14:17 Bedew / hekaýa | |
BEDEW
Hekaýalar
Jahansoltan salamlaşaryna mähetdel, göwnündäkisini dile getirdi: — Wagtyň tiz geçäýşini! Derkar gyzyň sözüni bada alyp göterdi: — Diýseň-diýmeseň şeýle. Mekdebe gatnap ýörenimiz ýaňy ýalydy. Orta mekdebi tamamlanymyza eýýäm iki ýyl bolup barýar. — Hawa, çagalygymyz düýş ýaly bolup geçdi. Ondan diňe ýatlamalar galdy. — Şol möwsümiň sowlanyna gynanýarmyň? — Nega ýüregimiň gyýlyp gitmesi bar-da. Oňam sebäbi, şol döwrüň gaýdyp alnymyzdan çykmajakdygy baradaky hakykat. Ýigit gülümsiredi. — Niçezar çaga bolup ýörjekdiň? Men-ä jahyllygym bilen hoşlaşanyma çigidiň gabygyça-da ünjä batamok. — Be, o nä? — Ynsan ömri, ýaşaýyş diýilýän zat menzillerden ybarat. Ilki çagalygyň, soňra jahyllygyň, onsoň ýigitlik pasly gujagyny gerýär. O-da ornuny orta ýaşa berýär-de gidiberýär şeýdip, tä berlen amanat demiň ahyr bolýança. Häzir biziň ýaşlygymyzyň gül açýan pursady. «Ýaşlykda joşgun bar, süýji arzuw-hyýal, umyt, ynam, güýç, gaýrat bar. Ol sözüň doly manysynda, maksady myrat tapdyrmagyň altyn açary. Ýöne şeýle bir ýagdaýy-da unutmak bolmaz. Ýaşlygymyz diňe peşgeş berlen hözir däl-de, onda ýeňip geçmeli kynçylyklarymyz hem ýeterlik bardyr. Ýaňy: «Wagt tiz geçýär» diýip örän jaýdar aýtdyň. Ýaşlygymyzyň her bir pursadyny akylly-başly peýdalanmaly. Ýogsam ol, eýläňe-beýläňe garanmankaň, ötegçi şemal kimin şuwlap geçip gider. — Hany, okuwyň barada gürrüň bersene. Nesip edenden, sanlyja günden onuň ikinji ýylyny tamamlaýaň. Mal lukmany boljak-da onda? — Özüň ýagşy bilýäň, men ata çagalykdan höwrükdim. Durmuşy atsyz göz öňüme getirip bilemok. Oňa gözüm düşenden, özümi başgaça duýup başlaýan. Ruhum göterilip, ýüregim joşa gelýär. Iň gowy görýän adamyma duşan ýaly bolýan. Onuň başyny belent tutup, okara çalymdaş gözlerini talawladyşy, lak atanyňda, kellesini silkip, hokranyşy, seýkin basyp ýöreýşi, sazlaşykly toýnak urşy giden bir tomaşa. Çarpaýa galşyna, kişňäp goýberişine näme aýdarsyň. Ýöne ýerden oňa: «Gyzdan gylykly» diýilmeýär. Ata çykanyňda, özüňde döreýän duýgularyň söhbeti bir çaý başynyň gürrüňi däl, küti dessanlyk. Şonda göwräňe bürgüdiň goşa ganaty bitendir diýip oýlaýaň. Uçýan tagtyň üstünde oturan ýaly duýýan özümi. Gyzyň dişleri akjaryp gitdi. Ýaňagy al öwüsdi. — Goşgyny özüň düzdüňmi? Ýigit lapykeçlik bilen sag elini salgap goýberdi. — Beýle başarnyga ukybym bar bolanlygynda, bireýýäm buşlajag-a. Temegimi göge tutuşyma, gursagyma patda-patda urup magtanmajakmy: «Gör, akgaňlaň ediberşini!» diýip. Sözümiň yzyny diňle. Şahyr bedew hakyndaky goşgyny ýörite maňa niýetläp ýazan ýaly. Onuň hem sebäbi meniň pikir edýän zatlarym şol şygyrda jemlenipdir. Onuň her bir setiri meniň ýürek urgym. Saňa-da aýdyp bereýinmi şol goşgyny? — Men şygyr okamagam, diňlemegem halaýan. — Goşgyň ady «Bedew». Ýigit ur-tut goşga başlabermedi. Ardynjyrap, özüni rastlady. Nazaryny uzaklara dikdi. Sahnada çykyş edýän dek, başyny belent tutuşyna, bir görseň sag, bir baksaň-da, çep elini hereketlendirip, şygry aýratyn hyjuw, nazym bilen aýdyp başlady. Buýsanjy bar dilber çykan gyzlaryň, Bar sende goç ýigitleriň heseri. Bagty çüwen pursadynda döreden, Täsin tebigatyň seýrek eseri. Soňky iki setire üns berdiňmi? — Bedewi, tebigatyň seýrek eseridigini nygtaýşy üns çekiji. Şahyranalyk diýilýän, megerem, şudur. — Hany, şygryň yzyny aýtsana. Dünýäm gülýär, ýalyn ýaly çabyrap, Müň näz bilen nazarymda düşläňde. Depe saçym gidýär şo dem düýrügip, Giň jahany tisgindirip kişňäňde. Gözlerimde galýaň şeýle görnüşde, Sähram haly edip düşäpdir ýazy. Uçup barýaň dogup gelýän Gün taýa, Gülleri aralap, misli hyýaly. Halal duzum deýin mukaddes saýyp, Göwnümde besleýän guwanjym çensiz. Nädip, göz öňüne getirip bolar, Bu türkmen ilimi, bedewim, sensiz?! Derkar Jahansoltana nazaryny dikdi. — Niçik gördüň? Gyz ilgezek jogap gaýtardy. — Haladym. Gowy goşgy ekeni. Şygra gulak asyp durşuma, göz öňümde ajaýyp görnüş janlanyp gitdi. Men bedewiň näz-kereşmä berlip, müň bir jilwe bilen ýöreýşini synladym. Ak bedew ýaşyl ýaýla gonan ak guwa meňzeýär. Synla bu gözelligi. Sähra ýaz gelipdir. Depe-düzlere parç bolan ýylaklardan ýaşyl palas düşelen ýaly. Gollarda gül-gunçalar şemala bildirer-bildirmez tolkun atýarlar. Gün dogup gelýär. Ýüzin salyp barýan bedewe bak-a! Ol çapanok, gülleri aralap, uçup barýar. Bedewiň sähra ýaraşyk berşini söz bilen aýdar ýaly däl. Ony kalbyň bilen duýmagyň gerek. Sährany sünnäläp dokalan haly hasap etseň, bedew onuň ajaýyp göli! Şol göl bolmasa, ol haly häzirkisi ýaly görenleriň ýüreklerini heýjana salyp bilmez. Men, nesip bolsa, hökman şu görnüşi hala çiterin. — Baý-ba, şonda dagy onuň öňüne haly geçmez! Gyz gülümsiredi. —«Tüweleme» diý-ä, gözüňi degirýäň. Ýigit gülüp goýberdi. — Heniz doka şo halyny, «tüwelemesini» kem etmen. — Enşalla, dokaryn. — Bedewlerimizi näçe taryp etseň, şonça-da bärden gaýdýar. — Şony aýtsana. Bedew türkmen üçin hemme zat. Milletimiz agzalsa, bedew göz öňüňe gelýär. Bedewimiz hakda söhbet açylanda, türkmen halkymyz aňyňda janlanýar. Bu iki düşünjäni aýrybaşgalaşdyrmak bolmaýar. Olar biri-biriniň üstüni ýetirýärler diýen ynançda men. — Şo sebäplem gadymy halkymyzyň bedewi eý görşi aňyrdan-da. Oňa bagyşlap nähili ajaýyp sazlar, aýdymlar döredipdirler. Mysal getirip aýtsam, «At çapan», «Göroglynyň at oýnadyşy» sazlary diňläp ganyp bolanok. — Dessan hem döredipdirler. — Ýigit Jahansoltana çiňerildi. — Näme beýle çiňerilip bakýaň? Eýse, «Görogly» şadessany diňe Görogly beg hakynda diýseň, hakykatdan daş düşdügiň bolmazmy? Bu şadessan Görogly agamyzyň wepadar ýoldaşy Gyrat hakyndadyr hem. Eseriň başyndan tä ahyryna çenli Gyratyň hereket edýänligi-de munuň aýdyň subudy. Bedew — türkmeniň uçar ganaty. Ol şonuň bilen kowsa ýetipdir, gaçsa gutulypdyr. Bedew — türkmeniň myrady. Bedewiniň üsti milletimiz üçin sarsmaz gala bolupdyr. Türkmeni bedewinden düşürmän, oňa «aman» diledip bolmajakdygyna hemme düşünipdir. — Elbetde, şekim ýok, bir zady aýdaýyn saňa, gulak as, gaty köp wagtdan bäri bir pikiriň düýp çuňlugyna çenli boýlap bilemok. Görogly agamyz nama gaýryp aýdýar-a Gyratyna: «Perzent dilemedim, seni diledim» diýip. Nädip şeýdip bolýarka? Şirin jandan-da eziz saýylýan perzentden hem ileri görülýän bolsa bedewe gudrat diýmän, nädip özge sözi dile getirjek?! — Dürs adýan, Jahansoltan, bedewimize bolan söýgimiziň bimöçber bolşy kimin, ol baradaky söhbet hem «Başlangyjy bar-da, ahyry ýok» diýilýänlerden. — Hak aýdýaň! — Nädip, onsoň, şu zatlara aňym ýetip durka, özge käri saýlaýyn? Okuwyň hem hünäriňe görä bolmaly-da. Milletimiziň näçe ýyllyk taryhy bar bolsa, türkmen bedewiniň hem şonça möçberdäki taryhynyň bardygyna on iki süňňüm bilen ynanýan. Men şony ilik-düwme biläýmeli. Ony özleşdirmäge esasy daýanjym hem ylym bolup durýar. Şol menzili ädimme-ädim geçmesem, menden ussat atşynas çykmajakdygy belli zat. Ynha, senem, göwün söýen käriň boýunça okuwa girmelidiň. Iki ýyly arka atyp barýandan bolardyň. Dutar çalmak ugrundan okuwa girseň-de bolup dur, halyçylyk boýunça ýokary bilim alsaň-da, jüpüne düşäýjek zat. Sowadyny çykan kişiniň düşünjesi artyk bolup, gözýetimi-de giň bolýar. Şu hilek adamyň öz kärine garaýşy-da, ony amala aşyryşy-da kämillikden nusga alýar. Ynha, alyp görsek, dutar ugrundan ýarym ýyl okasaň, eýýäm özüňem duýup başlarsyň oň peýdasyny. Sebäbi sen ol ýerde ussatlardan tälim alýarsyň. Sazyň taryhy, nazaryýeti bilen ýakyndan tanyşýaň. Ýa bolmasa, halyçylyk hünäri boýunça okuwa girseň, şindi saňa mälim bolmadyk haly dokamakda ulanylýan tärler barada täze düşünjeleri alarsyň. Olary bilmek, özleşdirmek seniň ussatlygyňy artdyrar. Şindi görlüp-eşidilmedik göldür öýdümleriňden özüňçe täze nusgalary döretmäge kämilleşjegiň ujy iki däl. Garaz, «Sanasaň, sogaby bar» diýlişi ýaly-da. A, sen bolsaň, «Göreris-dä» diýip, ýaýdanyp ýörsüň. Sen göwnüňe geňeşip, maksadyňa jylaw salýançaň, wagt garaşmaýar. Ýene-de bir ýola ymykly oýlanarsyň diýen niýet bilen aýdyp otyryn bu gepleri. Neçün dymýaň? Eger-de sen-de Aşgabatda okasaň, ýygy-ýygydan görşüp durardyk. Bileje gezelenç ederdik. Umuman, gowy bolardy. Ýene-de seni yryp bilmedimmi? Bir zat diý-ä! Jahansoltan ýigidiň garaşmaýan inişinden at inderdi. — Şäher-ä hezillikdir! Derkar gyzyň dile getiren sözlerinden göwnüniň suw içmändigini gizlejek hem bolmady. — Şunça wagt dymanyňdan soň, özümi gyzyklandyrýan jogaby eşiderin öýtdüm. A, sen, bolsaň... Elbetde, şäher gowy. Paýtagtymyz günsaýyn gözelleşip gidip otyr. Seýilgählerinde seýran etmegiň öz sapasy bar. Teatrlar, muzeýler, kitaphanalar adamlaryň hyzmatynda. Haýsy birini aýdaýyn. «Tüweleme» diýerlikli, onuň gowulyklaryny sanap çykmaga on barmagyň ýeterlik däl. Sen-de Aşgabady görmedikden däl. Her daýym aýlanyp gaýdýaň-a. — Diňe baryp gelmek bir başga, ol ýerde pylança wagtlap bolmak — özge gep. — Maňa ol ýerde ýetmeýän zatlar hem bar. — Ýigit Jahansoltany gepletmek üçin, sözüne dyngy berdi. Umydygärlik bilen gyzy nazarlady. Onuň hasaby dürs hem çykdy. Gyz ýigide gyýa bakdy. — Beýle, o nämemiş saňa kemlik edýän zat? — Ol ýerdemi? Obada, ynha, tomus aýlary daşardaky sekiniň üstünde arkan serlip ýatansyň. Wagt ýarygijä golaýlap barýandyr. Bu mahal gijäniň balynyň goýalýan pursadydyr. Wagtal-wagtal dag tarapdan sergin şemal öwsüp, ýüz-gözüňi sypalap geçer. Onuň höziri bir başgadyr. Goşa didäň dik depäňe dikilgidir. Asmandaky monjuk-monjuk bolup duran ýyldyzlardan ünsüňi sowmaň hyllalla. Olary ýeke-ýekeden alaga-da, bir sapaga düzmek höwesinde göwün guşuň al-asmanda pelpelleýär. Bir baksaň-da, ol ýyldyzlar bulduraşyp duran ýaz damjalaryna çalymdaşdyr. Haý diýmän, şolardan ilki birisi, soňra ýene-de biri üzlüp gaýdaga-da, ýaňaklaryňdan begenç gözýaşlary bolup syrygarly görner. He-eý, bularam kemje-kerdem zynatlardan däldirler welin, esasy gözellik başga zatdadyr. Tüýnük ýerine baran dolan Aýa bak! Pah-pah, gözellik diýip, şoňa aýtsaň. Ondan saçylýan şugla ýöne bir nur däldir. On dördi gijäniň Aýy jümle-jahany owuz süýdi bilen ýuwup durandyr! Gökde Aý ýeke-de bolsa, her görejiňde onuň biri lowurdap durandyr, hoşuňa gelsin! — Bolanymy şü? — Ýok, ýene-de biri bar. — Büçe bolanyna görä, ony-da eşideli. — Aýtjak däl. Gyz geňirgenmekden ýaňa eginlerini gysdy. — Nä sebäpden? Ýigit göwnübir halda jogap gaýtardy. — Bilýän zadyňy aýtmagyň hajaty ýok-da. — Meň-ä zatdan habarym ýok. — Gatam habaryň bar. — Ýok diýdim-ä. — A, men: «Bar» diýýän. — Bu oglanyň bolan bolşuny, pal atyp biler ýaly, palçam-a däl men. Nireden bileýin, onsoň? — Aý, bilýäň-dä. — «Bilemok» diýdim-ä. — Bilýäň şon-a. Aýtmajak bolýaň. — Aýtmajak bolsaň, başda agzamaly däl ekeniň-dä. — Ony saňa aýtdyrjak bolup şeýtdim men. — Waý, myň dikdüşdüdigini! Bilmeýän zadyňam aýdyp bolarmy? — Aýdyp goýbermäge, birhili, utanýan, how! Jahansoltan gyjyklanyp goýberilene döndi. Agzyna elini eltip güldi. — Öňem biri: «Itiň utananyny hem gördük» diýýämi? Oň ýaly utançly zat bolsa, aýtmawer-eý, daş edewersin. — Ol ýene-de gülüp goýberdi. Derkar ýüzüni aşak salyp, köýneginiň iligini oýnady. — Aý, beýle utanç hem däl. — Aýt-da, onda. — Ýygra, how, men, ýygra! Ýene bir gezekde aýdaýmasam, şuma-da birhili... — «Dile geldi — bile geldi» diýlene eýeräý. — Hany, okuwly meselä geçeli-le. Resminamalaryňy taýýarlap, tabşyrmagada, synaglara taýýarlanmaga hem, garaz, nähili kömek gerek bolsa, taýyn men. Düşün bir zada, häzir ylmyň asyry. Her bir amala aşyrylýan iş ylmy esasda alnyp barylmaly. Döwür özgerýär, zamananyň ýüzi kämillige tarap. Zamanamyz açyşlaryň, özgertmeleriň döwri. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin, ylma daýanmasaň bolmaýar. Ýa-da öýüňizdäkiler seň okamagyňa garşymy? — Ýok. Obamyzdan ýokary okuw mekdeplerinde okaşyp ýören oglan-gyzlar az däl-ä. — Onda seň beýdip tyýkyrap durmaňa düşünemok? — Obada işlemäge-de adam gerekdir-ä? — Seň okuwa gideniň bilen, obaň işi ýatyp galar-ow?! — Oň ýal-a bolasy ýok-la. — Onda nä? — Nesibe işidir, gitsem gidäýerinem, kim bilýär. — Bu jogabyň meni kanagatlandyrmaýar! Jahansoltan sesini çykarmady. — Gurban baýramy gowy zat — diýip, Derkar göçgünli gürledi. Onuň sözüni Jahansoltan alyp göterdi. — Näsini aýdýaň, adamlaryň şatlykdan ýaňa ýüzlerinden nur dökülýär. — Nädip, şeýle bolmasyn, bu günlerde bir-birege goýulýan hormat, gadyr öňkülerden kän zyýada. Adamzat kowumy hakyky bolmalysyna has ýakyn gelýär, hiç kimsäň göwnünde kine ýok, niýetleri ýagşa tutulgy. Bedew — Düýn iki adamlyk tagtabatda gowy uçduk, şeýle gerek? Birhili egnimden agyr ýük aýrylan kimin, heziller edinäýdim. Saňa-da şeýle boldumy? — Alada galdym. — Elheder alar ýaly näm bolupmyşyn? — Durar ýerde durmadyň. Şunça: «Ýuwaşrak uç» diýsemem, gowşamadan geçen, badyňy barha artdyrýaň. — Ýanymda sen bar-a, neneň onsoň, gylaw almaýyn, göçmäýin?! Ýüregime joşguny, gollaryma kuwwaty sen berdiň. Şol pursatdakym ýaly özümi hiç haçan şeýle bagtyýar saýmandym. — Beýle güjeňlär ýaly mende neneňsi üýtgeşiklik gördüň? — Kiçigöwünlilik gowy zat. Bu akyl-huşlulygyň alamaty. Jahanda taý ýok, seň bilen deňleşer ýaly. Görk-görmegiň ähli gözellikden zyýada. Saňa göbegene bolan Jemal daýzaň gulagyna gaýypdan owaz eşidilen bolmaly. Bolmasa, tüýs özüňe gelşip duran beýle ajap at onuň ýatsa-tursa, oýuna-küýüne gelmezdi. Jahansoltan! Bu işmi dile alanyňda, süňňüň sökelenip, ýüregiň ýylap gidýär. Ähli zatdan diňe ýagşylyga garaşýaň. Sen, hakykatdan hem, jümle-jahanyň soltany! Eşidýärmiň, tamam barlygyň, älemiň soltany! — Ýuwaşrak, bu oglanyň bolşuny, meni ile peçan etmek niýetiň bamy? Bogazyňa bat bermäň näme? — Hakykaty aýtmagyň näme utanjy barmyşyn? — O diýýäniňi ýuwaşrak hem aýdyp bor-a! Käte gygyryp gürlenenden, pyşyrdap aýdylana ýagşy düşünýäň. — Batda uçup durkak, kalbyma dolan küýsegi aýdaýynmy? Gyz gülümsiredi. — Sözle, ýöne, ýuwaşja aýt, gulaklarym jam ýaly eşidýär. — Aýtsam... — Ýigit «kikirdäp» güldi. — Birhiliräk-leý. Jahansoltanyň çydamy çat açana döndi. Gyssanmaç gürledi: — «Ýeke gülen masgara» diýipdirler. –– Diý, näme aýtjak bolsaň. Beýle gülkünç bolsa, bile «kikirdeşeli». — Bat uçanymyzda, seni bäri-bärlerde goýasym gelmedi. Al-asmana äkidesim geldi. Gylawly deprenişim hem şoň üçindi. «Akmaýanyň ýoluna» deňiç göterilmek isledim. Şol ýola düşüp, bileje ýöräsim geldi. «Meni nirä alyp barýaň?» diýip soraýaň. Men hem: «Azajyk tagapyl et. Ony özüň hem görersiň» diýýärin. Daş-töweregimiz ýap-ýagty. Dumly-duşda ululy-kiçili ýyldyzlar lowurdaşyp durlar. Olardan saçylýan nur näçe ýiti bolsa-da, gözümizi gamaşdyrmaýar. Ýyldyzlara bakdygyňça bakasyň gelýär. — Dagy zadyň-a bilemok, «Gaýypdan eşidilen owaz» diýýäniňdäki «Seniň ýerdäki Aýyň» diýen jümläni özüňden goşduň gerek? — Oň ýalak bolgusyz pikir kelläňe nireden gelip ýör? –– Çypbakaý-çynym. Eşidenimi nokat, oturyna çenli üýtgedemok. — Eýýämden meni beýläňe geçirip ýörsüň-ow? — Gaýypdan eşidilen owaz şeý diýýär. Onsoňam... — Näme «onsoňam?» — «Sakawyň soňuna seret» diýipdirler. Gürrüňiň şireli ýeri indi başlanýar. Yzyny diňlesene, yzyny. Seniň gözleriňe bakmarynmy! Maňa beýle gaýratyň nireden gelendigini bilemok. Öňler şonuň ýaly dikanlap garamaga milt edip bilmesem, näme. Ogryn seredäýenimde hem, utanjymdan ýaňa, derrew ýüzümi senden sowmak bilen bolardym. Häzir şeýle aýgydy maňa gaýypdan eşidilen owaz beren bolmaly. Hut şeýle! Biz şindem batda uçmagymyzy dowam edýäris. Şo halatda biz ne-hä ýerde, nede asmanda. Ýer, gögüň arasynda — diňe ikimiz. Beýle pursat adamyň ömründe örän seýrek bolýar. Men muňa «bagtyň çüwmesi» diýip düşünýärin. Şuňa görä-de, köp ýyllardan bäri ýüregimde baslygyp ýatan duýgularymy saňa birin-birin sözlemek küýsegi Jeýhun derýa bolup, joş urdy. Böwedi böwsülen sile döndüm-ow. «Jahansoltan! — diýdim. — Sen şu dünýäde, hem o dünýäde geregim! Ýüregimiň soltany! Serwi boýuňa guwanyp gezen ýyllarymyň içinde özge gyzlara seretmän, diňe saňa kökerilip galanyma anyk aň ýetirdim. Men saňa aşyk bolan ekenim! Men seni söýýän! –– «Söýgi» diýýäniň näme? –– Onuň nämedigini şu çaka çenli şänik döwen ýaly edip bilen ýog-a. –– Ilde ýok akyl nireden seniň kelläňe gelip ýör?» diýjegiňi aýnada gören deýin bilýän. Söýgiň nämedigini düşünjek bolup, niçezar oýlanyp gezdim. Şol matalyň ýorgudyny tapjak bolup, çaý-çörekden kesildim, gijeler uky maňa ýedi ýat boldy. Käteler seni söýýänligime özüm-özüme müňkür boldum. «Eger-de Jahansoltany söýýän bolsaň, subut et-dä» diýýän. Ýüzüm bada aşak sallanýar. «Söýýän!» sözümden başga tutarygym bolmasa, nä alaç edeýin men?! Gör, Söýgi näme ekeni! Bu dünýä sen diňe meniň üçin inipsiň. Men-de ýalňyz seniň üçin jahana dahyl bolupdyryn! Ýigidiň sözüne dyngy bereni hem şoldy, Jahansoltan dil açdy. — Özüňe «ýygra, utanjaň» diýýärdiň. Şoň şeýle bolaýşyny. Seň-ä ýüzüň ýyrtyk ekeni. Goýar ýerde goýmadyň. — Men bulary öz erkime aýdamok. Bary kalbymda bossan bolan duýgular. Olaryň özleri dilime gelip dur. — Biçeme däl, ýöne meň-ä dilimiň jylawy mydam çekilgi. Derkar ýylgyrdy. Gyza söýünçli bakdy. Jahansoltanyň hem özüne garamagyny isledi. Emma gyzyň nazary akyp ýatan ene ýapdady. Jahansoltan ýigide dikan bakdy. Emma sesini çykarmady. Derkar sözüni öňki hörpünde dowam etdi. — Wiý, huşum gursun, tasdanam ýadymdan çykyp-da, kümämize uçup gelen garlawajyň ýanyna ýene-de bir garlawaç geldi. Olar mydama bileje. Bir-birlerini ýitirip tapan ýaly. Bat uçup durkak, özümizi şol goşa garlawaja meňzetdim. Kelläme gelip ýören zady diýsene. Olar — nire, biz nire. Bu ýerde nähili baglanyşygyň bardygyna hiç akylym çatanok. Derkar dymdy. Ol Jahansoltanyň sözlärine garaşdy. Aýdanlaryna gyzyň neneňsi garaýandygyny bilmäge howlugýardy. Häzir Derkar üçin Jahansoltanyň pikirini bilmek örän wajypdy. — Näme sesiňi çykaraňok? Jahansoltan durşuny üýtgetmän, jogap gaýtardy. — Näme diýmelimişim? — Sen meni diňläňok öýdýän. Häliden bäri janygyp sözläp otyryn. Aýt şolar hakda. Gyz ýylgyrdy. Derkaryň sesi öýkeli çykdy. — Nämä gülýäň? Men-ä güler ýaly zat aýdandyryn öýdemok. Jahansoltan gürrüňdeşine gyýa bakdy. — Birinjiden-ä, men gülmedim, diňe ýylgyrdym. Ýigit sag elini silkip goýberişine, gyzyň sözüni şarta böldi. Bedew — Tapawudy näme?! — Tapawudy ýer bilen gök ýaly olaň. Ikinjiden, sen, özgäň ýürek gürsüldisini diňläp bilýäň, hyýalyndakyny aňlap bilýäň, onsoň, nätjekdiň maňa öz başarýan zadyňy aýtdyrjak bolup? Derkara çusluk aralaşdy. Agramyny bir aýagyndan beýlekä atdy. Sag eliniň penjesi bilen yzyna gaňtarylan saçyny daraklap goýberdi. — Elbetde, şoň ýalak ukyba eýe men. Ýöne göwnüňdäkileri öz diliňden eşitsem, ýüregime has-da jaý boljak. Jahansoltan başga köçeden gopdy. — Degişme aýdyp bereýinmi? Derkar nägileligini ýaşyrjak hem bolmady. — Häzir men senden şony towakga etdimmi, nä? Gyz «Tamdyran gyzanda ýap» diýlene eýerdi. — Bir gezek Ependi märekä baryp, şeýle diýen: «Adamlar, meniň size aýtjak bolýan zadymy bilýärsiňizmi?» Märeke: «Ýok» diýip, jogap beren. Onda Ependi: «Bilmeýän bolsaňyz, şonlugyňyza-da galyberiň» diýýär. Adamlar: «Bilýäs» diýeliň, şonda Ependi näme aýdar?» diýişýärler. Ependiniň jogaby şeýle bolýar: «Bilýän zadyňyzy aýdyp nädeýin?» Märeke maslahatlaşyp, gelnen netijäni mälim edýär. «Ýarymyz bilýäs, galanymyz bilemzok». «Oň ýaly bolsa, has-da gowy. Bilýäniňiz bilmeýänlere aýdaýyň» diýip, Ependi öz ýoluna gidiberipdir. — Men bärik seni degişme aýdyşmak üçin çagyrmadym, Jahansoltan. Häzirki pursat ikimiz üçin-de wajyp, has dogrusy ony «Ykbal çözüji» pursat diýip atlandyrsaň-da, öte geçdigiň bolmaz. Hany, maňa seret, gözlerime göni gara. Men bu sözleri seniň göreçleriňde öz keşbimi synlap aýdasym gelýär. Sebäbi häzirki dile getirjek sözlerim, häki bir, şüweleňli söhbet arasynda, gepiň gerdişine görä aýdylyp goýberilýän kelamlar däl. Gyz ýigidiň ýüzüne dikan bakan ýaly etdi-de, ýene-de nazaryny gapdala sowdy. — Iki gulagym hem sende! Derkar dogumlandy. Dim-dik durşuna, başyny belent tutdy. Sag elini çep gursagyna goýup, kalbynyň işigini giňden açdy. — Jahansoltan, şu halallykdan nyşan akar suw, bizi penalap oturan goşa söwüt, dolan Aý, ýyldyzlar şaýat bolsunlar, men seni söýýän! Sensiz maňa ýagty jahanyň derkary ýok. Men öz manyly ömrümi, ak bagtymy, at-abraýymy, mertebämi, dowamat-dowamymy ýalňyz sende görýärin! Ykbalymy saňa bagladym! Sen hem meniň seni çyn ýürekden söýşüm ýaly meni halaýarmyň? Haýyş edýän, ýok, ýok, dyza çöküp ýalbarýan, sowalymy jogapsyz goýma! Gyzyň elleri goşa örümiň birinde saklandy. Ol saçyny çöşläp-örüp durşuna, söz çemenini şeýle baglady: — Durmuşda şeýle bir zatlar bar, olar barasynda dilden eşideniňden, ýürek bilen syzanyň has täsirli, ýakymly bolýar. Derkar göçgünli gürledi. — Diýmek, onda sen, razy-da! Hut şeýledir, sen-de meni söýýärsiň! Men muny ýüregim bilen duýup durun ahyryn! Şu hepdäniň anna güni, nesip bolsa, meň ejem, seň bolsa geljekki gaýyneneň size sözaýdyjy barar. Äm-säm bolup durmaz ýaly, duýduraý ejeňe ýagdaýy. — Gudaçylyk gürrüňini ederden ir dälmi? Şindi sen okuwyňy hem tamamlaňok? — Hünärmen bolmagyma sanlyja aý galdy. Onsoňam «bolýa-bolýa» edileni bilen, ur-tut toýa başlanylmaýar ahyryn. Hysyrdysy ýetik onuň. Nesip edenden, güýzüň ahyrky aýynda sähet alynsa, göwne jaý bolarmyka diýýän. Gyz ýigidiň garaşmaýan tarapyndan köwsarlady. — Beren wadaňda durmadyň-a? Derkar ör-gökden geldi. — Haýsy wada hakda gürrüň edýäň? Jahansoltan depesine garady. —«Şu söwütleri ekeniň kimdigini bilerin. Seni-de habardar ederin» diýipdiň-ä. Ýigidiň ýüregi ýerine geldi. — Hä, o diýsen-e, «Nämekä?» diýip, janym galmady. Bildim ony. Aýtmagy unudypdyryn. Seň özüň hem ýatlatmadyň-da. Ýadyňdamy, biz çagakak, obamyzda Mustapa aga diýen biri bardy. Haçan görseň, ýap arassalap ýörendir. — Huşumda galmandyr. — Meň welin, şu günki gün deý ýadymda. Her daýym deň-duşlarym bilen onuň ýanyna baryp, Mustapa aganyň işleýşini synlaýardyk. Onuň keýpi tutan çaglary bize aýdym aýdyp bermesi hem bardy. Ertekidir gyzykly gürrüňler hem bilýärdi. — O ýaşuly näme maksat bilen ekdikä bu söwütleri? — Onçasyn-a bilmedim, ýöne aýdyşlaryna görä, ýap syryp ýörkä, ýola taşlanan iki sany söwüt çybygyna sataşyp, olary hem ýabyň boýunda, ýagny, şu ýerde ekipdir. — Taşlanan iki sany çybykdan şular ýaly howalanyp duran daragtlar emele geler diýilse, gözüň bilen görmeseň, ynanar ýaly däl. Haýran galaýmaly. — Bilýäňmi näme? — Näme? — Men hem şu söwütleriň hersinden bir çybyk alaga-da, ikimizden ýadygärlik galar ýaly, ýap boýunda ekmegi ýüregime düwdüm. Sag tarapyndaky meňki bolup, çep kenaryndaky hem seňki bolsun. — Näme üçin çep kenardaky meňki bolmaly? — Keramatdan paýly ýürek hem çep gursakda mekan tutýar ahyryn. Jahansoltan ýuwaş gürlese-de, her sözüni pert-pert aýtdy. — Ajap bolar! Döwletmyrat NURYÝEW. | |
|
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |