11:40 Ýüreklere basylan tagmalar | |
ÝÜREKLERE BASYLAN TAGMALAR
Publisistika
Dargan soýuzyñ düzüminde bolan döwründe türkmen halky milli köklerinden, hakyky taryhyndan, çorba çykar şahsyýetlerinden üzñe saklanyldy. Oña añ ýetirip gyzyklanmak, bilmek, öwrenmek islän adamlar yzarlanmalara sezewar edildi, olaryñ başlarynda "ahyrzaman gününi" gopduryldy. Bular barasynda gürrüñ açmak diñe Garaşsyzlygymyzy jümle-jahana jar edenimizden soñ mümkin boldy. Diýdimzorlugyñ şalyk süren döwründäki nogsanlyklar barasynda oýa çümenimde, öñi bilen okuwçy döwrümiz añymda janlanýar. Bu ahwalatyñ tötänlik bilen asla galtaşýan ýeri ýok. Onuñ "üçribi" hem şol "gara günlerde" çaga ýüregimize basylan tagmalarda. Neneñ onsoñ olary hiç zat bolmadyk ýaly, kesek oklanan guş sürüsi edip, huşuñdan uçuryp goýberip bolar?! Mekdeplerde, şol döwrüñ gazet-žurnallarynda özge halklaryñ taryhy, medeniýeti barada okap-öwrensegem, öz taryhymyz, medeniýetimiz, türkmeni türkmen edýän milli aýratynlyklarymyz barasynda hiç zat okamadyk, öwrenmedik diýen ýaly. Biz okuwçy döwrümizde diñe grekleriñ, müsürlileriñ taryhy bolmalydyr diýip pikir edýärdik. Öz gadymy türkmen halkymyz, onuñ şöhratly taryhy bardyr öýdüp añ elegini elemekden gaty daşdadyk. Onuñ hem sebäbi, bize öwredilýän taryhlar özge halklara degişli geçmişden gürrüñ berýärdi. Ýagdaý taryhy şahslar barada-da şeýledi. Ylla diýersiñ, türkmenlerde milli gahrymanlar, inçe syýasatçylar, danalar owalda-ahyrda döremedik ýaly. Göýä, toba-tagsyr, türkmen halkymyz şeýle il ogullaryny orta çykarmakda Tañrydan paýsyz galan mysaly. Muña şol mahallar oglan bolsagam, çaga ýüregimiz kemsinmekden ýaña dilim-dilim bolýardy. Ýöne şol baknalyk döwründe-de, garaz, köp bolmasa-da il içinden ýek-tük adamlar çykyp, bu adalatsyz syýasatyñ garşysyna, öz mümkinçiligine görä, birisi-de biziñ mugallymymyz (Ýatan jaýy jennet bolsun!) Şemsetdin Pirli ogly bolupdyr. Oba arasynda onuñ ýörgünli ady "Işan agady". Sebäbi olaryñ añyrsy, çawy diñe bir biziñ türkmen ilimizde hem däl, öz döwründe onuñ çäklerinden daşarda-da köplere belli Mirek işanlardan uç alyp gaýdýardy. Şonuñ üçin onuñ abraýy iliñ arasynda uludy. Işan agany öñüne düşürip baryp bilseñ, özge müşgillikler-ä beýlede dursun, ara düşen gan hem geçilýärdi. Mugallymymyz özüne "Işan aga" diýip ýüz tutulmagyny halamazdy. Çyny bilen gaty görerdi. Tommaýlyja sözler bilen aýdanyna puşeýman etdirýärdi. Bu hem şol döwrüñ syýasaty bilen baglydy. Çünki, "Sen hadymynyñ nesli, könäniñ zyýanly galyndylary bilen sowet adamlarynyñ añyny zäherleýärsiñ" diýip, ençeme gesek ondan-oña süýrelme kemi galmandy. Mugallymymyz bize taryhdan hem-de botanikadan ders berýärdi. Onuñ özge mugallymlarda bolmadyk bir häsiýeti bardy. Sapak geçeninde okuw programmasyna degişli materialy düşündirip boldum edeninden soñ, hökman bäş-on minut wagt galdyryp, türkmen halkynyñ taryhy baradaky gürrüñler bilen biziñ, sözüñ doly manysynda agzymyzy açdyrýardy. Ol türkmen halkymyzyñ taryhy bilen birlikde, öz obamyzyñ geçmişi dogrusynda-da "janly kitaplaryñ" birisidi. Durnanyñ gözi dek dury suwy baýa minnet şagladyp akdyryp duran, obamyzyñ jan damary hasap edilýän "Könekärizi" obadaşlarymyz Ärnazar ussanyñ başda durmagy bilen gazandyklaryny ilkinji gezek Şemsetdin mugallymdan ýedinji klasda okap ýörkäk eşidip galdyk. Öñler ony "Lenin