13:16 Gorky | |
GORKY
Goşgular
Gorky Şöhratdan daşda bolmaly. Bu pikir kelleden çykanok. Yazýan zatlarñam bilgeşleý Internetde goýmaly däl. Milliardlañ añyny alan Internet münberin ret et. Bu şert hoş ýakyar käte... Kä-de bozýan ony. Ýa-da... ...Şöhratdan daşda durmaly. Yazýanlarñy depder bilsin. Kimdigiñi bildirmän öt. Bolmasa şöhrat geler-de Holtumyna gysar seni. Kengurunyñ torbasy dek Ýylyjak jaýy bar onuñ. Seniñ üçin. Holtumynda hem, Goltugynda hem ýaşama. Yaşamajak bol. Bir tymsal bar. Aforizm. Täsin söz. Umuman: "Ýitirerin öýdüp gorkýan bolsañ, onda ol señki däldir". A men ýitirerin däl, Sataşaryn diýip gorkýan. Sataşan bolmaýyn diýip, Elheder alyp Öz-özumi derñäp ýorün. Içigargalmyş! Şunça pikir, şunça gorky. Bar belanyñ körügi hem şöhrat. Bu çyrşan çyrşaklarymam Ýene internetde ýaýýan. Şöhrat Şeytan diýen ýaly, Aýylganç duýulyar... beh Şonuñ bilen ham-çam bolup, Haka şirk edýân ýaly men. Bu yazanlarymam okan, Näçe bigünäñ başynda, Dörär bulaşyk pikir. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |