16:50 Görogly / poema | |
GÖROGLY
Poemalar
Mahal-mahal sen girýärsiň düýşüme, Hyýalymda söhbet gurýas her zaman. Şol pursatlaň höziriniň waspyny Ýetrere söz tapamok eý, aman. Gözlerimde surat eýläp keşbiňi, Namalarňa kalbym suwaran wagtym. Arşyň kemerine galkynyp ruhum, Güllerin parladýar köňül daragtym. Özümiňki bolup ýol salan ugrum, Ädimim dürs ätläp, bilýän ederim. Sen bolansoň dag dek arka diräre, Kynçylyk öňünde ýokdur hederim. Synaglary biri-birinden çökder Darkaşlar içinde ýaşan asyryň. Ýazylmadyk kanundy bu edähet, Goç ýigit çykmaga bolmaly aslyň. Guwançdan, buýsançdan serpaý ýapynýaň, Yzarlap göreňde gözbaşyň — köküň. Seniň aslyň asylzadadan gaýdýar, Milletňe düşen nazary Hakyň. Asyrlardan-asyrlara ýaň salyp, Älem gezen eždatlaryň tarypy. Sebäp olar şana beslenen ençe Döwlet gurup, sorapdyrlar taryhy. Zybanymda sena eýläp aýdaýyn, Şeýle bir aýtgyny dilime gelen. Damarynda ata gany çyrpynyp, Peleň çagasyndan çykýandyr peleň. * * * Pelek aýbygadym çarhyn aýlaýar, Möhrün basyp ýylyň her gün, aýyna. Gadym Çandybiliň ulus-iline Baş bolmaklyk düşdi seniň paýyňa. Baştutansyz galyp şonda milletň, Agralmak bilendi günsaýyn derdi. Ýalkawyn eçilip halkyma Taňrym, Halasgär eýleýip sen merdi berdi. Bu hala baş yrap kaýyllyk bilen, Pikir menzilinde eýleýän ylgar. Dünýä gelşiň özgelere meňzemän, Görden çykyşyňda uly many bar. Agtygyny ýüze sylyp özüni Jygaly beg Türkmen bagtyýar saýdy. Sebäbi dogluşyň adaty bolman, Kadyr Allaň kereminden nyşandy. Bagra basyşyna hamraklyk bilen, Oňanok söýünçli bakmasa günde. Nädip şeýle bolmasyn ol türkmeniň Döwranly geljegin görýärdi sende. * * * Şatlyk derýasynda urup gulajy, Şu ýerde diýjegim şeýle ybadat: — Iliňe, ýurduňa çäksiz söýgiňden Berdaşly gollaryň tapýardy kuwwat. Daglaryň bekinde taplanyp göwräň, Sähranyň giňligi siňdi süňňüňe. Ruhuň keşt eýläp arşy-aglany, Howalaň galkyndy Günüň deňine. Kaddyň meňzäp belent başly çynara, Bir sende jem boldy müň äriň dogmy. Kem-kemden undulyp Röwşen adyň, Il içine dolduň bolup Görogly. * * * Durmuşyň müň sapagyny bişirip, Ataň Jygaly beg berdi edebi. Heý-de, ýüňi ýeten saýyp bolarmy Ýok bolsa ýigidiň şabaz bedewi?! Şeýle hakykaty dilimde dessan Eýläp nygtamakçy şu pursatda men. Işiginde aty kişňäp durmasa, Ol kişi özüni saýanok türkmen. Dünýä dahyl bolan gününden bäri Milletmiň ata bagry badaşan. Döredip nusgalyk tohum atlary, Halkymyz şöhratly menziller aşan. Göz öňüňe gelýär argamak aty Tutulan çagynda türkmeniň ady. Dal bedewler hakda açylsa söhbet, Seriňde janlanýar türkmen zürýady. Bu hala begençden ýapynyp serpaý, Ýüregiň töründe köreýär yşyk! Üstüni ýetrýän birek-biregiň Bolar eken beýle-de bir sazlaşyk. Göwündeş bedewiň eýesi bolmak Türkmene elýetmez gyzyl halkady. Ezelinde, bagtyň daş ýaran eken Bu babatda Allam seni ýalkady. Çalasyndy onuň turşy towşandan, Gözleri alma deý, naşy temegi. Taýsyz bedew çykmagynda şol taýyň Ýetdi Jygaly beg seýsiň kömegi. Seýisçilik sungatynyň ilimde Ösenligin şu zat eýleýär ykrar. «Dünýäde ýok aty ýetşdir» diýip, Jygaly Türkmene buýurýar Hüňkär. Ýurtlary soraýan hökmi zor soltan, Sözüni ýykjak ýok diýse-de kime. Köňül küýseginiň wysal bolmagyn Özgä däl-de, ynanýar ol türkmene. Indi seň eliňde şol taýsyz bedew, Görmäge göz gerek ajap syratyn. Yklymlar tsginip gidýär çarpaýa Galyp kişňän mahalynda Gyratyň. Ol owaz mertlikdi, halallyk, hoş päl, Ak süýt bolup ýazyň atan daňydy. Ol seda türkmeniň erkinligini Jahana buşlaýan belent ýaňydy. * * * Goç ýigit bolmagyň ýene bir şert Tükel bolmalydy ýarag esbabyň. Ispyhan şäherne ataryp seni, Jygaly beg tapdy muň-da hasabyn. Lagly-jowahyrdan ýasalan ok-ýaý, Ýaşyl naýza — geçjek daşdan-da parran. Altyndan ýakaly sowut, tuwulga, Şeşmer... garaz, sende galmady arman. Gadamyň gylawly, belentdi başyň, Nazaryňda bardy algyr bakyşy. Gyratyň-da şatlygyňa goşulyp, Häzir üýtgeşikdi toýnak kakyşy. Alma gözlerini talawladyp ol, Bak, hokranýar diýýän ýaly hamana. «Isleseň ýellerden ýüwrük çykaýyn, Ganat baglap, uçaýyn men asmana!» Gökden şaglap inen bürgüt seslenýär: «Türkmen ili bolar indi goragly. Ýoluna gül düşäp garşylaň gelýär, Bedew atly demir donly Görogly!» Daglara dil bitýär, sährama zyban: «Älem içre adyň bolar soragly. Mübärek didaryň sylaly ýüze, Bedew atly demir donly Görogly!» Seniň doglup, ömür süren asyryň «Gün güýçlüňki» diýilýän bir döwürdi. Är çykdyň sen, zora bendi bolmaklyk Howpy senden ýüzün baky öwürdi. * * * Boljak bolsaň ýüňi ýeten goç ýigit, Onuň ýene-de bir şeýle şert bar. Asylzada ýerden çykan dilberiň Bolmaklygy wajyp saňa söwer ýar. Maşgala ojagyn saýyp mukaddes, Türkmen aga oňa aýdan «Baş gala!» Dowamat tapmagyň döwletli bolup, Keramatly gözbaşydyr maşgala. «Boljak oglan başdan belli» diýlen deý Özgelerden has üýtgeşik doguldyň. Ezelinde, dörän iliň bagtyna Är nepesi siňen goçgar oguldyň. Diňe bir Zeminiň paýhasyn içmän, Arşyň paýhasyndan bolduň sen paýly. Dogulmagy möhüm taýyň boljagyň, Akyl-huşy harman, peýker jemally. Ol ýar üçin ýarmalymy daglary, Çöller söküp gynamalymy jany, Ganat baglap uçmalymy asmana, Niredekä şol jenanyň mekany? * * * Ak daňdanda bir oraşan düýş gördüň, Ýalňyz özüň dursuň gülli meýdanda. Nur däl-de mähirdi Günden saçylýan, Guş-gumrular nama kakýar çar ýanda. Gül ysly howadan içip ganaňok, Eňek basyşyň deý durna göz ýaba. Egni mele donly, başy selleli Kybla taýdan gelýär ak sakgal baba. Ýöreýşi gyssanmaç, özem ýeke däl, Gapdalynda bardy hoşsurat zenan. Huzuryňa ýetp-ýetmän ýaşuly, Onuň kimdigini eýledi aýan. «Bu ýaryň, gyýyldy arşda nikaňyz, Aýdanlarym huşda saklagyn baky. Ady Agaýunus peri neslinden, Jahan patyşanyň gyzy Kapdaky». Ony görüp huşuň uçdy başyňdan, Her gözi mähirden doly pyýala. Beýle gözellige maýyl bolmak däl, Getrip hem bilmändiň sen hyýala. Ýüzüniň tuwagy şuglasy Günüň, Ojaryň ýalnydy ýaňagnyň aly. Alkymynyň agy owuz süýdüdi, Lebleri daňdanyň gaýmagy ýaly. Tylladan jygasy baýdak parlaýan, Edaly ýöreýşi ajap öýdümdi. Ýylgyryşy köňülleriň bahary, Ol şu çaka aýdylmadyk aýdymdy. Häzir maksadyňdan dönerli däldiň, Ha garşyňdan şirler çyksyn, döwler ýa. Näme gördi seň ýoluňa bent bolup, Läşe dönüp ýatyr läheň aždarha. Agaýunus peri eziz myhmanyn Garşy aldy gollaryny gowşuryp. Gözüň aýdyň, türkmen ilim, Görogly Aman gelýär iki gözi dört bolup. Olar bir-birine şeýle mynasyp, Döwlet tapar togap eden alnyna. Bu gün orta goýup hany-manyňyz, Toý tutuňlar aşyklaryň şanyna. Çaparlar atarlyp ýüwrük atlara, Ýollandy toý çakylygy çar ýana. Asmana göterlip toýuň şowhuny, Älem ýüzi galdy size haýrana. Altyn tabak atdyrylyp bu toýda, At çapylyp, gezek ýetdi pälwana. Ýetmiş iki saz guraly düzülip, Bagşy-sazandalar çykdy şirwana. Agaýunus — tämiz söýgüden nyşan, Hakdan berlen bereket barlygyň. Deň çekişjek egniňdäki ýüküňi, Asyl nusgasy ol wepadarlygyň. * * * Akyşy deý siliň ýol salyp tarpdan, Ýetp geldi, ana, duşmanyň ýygny. Asyl gönezligi şerden tutulan, Ula-kiçä aýan ol ýowuň pygly. Eger-de elinden gelse, haýdan-haý, Galaňy syndyyrp, talajak kendi. Erkinligňe salyp demirden jylaw, Özüne etmekçi ebedi bendi. Ha! Ha! Ha! Zat barmy nä goragsyz, Zowal görmän, eýe çykaryň ýaly. Kesekä garaşly bolandan türkmen, Görde ýatanyny görýär ybaly. Ýöne welin duşmanyň-da bu gezek Sürnüp gelşi öňküleriň däl çaky. Goşunynyň sany çöp-çörden agdyk, Topdur şemhallardan ýetpdir ýüki. Pile münen, atly gelen, pyýada Ýygynlaryň sany jemi ýüz müňdi. Bu uly howp çözülmesi kyn sowal, Onuň jogabyny kim berer indi?! Çaparlar ýollandy külli türkmene, Bedewleň çapyşy mysaly ýeldi. Müň atla baş bolup Sapanyň ogly Hemmeden öňürt beg Çakan geldi. Öwrüp oňman ýüreginiň genjine, Tug deýin parladyp namysyn-aryn. Nökerleri geldi bürgüt bakyşly, Jeňde gylyç gemren Zaman serdaryň. «Mukaddes, keremdir türkmen topragy, Almytyny alar pälleri azan. Dowar sürüsine daran gurt boluň!» Diýip, ýetp geldi är Salyr Gazan. Çözülýän mahaly Watan takdyry, Kim garap oturjak amanat başa. Eli ýarag tutan bir ýumruk bolup, Kyrk müň öýli türkmen geldi darkaşa. Bu ahwala ganat bitp göwnüňe, Şatlygyň durmady ýyldyzdan bäri. Ýow üstüne ajal bolup süründiň, Görogly beg Türkmen — ärleriň äri! Baryşyňa giräýmän sen söweşe, Bogazyňda jemläp zehiniň baryn. Namalar gaýyrdyň belentden-belent, Kakyp alyp arkaňdaky dutaryň. Namalaryň mertlik, namys hakdady, Olarda Watana söýgi jemlenen. Ar üçin janyny goýýarlar orta, Türkmen goçaklary — halal süýt emen. Namalaryň aýdym däldi adaty, Şaglap inen laçyn bolup eňildi. Howalasy pese gaçyp duşmanyň, Hak kelama ruhlary ýeňildi. Görkezip bilmeklik sözüň gudratyn, Gaýypdan eçilen bir ýagşy päldi. Bilen çagyň ruhuny syndyryp, Garşydaşyň boýun etmek kyn däldi. Söweş tälimlerni görkezdiň ýaga, «Wellemşaha», «Aýlantabak», «Iturşy». Ýowuň sülsatlary zarba döz gelmän, Ökje göterdiler ýurduna garşy. Gözüň aýdyň, türkmen ilim, ýene-de Haýyr üstün çykdy, şeriň işi har. Ata ýurduň erkinligni goraýaň, Bir eliňde gylyç, birinde dutar. Surat bolup ýüregime çekilen, Bu ajap görnüşden gözüm doýmaýar. Barýaň, ana, Gyratyňy segredip, Bir eliňde gylyç, birinde dutar. Görogly beg Türkmen, bu amalyňda Beýik daglar kimin uly many bar. Dost öňünden çykýaň goluň dutarly, Ýowuň depesinde gylyç oýnaýar. * * * — Ugur haýyr bol-a, Görogly agam, Ýalňyz özüň irden çykypsyň ýola! Aw-şikara höwes etdimi göwnüň, Ýa-da gol ýapdyňmy özge hyýala? — Otaryp oturan gepleriň nedir? Awa çyksam, ýigitlem bor ýanymda. Seýil üçin ylgar etsem daglara, Gapdalymdan galmaz Öwez janym-da. — Awa şaýlanmadyk bolsaň eger-de, Gyratyň säpjedip barmasaň seýle. Düýşde dary görüp ýatan guşlary Örüzip barmagyň sebäbin söýle. — Aýan etsem kylmyşymyň sebäbin, Men-ä zat göremok galara haýran. Illendirmek üçin Öwez oglumy, Mynasyp maşgala agtaryp barýan. — Sogap işe baş goşupsyň, oň bolsun, Içoguz iline barýarmyň, onsoň? Daşoguz ilde-de ýagşy gyzlar bar, Ýalňyşmarsyň şolaň haýsyna barsaň. — Türkmen gyzlaryna serim sadaga, Edaly hem ojagyna wepaly. Gözellik babatda olaryň hersi On dördi gijäniň Aýy mysaly. Bolsalar-da olar ynsan neslinden, Ilime eçilen halaty Arşyň. Ýöne häzir Gülruh gyzyny isläp, Leke patyşanyň ýurduna barşym. Öz ýöredýän hasabym bar bu işde, Soňa goýman diýsem ony şu zaman. Gudalar gatnaşsa süýjülik bilen, Iller rahat bolar, ýurtlarmyz aman. Bu zatlary eýläp dilimde dessan, Nygtamakçy bolýan pikirim meniň. Ähli künjeginde ýedi yklymyň, Parahatlyk küýsegidir türkmeniň! * * * Asyrlaryň dowamynda sünnäläp, Şahyrana halkym — türkmen ymmaty. Sen hakda döretdi ajaýyp kitap, Dünýäň baýlygyndan zyýat gymmaty. Boýlanymda uz sözleriň ummanyn, Ruhum galkynyp, gönenýär janym. Adamlary kämillige atarýan Kemsiz aňlaýaryn ömür beýanyň. Kökerilip galýan şeýle duýga-da, Ony soňa goýman, eýlesem aýan. Her sözüň kalbyma gaýan mahalym, Men özümiň kimdigimi tanaýan. Ata Watanyma näçeräk söýgim, Bitrýän hyzmatym niçiksi halda. Şindi egsik görüp borjum haklaýşym, Seniň gaýratyňdan isleýän dalda. Ýakyn durup bildigimçe özüňe, Buýsanç depregimi batly kakýaryn. Göwnüm tämizlenip çeşmäň suwy deý, Adamlaň ýüzüne müýnsüz bakýaryn. Diňe biz däl bu kitapdan hözirli, Nesibeli boldy halky-da dünýäň. ÝUNESKO-nyň ruhy gymmatlyklarnyň Sanawna girmegi aýdanma güwäm. Dilde dessan eýläp mübärek adyň, Kalbymda tylladan heýkel gurdugym. Asyrlardan asyrlara ýaň salyp, Owazaň artdyrýar şanyn ýurdumyň. * * * Ak Gün dogup gelýär tämiz säherde, Altyn çyrazlary barlyga zynat. Depäme seretdim şasuwar bürgüt Arassa asmanda kakyp ýör ganat. Şuňkar guşuň aga-ýana uçmasy, Ajap surat bolup galdy çeşmimde. Görogly beg Türkmen, parlak ruhuň Görýärin men şol bürgüdiň keşbinde. Seniň bilen bolan çagym söhbetdeş, Yzarlap çykýaryn taryhyň gatyn. ...Gulak goýýan mugjyzaly namaňa, Owazyna maýyl bolýan Gyratyň! Döwletmyrat NURYÝEW. | |
|
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||