babamyzyñ" görkezmesi bilen Orsyýetden gelen kommunistler bize gazyp berendir diýip oý edip ýördük. Şemsetdin mugallymyñ aýdyp bermeginden soñ obadaşymyz Ärnazar kärizgeniñ diñe bir Mürçedäki "Könekärizi" däl, özge obalarda-da birnäçe kärizi gazyp berendigini, onuñ meşhurlygynyñ uzak welaýatlarda-da bellidigini bilip galdyk. Hojamuhammet mergeniñ, Murtuz mergeniñ, Pirnepes serdaryñ, Halnepes pälwanyñ, Döwletmämmet damyllanyñ, Baba mollanyñ, Dostaly bagşynyñ diñe bir öz obadaşlarymyz bolmak bilen çäklenmän, kimsämiziñ atamyzdygyny, kimsämiziñ daýymyzdygyny, kimsämiziñ aga toparymyzdandygyny eşidip, birek-biregimize "ýyrş-da-ýyrş" bolşup seredişýändigimiz hiç gözümiñ öñünden gidenok. Şol pursatlar biziñ oglan gözlerimize sereden adamlar bizdäki guwanjy, buýsanjy, pederlerimize bolan mähir-muhabbetlerimizi kynçylyksyz añlap biljekdiler. Şemsetdin mugallymyñ beýdip biziñ gözümizi açyp durmasy, dogrusyny aýtmaly, şol baknalyk döwrüniñ "adyl syýasaty" bilen dem alýan käbir kommunist "aktiwistlere" ýarap hem durmaýardy. Olar hormatly mugallymymyzyñ bu sogap işini biz ýaş-ýeleñleri "ýoldan çykarmak, azdyrmak, kommunistik terbiýe bilen doldurylan negözel añy zaýalamak" diýip düşünýärdiler. Obamyzyñ ilersinde bir diñ bar. Oña "Ahyranyñ diñi" diýilýär. Bu köne diñiñ öz döwründe niçiksi maksada eýerip, obadaşlarymyz tarapyndan gurlandygyny hem Şemsetdin mugallym bize gürrüñ beripdi. Onuñ gurluşy gaty täsin. Aşagynda durup, depäñe seretseñ, telpegiñ kelläñden gaçýar. Onuñ gaýra düýbünde dine bir adam sygarlyk deşik bilen içine girip, ondaky basgançaklar arkaly diñiñ üstüne çykyp bolýar. Bu diñde gözegçi oturýan eken-de, alamançylyk döwründe, ýagy çozan mahaly galanyñ içinde oturýan obadaşlarymyza gije ot ýakmak, gündiz tüsse çykarmak arkaly abanýan howp barada habar berýän ekeni. Ine, günleriñ birinde Şemsetdin mugallym tutuş klasymyzy şol diñi görmäge gezelenje alyp gitdi. Birki sagatdan dolanyp gelsek, bize, has takygy, Şemsetdin mugallyma mekdepde raýondan gelen organ işgärleriniñ ikisi garaşyp duran ekeni. Gelşimize mugallymymyzy mekdep direktorynyñ jaýyna alyp gitdiler. Bize-de "Hiç ýere butnaýjy bolaýmañ. Öýüñize-de diñe biz rugsat berenimizden soñ gaýdarsyñyz" diýip, berkden-berk tabşyrdylar. Tutulan guş ýaly bolup, gorkymyza sandyraşyp otyrys. Aradan bir sagat çemesi wagt geçeninden soñ, raýondan gelen wekilleriñ biri biziñ klasymyza geldi. "Şulardan ýeke özüm sorag etjek" diýip, mugallymlardan biziñ ýanymyzda bolmak islänlere çenli hemmesini çykaryp kowdy. Soñra gapyny gürpüldedip ýapyşyna, "täk" diýip stoluñ añyrsynda gabarylyp oturdy. Ganguýma gözlerini hanasyndan çykara getirip, bize petiredip seredişine, Şemsetdin mugallym barada sorag berip başlady: "Ol kim? Size nämeler barada gürrüñ berýär? Sowet hökümetine garşy aýdan sözlerini kim aýdyp berjek? Sizi diñiñ ýanyna näme maksat bilen alyp gitdi? Ol ýerde nähili gürrüñler etdi?" Özem ol organ işgäri sowallaryny umumy klasa berip oñaýman, bizi ýeke-ýekeden ornunymyzdan turzup, "eden kasamymyza wepaly bolup, ak ýürekli leninçi pionerdigimizi şu ýerde subut edip, dogrymyzy aýtmagymyzy" bizden talap edýärdi. Onuñ gödeñsi sesinde haýbat atyjylyk mese-mälim bildirip durdy. Biz gören zatlarymyzy, mugallymymyzdan eşiden gürrüñlerimizi soragça aýdyp berdik. Çaky, biziñ jogaplarymyzdan onuñ göwni suw içmedik bolarly, ornundan gaharly turup, agzyndan ak köpük syçyradyşyna, üstümize küpürsäp gygyrdy: "Sizdenem bir hakyky pioner bolarmy? Hemmäñizi pionerlikden kowmaly, jenaýatça hemaýatçy bolýan pioner sowet hökümetine gerek däl!" Eger-de ol şunça ýeñsesini tüññerdip, klasdan çykmadyk bolanlygynda, gorkujygymyzdan möññürip goýberjekligimiziñ ujy iki däldi. Mugallymymyza näme diýenlerini bilmedik. Özi hem bu barada dil ýarman oñdy. Özge bir dili ýeñil mugallymymyzyñ birisi Şemsetdin mugallymyñ kommunistik partiýanyñ hataryndan çykarylmagynyñ mümkindigini, oña pugta käýelendigini bize aýdyp berdi. Mugallymymyzyñ halyna biziñ nebsimiz agyrdy, hatda oña gynanyp, gyzlar agladylar hem. Şemsetdin mugallym welin, soñ hem şol endiginden elini çekmedi. Ol bizi botanika sapagyndan okadanynda hem moh, lişaýnik, berýozadyr sosna ýaly del ýurtlarda bitýän ösümlikler barada gürrüñ bereninden soñ, Türkmenistanda bitýän ösümlikler dogrusynda-da aýtmagy ýadyndan çykarmaýardy. Gaýramyzda ýaýylyp ýatan Garagum çölüniñ ýöne bir tozap ýatan çäge ulgamlary bolman, her dürli ot-çöpleriñ, ösümlikleriñ, dürli haýwanlaryñ mesgenidigine göz ýetirdik. Özem meniñ ebedilik ýadymda galan zat, Şemsetdin mugallym ülkämiz barada, onuñ ösümlik, haýwanat dünýäsi dogrusynda gürrüñ berýän halatlary üýtgeşik bir keşbe girýärdi. Onuñ ýüzüniñ nury öñküsinden hem artýardy, gözleri mähirlilik bilen bakýardy. Sesi owazlanyp, hereketi ýeñles gopýardy. Şol pursatda biziñ adymyzy tutanynda, özge mugallymlar ýaly "Pylanyýew" diýip agzaw etmän, ylla diýersiñ, öz bagryndan önen çagasyna, mäbriban jigisine ýüzlenýän kibi "Pylany jan" diýip atlandyrýardy. Jogaplarymyz sähel göwnünden tursa, "tüweleme, berekelladan" ýükümizi ýetirýärdi. Şeýle bir mähirlilik bilen başymyzy sypalap goýbererdi welin, bu hala hykga damagynyz dolup, gözümize ýaş aýlanymyzy hem duýman galýardyk. Bir gezek biz okuwçylar bolup Şemsetdin mugallymdan ýurdumyzda bitýän ösümliklerdir, onda bar bolan haýwanat dünýäsi barada okuw kitaplarymyzda materiallaryñ berilmeýändiginiñ sebäbini soradyk. Şonda onuñ ösgün gaşlary çytyldy-da, ýüzüne gamyñ perdesi çekilip, şeýle sözleri uludan demini alyp, diline getirdi: "Bymatlar siziñ añyñyz oña ýeterden ejiz geler. Ulalanyñyzda şol "nämüçuni" añlap bilersiñiz. Häzir bolsa meniñ aýdanlarymy keşde edip añyñyza gaýamagy başarjak boluñ. Ol size geljekde gerek bolar". Ol bu dogruda özge söz aýtmanam, sapagyny düşündirmäge başlady. Indi pikir edip otursam, mugallymymyz öz ülkämiziñ geçmişi, tebigat dünýäsi bilen bizi tanyş etmek arkaly çaga kalplarymyza öz Watanymyza bolan söýgini guýmagy niýet edinen ekeni! Biz - türkmen çagalarynyñ geljekde öz milliligimizi, türkmençiligimizi ýitirmän saklamaklarymyz üçin şeýle aladalary gerdeninde taýlan ekeni! Ýöne, arman, dogruçyl taryhymyzy bilmek, ata-baba parz tutulyp gelnen türkmençiligimizi ganymyza siñdirmek bagtyndan şol baknalyk ýyllarynda giden bir nesil mahrum edildi, olaryñ ýüreklerine tagma basyldy. Tamam türkmençiligiñ doly gaýdyp gelmegine mümkinçilik dörän şu zamanynda ýüreklere basylab şol tagmalar özüne tenekärlik dowasyny tapýar. Ine, bu guwanyp, buýsanmaly, dünýä ýaýmaly şeksiz hakykatdyr! Döwletmyrat NURYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 12.02.1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |