyň diwanyny doly göçürmändirler. Olaryň her biri bolmanda şahyryň 5-10 sany gazalyny ýa-da murapbagdyr muhammesini taşlap gidipdir. Emma olaryň hemmesi birmeňzeş eserleri galdyrmandyrlar. Kätipleriň biriniň galdyranlarynyň beýlekilerinde duş gelýän halatlary-da bar. Galyberse, şahyryň diwanynda gazal hem murapbagdyr muhammesden başga görnüşinde ýazylan eserleriň bolmazlygy, onuň doly görnüşde däldigini tassyklaýan ikinji bir delildir. Hakykatda bolsa beýleki görnüşlerde (müstezat, müseddes, müsemmen, rubagy, tuýug, muamma, mesnewi...) ýazylan eserler diwana girizilýär. Şu nukdaý nazardan seredilende, Gaýybynyň diwanynda-da goşgy düzülişiň birnäçe görnüşleri bolmaly. Emma şolar şahyryň diwanyndan düşüp galypdyr. Olaryň käbiri beýazlarda-antalogiýalarda duş gelýär. Muňa mysal hökmünde Gaýybynyň «Hemhana gelendir» (307-nji bukja, 505-510 sah.) müsemmenini, «Dergahyňa toba» (487-nji bukja, 116 sah.) müstezadyny görkezmek bolar. 4. Gaýybynyň edebi mirasy tutuşlygyna diýen ýaly ýazuw üsti bilen bize gelip ýetipdir. Muny şahyryň bütin döredijiligini kitaby dilde ýazandygy bilen düşündirmek bolar. Şonuň üçin hem eserleri halk arasyna golýazma görnüşinde ýaýrapdyr. Gaýybynyň halk döredijiligine ýakyn äheňde döreden az sanly eserleri bolsa dilden ýazylyp alnypdyr. Türkmenistanyň dürli künçlerinden ýygnalan şol goşgularyň biri-birine deň gelmeýän aýry-aýry nusgalary bar. 5. Gaýybynyň diwanynyň şu wagta çenli ýygnalan golýazmalary hem-de onuň şygyrlarynyň dilden ýazylyp alnan nusgalary şahyryň eserleriniň doly tekstini taýýarlamak we ol hakda ylmy iş ýazmak üçin gymmatly hem ygtybarly çeşmedir. Gaýyby türkmen edebiýatynyň taryhynda döredijiligi az öwrenilen şahyrlaryň biridir. Ol hakdaky ilkinji belliklerdir makalalar baryp bir asyra golaý mundan öň ýazylypdyr. Ondan bäri şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli ençeme täze maglumatlar toplandy. Häzirki biziň elimizde bar bolan maglumatlar Gaýybynyň terjimehaly we döredijiligi dogrusynda öňki işlerde öňe sürlen ylmy taýdan doly esaslandyrylmadyk pikirlere hem-de çaklamalara düzedişleriň girizilmegini talap edýär. Şu ýygyndy şahyryň diwanynyň TMGI-de saklanýan 11, 3261, 5840-njy bukjalardaky golýazmalar esasynda taýýarlandy we ol Mahmyt Gaýybynyň eserlerini ilkinji gezek doly görnüşde öz içine alýar. Kakajan ATAÝEW, professor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |